12:41 Asylandan soñ Menderesiñ kellesi kesildimi? | |
ASYLANDAN SOÑ MENDERESIÑ KELLESI KESILDIMI?
Geň-taňsy wakalar
"Anavatan" partiýasynyñ gurujysy Turgut Özal premýer-ministrlik eden döwründe, 1961-nji ýylyñ 17-nji sentýabrynda dardan asylan öñki premýer-ministr Adnan Menderesi ýygy-ýygydan ýatlardy we ony diýseñ hormatlaýandygyny aýdardy. Şol döwrüñ adalat ministri Oltan Sungurlynyñ kakasy-da Gümüşhanada Demokrat partiýanyñ etrap başlygy bolupdy. Özalyñam, Adalat ministri Oltan Sungurlynyñam aklynda ölüm jezasy berlen Adnan Menderese, Fatin Rüşti Zorla we Hasan Polatkana "aklanmagy" üçin derñew prosesini başlatmak, munuñ üçin memorial gubur dikeltmek ýaly pikirler bardy. Bir ýere üýşenlerinde Sungurly “Kanun çykaryp Menderesiñ we egindeşleriniñ ygtybarlaryny gaýtadan dikeltsek näder?" diýende, Özalyb bu boýunça öñräkden bäri aladalanyp gelýändigini añlapdy. "Suduñ kararyna garamazdan kanun çykarmak konsitutusiýa ters gelýärmiş. Ýöne sen şonda-da seredişdir" diýipdir. ■ “HAÝ-HAÝ, SEREDELIÑ ONDA” Oltan Sungurly ýeñini çyzgap bu boýunça işlemäge başlapdyr. Mejlisiñ Arz-şikaýatlar bölüminiñ başlygy Başkanı Myrat Batur bilen görüşipdir. Menderesdir egindeşleriniñ ygtybaryny dikeltmek meselesini gürleşipdir. "Haý-haý, biz muny çözeris" diýipdir. Olam şeýle meseläniñ üstünden durulmagyna hoşal bolupdyr. Adalat ministri Oltan Sungurly Turgut Özala habar bermezden Imralyda ýatan mazarlaryñ göçürilmegi we ygtybar dikeltme meselesiniñ seredilmegi üçin kanun teklibini taýýarlapdyr. Özi ministr bolansoñ kanun teklibine gol çekmedi, ýöne bu teklibi deputat egindeşlerine gol çekdirtdi. Kanun teklibi komissiýadan geçdi. Mejlisiñ Baş gurultaýynda ýagdaýy Özala mälim etdi. Ministr Jengiz Altynkaýany çagyrtdy we memorial guburyñ taýýarlyk işlerine başlamagy buýurdy. Oltan Sungurlynyñ tagallasy bilen kanun teklibi Baş gurultaýdan jedelsiz geçäýmelidi. ANAP-ly käbir wekilleriñ JHP-ni tankyt edendigi sebäpli, JHP-li Aly Topuzam oña gödek jogap berdi. Sungurlynyñ boýnuna premýer-ministrligiñ ýazmaça görkezmesi bilen merhumlaryñ meýdiniñ göçürilmegi wezipesi-de ýüklendi. ■ HEÝJANLY PURSATLAR Imraly adasyna gidip mazarlary görende ýüregi gyýym-gyýym boldy. Çünki üç mazaram gözgyny haldady. Ikinji gezek ada öñki Demokrat partiýalylar, Menderesiñ, Zorlynyñ, Polatkanyñ ýakynlary bilen bile Oltan Sungurly hem gelipdi. Şol gijäni Imralyda geçirdiler. Öz aralarynda mazarlary göçürmelimi ýa göçürmeli däl diýen meseläniñ üstünde jedelleşdiler. Şonda diýseñ täsin bir meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Çünki Menderesiñ, Zorlynyñ we Polatkanyñ ölüminden soñ, olaryñ kelleleriniñ kesilip aýrylandygy we häzir niredediginiñ belli däldigi aýdylýardy. Muny eşdenleriñ depe saçy hüžžerýärdi. Kelleleriniñ ölüm jezasyndan soñ kesilendigi aýdylýardy, emma munuñ çyndygyny-ýalandygyny bilýän adam ýokdy. Ahyrsoñy maşgalalar mazarlaryñ göçürilmegini makul bildiler. Ilki Menderesiñ mazary açyldy. Hemmeleriñ demi içine gitdi, adamlary mazarda Menderesiñ kellesiniñ barlygy-ýoklugy gyzyklandyrýardy. Mazarlar açylanda Menderesiñem, Zorlyñam, Polatkanyñam kelleleriniñ öz bolmaly ýerinde-mazardadygyny gördüler. Şeýlelikde birnäçe ýyllap dilden düşmän gelen myş-myşyñ ýalandygy belli boldy. Süñkler seresaplylyk bilen toplandy we gämide Stambula getirildi. Öñden taýýarlanyp goýlan memorial guburlarda uly dabara bilen jaýlandy. Aradan ýyllar geçdi, käbirleri göýä Menderese, Polatkana we Zorla "ygtybar dikelme" berilmedik ýaly, olaryñ "ygtybarlaryny dikeltjekdiklerini" aýdýarlar. Oltan Sungurly bu sözleri geñ görýär. ■ ON ÜÇ AÝRY AÝYPLAMA Adnan Menderes näme bilen aýyplandy? Ynha, derñew prosesinde Menderese ýöñkelen günäler: – Ýapyk posobiýadan gelen pullary öz hasabyna geçirmekden jogapkärçilige çekildi. On ýyllyk posobiýa resminamalary derñeldi. On üç sud mejlisinden soñ 1961-nji ýylyñ 2-nji fewralynda 4 million 877 müñ 780 lirany öz hasabyna geçirmekden günäkärlendi. Puluñ öwezini dolmak üçin onuñ Aýdyndaky mülkleri muzdasyz döwletiñ hasabyna geçirildi; – 6-7-nji sentýabr wakalaryny öñdenem habarlydygyna garamazdan öñüni almazlykdan; – Watan fronty: Döredilen bir topary başga bir gatlagyñ üstünde gysyş serişdesi hökmünde ulanmakdan; – "Vinileks" firmasyna Türkiýäniñ Fondlar bankyndan kredit bermekden aýyplandy. Sud Menderesi we Hasan Polatkany bu aýyplamadanam günäkär hasaplady; – Stambulda bulwar we ýol açmak üçin köp sanly raýatyñ öýüni öweztölegini gijikdirip ýa-da hiç zat tölemän ekspopriasiýalaşdyrmakdan; – Kanuna ters gelýän ýagdaýda uniwersitete çozuş gurnatmak ww halk köpçüliginiñ üstüne ok ýagdyrtmakdan; – Käbir oppozisiýadaky deputatlaryñ we liderleriñ syýahat hukugyny çäklendirmekden; – Walýuta kanunyny bozmakdan; – Döwlet radiosyny öz syýasy bähbitleri üçin ulanmakdan; – Halk köpçülügini "Demokrat İzmir" gazetiniñ çaphanasyny weýran etmek üçin meçew bermekden; – Kırşehir şäherini hiç bir sebäpsiz şäherçe (ilçe) statusyna düşürmekden; – Sud garaşsyzlygyny bozmakdan; – 1957-njy ýylyñ saýlawlarynyñ möhletinden öñ kanuna ters gelýän ýagdaýda senesini üýtgetmekden; – Döreden derñew komissiýasyna çäklendirilmedik hukuk-ygtyýarlyklary bermekden; – JHP-niñ emläklerine hiç bir sebäpsiz el urmakdan; – Konstutusiýany gödek bozmakdan. Netijede, Menderes on üç aýry aýyplamadan jogapkärçilige çekildi we "Bäbek dawasyndan" başga ähli ýöñkelemelerden günäkär hasaplandy, Polatkan we Zorly bilen birlikde ölüm jezasyna höküm edildi. Saýgy ÖZTÜRK, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |