08:09 Aýbek Türkmen | |
AÝBEK TÜRKMEN
Taryhy şahslar
Garaşsyzlyk zamanamyzda türkmenler özleriniñ hakyky taryhyny öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Biz ýylsaýyn öz gahrymançylykly geçmişimiziñ täze-täze sahypalaryny açýarys. Türkmeniñ taryhy maglumatlarynda Müsüriñ (Demirgazyk Afrika) soltany Aýbek Türkmeniñ ady gabat gelmeýär. Onuñ ady taryh bilen iş salyşýanlaryñ diñe käbirine belli. Aýbegiñ Müsüre nädip düşenini anyk bilýän ýok. Orta asyrlarda ýaşan al-Makrizi onuñ ýesir alnandygyny, Müsür soltanyna satylandygyny aýdýar. Müsürde türki halklardan, kawkaz halklaryndan ýesir alnanlara ''mamelýuk'' diýer ekenler. Olardan ýörite goşun dörediler eken. Ana, şol mamelýuklara girýän Aýbek Türkmen soltan Mälik Salyh döwründe öñe saýlanypdyr. Mälik Salyh kürtleriñ Aýýubiler neberesinden eken. Orta asyrlardaky arap halk eserlerinde ㅡ ''Soltan az-Zahyr Beýbarsyñ ömürnamasynda'' ýazylşyna görä, Aýbek Yrakdaky Mosulyñ häkimi eken. Ol Müsüre garşy ýöriş edipdir. Ýöne, agyr derde uçransoñ, nökerleri bilen soltanyñ gullugynda durmagy müwessa bilipdir. XIII asyryñ kyrkynjy ýyllarynyñ başynda Aýbek soltan Mälik Salyhyñ harby ýörişlerine gatnaşyp ugrapdyr. Onuñ bu ýerlere türkmenleriñ Horezm otrýadynyñ hataryndaka düşen bolmagam ähtimal. Ol otrýad Jelaletdin soltanyñ baştutanlygynda Eýranda, Türkmenistanda, Owganystanda, Hindistanda, Kawkazda mongollara garşy gahrymançylykly söweşipdir. Özleriniñ eý görýän soltany 1231-nji ýylda wepat bolansoñ, mongollara boýun egmejek bolup batyr nökerler söweşe-söweşe, ahyry Kawkazdan Müsüre barypdyrlar. Şol ýerde-de Aýýubileriñ gullugynda durupdyrlar. Olaryñ hemaýaty bilen, Mälik Salyh 1244-nji ýylda Ierusalimi basyp alypdyr, yz ýanyndan bolsa Siriýany Müsüre birikdiripdir. Türkmen nökerleriniñ güýji bilen, Aýýubiler özleriniñ kuwwatyny artdyrypdyrlar. Mälik Salyh döwründe Aýbek Müsüriñ iññän hormatlanylýan emirleriniñ biri eken. Arap halk eserinde aýdylşyna görä, soltan barka, onuñ huzurynda oturmaga diñe Aýbege rugsat berlipdir. Aýbegiñ özbaşyna köşgi bolanmyşam diýýärler. Fransiýanyñ koroly Lýudowik IX (1226-1270) 1248-nji ýylda haçparazlar bilen Müsür topragyna aralaşanda, Ýewropa ordalarynyñ garşysyna Aýbegem söweşipdir. Müsürliler haçparazlaryñ on iki müñdenem köpüsini, Lýudowigiñ özüni, korolewa Margaritany, korolyñ dogany Alfonsy ýesir alypdyrlar. 1250-nji ýylyñ baharynda Mälik Salyh dünýäden ötýär. Häkimligi Aýýubilere bermejek bolup, onuñ aýaly, türkmen zenany Şajarat at-Dürr türkmen nökerlerine daýanyp, özüni Müsüriñ häkimi diýip yglan edýär. Aýbek döwletiñ Atabegi, ýagny baş serkerdesi diýlip ykrar edilýär. Täze atabeg Gala Jabal soltan köşgüne gelip, öz borjuny amal etmäge girişip, haçparazlaryñ demi çykmaz ýaly edipdir. Şajarat at-Dürriñ permany bilen fransuz ýesirleriniñ boşadylmagy uly waka bolupdyr. 40 müñ altyn dinar töleg töläp, Fransiýa öz korolyny, onuñ garyndaşlaryny, ordalaryny Müsürden alyp gidipdir. Haçparazlaryñ iñ soñkusy ýurtdan çykan badyna, Müsürde baýramçylyk başlanypdyr. Şol döwürde tagty Aýýubilere gaýtaryp bermegi talap edip, Bagdat halyfy Şajarat at-Dürrüñ garşysyna bütin musulman Gündogaryny öjükdiripdir. Musulman ýurduna aýal maşgalanyñ häkimlik edýäni üçin gazaba münen halyf ''Ýurduñyza eýelik etmäge erkek köbekli tapylmaýan bolsa, men bärden adam iberýärin'' diýip, müsürlileriñ çetine degipdir. Türkmenler başga bir ýol tapýarlar. Aýbek Şajarat at-Dürrä öýlenýär. 1250-nji ýylyñ 31-nji iýulynda zenan häkim tagtdan el çekýär. Türkmen serkerdeleri, mamelýuklar Aýbegi Müsüriñ soltanlygyna belleýärler. Şol pursatdan başlap, ençeme asyryñ dowamynda Müsüriñ häkimi türki halklaryñ wekilleri bolýar. Emirler, tanymal nökerler Aýbegiñ huzurynda iki hatara düzülip, baýdaklary galdyrýarlar, oña soltan lybasyny geýdirip, ata atarýarlar. Surnaýlar seslenip, tebil kakylýar. Aýbek öz egindeşleriniñ gabadyndan geçende, emirleriñ her biri oña ygrarly bolmaga kasam edýär. Täze soltan 1250-nji ýylyñ awgust aýynyñ başynda tagta geçýär. Oña ''Al-malik al-Muizz at-Turkman'' diýip at berýärler. Müsüriñ tagtyna özüniñ geçendigini habar berip, Aýbek halyfa hat ýollaýar. Onuñ ''muizzi'' diýilýän şahsy mamelýuklary özleriniñ hökümdaryny çyny bilen goldapdyrlar. Ýöne Müsüriñ halyf tarapyndan gi££elenen ilaty tagtda Aýýubiler neberesiniñ kanuny hökümdarynyñ oturmagyny talap edipdir. Olar 8 ýaşly şazada Mälik Aşraf Muzaffar ad-din Musany Ýemenden getirip, tagtda oturdypdyrlar. Türk professory Bahriýe Uçok bu barada şeýle ýazýar: ''Müsürde täsin ýagdaý dowam edipdir: soltan tagtyny bir bada iki adam-aýýubi Mälik Aşraf bilen mamelýuk türkmen Izzaddin Aýbek eýeläpdir. Bu iki hökümdaryñ ady bilen pul zikgelenipdir, juma namazynda olaryñ ikisiniñem ady tutulypdyr. Goşa hökümdarlykda Mälik Aşrafyñ diñe hökümdar ady bolupdyr, döwlet işlerini Aýbegiñ bir özi çözüpdir. Aýýubiler Müsüri elden gidirendiklerine düşünipdirler. Şoña görä, olaryñ wekillerinden biri ýurdy gaýdyp almak üçin, fransuzlar bilen agyz birikdiripdir, ähli watandaşlaryny söweşe çagyrypdyr. Äpet goşun Müsüre tarap süýşüpdir. 1252-nji ýylyñ 19-njy ýanwarynda Kairiñ eteginde uly söweş bolupdyr. Siriýa goşunlary mamelýuklary gysyp, şäher derwezesine ýeteñkirläpdirler. Ýöne soltan Aýbek bilen emir Oktan şahsy batyrlyk görkezipdirler, uly goşunbaşylaryñ birgidenini ýok edipdirler, birgidenini ýesir alypdyrlar. Muny gören mamelýuklaryñ gaýratyna gaýrat goşulypdyr. Olar aýgytly hüjüme geçip, siriýalylary derbi-dagyn edipdirler. Aýbek Türkmen uly dabara bilen Kaire giripdir. Ol nämähremlerden gazaply öç alypdyr, Mälik Aşrafy tussag edip, bir özi häkimlik edipdir. Şondan soñ ähli permanlarda, teññelerde diñe Aýbegiñ ady görkezilipdir. Günleriñ birinde täleýegaraýjy Aýbege ''Soltan, sen Şajarat at-Dürrüñ elinden heläk bolarsyñ'' diýipdir. Şonda Aýbek Gala Jabal köşgünden Bab al-Lauga göçüp, ozalky aýaly, ogly bilen ýaşaberipdir. Soltan Mosulyñ häkiminiñ gyzyna öýlenmek niýeti bilen, sawçy iberipdir. Onuñ bilen nikalaşansoñ, Şajarat at-Dürrüñ gonjuna gor guýlupdyr. Ol Aýbekden ar almagy niýetine düwüp, soltandan närazy adamlaryñ ählisini öz töweregine toplapdyr. Ozalky äriniñ ''salihiýýa'' diýilýän mamelýuklar topary hem onuñ ygtyýarynda bolupdyr. Soltanyñ garşysyna aç-açan söweş etmäge güýjüniñ ýetmejekdigini añan Şajarat at-Dürr hilegärlige ýüz urupdyr. Ol Aýbege mylakatly hat ýollap, ony köşge çagyrypdyr. Hiç hili erbetligi oslamadyk soltan Gala Jabala gelipdir, haremhananyñ hammamynda ýuwunmakçy bolupdyr. Şol ýerde-de ony hakyna tutulan ganhorlar güpbasdy edipdirler. Ganhorlara gaýtawul berip, Aýbek aýalyny kömege çagyrypdyr. Şajarat at-Dürre Aýbegi goýbermegi buýrupdyr. Emma ganhorlar zenan soltany gazap bilen itip goýberipdirler-de, ''Biz Aýbegi diri goýbersek, ol bize aman bermez'' diýipdirler. Müsüriñ soltany Aýbek Türkmen 1257-nji ýylyñ 11-nji martynda şeýle ýagdaýda heläk bolupdyr. Özi bilen nikalaşyp, tagta çykmak hakda Şajarat at-Dürrüñ eden teklibine emirleriñ birem razy bolmandyr. Bolam ahwalaty bilensoñlar, olar ganhorlaryñ ählisine jeza beripdirler, zenan soltany bolsa beýik minaranyñ depesinden ganawa oklapdyrlar. Şondan iki gün geçensoñ, ýagny 1257-nji ýylyñ 13-nji martynda Aýbege ygrarly mamelýuklar onuñ 15 ýaşly ogly Muzaffar Nuretdin Alyny tagta çykaryp, oña Mälik Mansur diýen soltanlyk adyny dakypdyrlar. Mamelýuklar Müsüriñ taryhynda görnükli rol oýnapdyrlar. XIX asyryñ başynda-da, Demirgazyk Afrikanyñ welaýatlaryny basyp alanda, Napaleon Bonapart olar bilen aldym-berdimli söweş gurmaly bolupdyr. Öwez GÜNDOGDYÝEW Ahal durmuşy, 15.09.2000. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |