06:00 Aýadaky ýürek | |
AÝADAKY ÝÜREK
Goşgular
Baý bolýar ynsanyñ göwni hyýala, Hyýal etseñ säher salkyn saýada. Göwün bir egsilmez doly pyýada, Ýüregim goýsamdum tekiz aýada. Goý, görsünler, synlasynlar ol niçik, Baha bermesinler maña pal atyp. Ne iş bitiripdir şunça ýol geçip, Ýa günün görüpmi ýaltanyp-ýatyp. Akmy ol, garamy, bilsinler anyk, Galmasyn ýekeje soragdyr düwün. Ýaşaýar neneñsi dertlere ýanyp, Nämeden nägile pes pälli göwün. Ýa ol bu durmuşda nämeden hoşal, Haýsy ýola barýar her bir damary. Kimi dosty saýýar, kimleri duşman, Bilýärmi ýagşyny hem-de ýamany. Ilden nämesi kem, nämesi artyk, Belki, bir gözele yşky sowýandyr. Ynsaby pamykmy, bitinmi, ýyrtyk, Adan durşy bilen sansyz sowaldyr. Bu hyýalym başa barmasa gerek, Hyýala çümsem-de salkyn saýada. Asla sähel zada tolgunýan ýürek, Özün sakladarmy tekiz aýada?! * * * Göripler bar bu dünýäde, Guwanýan bar setiriñe. "Ýalñyş" diýip topulýan bar, Ýatdan çykan oturyña. Toty deýin, bir ýalñyşyñ Aýdyp-aýdyp goýmaýan bar. Dyrnak ýaly şow işiñe, Guwanyplar doýmaýan bar. Güýji ýetse, asman paýyn, Bar depäbden inderjekler. Bardyr oduñ ýakyp berjek, Bar ojagyñ söndürjekler. Toý günüñde aglaýan bar, Gülýänler bar gamly günüñ. Bar kalba ýara salýanlar, Bitjegini bilip teniñ. Ýagşylyklar, ýamanlyklar, Durmuşyñ goşa ganaty. Niçij bolar, niçik bolar, Birisi gyrlan halaty. * * * Kömek edip bor daýhana, Çil çekişip, ýap gazyşyp. Kömek edip bor bagbana, Bagda işleseñ gyzyşyp. Kömek edip bor çopana, Çölde malyñ yzna düşüp... Kömek edip bolmaz ýöne Şahyra goşgy düzüşip. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |