01:35 Awesta: Wendidat: Fargrat -1 | |
AWESTA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
WENDIDAT I. FARGRAT («Jugrafik poema») Awestada älem we onuň gelip çykyşy baradaky düşünjeler IX asyrda pehlewi dilinde ýazylan «Bundahişn» («Dünýäniň döreýşi») atly dini kitap boýunça bellidir. Onda Awestanyň biziň günlerimize gelip ýetmedik «Damdat nask» atly 4-nji kitabynyň mazmuny beýan edilýär. Oňa laýyklykda, «Widewdatyň» 1-nji fargradynda (babynda) ýokary Hudaý Ahura-Mazdanyň döreden on alty sany «ýurtlarynyň we ýaşaýşa iň amatly ýerleriniň» we onuň garşysynda Anhra-Manýunyň döreden betpäl pirimleriniň sanawy berilýär. Ylymda bu fargrad «Jugrafik poema» atlandyrylýar. Onda dünýä döräp, Ahura-Mazdanyň döreden ýurtlarynyň tertibi berilýär. Bir mahallar «Jugrafik poemadaky» ýurtlaryň sanawy öz gözbaşyny hindi-eýran umumylygy eýýamyndan alyp gaýdýar we mifologik görnüşde Eýranyň we Turanyň gadymy halklarynyň bu sebite ýaýraýyş döwrüni beýan edýär diýip hasap edilýärdi. Emma häzirki döwrüň ylmy bu netijeleri düýpgöter ret edýär. I.M.Dýakonowyň pikirine görä, «bu sanaw «Widewdatyň» ýazylan döwründe zaratuştraçylyk dininiň ýaýran ýurtlaryny görkezýär diýsek, megerem, has dogry bolar; şunlukda bu sanaw, tutuş «Widewdatyň» özi ýaly, ýurtlaryň soňky döwürlerdäki atlaryny beýan edýän bolsa gerek; iň bolmanda, bu Baktriýa babatda şeýledir» . * * * 1. Ahura-Mazda Spitama Zaratuştra ýüzlenip şeýle diýdi: «Eý, Spitama Zaratuştra! Eşretli durmuş üçin şertleriň az bolmagyna garamazdan, ynsanlary asuda ýaşaýyş bilen üpjün edýän amatly ýerleri men döredendirin. Eger-de men, eý Spitama Zaratuştra, bagtyýar durmuş üçin şertleriň az bolmagyna garamazdan, ynsanlary asuda ýaşaýyş bilen üpjün edýän amatly ýerleri döretmedik bolsam, onda tutuş älem-jahanyň mähellesi Arianam-Waýja bakan ýönelerdi. 2. Men, Ahura-Mazda, birinjiden, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden Wahwa Daiti atly ajaýyp derýaly Arianam-Waýjany döredendirin. Şo mahal, bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu, sarymtyl ýylany we döwleriň gazaply gyşyny döredendir. 3. Bu ýurtda on aý gyş, iki aý tomus bolýar. (Gyş aýlary) suwlar sowuk, ýerler doňak bolýar, ösümlikleri bolsa gyşyň ortasynda sowuk alýar. Iň gazaply gyş bu ýerdedir. Gyş paslynyň ahyrynda buzlar eräp, ýerleri suw alýar . 4. Men, Ahura-Mazda, ikinjiden, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden sogdylaryň mekanyny Gawany döredendirin. Şo mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu «skaitini» döredipdir. 5. Men, Ahura-Mazda, üçünjiden, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden Arta bilen bagry badaşan Mouryny döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu «maryduny» we «witumuny» döredipdir. 6. Men, Ahura-Mazda, dördünjiden, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden belent baýdakly , ajaýyp Baktriýany döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu «brawaruny» we «usaduny» döredipdir. 7. Men, Ahura-Mazda, bäşinjiden, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden Margiana bilen Baktriýanyň arasynda (ýerleşen) Nisaýany döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu «gabahat ynamsyzlygy» döredipdir. 8. Men, Ahura-Mazda, altynjydan, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden öýleri taşlanyp gidilen Hareýwany döredendirin (?). Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu agyny hem ahy-nalany döredipdir. 9. Men, Ahura-Mazda, ýedinjiden, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden Wekertuny döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu Kersaspanyň başyny aýlan pis perini Hnafaitini döredipdir. 10. Men, Ahura-Mazda, sekizinjiden, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden otluklara we çemenliklere baý Urwany döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu zalymlykda ýakasyny tanadan hökümdarlary döredipdir. 11. Men, Ahura-Mazda, dokuzynjydan, ýurtlaryň we ýaşaýşa amatly ýerlerden girkanlaryň ýaşaýan Wehrkanuny döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu günäsini geçip bolmajak beçebazlygy döredipdir. 12. Men, Ahura-Mazda, onunjydan, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden gözel Harahwatini döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl hem pis Anhra-Manýu günäsini geçip bolmajak hata iş-jesetleri jaýlamak däbini döredipdir . 13-14. Men, Ahura-Mazda, on birinjiden, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden Hudaýyň nazary düşüp (hwarno), lowurdap duran Haýetumanty döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu pis jadygöýleri döredipdir. 15. Men, Ahura-Mazda, on ikinjiden, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden ýaşaýjylary üç sany halkdan durýan Ragany döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu çakdan aşa ynamsyz pikirleri döredipdir . 16. Men, Ahura-Mazda, on üçünjiden, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden Arta bilen bagry badaşan, kuwwatly Çahrany döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl hem pis Anhra-Manýu günäsi o dünýä-bu dünýä geçilmejek hata işi – jesetleri oda ýakmak däbini döredipdir. 17. Men, Ahura-Mazda, on dördünjiden, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden Dahaka atly ýylany öldüren Traýetaonanyň doglan ýeri, dört burçly Warnany döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu (aýallarda) biwagt jyns başlangyçlaryny we ariýlerden özge milletlerden bolan hökümdarlary döredipdir. 18. Men, Ahura-Mazda, on bäşinjiden, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden ýedi sany Hindi welaýatyny döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu (aýallarda) biwagt jyns başlangyçlaryny we biwagt yssy günleri döredipdir. 19. Men, Ahura-Mazda, on altynjydan, ýurtlaryň we ýaşaýşa iň amatly ýerlerden Ranhanyň öz gözbaşyny alyp gaýdýan ýerinde, hökümdarsyz dolandyrylýan ýurdy döredendirin. Şol mahal bada-bat onuň garşysyna betpäl Anhra-Manýu döwleriň gazaply aýazyny we «Taožýa» atly (kese ýurtly) [halkyň içinden?] hökümdar döredipdir. 20. Başga-da gözel, ajaýyp, göz gamaşdyryjy tämiz, nepis ýurtlar we ýaşaýşa amatly ýerler bar. II FARGRAT (ÝIMA BARADAKY ROWAÝATLAR) Ýimanyň keşbi özüniň gözbaşyny hindi-ýewropa eýýamyndan alyp gaýdýar (Skandinawiýa mifologiýasyndaky Imir bilen deňeşdirip görüň). Bu at başda «jübüt», «goşa», «ekiz» diýen manylary aňladyp, onuň iň gadymy hindi-ýewropa umumylygy eýýamyndaky Günüň ogullary bolan ekiz gardaşyň keşbi bilen arabaglanyşygynyň bardygyna güwä geçýär. Hindileriň «Wedalarynda» (gimnlerinde) Ýimanyň obrazyna bu eserdäki Ýama (hindiçe «ekiz») kybapdaşdyr. Ol öz gyz dogany Ýami bilen durmuş gurup, dünýäde ilkinji maşgalany döredipdir; Gün Hudaýy Wiwaswatanyň (Awestada Wiwahwant) ogly, soň ol dünýäniň patyşasy bolupdyr. Hindi-eýran umumylygy eýýamynda Ýima barada dürli halklarda düýbünden başga düşünjeler ýüze çykypdyr. Ony gün äleminiň Hudaýy, Hudaýlaryň ýokary Hudaýy, o dünýäniň ýokary Hudaýy, ynsanlaryň «altyn asyrynyň» Hudaýy, medeniýetli gahryman diýip hasaplapdyrlar. Biri-beýlekisi bilen baglanyşyksyz bu düşünjelerden, zaratuştraçylyk dini özi üçin bitewi hem özbaşdak rowaýatlary işläp düzüpdir. Bu fargradyň birinji böleginiň (1-20-nji paragraflar) esasy mazmuny özüniň gözbaşyny Ýima baradaky hindi-eýran eýýamynyň rowaýatlaryndan alyp gaýdýar. Olara laýyklykda Ýima bolelinlikde, aman-esenlikde we bakylykda ýaşaýan adamlaryň «altyn asyrynyň» patyşasy. Fargradyň ikinji böleginde (21-43-nji paragraflar) yzarlanýan esasy zat, ol hem Ýimany gahryman we ýol görkeziji, ynsanlara o dünýä ýol açyp beren ilkinji merhum, o dünýädäki şalygyň ýokary Hudaýy edip görkezýän rowaýatlaryň ýaňydyr; şeýle-de, o dünýäde Hudaýyň öýüne (ýagny, jennete) gelip düşen merhumlaryň bolelinlikde ýaşaýşy, ahyret güni, älem-jahany suw almak mümkinçiligi (soňkynyň gadymy wawilon rowaýatlaryndan gelip çykýandygy gümansyzdyr) baradaky düşünjelerdir. «Ýaştda» (19.33-34) Ýimanyň günä gazanyp, azgynlyga ýüz urşy barada habar berilýär. Zaratuştraçylyk dininiň soňky döwürlerde (III-IX asyrlarda) ýazylan we biziň günlerimize çenli gelip ýeten eserlerinde bu sýužet giňişleýin beýan edilmeýär. Ýimanyň günäsi dürli çeşmelerde dürli hili kesgitlenýär: Zaratuştra Ýimany iri şahly malyň etini iýenlikde aýyplaýar («Ýasna» 32.8); megerem, bu ýerde Ýimanyň adamlara mallary soýup, olaryň etini iýmekligi öwredenligi göz öňünde tutulýan bolsa gerek; bu bolsa adamzat dünýäsiniň günä gazanyp, dogry ýoldan azaşmagynyň sebäpleriniň biri bolupdyr we netijede ynsanlar özleriniň «altyn asyryndan» mahrum bolupdyrlar. «Ýaştyň» (19.33-38) beýleki bir böleginde Ýima «ýalan pikirlere göwün awladyp», özüniň «mukaddesligini ýitiren» şekilde görkezilipdir. «Ýaştyň» (19) ýene-de bir bölegi we «Widewdatyň» 2-nji fargradynyň 3-nji paragrafy (bu böleklerde Ýima diniň pygamberi bolmakdan el çekýär, emma älem-jahanda maddy üpjünçiligi döretmegi kepillendirýär) «Kiçi Awestanyň» mazmunyna laýyklykda, Ýima ýer-ýüzüne eşret we ten bakylygyny paýlaýjy bolup çykyş edýär, diňe bir maddy däl, şonuň bilen birlikde ruhy baýlygy we päk ynsanyň ruhunyň bakylygy baradaky taglymaty döreden Zaratuştra bilen deňeşdirilýär. Ýuwaş-ýuwaşdan zaratuştraçylyk dininde Ýimanyň iki hili obrazy döredilýär we kanunlaşdyrylýar; olara laýyklykda, Ýima özüniň ähli oňyn häsiýetlerini saklaýar, emma şol bir wagtyň özünde hem, onuň üstüne, ony günäkärleýji bir topar ýaramaz hereketler hem ýüklenýär. Diňe «Widewdatyň» 2-nji fargradynda we «Ýaştda» (13.130) Ýima ýeriň ýüzündäki ilkinji hökümdar edilip görkezilipdir. Awestanyň beýleki metinlerinde legendar patyşalaryň atlary sanalyp geçilende, ol Pradata şa neberesiniň Haoşýanhi we Tahma-Urupi atly patyşalaryndan soň üçünji orunda ýatlanýar. Sasanly zamanynyň zaratuştraçylyk dininde ilkinji ruhanynyň wezipesi, soňky döwrüň däp-dessurlarynda bolsa, ilkinji patyşanyň wezipesi bütinleý ilkinji adam Gaýomarta (Awestada Gaýa Martan) berlipdir. Soňky döwrüň çeşmelerinde («Menog-i Hrat», «Denkart») Jemşit (Awestada «Ýima Hşaýta» – «Şöhle salyjy Ýima») eýýäm Gaýomartdan, Hoşengden (Awestada Haoşýanha) we Tahma-rupiden (Awestada Tahma-Urupi) soň ýerdäki dördünji patyşa edilip görkezilipdir. Ol Tahmarupiniň dogany , Hudaýyň nazary düşen adam; ol alty ýüz on alty ýyl we alty aý şalyk sürüpdir; şol döwürde adamlar we janly-jandarlar baky, günäsiz, horluksyz we ejirsiz ýaşapdyrlar , ol ýer ýüzüni giňeldýär, Ormazdyň tabşyrygy boýunça War, ýagny adamzat dünýäsini suw almakdan halas edýän germew gurýar; adamlara ýol görkeziji gahryman hökmünde sansyz-sajaksyz obalary we şäherleri döredýär , ynsanlary dört gatlaga: ruhanylara, esgerlere, daýhanlara we hünärmentlere bölýär; şol sebäpli «her bir başlanan iş şowuna bolup, ussatlyk bilen berjaý edilýär»: zaratuştraçylyk dininde mukaddes hasap edilýän üç sany oduň birini – ýagny, Hudaýyň nazar salan (hwarno) ruhanylaryň ody, Adur-Frobagyň oduny Horezmde ýakýar. Ýima-Jemşit günäli işlere baş goşandan soň älem-jahana bela-beter aralaşýar, Ormazdyň ýokary derejede döreden zady – adamzat nesli ruh we beden taýdan kämilligini ýitirýär; adamlar diňe bir özleriniň bakylygyndan mahrum bolman, eýsem beden kemçiliklerine hem uçraýarlar (olar bejerip bolýan keseller bilen bir hatar-da «Ahrimanyň möhüri» hasap edilipdir). Bir giden «halklar-hrafstralar», özboluşly «döwleriň jynsy» peýda bolýar: «Aýdyşlaryna görä, haçanda Ýimadan beýiklik we şan-şöhrat aýrylan mahaly ol döwlerden gorkup döwüň gyzyna öýlenipdir, öz gyz dogany Ýimagy bolsa (megerem, ol onuň hem aýal dogany, hem aýaly bolan bolsa gerek, çünki şeýle nikalary zaratuştraçylyk dini diýseň oňlapdyr) döwe durmuşa çykarypdyr; olardan adam şekilli guýrukly maýmynlar (şimpanze we gorillalar), aýylar we beýleki dürli hili betnyşan jandarlar öz nesillerini başlapdyrlar» şeýle-de «hrafstralaryň halkyna» negrler we «gözleri döşünde ýerleşen» betnyşan adamlar degişli edilipdir. Abraýdan düşen Ýimany üç kelleli ýylan Dahak (Awestada Ažy-Dahaka) tagtdan düşürýär. Ýima hiç ýerde sümelge tapman, sergezdançylykda gezmeli bolýar; aradan ýüz ýyl geçenden soň Dahak we Ýimanyň dogany Spitur (Awestada Spitýura) ony tutup, diriligine byçgy bilen tenini kesip jezalandyrýarlar. 40-41-nji paragraflar aýratyn düşündiriş talap edýärler. Olarda astronomik we tebigy hadysalaryň beýan edilişi ýer togalagynyň demirgazyk giňişlikleri üçin häsiýetlidir («bir gezek dogýan Gün», «bir gün bir ýyla döndi»). Bu ýagdaý zaratuştraçylyk dininiň metinlerinde seýrek duş gelýär. Gadymy hindileriň mukaddes kitaplarynda we şadessanynda şeýle hadysalar has köp duş gelýärler. Hindistanda gözýetimden aňry geçýän ýyldyzlar toparyna «batmaýan ýyldyzlar» diýip at beripdirler. Demirgazyk ýyldyzy «asmanyň ortasy» hasaplanypdyr; ýene-de gündiziň we gijäniň ýarym ýyla çekýän şol alys ýurtlary we beýleki käbir maglumatlar XIX asyrda ýüze çykyp, 1920-nji ýyla çenli dowam eden «demirgazyk teoriýasynyň» peýda bolmagyna sebäp bolupdyr. Onuň tarapdarlary şeýle netijä gelipdirler: gadymy hindi we zaratuştraçylyk dininiň ýazuw ýadygärlikleriniň bu meselä degişli ýerleri – munuň özi ariý taýpalarynyň deslapky watany – demirgazyk giňişlikleri barada halk döredijiliginde üzlem-saplam görnüşde saklanyp galan şaýatnamalarydyr; hatda şeýle pikir hem ortada goýulypdyr: ariýleriň ata-babalarynyň ýurdy Arktikadyr, hamala diýersiň, onda buzluk eýýamyndan öň ýyly howaly ýer bolup, ol soňky döwürlerde (edil Atlantida ýaly) suwuň aşagyna gidipdir (22-25-nji paragraflarda beýan edilýän gyş howasyndan we ýer-ýüzüni suwuň alşyndan ugur alyp «demirgazykly» teoriýanyň tarapdarlary olarda hakyky hadysalary – älem-jahany buzuň örtüşini we soňky döwürlerde onuň ereýşini görüpdirler). Häzirki döwürde, uzak Demirgazyga häsiýetli tebigy hadysalar baradaky maglumatlaryň hindi-ariýleriň (şeýle-de skifleriň, orta aziýalylaryň we günorta ýewropa çarwa taýpalarynyň) halk döredijiligine, olaryň demirgazykda ýaşaýan halklar bilen ýola goýlan gatnaşyklarynyň netijesinde bolup geçendigi ylmy esasda subut edilipdir; emma ariýleriň dogduk mekanyny anyk kesgitlemek henize bu-güne çenli çözülmän gelýän meseledir . * * * 1. Zaratuştra Ahura-Mazdadan sorady: «Eý, Ahura-Mazda, mukaddes ruh, adamzat dünýäsini döreden, merhemetli dindar! Sen, Zaratuştradan öň, adamzat neslinden, menden özge kim bilen, sen, eý, Ahura-Mazda, söhbetdeş bolduň? Ahuranyň, Zaratuştranyň dinini kime sen ilkinji bolup kime wagyz etdiň? 2. Ahura-Mazda jogap berdi: «Eý, merhemetli Zaratuştra, Ynsanlaryň içinde ilki bilen, men Ahura-Mazda, sen Zaratuştradan özge, uçursyz sürüleriň eýesi ajaýyp Ýima bilen deslap gürrüňdeş boldum: men Ahuranyň, Zaratuştranyň dinini oňa wagyz etdim. 3. Şonda men, eý, Zaratuştra, men, Ahura-Mazda, şeýle diýdim: «Wiwahwantyň ogly, eý, ajaýyp Ýima, meniň dinimi saklamaga we ýöretmäge taýýar bol!». Eý, Zaratuştra, şonda ol, ajaýyp Ýima, maňa şeýle jogap berdi: «Dini saklamaga we ýöretmäge meniň gurbum çatmaýar , men onuň üçin döredilmändirin». 4. Eý, Zaratuştra, şonda men, Ahura-Mazda, oňa şeýle diýdim: «Eger sen, eý, Ýima, meniň dinimi saklamaga we ýöretmäge taýýar bolmasaň, onda meniň dünýämi ösdür, meniň dünýämi giňelt, onuň goragçysy, sakçysy we wagyzçysy bolmaga taýýar bol!». 5. Eý, Zaratuştra, ol, ajaýyp Ýima, maňa şonda şeýle jogap berdi: «Men seniň dünýäňi ösdürerin, men seniň dünýäňi giňelderin, onuň goragçysy sakçysy we wagyzçysy bolmaga taýýar bolaryn. Meniň hökmürowanlyk edýän dünýämde sowuk şemal hem, gyzgyn epgek hem öwüsmez, keselçilikler we ölüm-ýitim hem bolmaz». 6. Şonda men, Ahura-Mazda, oňa iki sany guraly: altyn peýkamy we altynsuw çaýylan sapak bilen gaýmalanan gamçyny gowşurdym . 7. Ine, şu ýerde Ýima, hökmürowan patyşa boldy. Oňa iki sany şalyk degişli boldy . 8. Şondan soň Ýimanyň şalygynda üç ýüz gezek gyş bolup geçdi. Şol döwrüň içinde onuň dünýäsi dowarlardan we iri şahly gara mallardan, adamlardan itlerden we guşlardan, lowurdap duran gyzyl közli otdan doldy. Onuň dünýäsinde dowarlara, iri şahly gara mallara, adamlara ýer galmady. 9. (Şeýle bolansoň) men Ýimä, ine, şuny mälim etdim: «Eý, Wiwahwantyň ogly, ajaýyp Ýima! Ýeriň ýüzi dowarlardan, iri şahly gara mallardan, adamlardan, itlerden we guşlardan, lowurdap duran gyzyl közli otdan dolupdyr. Onda dowarlara, iri şahly gara mallara, adamlara ýer galmandyr. 10. Şonda Ýima, öňe çykyp, ýüzüni ýagtylyga tutup, günortan çagy Gün şöhlesini garşylap, Ýeriň ýüzüni altyn peýkamy bilen dyrmap, altyn suw çaýylan sapak bilen gaýmalanan gamçysyny saýyp goýberip, şeýle diýdi: «Eý, merhemetli Armaiti (Er)! Dowarlar, iri şahly gara mallar, adamlar eklenip biler ýaly, sen öri meýdanlaryňy aç, çemenlikleriňi giňelt!». 11. Şeýle diýip, Ýima Ýeri çekip goýberdi, ol öňküsinden üç esse giňelip gitdi. Ýeriň ýüzünde dowarlar, iri şahly gara mallar, adamlar erkinlikde hem-de öz islän ýerlerinde ýerleşdiler. 12. Ýimanyň şalyk süren döwründe ýene-de alty ýüz gezek gyş bolup geçdi. Ýeriň ýüzi ýene-de dowarlardan, iri şahly gara mallardan, adamlardan, itlerden, guşlardan, lowurdap duran gyzyl közli otdan doldy. Mallaryň sürülerine we adamlara ýene-de Ýeriň ýüzünde ýer galmady. 13. Şonda men, ajaýyp Ýima, öňünden ätiýaçlyk bildirip, şeýle diýdim: «Eý, Wywahwantyň ogly, ajaýyp Ýima! Ýeriň ýüzi dowarlardan, iri şahly gara mallardan, adamlardan, itlerden, guşlardan, lowurdap duran gyzyl közli otdan dolupdyr. Dowarlara, iri şahly gara mallara, adamlara onda ýer galmandyr». 14. Şonda Ýima, öňe çykyp, ýüzüni ýagtylyga tutup, günorta çagy Gün şöhlesini garşylap, Ýeriň ýüzüni altyn peýkamy bilen dyrmap, altyn suw çaýylan sapak bilen gaýmalanan gamçysyny saýyp goýberip, şeýle diýdi: «Eý, merhemetli Armaiti! Dowarlar, iri şahly gara mallar, adamlar eklenip biler ýaly, sen öri meýdanlaryňy aç, çemenlikleriňi giňelt!». 15. Şeýdip, Ýima ýene-de ýeri üçden iki esse giňeltdi. Dowarlar, iri şahly gara mallar, adamlar erkinlikde hem-de öz islän ýerlerinde ýerleşdiler. 16. Şondan soň Ýimanyň şalygynda ýene-de dokuz ýüz gezek gyş bolup geçdi. Ýeriň ýüzi dowarlardan, iri şahly gara mallardan, adamlardan, itlerden, guşlardan, lowurdap duran gyzyl közli otdan doldy. Dowarlara, iri şahly gara mallara, adamlara onuň ýüzünde ýer galmady. 17. Şonda men, ajaýyp Ýima, ätiýaçlyk bildirip, şeýle diýdim: «Eý, Wiwahwantyň ogly, ajaýyp Ýima! Ýeriň ýüzi dowarlardan, iri şahly gara mallardan, adamlardan, itlerden, guşlardan, lowurdap duran gyzyl közli otdan dolupdyr. Onda mallara we adamlara ýer galmandyr. 18. Şonda, Ýima, öňe çykyp, ýüzüni ýagtylyga tutup, günorta çagy Gün şöhlesini garşylap, Ýeriň ýüzüni altyn peýkamy bilen dyrmap, altynsuw çaýylan sapak bilen gaýmalanan gamçysyny saýyp goýberip, şeýle diýdi: «Eý, merhemetli Armaiti! Dowarlar, iri şahly gara mallar, adamlar eklenip biler ýaly, sen öri meýdanlaryňy aç, çemenlikleriňi giňelt!». 19. Ýima Ýeri ýene-de üç esse giňeltdi. Dowarlar, iri şahly gara mallar, adamlar erkinlikde hem-de öz islän ýerlerinde ýerleşdiler. 20. Eý, adamzat dünýäsini döreden gudratly Ahura-Mazda! Eşretli Wahwi-Dati atly derýanyň boýunda ýerleşen, ähli ynsanlara belli Arýana Waýjada asmany hudaýlaryň barysynyň maslahatyny çagyrdy. Päk ýürekli hem asylly çopan Ýima bolsa eşretli Wahwi-Dati atly derýanyň boýunda ýerleşen, ähli ynsanlara belli Arýana Waýjada akyldar hem parasatly adamlaryň maslahatyny çagyrdy. Eşretli Datiýa derýasynyň boýunda ýerleşen, ähli ynsanlara belli Arýana Waýjada çagyrylan şol maslahata Ahura-Mazdanyň özi beýleki asmany hudaýlaryň barysy bilen bile geldi. 21. Şonda Ahura-Mazda şeýle diýdi: «Eý, Wiwawhantyň ogly, päk ýürekli Ýima! Maddy dünýäni heläkleýji zabun gyşlaryň gelmegine garaşylýar. Ol özi bilen gazaply hem ýowuz aýazlary getirer, köp gar ýagar. Daglaryň depesinde garyň galyňlygy birnäçe gez bolar. 22. Şonda haýwanlaryň üç görnüşiniň ählisi heläkçilige uçrarlar: çölde ýaşaýanlaram, daglaryň depesinde mekan tutanlaram we jülgelerde iýmitlenip, atýataklarda ýaşap goranýanlaram. 23. Şol gyşa çenli ýeriň ýüzündäki öri meýdanlar haýwanlar üçin gerek bolan ter otlardan doly bolar, zemin ýüzi çeşmeleriň we ereýän garlaryň suwlaryndan ganar. Göýä iki dünýäniň hiç bir künjeginde, goýun toýnaklarynyň yzyny özünde müdimilik saklamaga ukyply, şeýle eşretli ýeri tapmak çetin ýaly bolup görner. 24. At çapylýan meýdanlardaky ýaly ähli tarapy giň we seleň Warany sen döret we şol ýere adamlaryň, goýunlaryň we öküzleriň, guşlaryň we itleriň tohumlaryny getir. At çapylýan meýdanlardaky ýaly ähli tarapy giň we seleň Warany döret. Goý, ol adamlaryň ýaşaýyş mekanyna guşlaryň we haýwanlaryň mesgenine öwrülsin. 25. Bir hatra (hatra) ölçegde Waranyň içinde howdan gur. Goý, tükeniksiz ätiýaçlyk iýmit önümlerini özünde jemleýän, onuň müdimilik ýaşyl kenarlarynda guşlar mekan tutsyn. Waranyň içinde adamlar üçin ýaşaýyş jaýlary, eýwanly öýler, howlular we gezelenç meýdançalary bolsun. 26. Waranyň içine erkek we aýal jynslarynyň tohumlarynyň iň ajaýyplaryny we asyllylaryny getir. Şeýle-de, Waranyň içine haýwanlaryň ähli görnüşleriniň tohumlarynyň iň ajaýyplaryny we asyllylaryny getir. 27. Waranyň içine agaçlaryň ähli görnüşleriniň nahallarynyň iň ajaýyplaryny we asyllylaryny getir. Şeýle-de, bakjalaryň we miweli agaçlaryň ähli görnüşleriniň iň ajaýyplaryny, tagamlylaryny we bark urup duran ýakymly yslylaryny getir. Olaryň ätiýaçlyk nahallary gutarmaz ýaly, her miweli agajyň we bakjanyň iki sany tohumyny getir. Waranyň içinde ýaşaýan adamlar, goý olar bilen bolelin iýmitlenmäge mümkinçilik alsynlar. 28. Waranyň içinde agsak we küýki, akyl ýa-da beden taýdan gowşak adamlar, şeýle-de, garyplyk we kezzapçylyk, betbagtlyk we gabanjaňlyk bolmaly däldir. Hatda, dişi keselli-de bolmasyn. Hullasy, adam bedenini we ruhuny näletleýän Ahrimanyň (Anhra-Manýunyň) betpäl işlerini berjaý etmegi üçin hiç hili şert we mümkinçilik bolmaly däldir. 29. Waranyň iň giň böleginde dokuz sany köçe gur. Olaryň altysy merkezde, üçüsi gapdallarynda bolsun. Iň uly köçelerde müň sany maşgalany ýerleşdir. Olardan alty ýüz sanysy merkezi köçelerde, üç ýüz sanysy kiçijik köçelerde bolsun. Öz ýüzügiň bilen Waranyň gapysyna möhür goý! Gapylar we penjireler iç ýüzünden şöhle salsyn! 30. Ýima öz ýanyndan oýa batdy: «Eýsem, men Ahura-Mazdanyň bu buýruklaryny nähili edip berjaý edip bilerkäm we Warany nähili edip gurarkam?». Ýimanyň bu şübhesini aňan Ahura-Mazda oňa şeýle jogap berdi: «Eý, Wiwahwantyň ogly, asylly Ýima! Sen dabanyň bilen depip goýberip, Ýeriň uly bölegini döwüp al we ony edil küýzegäriň öz palçygyny eýleýşi ýaly edip, öz eliň bilen gar». 31. Ýima, Ahura-Mazdanyň oňa buýruşy ýaly etdi: ol dabany bilen depip goýberip, Ýeriň uly bölegini döwüp aldy we ony küýzegäriň küýzelerini ýasaýşynyň öň ýanynda palçygyny mazalyja garyşy ýaly, öz eli bilen gardy. 32. Ýima Warany, edil at çapylýan meýdan ýaly, şeýle giň we seleň edip gurdy. Onuň içine adamlaryň, goýunlaryň we öküzleriň, itleriň we guşlaryň tohumlaryny ýaýratdy. Ýima Warany, edil at çapylýan meýdan ýaly, ähli tarapyny şeýle bir giň we seleň edip gurdy welin, ol basym adamlaryň ýaşaýan mekanyna, guşlaryň we haýwanlaryň mesgenine öwrüldi. 33. Ol Waranyň içinde ölçegi bir hatra barabar bolan howdan gurdy. Tükeniksiz ätiýaçlyk iýmit önümlerini özünde jemleýän, onuň müdimilik ýaşyl kenarlarynda guşlary getirip ýerleşdirdi. Waranyň içinde adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny, eýwanly öýleri we gezelenç meýdançalaryny gurdy. 34. Ol Waranyň içine erkek we aýal jynslarynyň tohumlaryndan iň ajaýyplaryny we asyllylaryny getirdi. Şeýle-de, Waranyň içine haýwanlaryň ähli görnüşleriniň tohumlarynyň iň ajaýyplaryny we asyllylaryny getirdi. 35. Ol Waranyň içine agaçlaryň ähli görnüşleriniň nahallarynyň iň ajaýyplaryny we asyllylaryny getirdi. Şeýle-de, miweleriň we bakjalaryň ähli görnüşleriniň iň oňatlaryny, tagamlylaryny we bark urup duran ýakymly yslylaryny getirdi. Olaryň ätiýaçlyk nahallary gutarmaz ýaly, her bir miweli agajyň we bakjanyň iki sany tohumyny getirdi. Waranyň içinde ýaşaýan adamlar olar bilen bolelin iýmitlenmäge mümkinçilik aldylar. 36. Waranyň içinde agsak we küýki, akyl we beden taýdan gowşak adamlar, garyplyk we kezzaplyk, betbagtlyk we gabanjaňlyk galmady. Hatda dişi keselli-de duş gelmedi. Hullasy, adam bedenini we ruhuny näletleýän, Ahrimanyň betpäl işlerini berjaý etmegi üçin hiç hili şert we mümkinçilik bolmady. 37. Ol Waranyň iň uly böleginde dokuz sany köçe gurdy: olaryň altysy merkezde we üçüsi gapdallarynda. Iň uly köçelerde müň sany maşgalany ýerleşdirdi. Merkezi köçelerde alty ýüz, kiçijik köçelerde – üç ýüz. Öz ýüzügi bilen Waranyň gapysyna möhür basdy. Gapylary we penjireleri iç ýüzünden şöhle salyp durýan edip ýasady. 38. Eý, adamzat dünýäsini döreden gudratly Hudaý! Ýimanyň guran Warasyny ýagtylandyrýan yşyk özüniň şöhlesini nireden alýarka? 39. Bu soraga Ahura-Mazda şeýle jogap berdi: «Ўlemde döredilen we döredilmedik yşyklandyryjylar bar . Ýylda bir gezek dogýan we batýan ýyldyzlar, aý we gün bar we bir gün ýaly bolup görünýär». 40. Her kyrk ýyldan bir gezek iki sany ýaş çatynjadan iki sany üýtgeşik perzent dogar: biri erkek, beýlekisi aýal jynsly bolar. Ýimanyň guran Warasynda ýaşap, bagtly durmuşdan lezzet alýan ähli adamlarda, guşlarda, haýwanlarda we ösümliklerde ol şeýle bolar. 41. Eý, adamzat dünýäsini döreden gudratly Hudaý! Ýimanyň guran Warasyna Ahura-Mazdanyň kanunlaryny kim getirdi? Ahura-Mazda jogap berdi: «Eý, keramatly Zaratuştra! Ony Karşipta atly guş getirdi. 42. Eý, adamzat dünýäsini döreden gudratly Hudaý! Ol ýerde kim hökümdarlyk edýär? Ahura-Mazda jogap berdi: «Ol Urtawad-nara we sen, eý, keramatly Zaratuştra». Dowamy bar >> __________________________________________ Dýakonow I.M. Wostoçnyý Iran do Kira. K wozmožnosti nowyh postanowok woprosa // Istoriýa iranskogo gosudarstwa i kultury. M.,1971, 137-nji sah. «Wendidatda» we tutuş Awestada duş gelýän ýer, ýurt, Hudaý, adam, haýwan, ösümlik, şeýle-de jugrafik (dag, deňiz, derýa, köl) we beýleki atlar barada giňişleýin eliňizdäki kitabyň soňunda ýerleşdirilen «Düşündirişli sözlüge» seret. Bu ýerde agzalýan gazaply gyş barada alymlar şeýle çaklama edipdirler: ilkibada rowaýatda gürrüňi edilýän gyş diýip, Ýimanyň şalyk süren dünýäsine inen gazaply gyş göz öňüne tutulypdyr («Wendidat» 2.22-24), «ýylan» diýip Ýimany öldüren we onuň tagtyny bikanun eýelän Ažy-Dahaka hasap edilipdir. Emma eger şeýle çaklama dogry bolaýanda-da, «Wendidatyň» döredilen we onuň metininiň ýazuwa geçirilen döwründe, eýýäm onuň ilkibaşdaky manysy ýitirilipdir we Anhra-Manýunyň Arianam-Waýjada garşylyklaýyn çäre hökmünde döreden zatlary sözüň göni manysynda düşünilipdir, ýagny olar bu ýurduň ýaramaz howa şertleri we tebigaty hökmünde kabul edilipdirler (I.W.Rakyň belligi). Käbir golýazmalarda ýedi aý gyş we bäş aý tomus diýlip görkezilipdir (I.W.Rakyň belligi). «Wendidatyň» (1.1-3) bu tassyklamasyny «Menog-i Hratyň» aşakdaky parsçasy (44.17-23) şübhesiz tassyklaýar: «Eranwejde gyş döwri diýseň köp wagtlap hökmürowanlyk sürýär. Eranwejde on aý gyşyň, iki aý tomsuň bolýandygy Awestadan bellidir. Hatda tomsuň şol iki tomus aýlarynda-da (bu ýerde) suw sowuk, ýer sowuk we sowuga çydamly ösümlikler ösüp oturýar, gyş bolsa onuň ýaşaýjylarynyň ganym duşmany» (bu ýerde we aşakda parçalaryň pehlewi dilinden ors diline edilen terjimeleri O.M.Çunakowa degişlidir). Ýene-de bu kitapda Eranwej «arzuwly ýer» hökmünde şeýle wasp edilýär (44.24-35): «Ormazdyň Eranweji ähli beýleki ýerler we welaýatlar bilen deňeşdireniňde oňat edip döredendigi bellidir. Eranwejiň artykmaçlygy (ol ýerde) ýaşaýan adamlaryň ömrüniň uzynlygynyň üç ýüz ýyl, sygyrlaryňkynyň we goýunlaryňkynyňň bolsa bir ýüz elli ýyl dowam etmegindedir. Dert azaby we keselçilikler olarda az, olar ýalan sözlemeýärler, aglamaýarlar, zeýrenmeýärler we olaryň üstünden döw Azyň hökmürowanlygy juda ujypsyzdyr. Eger olar on adam bolup bir tegelek çörek iýseler mädeleri dok bolýar we her kyrk ýyldan olaryň erkeklerinden we aýallaryndan bir çaga dünýä inýär. Olaryň kanuny we däp-düzgünleri adamlara Ýagşylyk etmekden ybaratdyr, dini bolsa – mazdaýasnaçylykdyr. Olar ölenlerinde päk we arassa bolup dünýäden ötýärler...». Bu parçanyň Eranwejiň Waranyň içindäki Ýimanyň ýaşaýan ajaýyp ýerine we Ýimanyň şalyk süren döwrüne meňzedilmeginiň netijesinde düzülendigi mese-mälim görnüp dur (Seret: «Wendidat» 2.41; «Ýasna» 9.4-5). Eranwej «ýerdäki behişt» hasap edilipdir. Bu barada «Menog-i Hratyň» (62.15-19) Warany suratlandyryşyny deňeşdirip göreliň: «Ýimkardyň gaçybatalgasy ýeriň aşagynda gurlupdyr we her bir döredilen zatlaryň nesli, Ormazdyň döredenleri: adamlar, haýwanlar, goýunlar, guşlar, ähli gowy zatlar... bu ýere eltilipdir. Bu ýerde ýaşaýan aýaldan we erkekden her kyrk ýyldan bir çaga dogýar. Olaryň ömürleriniň uzynlygy üç ýüz ýyla deňdir. Olarda keselçilikler we betbagtçylyklar az bolýar» (I.W. Rakyň belligi). «Skaiti» sözüni alymlar dürli-dürli terjime edýärler. Olaryň bir topary ony zyýan ýetiriji mör-möjek ýa-da iri şahly mallary çakyp öldürýän siňek, ikinjisi – hapa-haşal otlar, üçünjisi bolsa galtamançylyk edýän sak taýpalary diýip hasap edýärler. Seret: «Braginskiý I.S. Iz istorii persidskoý i tadžikskoý literatur. – M., 1972, 48-nji sah.; Hrestomatiýa po istorii drewnego Wostoka. – M., 1980, 71-nji sah., 4-nji çykgyt. Bu sözleriň manylary anyk belli däl. Olary I.S.Braginskiý «günäli aýgyr» diýip terjime edip, sorag belgisini goýupdyr. Seret: Braginskiý I.S. Iz istorii persidskoý i tadžikskoý literatur, 48-nji sah. Megerem, bu ýerde «baýdakly» diýip, söweşjeňlikleri bilen tapawutlanan baktriýaly zaratuştraçylaryň baýdaklary göz öňünde tutulýan bolsa gerek (I.B.Rakyň belligi). Bu sözleriň hem manylary anyk belli däl. Olary hem I.S.Braginskiý «däneleri iýip ýok edýän wagşy garynjalar» diýip terjime edip sorag belgisini goýupdyr. Seret: Braginskiý I.S. Iz istorii persidskoý i tadžikskoý literatur, 48-nji sah.; Awesta w russkih perewodah. (1861-1996). - Spb, 1997, 71-nji sah., 7-nji çykgyt. Bu parçanyň pehlewi dilindäki teswirnamasy şeýle: «Ýaşaýjysy ölse öý taşlanyp gidilýän ýurt». Bu parçanyň başga hili okalyşlary hem bar: «Suwy bölýän ýer» (Arianadan, beýik ýerde ýerleşýän ýurtda derýalar iki tarapa – Gündogara we Günbatara bakan akýarlar); «köp obaly ýer». (I.W.Rakyň belligi). Awesta dilinde bu ýagdaý «driwika» sözi bilen aňladylýar. «Agylar we ahy-nalalar» diýip Awestada ady tutulmadyk, emma adamlarda şeýle nalyşlary döreden haýsydyr bir betbagtlylygyň netijesidir diýip düşünmek mümkin. Şeýle-de, ölen adamyň ýasy tutulanda, öňden dowam edip gelýän däp-dessurlaryň üstüne goşup, artykmaç we batly ses bilen aglamaklygyň (ony zaratuştraçylyk dini ýazgarýar) göz öňünde tutulmagy hem mümkin. Bu adalgany başgaça, ýagny «aýakçy» diýip hem hödürleýärler. –I.W.Rakyň belligi. 1-nji fargradyň barlagçylarynyň biri, hususan-da, A. Kristensen özüne çekiji we ýiti çaklamany öňe sürüpdir. Oňa laýyklykda bu fargradyň 4,5,6 we 8-nji bentlerindäki nämälim adalgalarda (onuň pikirine görä, olar onuň iň gadymy metriki bölekleri bolupdyr) eýranly zaratuştraçy taýpalara duşmançylykda bolan etniki we dini toparlaryň atlary gizlinlikde saklanyp galypdyr. Diýeliň, skaiti sözi sak taýpalaryny, Maryda – mard taýpalaryny, driwika – derbikleriň taýpalaryny aňladypdyr we başg. – I.M.Oranskiniň belligi. Awestada «nasu-spaýa», ýagny «jesedi zyňmak» diýmek. Ony «jesedi jaýlaman goýmak» ýa-da «jesedi ýeriň ýüzüne zyňmak» diýip hem teswirlemek mümkin. – I.W.Rakyň belligi Bu ýerde dini durnuksyzlyk göz öňünde tutulýar; ony dini ynamsyzlyk diýip düşünmek hem mümkin. Beýleki bir düşündirilişe laýyklykda «jesedi gaýnatmak». Seret: «Wendidat» 8.73-74. Bu ýerde her aýda aýallaryň ýatgylaryndan bölünip çykýan ganly suwuklyk (menstruasiýa) göz öňünde tutulýar. Metiniň bu ýerini ýene-de şeýle düşündirýärler: «Başy (kellesi) ýok patyşaly ýaşalýan ýer». Çeşmelerde oňa deňeşdirip bolaýjak käbir habarlar hem duş gelýär. Olardan käbirlerini ýatlap geçeliň: a) uly Plininiň «Tebigy taryh» atly kitabynda (V.8 we VII.2) «gözleri döşünde ýerleşen kellesi ýok» adamlar ýatlanyp geçilýär; b) «Bundahişnde» (15.31) «gözleri döşünde, gulaklary döşünde ýerleşen» adamlar barada gürrüň berilýär; «Wawilon agajy» atly III-IV asyrlarda parfýan dilinde ýazylan, asyl nusgasy ýitirilen, emma pehlewi dilinde biziň günlerimize çenli gelip ýeten poýemanyň bir parçasynda şeýle diýilýär: «Men (geçi) Hindistanyň serhedinden Warkaş kölüne çenli bolan aralykda ýerleşen... daglaryň üstünde otlaýaryn. Bu sebitde boýy bir sere (on iki barmak möçberdäki uzynlykda) gözleri döşünde ýerleşen, kellesi itiňkä, gaşlary adamyňka meňzeş dürli hili adamlar ýaşaýarlar» (ortapars dilinden ors diline terjime eden O.M.Çunakowa). Bu mesele boýunça diňe soňky döwürde pehlewi dilinde ýazylan «Rowaýat» atly eserde «Şanamanyňka» meňzeş hekaýat beýan edilýär. Oňa laýyklykda, Ýima ulumsylyk, äsgermezlik edýär, özüni Hudaý we adamzat dünýäsini döreden saýýar we şonuň üçin hem dowzaha gelip düşýär; soň ol günäsine düşünýär, toba gelýär we Ormazddan özüniň günäsiniň geçilmegini gazanýar. «Jemiň (Ýimanyň) bu dünýäde eden iň erbet işi nämeden ybarat?» diýip, Zaratuştranyň beren soragyna Ormazd şeýle jogap berýär: «Haçanda men oňa Dini äşgär edenimde, ol ony kabul edip almady». Bu ýerde, şübhesiz, «Wendidatyň» ýordumyna ýüz tutulyşy görünýär. «Bundahişn» 31.3. «Bundahişn» 34.4; Ýimanyň şalyk süren döwri dürli çeşmelerde dürli hili görkezilýär. Bu barada seret: «Wendidat», 2-nji fargrad, 3-nji paragraf. «Bundahişn» 12.20. «Bundahişn» 17.5. Seret: «Wendidat» 2.29; «Ýaşt» 5.92-93; 8.59-60; 14.51-52; 17.54. «Bundahişn» 23.1. «Bundahişn» 23.1. Ol barada giňişleýin seret: Bongrad – Lewin G.M., Grantowskiý E.A. Ot Skifii do Indii. – M., 1983. – I.W.Rakyň belligi. Pähim-paýhasym ýetmeýär manysynda. Birinji gural üçin başga hili düşündirişler hem hödürlenipdir (peýkam, ýüzük, azal), emma ikinji gural, ähtimal, diňe mallary debislemek üçin ulanylan bolsa gerek. Ol ýa gamçy, çybyk ýa-da sürini hereketlendiriji jürlewük ýa-da beýleki bir gural bolmagy mümkin. Olaryň gelip çykyşy bilen baglanyşykly we, ilkinji nobatda, Ýimanyň çopan-patyşadygyny, şeýle bolansoň oňa ekerançylyk gurallarynyň we ýaraglarynyň mahsus däldigini göz öňüne tutýan soňky döwrüň çaklamalarynda birinji gural üçin mümkin bolup biläýjek zatlar diýlip şah, çopan surnaýy, tüýdük, turba hasap edilipdir. – I.M.Steblin-Kamenskiniň belligi. Ýa-da «iki häkimiýet», ýagny bu dünýäde we o dünýäde hökmürowanlyk etmek. Gadymy hindileriň däp-dessurlarynda Ýima patyşa Ýama bap gelýär we ol merhumlaryň üstünden şalyk sürýär. Megerem, bu bentler soňky döwrüň goşmaçasy ýa-da düşündirişi bolsa gerek. – I.M.Steblin-Kamenskiniň belligi. «Günorta çagy», ýagny Gün özüniň nazaryny döwleriň mekany demirgazyga däl-de, günorta (ajaýyplyklaryň, ahuralaryň) watanyna tarap diken mahaly. – I.M.Steblin-Kamenskiniň belligi. Bir hatra bir iňlis miline, ýagny 1609 metre deň. Ýagny asman we maddy (ýerdäki) yşyklandyryjylary. Bu barada pehlewi dilindäki teswirnamada «Zendden» alnan aşakdaky parça getirilýär: «Ўhli döredilmedik yşyklandyryjylar ýokardan ýagtyldýarlar, ähli döredilen yşyklandyryjylar aşakdan ýagtylyk ýaýradýarlar». – I.M.Steblin-Kamenskiniň belligi. Metiniň bu ýeri şübheli. – J.Darmsteteriň belligi. Zaratuştraçylyk taglymatynyň rowaýatlaryna laýyklykda, Karşipta atly guş asmanda ýaşaýar. Eger ol Ýeriň ýüzünde ýaşasady, onda ol guşlar dünýäsiniň şasy bolardy. Bu guşuň çalt hem bir sydyrgyn akgynly uçýanlygy üçin köplenç halatlarda ony ýyldyrymyň tymsaly hasap edýärler. Ýyldyrym çakyp gögüň gümmürdemegini Biribaryň ýokardan gelýän sesi hasaplapdyrlar. Bu guşuň sesini hem Hudaýyň sözi we olary onuň öz raýatlaryna goýberýän aýdyňlygy hasaplapdyrlar. – J.Darmsteteriň belligi. Zaratuştranyň üç sany ogly bolup, olaryň atlary Isad-wastra, Hware-çitra we Urtawad-naradyr. Bu üç sany at, üç sany synpy gatlagy – ruhanylary, harbylary we senetkärleri aňladýar. – J.Darmsteteriň belligi. Bular barada şeýle-de kitabyň soňundaky «Düşündirişli sözlügiň» «Urwatat-nara» bagyşlanan makalasyna seret (450-451 nji sah.). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |