14:38 Awtobus we ýolagçylyk hakda henekler | |
AWTOBUS WE ÝOLAGÇYLYK HAKDA HENEKLER
Degişmeler
Doly awtobusda orta ýaşlaryndaky bir ýolagçy aýagaldygyna hüňürdeýär: - Bi adamlaram, nähil-aý?! Tükenen-aý barysy! Özünden ululara dagy sapsym ýer bermelidirem öýtmiýäler. Onuň hüňürdisine gapdalyndaky oturdaşynyň ünsi çekilýär. Ol oňa bakýar-da diýýär: - Bagyşlaň, siz nämüçin gatyrganýarsyňyz? Özüňiz otyrsyňyz-a?! - Oturamda näme?- diýip gaharjaň ýolagçy geňirgenýär: - Ine bü aýalym dik dur-a-how! * * * Biri irden işe gelende gözüniň aşagy göm-gökmüş. - Nämmolly?-diýip kärdeşi soraýar. - Äý,-diýip, şikesli ýüzüni sapajak-supajak edýär:-düýn işden soň gaýdanymda hyryn-dykyn awtobusa münmeli boldy-laý. - Ýeri, bolanda nä? Dyknyşykda depeleselerem aýagyňa basarlar-da, gözüňe depesleri ýog-a?! - Äý,- diýip, şikesli hasam ýüzüni bukýar: - durkam syrtym gijedi weli, özümiňkidir öýdüp ýanymda duranyň mähnet pyýadaňkyny gaşaýypdyryn :-). * * * Depme dykyn awtobus duralgadan ugrap, ýola düşenem şol welin, birdenkä semiz hatyn gözüne urlan ýaly, ulili bilen gygyrmaga başlaýar: - Wä-ä-ä-k-k! Derrewem arkan gaňrylýar-da, ejesiniň elinden tutup duran dört-bäş ýaşlyja bezzadyň üstüne heňkirýär: - Wah, sen ýerýuwdanjyk! Oglanjygyň ejesi aňk-taňk bolýar-da, oň ýüzüne howsalaly äňedýär: - Oglum, bi daýza näme etdiň? Garagol özi zerarly turan goh-galmagala jinnek ýalam myzaýyk etmän, göwnübir jogap gaýtarýar: - Ol-a meň aýagymy basdy, menem oň syrtyndan dişledim :-). * * * Dyknyşyk awtobusda çar tarapyndan gysylyp, mäjerlenip duran arryjak, çöpe janbitdi erkek kişi, zordan boýnuny gyşardýar-da, yzyna bakýar. Arkasynda duran, nusgawy şygryýetde: “göwsi meýdanly” diýilýän, mähnet býustly hatyna alarylýar-da, igençli hümürdeýär: - Aýal dogan, gaýrat et-de ýagyrnydan iteklemesene! Görýäň-ä öňe süýşmägä-hä ýer ýok, özümem zordan durun! Hatyn gözüni petredýär-de, gatyrganýar: - Itekleýän bamy gyz, seni?! Dem alýan-a, gyýw! :-). * * * Şeýhiň köşgüniň öňünde ýolagçy awtobusy saklanýar. Içi dolam daýaw-daýaw daýzalar. - Bi turisler nirden?-diýip balkondan garap duran şeýh, nägilelik bilen dodagyny çöwrüp, hyzmatçysyndan soraýar. Hyzmatkär ýüzünem üýtgetmän jogap berýär: - Jenap, bular siziň gaýynlaňňyz :-). * * * Biri dostuna gürrüň berýär: - Düýn, işden gaýdyp gelýärkäm, awtobusda pully gapjyk tapdym. - Onsoň nätdiň, äkidip polisiýa tabşyrdyňmy? - Jykk. Onuň jogabyny halamadyk dosty, ýüzüni kürşerdýär: - Nämüçin? - Özümiň halalhonlygymy ile görkezip, öwünýän ýaly bolmaýyn diýdim :-). * * * Günbatarpisint geýinmegi halaýan gyzlaryň biri jorasyna gürrüň berýär: - Şü ýerçekmiş oglanlaram ýaman köpbilmiş bolupdyrlar. Düýn awtobusda barýan welin, ýanymda duran bisyratlaň biri maňa tarap çala egildi-de, ýuwaşjadan: “A gyz, şwenzaň sypypdyr” diýip pyşyrdady. Menem çym-gyzyl bolup, ilk-ä jalbarymyň syrmasyny barladym. Açyk däl. Soň köýnegimiň arkasyndan göwünbendimiň ildirgijini elleşdirip gördüm. Diňe şondan soň telimi çykaryp gugllamda “şwenza” diýilýän zadyň, gulakhalkaň ildirgijidigini bildim. Ýeriçççeken! :-) * * * Bir gyz awtobusda oturan ýerinden dyzynyň üstündäki pişigi emaý bilen sypalaýarmyş. Onuň oturdaşy bolan ýaş ýigit çylkasyzlyk bilen gyza lak atýar: - Wah şumat şu gujagyňdaky pişigiň ýerine “men bolaýsam” diýip arzuw edäýşimi bir bilsediň, gözel gyz... Gyz oňa alarylýar-da, hüňürdeýär: - Men ony weterinara biçdirmäge äkidip barýan-da, şumat. :-) Toplan Serdar ATAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |