13:22 Bahar — meniň könelmejek arzuwym... | |
BAHAR — MENIŇ KÖNELMEJEK ARZUWYM...
Goşgular
APREL Ozaldan zandyma guýlandyr, belki, Bahar gelse, gülleriniň şeýdasy. Sähradan selme däl, bägül gözleýän, Eklenjime bolmasa-da peýdasy. Uzaklarda sanjak boýly sözenler, «Ge-leý» diýip, gollaryny bulady. Kaknus guşy ýaly eziz göründi Şol tarapa uçup barýan gulaty. Belki, gowy bordy obada bolsam, Il deňinde suw tutardym mellegme. Wah, ýöne bu bahar çeniň-çakyň däl, Sowulýança başga işe el degmez. Bu ýerlerde hiç zat ýitirmesemem, Bahar gelse, gidýän ýene gözlege. Gözýetime ýetip üzülýän ýollar Meňzeş eken soňlanmadyk sözleme. Hany, indi bir tüňçe çaý içeýin, Çöpläýin-de goltuk-goltuk jagrama. Üýtgeşik gül gözläp ýadadym biraz, Ýokdy ýogsam arzuwlarmyň agramy. Ozaldan zandyma guýlandyr, belki, Bahar gelse, gülleriniň şeýdasy. Hiç haçan solmajak gül gözleýän men, Eklenjime bolmasa-da peýdasy. SÄHRA GIDEÝIN Ýüregim bir uly şatlygy syzýar, Gideýin men kän garaşdym, bes indi. Aprelde sähralar bolsa-da yzgar, Ýylanmaga bar köňülde kesindi. Janlansyn usurgan damarlam meniň, Ösüş suwy goýberilen keş deýin. Ýylakly meýdana owkalap tenim, Boz torgaýyň nagmasyny eşdeýin. Ýagyş suwy püre pürlän kaklaryň, Ýakasynda dikeldeýin çalmarym. Il gözüne utançly bakmaryn, Könelse-de geýip gelen jalbarym. Gijeler toşap deý gök çaýdan boşan, Käsä dolan Aýyň ýüpek şöhlesin. Içip, ykbalymdan bolaryn hoşal, Ol uzaldar ömür diýen möhletim. BAHAR — ÝÜREGIMIŇ ARAMY Bahar, bahar, ýüregimiň aramy, Ýadadym men, uçursyz kän garaşyp. Sen geldiň-de, kalba kanagat berdiň, Ýalaňaç baglaram tapdy ýaraşyk. Ykbalymyz meňzeş ýazylan ýaly, Meň bijäme düşüpsiň sen kartda. Meniňem göbegim kesilen eken, Çärýek asyr ozal onunjy martda. Men ýagty jahanda ýolagçy kibi, Döken külüm, ýetmez munda gadaga. Gül bolup, seň bile solmaga kaýyl, Sallah başym bolsun saňa sadaga. Bahar diýen gyza meňzeş baharym, Bilýädim men senden göwnüm bitjegin. Sen meniň uýammy, mähriban Bahar, Ýa ölsem yzymda goýup gitjegim?! BAHAR GELDI Dünýäde baharyň demi duýulýar, Ah, bahar gelendir, indi gelendir. Bahar aýra düşen adaglym meniň, Gelende kalbymy elendirendir. «Geläýse bor» diýip, intizar bolup, Düme duýgularmy taraşladym men. Ýaýlamyzyň güllänini görjekdim, Başga bähbit gözläp, garaşmadym men. Döw ýaly bulutlar, çakyşyp birden, Zenzeläniň soňy ýagyşa sapdy. Ýyldyrym çakýarka düşen ýagtydan, Men iliň görmedik zadyny tapdym. Ýowşanly adyrlar suw-sil bolaýdy, Ýogsam aňsat-aňsat ezilmezekdir. Ýadygärlik ýaly sähra seredip, Öz ýanymdan özüm heziller etdim. Bahar — meniň könelmejek arzuwym, Gargalaňam ýer almadyk gargyşy. Bahar — öňde-soňda maza bermedik Ýaralarmyň täzelenen sargysy. Çary ÝEGENMYRADOW Çeşmesi: https://www.br.com.tm/sections/5/5133. 22.04.2023ý. | |
|
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Шоколадка / Goşgular - 27.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |