22:48 Atly ýöriş | |
ATLY ÝÖRIŞ
Taryhy makalalar
Gojaman daglary etekläp oturan Gerkez obasynda Berdi Ady atly goja ýaşaýar. Ýaşy segsene uran bu goja Aşgabat-Moskwa aralygynda guralan atly ýörişe gatnaşan otuz gerçegiň biri. Bu gün şo gerçekleriň Berdi agadan özgesi biziň aramyzda ýok. Berdi aga bilen söhbetdeş bolsaň, öz mähriban ýoldaşlaryny birin-birin ýatlaýar. Biziň hem şu ýazgymyz ýarym asyr mundan öň şol döwürde deňi-taýy bolmadyk edermenlik görkezen türkmen jigitlerine bagyşlanýar. Assa basyp, jylaw çeýnäp, bökjekläp, Alaňlardan aşyp, olar barýarlar. Yzarlasaň bu mertleriň aslyny, Nuhuň tupanyndan habar berýärler. Teýmirlene jylawuny tutduryp, Nedir şanyň goşunyny bezäpdir. Düz meýdanda deme düşse, keýige, Ýene taýdyr, ot otlamak güzapdyr. Ahal-teke, ýomut adyn eýeläp, Aýagyndan minnet çekip alandyr. Söýgüli öwlende ata meňzetmek, Olaryň boý-syratyndan galandyr. Hem owadan, hem gaýratly, hem ýyndam, Göroglynyň Gyratynyň nesili, Iki aýaklyň näkesinden akylly, Arman, ýöne söze garyp öň dili. Gumdan aşyp, suwdan geçip, çöl söküp, Kolhoz batyrlaryn alyp barýar, gör. Watanmyň ýüregi dünýäň öýüne, Seýkin basyp, jylaw çeýnäp girýärler. Gadyrly okyjylar, bu goşgynyň ýazylanyna ýarym asyr töweregi wagt geçipdir. Muny şahyr Oraz Täçnazarow Aşgabat-Moskwa aralygyndaky atly ýörişe gatnaşan türkmen merdanalaryna we ahal-teke, ýomut bedewleriniň şanyna bagyşlap ýazypdyr. Türkmen gerçekleriniň otuzysy 1935-nji ýylyň otuzynjy maýynda Aşgabatdan Moskwa ugradylar. Olar segsen üç günläp diýen ýaly 4300 kilometr iň agyr ýoly geçip, Moskwa bardylar. Geliň gowusy, bu söhbetimizi başdan başlalyň. *** Garagumuň tüp yssysy ýetjek derejesine ýetipdi. Emma muňa garamazdan, atlar öňe hereket edýärdiler. Ine, uzak ýola düşülen şol ilkinji günlerde otrýadyň guwanjy bolan Dordepeli “Gün urupdyr” diýen habar atlylaryň ählisini biynjalykdan aýyrdy. Iňlis-teke atlarynyň neslinden bolan Dordepele ýörişe gatnaşyjylar aýratyn bir söýgi bilen garaýardylar. Emma habar ýalan bolup çykdy. Görlüp oturylsa, ol suwsuzlykdan ejir çekýän ekeni. Öňde agyr kynçylyklaryň ýatandygy hemmelere mälimdi. Emma ýigitleriň keýpi hiç neneň däldi. Ýörişiň komandiri Sokolowyň her bir ýeňil bolmadyk pikiri ýigitler tarapyndan bada-bat goldanylýardy. Olar öz komandirlerini sylaýardylar. Bir diýenini iki gaýtalatmaýardylar. Eger ýigitleriň biri bilmezlikdenmi ýa-da oglanlyk edipmi, bir ýalňyşlyk goýberäýseler, otrýadda muňa biparh garamaýardylar. Sokolowyň “Eger indikile şeýle zady gaýtalasaňyz, yzyňyza dolanmaly borsyňyz” diýen aýgytly sözi, bu ýerde iň agyr hökümdi. Ýeri gelende aýdylsa, Sokolow şeýle agyr “hökümi” ýörişiň bütin dowamynda bary-ýogy birje gezek ulanmaly bolupdy. Muňa ýörişe gtnaşyjylaryň hemmesi gynanypdy. Bada-bat ýygnak çagyrylypdy. Ilki bilen komandir gürledi, soň kolhozçylar. Soňky sözi günäkäre berdiler. Ol günäsini başdan sowjak bolup, kän baş agyrdyp oturmady. Indikile gaýtalamajakdygyna söz berdi. Onuň öz eden işine gaty ökünýändigi onuň gözlerinden bildirip durdy. Komandirem, ýoldaşlaram oňa ynandylar. Iki gün geçenden soň, birinji otdeleniýäniň komandiri Ýanar atyň sagalandylandygyny habar berdi. ...Gün depeleriň aňyrsynda gizlenen badyna agşam şemaly ýüzüňe urýardy. Ol gündizki ýakyp-ýandyryp barýan howry ýuwaş-ýuwaşdan kowýardy. Ine, şonda atlaram, birhili ädimlerini ýeňil urýardylar, adamlaryňam keýpi göterilýärdui. Şo barmana ýigitleriň biri “ýarowjana” gygyrýardy. Ol halk aýdymydy. Özem uzaklarda galan söwer ýar hakdaky aýdymdy. Ýigitler uzak-uzak ýol söküp, Ýylanly raýonynyň “Kommunizm” kolhozynyň deňinde düşlediler. Bu ýerde olaryň öňünden Gaýgysyz Atabaýew çykypdy. Ol hal-ahwal soraşdy. Çaý başynda ýigitleriň göwnüni göterip, olar bilen birsellem degişip-gülüşdi. Türkmen oba hojalyk institutynyň işgäri Griçew atlaryň aýagyna nal kakylyşyna uly esewanlyk bilen ýolbaşçylyk edýärdi. Ustýurduň üsti bilen otrýad ýigrimi gün diýen ýaly ýol ýöremeli boldy. Emma şol günleriň dowamynda otrýadyň öňünden ýekeje-de janly-jemende çykmady. Soňky gezek olaryň öňünden birküç sany adam gabat gelipdi. Olaram çarwadar maşgala ekeni. Özlerem Goňrada tarap barýan ekenler. Ejesi bilen kakasy harby gulluga çagyrylýan öz ogullaryny ugratmaga barýardylar. Olar iki ýüz kilometr ýol geçipdirler. Öňlerinde-de ýene şondan iki esse ýol ýatyrdy. Emma bu agyr ýoldan olar heder etmeýärdiler. Kolhoz prawleniýesi olar üçin iň gowy düýäni hemem daýaw eşegi ulag üçin saýlap beripdir. Atly ýigitlr bu komsomol çleniniň şol obadan harby gulluga çagyrylýan ilkinji ýigitdigini bildiler. Çar tarapyň çöl-beýewanlyk. Asyrlaryň dowamynda harabaçylyklara öwrülen galalaryň çala sudury diýäýmeseň, bu ýerlerde irde-giçde ýaşaýyş bolandygyny aňladýan zat ýokdy. Ýoluň surnukdyryjy argynlygy-da, ýürek gysdyryjy çölmaganyň çöli-de türkmen ýigitleriniň howuny basanokdy. Eýsem-de bolsa, munuň üstesine-de atlaryň iým meselesinde-de, maşynlaryň ýangyç meselesinde-de birtopar näsazlyk ýüze çykyp durdy. Otrýady bu zatlar bilen üpjün etmeklik Ançugow diýen bir adamyň üstüne ýüklenilipdi. Iň çykgynsyz ýagdaý hem maşynlaryň benzininiň gutaraňkyrlap ugramagydy. Otrýad maşynsyz bolsa ýüz-ýüz elli kilometr ýol geçip biljekdi. Ondan aňyrda bolsa bir damja-da içimlik suw ýokdy. Giden bir boşluk, takyr ýerler bolmalydy. Nätmeli? Radistler haýdan-haý işe girişdiler. Rasiýa arkaly yzyňa habar ýetirmeli. Emma rasiýa arkaly gürleşmegem indi hyllallady. Howsalaly signallary daşoguzly radistler zordan aýyl-saýyl etdiler. Gümürtigrägem bolsa, garaz haý, otrýad kömege garaşmaly diýen netijä geldi. Kömegiň bolsa haçan gelip ýetişjegi bolsa näbellidi. Muňa garamazdan, otrýaddakylar berk düzgün-tertibi saklaýardylar. Ýygnakdyr gürrüňler geçirilýärdi. Atlara gözegçilik edilýärdi, ot-iým taýýarlanylýardy. Patefonyň repertuarynda bary-ýogy birki sany marş bilen birki sanam tango sazy bardy. Yzygider aýtdyrylmadan ýaňa, otrýaddakylar olaň her bir taktyny edil bäş barmaklary ýaly ýatdan öwrendiler. Oýlanyp-oýlanyp şaşka tagtasynyň ýüzi sürtülip gidipdi. Popowyň ýazan “Partiýa taryhy” hem-de “Uelsiň fantastik hekaýalary” atly kitaplary elden-ele geçýärdi. Bular otrýadyň özleri bilen alan ýeke-täk kitaplarydy. Maşynlaryň dagy arassalanmadyk, süpürilmedik ýerleri galmady. Emma weli yzdan kömek gelenokdy. Radistler Relengurdyr Metaşko, Dronow dagylar iň bir arzyly adamlara öwrülipdiler. Olaryň biri dynç almaga çadyrdan çykaýdygy, daşyna hümer bolýardylar. Rasiýa bir minutam dynç duranokdy. Radistler gezekli-gezegine gijäniň bir wagtyna çenli işleýärdiler. Gözlerini çirk etmän geçirýärdiler. Otrýadyň komandiri Sokolowa bolsa ýatuw ýokdy. Ine, birdenem dördülenji gün diýlende – 27-nji iýunyň agşamsy uzakdan maşyn sesleri eşidilip ugrady. Muňa otrýaddakylaryň begenjiniň çägi ýokdy. “Gelýärler!” diýen ses Ustýurduň giňişliklerini göçüreýine getirýärdi. Maşynlar lagere ýetip, sakga durdy. Öňdäki maşynyň rulunyň başynda oturan Osoawiahimiň başlygynyň orunbasary Hobukow maşyndan böküp düşdi-de, papiros otlandy. Çar tarapdan ýagdyrylýan sowallara: – Gyzybermeseňizläň! Benzin häzir bor! – diýip, arkaýyn jogap berýärdi. Otrýad ýoluny dowam etdirdi. Olar Orenburga baranlarynda iki günlük dynç aldylar. Olar bu ýerde Leningrad-Moskwa aralygynda geçirilýän welosiped ýörişine gatnaşyjylar bilen duşuşdylar. Orenburg we Kuýbyşew oblastlarynyň çäklerinde Razin adyndaky kolhozyň başlygynyň orunbasary Gawrilow, 105 ýaşly kolhozçy Larion Ýakimow we beýlekiler türkmen ýigitlerini çörek we duz bilen garşyladylar. Türkmen ýigitleri Penza şäherine 2-nji awgustda, giç agşam gelipdiler. Ertesi olar şäher işçileri bilen duşuşdylar. Mitingde birinji otdeleniýäniň komandiri Ýanar çykyş etdi. Ýanar Penza şäherine ilkinji gezek mundan ýigrimi ýyl öň, heniz on ýedi ýaşly ýetginjekkä gelipdi. Patyşa hökümeti tarapyndan okop-gazuw işlerine iberilen Ýanar bilen müňlerçe daýhan bardy. Özem gyş aýlarydy. Allajy sowukdy. Şonda olaryň arasynda hassaçylyk döräpdi. Şo sebäpli hem Ýanaryň münip barýan otlusy ýigrimi bäş günläp Penzada saklanypdy. - Şo wagtlar-a bize wagşy bir mahluga seredilişi ýaly seredilýärdi. Men öz ýarawsyzlygym hakynda ofisere aýdamda, onuň meni gonçly ädigi bilen depişi hiç haçan ýadymdan çykmaz. Şonuň üçin men ozal Penzada bolanam bolsam, özümiň şu şähere gelşimi ilkinji gezek hasaplaýan. Çünki men ozal bu ýere gul bolup gelen bolsam, indi men erkana adam, öz ykbalymyň eýesi – diýip, Ýanar örän tolgundyryjy çykyş etdi. Aşgabat raýonynyň Woroşilow adyndaky kolhozynyň stahanowçy kolhozçysy Begmyrat Annamyradow hem atly ýörişe gatnaşyjylaryň biridi. Ol Arap atly ahal-teke bedewi bilen Moskwa bardy. Arabyň soňky ykbaly bilen okyjylar habarly bolsalar gerek: Sowet Soýuzynyň Marşaly G.K.Žukow oňa münüp, Ýeňiş Paradyny kabul edipdi. Hawa, türkmen ýigitleriniň aňrybaş edermenliginden bäri göni elli ýyl geçipdir. Ýarym asyr mundan öň, sentýabr günleri bütin türkmen halky öz gahryman ogullaryny Aşgabat wokzalynda uly dabara bilen garşyladylar. 4300 kilometr ýoly 84 günde geçip, sag-aman dogduk diýara dolanyp gelen ogullara uly dabaralar garaşýardy. Otrýadyň komandiri Semýon Pýotrowiç Sokolowyň gündeliginden Bokurdak. 1-nji iýun. Ine,şeýlelik bilen biziňň atly ýörişimiz hem başlandy. Eýýäm biziň Aşgabatdan çykanymyza üç gün dagy bolupdyr. Bizi ugratmak üçin bütin halk çykdy. Daş-töweregiň giden gumluk... Adamlarymdan-a arkaýyn weli, ýöne atlar näderkän? Hemişe azala öwrenişen atlar bu agyr synaga döz gelermikä? Jigitlerimiň köpüsi diýen ýaly, ozal çölde basmaçylara garşy göreşenler. Ýerbent. 2-nji iýun. Düýn men esasy bir zady ýazmagy unudan ekenim. Aşgabat bilen Bokurdagyň arasy segsen kilometrlik ýol. Biz bu aralygy iki günde geçdik. Ozaldanam gowy seýislenen atlar agyr ýoluň argynlygyny känbir duýmadylar. Indi bolsa ozal göz öňüne tutulyşy ýaly, günde altmyş kilometr ýoly geçeris. Suwsuz ýerlerden bolsa bu aralygy ýüz ýigrimi kilometre ýetirmeli bolarys. Awtordan: Şu ýerde men türkmen atly jigitlerini Ýerbentde ýerli ilatyň nähili garşylaýşy hakda partiýa weterany Nowruz Dusaýewiň ýatlamasyny okyjylara ýetirmegi makul bildim. Nowruz aga şol döwürde partiýanyň Ýerbent raýkomynyň birinji sekretarydy. Ol şu setirleriň awtoryna şeýle gürrüň beripdi: -Jigitler milli eşikdedi: ädikli, gyrmyzy donly, ýüpek guşakly, ak telpekli ýigitleri görmäge göz gerekdi. Atly ýörişiň ýoly biziň raýon merkezimiziň üstündenem geçýärdi. Ýerbentde biz atly jigitleri dabaraly garşyladyk. Raýonyň ähli kolhozçylary, kükürt zawodynyň işçileri, raýon aktiwistleri güneşli respublikamyzyň batyrlaryny duz-çörek bilen garşy aldylar. Bir gije-gündizläp türkmen atlylary bu gadyrdan halkyň, gumlularyň arzyly myhmanlary boldular. Raýon zähmetkeşleri jigitleriň uzak ýola şaýlanmazlarynyň öňisyrasynda olara ullakan türkmen halysyny sowgat berdiler. Olar halyny gowşuranlarynda: “Goý, bu halynyň üstünde dynç alaanyňyzda, argynlygyňyz zym uçan ýaly bolsun. Çünki ol gumly gelinleriň çeper elleriniň hünäri” – diýip, aýtdylar. Iýunyň başky günleri jigitler Ýerbentden ýola düşdüler. Jigitleriň arasynda Ýerbentdenem wekil bardy. Oňa Nepes Garahan diýýärdiler. Bu şol döwürde az begendirmändi. Haýsy ýerligi belli däl. 11-nji iýun, ir bilen. Biziň öňümizden ýola düşen maşynlaryň ýollarynyň kesilendigi hakda habar geldi. Meniň syýasy işler baradaky kömekçim Nepes Garahan partiýa ýygnagyny çagyrmagy teklip etdi. Ýygnanyşdyk. Gürrüň uzaga çekmedi. Kommunistler hem-de bäş sany komsomol çleni maşyndakylara kömege gitmeli diýip karara gelindi. Şeýle hem edildi. Ýakyp-ýandyryp barýan jöwzanyň astynda otuz alty sagatlap diýen ýaly ýol geçmeli boldy. Sazagy çapyp, maşyn geçer ýaly edip, ýola düşdük. Garaz, bir ýarym gije-gündüziň içinde öňümizde goýlan wezipäniň hötdesinden gelip, aňryk hemem bärik bäş ýüz kilometr ýol sökdük. Ýadaw bolsak-da ýöriş dowam edýär. Biz şu pikir bilenem yzymyza Derwezä dolandyk. “Kommunist” kolhozy. 15-nji iýun. Çarynyň aýtmagyna görä, biz erem bagyna giripdiris. Hakykatdanam, kolhoz bagy miweleriniň bollugy bilen bizi geň galdyrdy. Birnäçe wagtlap gözüňi ýadadan sary çägeden soň, ýaşyl bossanlygy synlamagyň özüne görä lezzeti bar ekeni. Ýola düşenimizden soň, ilkinji gezek biz suwa düşündik. Onda-da herimiz biirnäçe gezek hezil edip, suwly aryga özümizi okladyk. Demirjanata gonamçylygy. 16-njy iýun. Biz Garagalpak topragynda. “Aýtma” diýen ýerde çybyn sürüsi bulut bolup üstümize süründi. Atlary hem-de özümizi olardan goramak iş boldy. Her kim özüne sübse ýasandy. Şonuň bilenem çybynlardan gorandyk. Soňam gögeýin diýen bela hüjüm etdi. Ine, şonda men çekirtge sürülerini ýadyma saldym. Dogrudanam, “Aýtma” diýseň aýtma! Seýit baý guýusy. 24-nji iýun. Biz ýene-de gum alaňlyklarynyň arasynda. Arman, bu ýerde sazaga gözüň düşjek gümany ýok. “Çişligi näme bilen bişireris” diýip, aşpezimiz degişip aýdýar. Aktýubinsk. 20-nji iýul. Bu ýerde-de ömür görmedik ýagşymyz ýagýar. Arman, şäherde athana ýok ekeni. Iki gije-gündizläp, biziň ahal-teke bedewlerimiz ýagşyň astynda galdylar. Wah, şumatky ýagyş Garaguma ýagaýsady! Ýörişi 67 kilometre çenli hemem atlara berilýän iými azaltmaly diýen karara geldik. Kuýbyşew. 23-nji iýul. Şäheriň eteginde işçiler bizi dabara bilen garşyladylar. Çapaýewiň ýadygärliginiň ýanynda miting geçirildi. Kolhozçylar bize görkezmek niýeti bilen öz atlaryny getirdiler. Şol gün bizi samolýota mündürip, baý aýlamak aýladylar-ow! Rýazan. 16-njy awgust. Biz bu ýere agşam geldik. Bu gezek biziň üstümize al-elwan güllerden ýagyş ýagdyryldy. Dabarany söz bilen beýan eder ýaly däl. Yzy üzülmän ýagýan gül desselerinden ýaňa, atlarymyz howsala düşdilermikän öýdýän. Bronnisy. 19-njy awgust. Barha we barha Moskwa golaýlaşýarys. Ony görjek wagtymyz uzakda däl. Atlaryň hemmesiniň ýagdaýy gowy. Adamlaram şonuň ýaly. Yňňyl-çyňňyl edýäni ýok. Ýene-de bir günden: “Salam, Moskwa! Salam saňa beýik Watanymyzyň paýtagty!” – diýip aýdarys. • Moska türkmen jigitlerini garşylaýar Abelmanowa zastawasynda türkmen jigitlerini dabaraly garşyladylar. TSSR MIK-niň başlygy N.Aýtakow, SSSR goranmak halk komissarynyň orunbasary Tuhaçewskiý, SSSR daşary ýurtlar bilen söwda aragatnaşygy halk komissarynyň orunbasary Eliawa, Moskwa harby okrugynyň komanduýuşisi Kork, Osoawiahimiň MK-synyň başlygy Eýdeman, BK(b)P Moskwa obkomynyň sekretary Kulkow, TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Ungalbaýew, Türkmenistan hökümetiniň hemişelik wekili Öwezgeldi Atabaýew we başgalar türkmen halylary bilen örtülen tribunada peýda boldular. Harby serkerde Tuhaçewskiý joşgunly sözler bilen türkmen jigitleriniň waspyny ýetirdi... Türkmen jigitleriniň başyny çekip barýan S.Sokolowyň gapdalyndan onuň kömekçisi Laman barýardy. Olaryň yz ýanyndan bolsa Baba Alyýew bilen Nepes Garahan atlaryny debsedip barýardylar. Gökdepe raýonynyň “Udarnik” kolhozynyň stahanowçy kolhozçysy Ýanar Annaorazowyň elinde Gyzyl Baýdak şemala pasyrdaýardy. Jigitleriň keýpi kökdi. Ýörişiň iň ýaş jigidi Gurban Öwezgeldiýew. On dokuz ýaşly bu ýigit hem Gökdepe raýonynyň “Gyzyl artel” kolhozynda zähmet çekýärdi. Gabyş Mämiş bolsa jigitleriň ýaşulysydy. Ol öz gyratynyň üstünde hasam ýaş görünýärdi. Jigitleriň ikisinden özgesi, Ýanar bilen Çarydan (Baýramaly raýonynyň “Täze ýol” kolhozy) başgasy öz obalaryndan başga ýere çykyp görmedik adamlardy. Bu iki ýigit birinji jahan urşunda päleçilige giden oglanlardy. Öňde jigitlere uly-uly dabaralar garaşýardy. Beýik Leniniň mawzoleýine gül desselerini goýmak Gabyş Mämiş bilen Nepes Garahanyň paýyna düşer. Moskwada Gorkiý adyndaky Merkezi medeni dynç alyş bagynda jigitler öz ýörişlerini tamamlarlar. Olary bu ýerde moskwaly zähmetkeşleriň iň görnükli wekilleri gutlarlar. Moskwa oblprofsowetiniň sekretary Timofeýew çykyş edip türkmen jigitleriniň her birisiniň Tulada öndürilen iki nilli tüpeň bilen sylaglanandygyny habar berer. Ýanar Annaorazow bilen Mary raýonynyň “Gyzyl güýç” kolhozyndan Meret Babalyýew bolsa jigitleriň adyndan jogap sözüni sözlärler. • Türkmen jigitleriniň raportyndan: “TK (b) P MK, Popok we Anna Muhammedow ýoldaşlara, TSSR MIK, ýoldaş Aýtakowa “Şuralar Türkmenistany” we “Türkmenskaýa iskra” gazetleriniň redaksiýalaryna. Aşgabat-Moskwa atly ýörişi üstünlikli tamamlandy. 22-nji awgust diýilen güni Türkmenistanyň kolhozçylaryndan düzülen atly jigitler otrýady biziň beýik sosialistik Watanymyzyň proletar paýtagtyna geldiler. Ümmülmez giňişliklerden geçilen 4300 kilometr ýol yzda galdy. Atly jigitleriň ýoly Garagumuň jöwzaly alaňlarynyň, Ustýurdyň suwsyz ýatan takyrlyklaryndan, Gazagystanyň, Powoljiýäniň, Moskwa oblastynyň gözýetmez kolhoz meýdanlarynyň üstünden düşdi. Bizi ähli ýerde – obalarda we gyşlaklarda, şäherlerde mährem gujak bilen garşyladylar. Kynçylyk çeken ýerlerimizde doganlyk kömegini gaýgyrmadylar. Biz ýene-de bir gezek SSSR halklarynyň synmaz dostlugynyň şaýady bolduk. ...Biziň ahal-teke we ýomut bedewlerimiz agyr ýoluň synagyna,şeýle hem her hili ýaramaz howa şertlerine döz geldiler. Atly ýörişiň komandiri Sokolow. Partorg Gabyş Mämiş. Atly ýörişe gatnaşyjylar. Moskwa, 22-VIII-1935 ý.” • Kremlde Atly ýörişe gatnaşan jigitleriň otuzysy hem SSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň Prezidiumynyň Ukazy bilen Gyzyl Ýyldyz ordeni bilen sylaglanyldy. Şeýle hem ýörişe gatnaşanlaryň on ýedisi SSSR MIK-niň Hormat hatyna mynasyp boldy. Olaryň arasynda “Türkmeniskaýa iskra” gazetiniň habarçysy N.I. Putilin, kinooperator P.A.Pýatakow, ylmy toparyň ýolbaşçysy wraç W.D.Sokolowa we başgalar bardy. Bütinsoýuz ýaşulysy M.I.Kalinin türkmen jigitlerine ýüzlenip, şeýle diýdi: -...Biziň ýörişimiz, siziň edermenligiňiz düýnki ezilenler, bu gün bolsa Beýik Oktýabryň, mähriban Kommunistik partiýamyzyň saýasynda täze durmuş gurýanlaryň beýik edermenligidir. SSSR Goranmak halk komissary K.E.Woroşilowyň aýdan sözleri hem türkmen jigitleriniň ruhuna ruh goşdy. -Deňi-taýy bolmadyk bu ýörişe gatnaşan – siziň hemmäňiz hem kolhoz gurluşygynyň guramaçylary hem-de zarpçylary. Siziň hemmäňiz hem öz wagtynda söweşiji, partizan bolup, basmaçylara garşy göreşipsiňiz. Öz elleriňiz bilen bagtyýar durmuşda ýaşamaga hukuk gazanypsyňyz. -...Eger-de duşman Sowet Soýuzynyň üstüne çozmaga milt edäýse, siziň hemmäňiz hem öz atlaryňyza atlanyp, beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip söweşjekdigiňize, mähriban topragymyzyň bir daban ýeri üçin gahrymançylyk görkezjekdigiňize men çyn ýürekden ynanýaryn – diýip, harby serkerde jigitlere ýüzlenipdi. Jigitler şonda Arap atly ahal-teke bedewini K.E.Woroşilowa sowgat berdiler. Emma şol bedewiň ýene-de on ýyl geçenden soň, 1945-nji ýylyň iýunynda Ýeňiş paradyna gatnaşjakdygyndan hiç kimiň habary ýokdy. Hakykatdanam, türkmn jigitleriniň ençemesi Watanymyzyň üstüne gara bulut inende, betpäl duşmana garşy ilkinjiler bolup fronta gitdiler. Watanyň bir daban ýeri üçin öz şirin janlaryny gurban etdiler. Ençemesi bolsa tylda galyp, Beýik Ýeňşiň ilerlemegi üçin gije-gündize parh goýman zähmet çekdiler. • Ine, gahryman jigitleriň atlary: - Sokolow S.P., atly ýörişiň naçalnigi, NKWD serhet goşunlarynyň komandiri. - Nepesow Garahan, Ýerbent raýonynyň Woroşilow adyndaky kolhozyndan. Naçalnigiň kömekçisi. - Gabyş Mämiş – ýörişiň partorgy, Tejen raýonynyň Atabaýew adyndaky kolhozyndan. - Saparguly Sähetberdi, ýörişiň starşinasy, Tejen raýonynyň Stalin adyndaky kolhozyndan. - Ýanar Annaoraz, Gökdepe raýonynyň “Udarnik” kolhozyndan. - Laman E.R., ýörişiň naçalniginiň orunbasary, Osoawiahimiň instruktory. - Meret Babaly, Mary raýonynyň “Gyzyl güýç” kolhozyndan. - Juma Nury, Mary raýonynyň Atabaýew adyndaky kolhozyndan. - Akmyrat Kadyr, Mary raýonynyň “Şura” kolhozyndan. - Çaly Kary, Baýramaly raýonynyň “Täze ýol” kolhozyndan. - Sapar Alty, Tejen raýonynyň Atabaýew adyndaky kolhozyndan. - Annageldi Sähetli, Tejen raýonynyň Ç.Wellekow adyndaky kolhozyndan. - Berdi Ady, Garrygala raýonynyň “Gyzyl baýdak” kolhozyndan. - Illi Täşli, Garrygala raýonynyň “Gyzyl ýyldyz” kolhozyndan. - Baba Durdymyrat, Gökdepe raýonynyň, “Woýenniý” kolhozyndan. - Paşaguly Baky, Gökdepe raýonynyň “Batrak” kolhozyndan. - Hamet Haýdar, Gökdepe raýonynyň, “Woýenniý” kolhozyndan. - Öwezgeldi Gurban, Gökdepe raýonynyň, “Gyzyl artel” kolhozyndan. - Ataş Annaaman, Aşgabat raýonynyň “Daýhan birleşik” kolhozyndan. - Begmyrat Annamyrat, Aşgabat raýonynyň Woroşilow adyndaky kolhozyndan. - Meret Muhammet, Aşgabat raýonynyň “Daýhan birleşik” kolhozyndan. - Anna Gurban, Aşgabat raýonynyň Kalinin adyndaky kolhozyndan. - Aşyr Kulybeg, Aşgabat raýonynyň Woroşilow adyndaky kolhozyndan. - Aktelpek Nagy, Köneürgenç raýonynyň Popok adyndaky kolhozyndan. - Batyr Gazak, Ýylanly raýonynyň “Kommunizm” kolhozyndan. - Babajan Şükür, Tagta raýonynyň Stalin adyndaky kolhozyndan. - Akmämmet Baba, Tagta raýonynyň “Sosializm”kolhozyndan. - Esen Hydyr, Tagta raýonynyň “GPU” adyndaky kolhozyndan. - Gurbandurdy Aman, Tagta raýonynyň “Ýagtylyk” kolhozyndan. - Seýit Şyhy, Gökdepe raýonynyň “Azat Türkmenistan” kolhozyndan. 1985 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |