23:04 Ateistler çyrany söndürenoklar | |
ATEISTLER ÇYRANY SÖNDÜRENOKLAR
Geň-taňsy wakalar
Meniñ iş ýerimde ateist diýseň kän, men olaryň her dürlisine gabat gelip gördüm. Meniñ iş ýerim transport ulgamyna degişli bolany üçin, gije-gündiz işlemeli bolýar. Şol sebäpden biz hem gije-gündiz nobatçylyga çykýarys. Biz nobatçylyga hemişe 2-3 adam bolup çykýarys, gapdalymda nobatçy (çalşyk) inžener bolýar, biziň oturýan iş otaglarymyz aýry aýry. Ana, şol nobatçy inženerleriň içinde, köplenç ateistler gabat gelýär. Olaryň köpüsi özleriniň kimdigini aç-açan boýun alýarlar, käbirleri gizlenýärler, käbirleri bolsa: —Kakam Hudaý ýok diýdi diýip, özleriniň ateistdigini kakdyrýarlar. Olar näme diýseler-de, olaryň barsynyň arasynda bir meňzeşlik bar, olar gijeki nobatçylykda, iş otagda çyrany söndürmän oturýarlar. Näme üçin beýle edýäňiz diýip soramda, —birden biri meni barlamaga gelse, maňa ýatan öýdäýmesin diýýärler. Dogrymy aýtsam, gije çyralary ýanyp duran otagy görüp, bu ýerde-de gije adam bolýan eken diýip, her tüýsi adamlar olaryň ýanyna gelýärdi. Daşyndan göräýmäge ateist adamlar hem, adaty durmuşy ýaşaýan ýaly bolsa-da? Hakykatda ýagdaý beýle däl eken. Ateistleriň durmuşy aňsat däl, sebäbi her bir adamyň durmuşynda Hudaý bolaýmaly, başgaça aýdaňda meýilnama bölümi. Mysal üçin, meniň durmuşymy we gelejegimi Hudaý meýilleşdirýär. Maňa onuň ygtyýaryndan sypma ýok, başyma näme gelse Hudaýdan gelýär. Ateistleriň durmuşynda Hudaý ýok, ýöne Hudaýyň wezipesini barybir biri, hökman ýerine ýetirmeli. Onsoň ateistleriñ özleri bar zady meýilleşdirip başlaýarlar. Gije çyra sönmeli däl, işe mydama doly formada gelmeli, galstuk mydama dakylgy bolmaly, bar zady bolmalysy ýaly ýerine ýetirmeli. Hepde-de bir-iki gezek hökman uly başlyklaryň gözine görünmeli we olar bilen ýylgyryşmaly. Öziňi peýdaly işgär hökmünde görkezmeli, başga işdeşleri satmaly. Aklymdan çykmaz ýaly, elmydama täze informasiýa çöplemeli, we iň soňky gep-gybatdan habarly bolmaly. Garaz ateistler, dumly-duşdan ätiýaçly bolmaly adamlar eken. Hudaý ýok, diýmek ýykylsaň galdyrjak we syrtyňy ýapjak ýok. Diýmek ähli soraglarda öz syrtyňy özüň ýapmaly. Aýalyň agyr keselledimi, aýalyňy taşlaýaň, gabrystanda entek diri wagtyň ýer satyn alýaň, we ýadygärlik dikýäň, diňe içine giräýmeli edip goýýaň. Kelle gije-gündüz gelejegi meýilleşdirýändigi sebäpli, känbir dinç alyp bileñok, şeýle kelläni gijelerine öçürmeli bolýar, onsoň ateistler ýuwaş-ýuwaşdan arak içip başlaýarlar. Iň soňunda-da şol beladan ölüp gidýärler. Köplenç internetde, käbir adamlar özleriniň ateistdigini bir tüýsli buýsanç bilen yglan edýärler, hamala Hudaý ýok diýip aç-açan aýtmak, olary başgalardan tapawutlandyrýan ýa-da beýgeldýän ýaly? Siziň baryňyz kör, men bolsa gözli we şoňa meňzeş pikirler. Hakykatda bolsa bu ýerde buýsanara hiç zat ýok, men ateistleri diýseň golaýdan gördüm we olaryň ähli kemçiliklerini bilýärin. Eger daş-töwerek gaýnaberse, hatda öz ejelerini we çagalaryny ortada goýup, öz gara başlaryny satyn almaga kaýyl. Sebäbi Hudaý ýok, O dünýe ýok, diýmek ertir hiç kimiň öňünde ýüzüňi sallap durmaly däl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |