21:43 Mynajat | |
MYNAJAT
Goşgular
Eger, bir ýaman söz sypsa dilimden, Alla jan, sen menden etme aýyp-syn. Çünki, bu dünýäde gören-eşdenmi Paýyş söz agzaman beýan etmek kyn. Sen — Hudaý isleseň, islemeseňem, Menem, özüň bilýäň, ýazykly bende. Emma mundan beýläk sejde kylmaga Jinnek ýalam takat galmandy mende. Sebäbi bäş ýyl öň, gyşyň bir güni, Hak söz üçin tyg urdular bedenme. Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy Meni şol günlere duçar edenňe? Kisäm kör-köpüksiz, ýat dilde gepläp, Kömek sorap ýada boldum hemşeri. Bir gögele oglan on sekiz ýaşly Huzuryňda durmanmydym kemşerip? Başym ýaşdy, ýagşy pälimden başga, Ýokdy meniň ýaşamaga serişdäm. Niredediň şonda, Gudraty güýçli, Nirededi on müň sany perişdäň? Men soňra kem-kemden içgä imrindim, Höwes etdim zährimarly bokala. (Elbetde, şol günleň ajysy hakda Ýazyp bordy kitap ýa-da makala). Emma men ýazmadym, elim degmedi, Ile diýmäge-de barmady dilim. Ýeri, diýdimem-dä, peýdasy näme? Hiç kimem kireýsiz kakmaýar kilim. Dogry içen wagtym teselli tapýan, Ýöne uzak çydap bilmen beýdibem. Aý, näm bolsam, şol bolaýyn, owarram, It çeýnesin, garga çoksun meýdimem. Barybir, ynamsyz ömür sürenden Ile meňzeş bolup ölenim ýegdir. ...Her niçigem bolsa, unutmaryn men, Nämüçin sen meniň göwnüme degdiň!? Çary ÝEGENMYRADOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |