09:49 Türkmenleriñ elini aýagyny goraýjy serişdeleri | |
TÜRKMENLERIÑ ELINI AÝAGYNY GORAÝJY HARBY SERIŞDELERI
Taryhy makalalar
Eli, aýagy goraýjy serişdeler Eli, aýagy goraýjy sowut örtünjeleri şu aşakdaky gorag serişdelerini öz içine alýar: golluk (ellik), eginlik, injiklik, butluk, dyzlyk, injigi ýapýan ýasy metal örtükli ýa-da halkaly sowut örtünjesi. Türkmenistanyñ Parfiýa döwründäki çäginde we Gadymy Gündogaryñ beýleki ýerlerinde: zol-zol örtükli sowudyñ usulynda ýasalan turba şekilli golluklar, dürli görnüşli butluklar (etegi kertik-kertik jähekli; ýasy metal we teññe şekilli örtükli; bilden aşagy örtýän metal geýim), injikligiñ üç görnüşi (zol-zol örtükli, turba şekilli; injigi goraýan uly perre şekildäki görnüşli; grek injikligi), şeýle hem metal örtükli jalbarlar ulanylypdyr(1). Şekil çekmek sungatynyñ berýän maglumatlaryna görä, parfiýaly esger sowut geýende, onuñ harby esbabynyñ üstüni butlugy düzýän iki-üç hatar teññe şekilli metal örtügi doldurypdyr. Teññe şekilli metal örtügi bolan sowutlaryñ üsti edil şeýle teññe şekilli örtükli butluklar we golluklar bilen doldurylypdyr(2). Irki orta asyrlaryñ gorag serişdeleriniñ ösüp-kämilleşmeginde antik eýýamyna mahsus bolan häsiýetler dowam edipdir. Gorag serişdeleriniñ utgaşdyrylan usulda ýasalan ähli görnüşleri peýda bolupdyr. Orta Aziýada injiklikler, butluklar ýa-da donuñ uzyn etegi we bilden aşagy örtýän metal geýim giñden ýaýrapdyr. Edil şonuñ ýaly tirsek bilen goşar aralygyny ýapýan golluklaram ýaýrapdyr. Olar ýasy, teññe şekilli, zol-zol we bütewi metal örtüklerinden taýýarlanypdyr. Olaryñ birinji üç görnüşi ýumşak ýerligiñ üstünden ýasy metal tikilip taýýarlanylan golluklar bolupdyr. Bütewi metal örtükli golluklar iki sany berk birleşdirilen zolakdan ybarat bolupdyr. Golluklar iki gat bolup, onuñ daşky gaty uzynrak bolany üçin tirsegi ýapypdyr. Şol döwürde zol-zol metal örtükli golluklar has giñden ýaýrapdyr, teññe şekilliler bolsa seýrek duşupdyr(3). XIV-XV asyryñ birinji ýarymynda, Orta Aziýada gollugyñ esasy görnüşleri doly kämilleşdirilýär. Olar gaýyş kemerler, süýşýän birleşdirijiler ýa-da halkaly örüm arkaly birleşdirilen uzyndan ýasy metallar bolupdyr. Golluklar esgeriñ eliniñ tirsek bilen goşar aralygyny ýapypdyr. Injiklik (türki buturlyk) atly esgeriñ aýagynyñ dyz bilen topuk aralygyny gorapdyr. Gorag gaýyş kemerler bilen birleşdirilen iki (üç) gat ýasy demirden ybarat bolupdyr. Injikligiñ üsti zol-zol örtükli ''paşmak'' we ýarymtegelek ýa-da gönüburç şekilli dyzlyk bilen doldurylypdyr. Giñ butluk aýagyñ ýokarky böleklerini ýapypdyr. XV-XVII asyrlarda, Orta Aziýada gojuk ㅡ sowudyñ ýeñi gysga görnüşi has giñden ýaýrapdyr. Buduñ we injigiñ goraýjy serişdesi halkaly ㅡ ýasy metal örtükli geýim bolupdyr. Goljugyñ ýeñi uzyn görnüşleri-de bolupdyr. Ýöne beýleki harby esbaplara garanyñda, olar has seýrek ulanylypdyr(4). Sowutlaryñ dowam eden soñky asyrlarynda, el-aýagy goraýjy serişdeler şu aşakdaky görnüşe eýe bolýar: eliñ tirsek bilen goşar aralygyny iki gatly golluk ýapypdyr. Onuñ daşky gaty uzynrak bolany sebäpli, inçe ujy tirsekden ýokaryk geçipdir (gollugyñ şeýle görnüşi eliñ tirsege çenli bölegini we tirsegiñ özüni berk gorapdyr, tirseklik geregem bolmandyr). Goşaryñ daş ýüzüni goljugyñ halkalary ýapypdyr, bütin eli goljugyñ ýeñi ýapypdyr, egni bolsa tegelekden ýasy mis (demir) ýapypdyr. Halkaly ㅡ ýasy metal örtükli we dyzlykly gorag geýimi esgeriñ bütin aýagyny ㅡ but bilen ädigiñ burny aralygyny ýapypdyr, ýagny ol bütewi jalbar ýaly bolupdyr. Onuñ dyzdaky, baldyrdaky we topukdaky baglary guşaga baglanypdyr. Ol aýagy goraýjy serişdeleriñ has berk görnüşi bolupdyr we goragyñ beýleki görnüşlerini gysyp çykarypdyr(5). Türkmen dilinde eli, aýagy goraýjy esbaplary añladýan golluk, butluk, dyzlyk ýaly käbir adalgalar saklanyp galypdyr. Çeşme: 1. Nikonorow W. P. Wooru£eniýe i woýennoýe delo w Parfii. ㅡ Awtoref. diss. kand. nauk. ㅡ L., 1987. S.13. 2. Masson M. E., Pugaçenkowa G. A. Parfýanskiýe ritony Nisy. ㅡ Trudy ÝUTAKE ㅡ Aşhabad, 1959. T.I.V. s.164-165,167. 3. Gorelik M. B. Zaşitnoe wooru£eniýe stepnoý zony Ýewrazii i primykaýuşih k neý territoriý w I tys. n. e.//Woennoe delo naseleniýa ýuga Sibiri i Dalnego Wostoka. ㅡ Nowosibirsk, 1993. S.167. 4. Bobrow L. A., Hudýakow Ýu. S. Zaşitnoe wooru£eniýe sredneaziatskogo woina epohi pozdnego srednewekowýa // Woennoe delo nomadow Sewernoý i Sentralnoy Azii. ㅡ Nowosibirsk, 2002. S.111-112, 123-124, 134. 5. Bobrow L. A. £eleznyýe ýastreby Mawerannahra (kompleks zaşitnogo wooru£eniýa woinow Sredneý Azii i sopredelnyh territoriý konsa XV-XVII ww.) //Para Bellum. ㅡ SPb, 2003. No:2 s.71-97. Öwez GÜNDOGDYÝEW ''AZIÝANYÑ GERÇEKLERI'' Aşgabat-2012. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |