Главная » 2020»Iýun»16 » Türkmen atly diwiziýasynyñ 1895-nji ýylyñ nusgasyndaky gylyjy
13:32
Türkmen atly diwiziýasynyñ 1895-nji ýylyñ nusgasyndaky gylyjy
TÜRKMEN ATLY DIWIZIÝASYNYÑ 1895-NJI ÝYLYÑ NUSGASYNDAKY GYLYJY
Ujy egri, bir almazly, tekiz polatdan edilen gylyç. Onuñ gyny agaçdan bolup, oña gaýyş örülendir. Gynyñ aşaky bölegi iki gat gaýyşly bolup, onuñ daş tarapy dürli çyzgylar bilen bezelipdir. Gynyñ aşak başynda birnäçe gaýyş gyýyndylaryndan edilen gotaz bar. Gynyñ ýokarky bölegine demir aýmançajyklary bilen bezegli gaýyş tutulupdyr. Şeýle hem gynda guşaga dakmak üçin niýetlenen halkaly gadymy görnüşdäki iki sany nurbat bar.
Hanjaryñ (gylyjyñ) özüniñ egremçeli we üsti-üstüne geçýän haç görnüşli tutawajy bar. Onuñ tutawajy hañjaryñ (gylyjyñ) aşak tarapyna birikdirilen iki sany süñk ýañajyklary bar. Onuñ daşky tarapynda üç sany bir-biriniñ üstünden geçýän gaýyş bar. Tutawajyñ ýokarsy demirden bolup, onuñ aşaky tarapy hanjaryñ (gylyjyñ) almazyna tarap öwrülendir. Onuñ ýokarky tarapy tutawajyñ ýüzünde haç şekilli bolup, aşak tarapy gynyñ boýuna tarap uzap gidýär. Ol ýaraga dakylmak üçin ulanylýar. Haç şekiller tutawajyñ soñky bölegi demir ilik görnüşindedir. Ol ýörite şekiller bilen bezelendir. Bu ýaragyñ bezegleri kiçi harby derejeli serkerdeler üçin erkin ýerine ýetirilýär.
Onuñ umumy uzynlygy 900/millimetr bolup, hanjaryñ (gylyjyñ) uzynlygy 830 millimetre barabardyr. Hanjaryñ (gylyjyñ) ini 30 millimetr. Onuñ ortaça egremçeligi 123/350 millimetr, agramy 1350 grama barabar. Bu ýarag Türkmen atly diwizionynyñ (1916-njy ýyldan başlap Teke atly polkunyñ) serkerdelerinde we aşaky harby derejeli ýolbaşçylarda öwrenilýän döwrüñ ahyryna çenli bolupdyr.
Öwez GÜNDOGDYÝEW.
# ''TEKE ATLY POLKUNYÑ SÖWEŞ ÝOLY (1914-1918 ý.)'', 2013.