BAŞA-BAŞ SÖWEŞLERDE ULANYLAN URUJY ÝARAGLAR (Söweş paltalary)
Güýçlüdir hökümdarlygy bolsa begleriñ ýaragy,
Aýpalta hem-de gylyç ýurduñ howandar-goragy.
Ýusup Balasagunly (XI asyr)(1)
Türkmenistanda çapýan ýaraglaryñ has gadymylary (1980-nji ýylda GTTAAT-yñ (Günorta Türkmenistan toplumlaýyn arheologiýa agtaryş topary) XIV topary tarapyndan Sumbar derýasynyñ jülgesinden, 1981-nji ýylda bolsa Etrek boýundan tapyldy. Soñra gözleg işleri Krasnowodsk belent tekizliginiñ we Janagyñ (Uzboýdan añyrdaky gatlakly ýer) çäklerinde geçirildi. Bu ýerde daş asyrynyñ, has takygy, irki paleolit döwrüniñ (aşel we mustýer) yzlary kesgitlenildi. Jemi 20-ä golaý paleolit düşelgesi ýüze çykaryldy. Olaryñ has irkileriniñ 200 müñe golaý ýaşy bardyr. Has baý maglumatlar aşaky Uzboýuñ jülgesinden toplanyldy. Olar juda özboluşlydyr hem-de Kawkazyñ we Ýakyn Gündogaryñ medeniýetlerine degişli nusgalardan düýpgöter tapawutlanýar(2).
Aşel medeniýetine degişli gadymy önümler Krasnawodsk belent tekizliginiñ günorta çetinden, Ýañaja demir ýol duralgasynyñ golaýragyndan ýüze çykaryldy. Şol ýerde iki tarapy ýonulyp bejerilen iri önümler bilen bilelikde, ýerli çakmak daşyndan ýasalan daş paltalaryñ birnäçesi tapylan meýdançada ýerleşýär(3).
Käbir çapýan gurallar daş asyrynyñ mezolit, irki neolit) has giçki ýadygärliklerindenem tapyldy. Meselem, Jebel gowagyndan (Günbatar Türkmenistan) tapylan çakmak daş paltasynyñ bir tarapy harsañ gabygy bilen örtülipdir; ýüzüniñ iki tarapynda-da ulanylyp sürtülmekden galan yzlar bildirýär(4). Bu çapýan gurallaryñ hemmesi soñraky agaç saply daş paltalaryñ irki görnüşleridir. Olaryñ kördürli görnüşleri bolupdyr. Bürünç eýýamynda gulakly guýlan bürünç paltalar peýda bolýar. Türkmenistanyñ ýaşaýjylarynyñ bürünçden ýasalan söweş paltalary ulanandygy şübhesizdir.
Meselem, miladydan öñki II müñýyllyk bilen senelenýän Togalak - 21 ybadathana toplumyndan (Marguş, Günorta Türkmenistan) dykyly paltalar tapyldy. 75-nji belgili otagdan tapylan ýasy paltanyñ kütek ýüzi we şekil berlip ýasalan dykysy bar. Şeýle paltalar Demirgazyk Owganystanda duşýar we olar akkad eýýamynyñ ujy naýzaly paltalaryna meñzeşdir. Arheolog W. I. Sarianidi bu gurallaryñ däp-dessur dabaralarynda ulanylan bolmagynyñ mümkindigini belleýär(5). Däp-dessur dabaralarynyñ paltalary Merkezi Aziýanyñ bürünç eýýamyna degişli beýleki ýadygärliklerde-de (meselem, Minusin çöketliginde) duşýar. Ýöne L. A. Sokolowanyñ pikiriçe, ''bu gurallaryñ ýarag hökmünde-de ulanylandygyny inkär etmek bolmaz''(6).
''Awesta'' paltalaryñ dürli görnüşleri barasynda gürrüñ edýär we bu ýaragy Mitranyñ ''iñ ýeñişli'' ýaragy diýip atlandyrýar:
Elinde ýüz esse ýiti,
Ýüz esse zarply duýulan,
Altyn çaýylan ýüzüne,
Sary metaldan guýulan -
Güýçli hem-de ýeñişli
Ýaragy bar dözüme(7).
Düzüjiniñ pikiriçe, bu setirde gürrüñ çüwdesi çekiç (''klewes'') şekilli bürünç palta barada gidýär. Ýöne zyñlyp ulanylýan paltalaram bolupdyr:
Ýüzi gaýtmaz hiç mahal,
Ýüz müñ dürli palta bar -
Hudaý tarapyn uçýar,
Hudaý tarapyn urýar(8).
Antik döwründe söweş paltalary giñden ýaýrapdyr. Merkezi Aziýada atly adamlaryñ skif eýýamyna degişli mazarlaryndaky ençeme gezek duş gelnen paltalaram muña şaýatlyk edýär(9). Gerodot (miladydan öñki V asyr) massagetleriñ ''...ýaý atyjylarynyñam, naýza atyjylarynyñam aýpalta götermek endigi bar'' diýip belleýär(10).
Parfiýa esgerleriniñ ýaraglarynyñ içinde söweş paltalarynyñ birnäçe görnüşi bolupdyr. Arheolog M. Ý. Masson: ''Parfiýa aýpaltalarynyñ paltasy, köplenç, insizje bolupdyr, kähalatlarda uly ölçegde-de ýasalypdyr. Palta gysga we uzyn saplara geýdirilipdir. Paltanyñ ''tabar-zagnul'' çüwdesi çekije meñzeş görnüşide bolupdyr. Ol sowudy we tuwulgany deşmek üçin ulanylypdyr. Ony, adatça serdarlar göteripdir. Nusaýyñ şahpisint badalarynyñ ýüzünde aýpaltanyñ iki görnüşiniñ şekili bar. Insizräk uly demir aýpalta Köne Nusaýdan tapyldy. Parfiýanyñ çekiç şekilli paltalaryna (klewes) Nusaýdan tapylan: kümüşden ýasalyp, daşyna altyn çaýylan we nagyşlanan, owadan aýpalta (tabar - zagnul) görä baha bermek bolar''(11) diýip belleýär.
Nusaýdan tapylan şahpisint badalaryñ (miladydan öñki II müñýyllyk)(12) ýüzündäki parfiýa aýpaltalarynyñ şekili, paltanyñ ýüzi (tygy) ýarymaý şekili aýlawly görnüşiniñ bu ýerlerde bolandygy barada aýtmaga mümkinçilik berýär. Şeýle palta orta asyrlarda türki dilli halklaryñ hemmesinde ''aýpalta'' ady bilen belli bolupdyr. Gazak alymy T. K. Allanyýazow söweş paltasynyñ çekiç şekilli (çekan) görnüşini we aýpaltany birmeñzeş hasaplaýar. Ýöne onuñ işiniñ sözbaşynda bu iki görnüşiñ tapawutlylygy bellenýär(13).
Çekiç şekilli palta (çekan) we aýpalta görnüşleri hem-de hyzmaty boýunça düýpgöter tapawutlanýan ýaraglardyr. Aýpaltanyñ çüwdesi kiçi bolup (ýa-da çüwdesi bolmandyr), onuñ demir ýüzi (tygy) ýasy we köplenç, aýlawly (orta asyrlarda - ýarymaý şekilli) bolupdyr. Paltanyñ ''çekan'' görnüşiniñ çüwdesi çekiç şekilli, ýiti urýan bölegi (ýüzi) bolsa uzyn ýa-da köpgyrañly bolupdyr. Çüwdesi-de, urýan bölegi-de aýlawly bolan ''çekan'' paltalary-da bolupdyr(14). Aýpalta çapýan ýarag hökmünde ulanylypdyr.
Palta Türkmenistanyñ ýaşaýjylary üçin hem mahsus bolupdyr. Ýöne ikinji derejeli ýarag bolanlygyna garamazdan, onuñ hemme görnüşleri edebiýatlarda ''söweş paltalary'' diýlip atlandyrylýar. Söweş paltalarynyñ orta asyrlarda türki dilli halklaryñ durmuşyndaky orny barada harby taryhçy Ý. S. Hudýakow şeýle ýazýar: ''Söweş paltasy uzaga çekýän atly goşun söweşinde has netijeli bolupdyr, käbir toparlar tutuşyp urşanynda, uzyn saply ýarag olaryñ hereketlerine päsgel beripdir. Söweş paltasynyñ agramynyñ ýeñildigi we urgusynyñ güýçlüdigi başa-baş söweşlerde ony takyk çenäp, duşmanyñ sowudyny deşmäge we uly ýara salmaga mümkinçilik beripdir. Agramlarynyñ arasynda tapawut bolmagyna garamazdan, urgynyñ düşýän meýdanynyñ daralmagynyñ hasabyna söweş paltasynyñ uruş güýji ýokarlanýar''(15).
Orta asyr çeşmeleri Gündogaryñ halklarynyñ goşunlarynda giñden ulanylan söweş paltalarynyñ käbir görnüşleriniñ şu aşakdaky atlaryny getirýär: balta (türki) ýada tişe (pars) - pyýada esgerleriñ agyr uly paltasy; çekan (türki) - ýeñil paltanyñ ýüzi ýa-da urýan bölegi çür görnüşi; tabarzin (pars) - paltanyñ çekana geçen şekili; tabar (pars) - ''çopanlaryñ we ýylkybanlaryñ ýaragy''(16).
Horasanda, Mawerannahrda, Horezmde ýaýran aýpalta (türki) we najah (pars) aýratyn meşhurlyk gazanypdyr(17). Mübärekşanyñ (XIII asyr) belleýşi ýaly: ''Najah - aýpalta, patyşalaryñ ýaragydyr. Ol dostlar bilenem, duşmanlar bilenem söweşmek üçin gerekdir. ''Najahy'' serdessäniñ ýerine ulanyp, dosty onuñ kütek tarapy bilen urýarlar (ýaryşlar geçirilende. - Ö. G.) duşmany bolsa, ýüzi bilen urýarlar...''(18).
Türkmenlerde söweş paltalary tä XVII asyryñ ahyryna çenli ulanypdyr. Ondan soñky döwürlere degişli ýazgylarda biz olar barada hiç hili maglumata duşmadyk. Ýaragyñ ýetmezçilik etmegi sebäpli, adaty paltalar XX asyryñ başlaryna çenli ulanylanlygyna garamazdan, ýaragyñ bu görnüşi, megerem, agyr gorag enjamlary bilen bilelikde ýitip gidendir.
■ Edebiýat bellikler:
1. Balasagunskiý Ýu. Blagodatnoýe zdaniýe / Perew. S.N.Iwanowa. - M., 1983. S. 179.
2. Lýubin W. Otkrytiýe rannego paleolita w Priatreçýe i žanake // Pamýatniki Turkmenistana. - Aşhabad, 1983 No:1. S.22-24; Stoýanki perwobytnogo çeloweka // Pamýatniki Turkmenistana. - Aşhabad, 1982. N:1. S.16.
3. Wişnýaskiý L. B. Paleolitiçeskiýe rubila w Turkmenii // Pamýatniki Turkmenistana. - Aşhabad, 1989. No: 2.S.11; Kurbansahatow K. Sledy drewnego çeloweka w Turkmenistane // Pamýatniki Turkmenistana. - Aşhabad, 1987. No: 2 s.19.
4. Iwanowa W. G., Grigorýewa A. Z. Opisaniýe sledow srabotannosti, obnaru£ennyh pod mikroskopom na kremnewyh orudiýah iz peşery Džebel//Trudy ÝUTAKE. - Aşhabad, 1956. T. VII. S. 232.
5. Sarianidi W. I. Drewnosti strany Marguş. - Aşhabad, 1990. S. 145.
6. Sokolowa L. A. Oružiýe plemen epohi bronzy Minusinskoý kotlowiny //Woýennaýa arheologiýa. Oru£iýe i woýennoýe delo w istoriçeskoý i sosialnoý perspektiwe. Materialy me£dunarodnoý konferensii. - SPb, 1998. S. 49.
7. Awesta w russkih perewodah (1861-1996) / Sost. i primeç. I. W. Raka. - SPb, 1998. S.296.
8. Şol ýerde S. 305.
9. Kubarýew W. D. Drewniýe izwaýaniýa Altaýa (Olennyýe kamni). - Nowosibirsk, 1979. S. 65-66.
10. Dowatur A. I., Kallistow D. P., Şişowa I. A. Narody naşeý strany w ''Istorii'' Gerodota. Teksty. Perewod. Kommentariý. - M., 1982. S. 93.
11. Masson M. E. Narody i oblasti ýu£noý çasti Turkmenistana w sostawe Parfýanskogo gosudarstwa//Trudy ÝUTAKE. - Aşhabad, 1955. T. V. S. 44.
12. Masson M. E., Pugaçenkowa G. A. Parfýanskiýe ritony Nisy. - Trudy ÝUTAKE. - Aşhabad, 1959. T. I. V. S.184.
13. Allaniýazow T. K. Woýennoýe delo koçownikow Kazahstana. - Almaty, 1998. S. 46.
14. Glosek M. K. woprosu o srednewekowyh çekanah // Woýennaýa arheologiýa... S. 192-193; Kubarýew W. D. Görkezilen iş. S. 63.
15. Hudýakow Ý. S. Wooruženiýe ýeniseýskih kyrgyzow VI-XII w.w. Nowosibirsk, 1980. S. 64.
16. Ýunusow A. S. Istoriýa woýennogo dela w Azerbaýd£ane w IX - naçale XIII ww. - Awtoref. diss. kand.istor.nauk. - Baku, 1986. S.12.
17. Agadžanow S. G. Gosudarstwo Seldžukow i Srednýaýa Aziýa w XI-XII ww. M., 1991. S.151.
18. Mubarakşah Ş. Abad al-harb wa-ş-şudžaat (Prawila wedeniýa woýny i mužestwo).- Duşanbe, 1997.S.162.
Öwez GÜNDOGDYÝEW, ''AZIÝANYÑ GERÇEKLERI'' Aşgabat -2012.
Taryhy makalalar