06:18 Seni ýatlap.. | |
SENI ÝATLAP
Goşgular
![]() Indi hiç zat ýüregimi gozganok, Ýer ýok onda şatlyga-da, gama-da. Düýn gowy dostumyň kyrkyny sowdum, Bu günem bir toýda boldum tamada. Dünýäniň şowhuny azalan ýaly, Ýekelik höwesi aňyma ýaýran. Edil häzir jaýlar uçup gitse-de Ahmal, men şoňa-da galmaryn haýran. Her zat boljak eken ýagty dünýäde, Bolman biljek eken, bolmaly zadam. Hergiz ýazgydyndan närazy bolsa, Ýürekdeş dostuny küýseýär adam. Menem seni küýsäp, meýdana çykdym, Çopantelpekleri söýdüm, ysgadym. Şolara-da ýaman nebsim agyrýar, Olaryňam galan ömri gysgadyr. Çünki, ýene güýz gelipdir äleme, Çygly şemal kän öwüsýär ilerden. ...Seň bile sary gül ýygardym weli, Uzakda sen gülüň parhyn bilerden. Çary ÝEGENMYRADOW | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |