15:28 Dürdäne bölekler | |
DÜRDÄNE BÖLEKLER
Sözler
Sähraň meň kalbyma goýan bu derdin, Şäheriň howasy asla bejermez. *** Söýgi, Ýigrenç bir ýürekde jem bolsa, Olar oň urgusyn kadalaşdyrýar. Biri agdyk bolsa Biri kem bolsa, Ol bulaşdyrýar. *** Bu uzak gijeden arkaýyn boluň, Asla bozmaz ony aýylganç sesler. Ýatman otyr şahyr eli galamly Hem serhetde eli ýaragly esger... *** Zemin bar zadyny eçiler hökman, Ýöne bir zadyny rowa görmez ol. Ýerliksiz ynanýan, nähak howlukýan, Bilýän, bakylygyn maňa bermez ol. *** Deňiziň üstünde gopýardy apat, Ýöne deňziň düýbi ýatyr parahat. *** Siz bolsa zemine göwsüňiz gerip, Nur sepýäňiz onuň reňki solsa. Kyndyr gursagynda baýlyk göterip, Erkiňem özgäniň elinde bolsa. *** Onda kime gahar edip öýkeli. Çyrpynýar bu deňiz, mälim däl syry. ...Deňizler hiç zada gahar edenok, Olaň diňe kenarynda ahmyry. *** Eger haýsy ýerde köp bolsa mähir, Şol ýere ymtylýar mähre teşneler. ...Derýalaryň ýuwudýanyn bilse-de, Şoňa tarap akyp ýatyr çeşmeler. *** Bagtly günüňde dörän dostlugyň, Kyn günüňde ýan bermegi mümkindir. Ýöne kyn günüňde dörän dostlugyň Doganlyk däldigne ynanmak kyndyr. *** Soň çynymy etdim bu durmuş bilen, Durmuş bolsa oýun etdi, Saldy al. Dostlar, bu durmuşyň oýundygyna Ýa-da çynlygyna düşüner ýaly däl. *** Wah, bularmy! Bular köp zat bilýärler. Heý olary aýamasaň bolarmy?.. Aýal - Aýal - Aýal - Olary aýaň. *** Men halys ýürekden söýýän durmuşy, Howlugamok ajal kepen biçerne. Ýöne alysda bir süýji duşuşyk Çagyrsa, howlugýan ömrüň geçerne. *** Adam günüň ýaşaýanyna kaýyldyr, Näçe kyn düşse-de hoşlaşmak bize. Güýz - ömrüň gyşyna uly taýynlyk, Ömrüň baharyndan daşlaşmak bile... *** Gapymdan - bilmedim, ýakyndan-ýatdan, Beslän köňle haýsydyr bir hyýaly - Gapy gulplamagy çykardym ýatdan, Göýä kimdir biri gelmeli ýaly. *** Meniň üçin tumaram sen, doga-da, Seniň bilen howadyr bu howa-da. Garaşma sen menden başga bir zada, Gowlukdan özge söz aýtmaryn saňa. Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Atamyrat Atabaýewiñ "Çuňluk" goşgular kitabyndan alyndy. "Türkmenistan " neşirýaty; Aşgabat - 1976 ý. (Elektron görnüşe geçiren we ýüklän Ahally) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |