08:35 Türkmen esgerleriniñ harby-sosial gurluşy | |
TÜRKMEN ESGERLERINIÑ HARBY-SOSIAL GURLUŞY
Taryhy makalalar
''Gudraty güýçli Beýik Alla şeýle diýýär: Meniñ goşunym bar, men ony türki diýip atlandyrdym we Gündogarda ýerleşdirdim.'' Mahmyt Kaşgarly (XI a.) Gadymy we orta asyrlardaky iri türki döwletleriñ hemmesiniñ dolandyryşynda ''ýolbaşçylyk welaýaty'' we ''harby bölüm (okrug)'' diýen düşünjeleriniç manylary biri-birine doly gabat gelipdir. Munuñ şeýle bolmagy iki tarapdan bähbitıi bolupdyr: ilki bilen döwleti dolandyrmagyñ durnuklylygy kepillendirilipdir, şeýle hem onuñ çäkleriniñ ygtybarly goragy üpjün edilipdir. Taýpalar we uruglar, oklar diýlip atlandyrylypdyr. ''Ok'' ㅡ peýkam we ''ok'' ㅡ taýpa, urug düşünjeleri meñzeş bolupdyr. ''Tanşu'' hytaý ýyl ýazgylaryna laýyklykda, gadymy türkilerde ilatyñ ''on okly taýpa birleşmesi'' (on ok budun, ýagny ''on oguz'') bolupdyr. Öz gezeginde, ''on ok'' (hersinde bäş ok bolan) iki topara: gündogar (çep) ''dulu'' we günbatar (sag) ''nuşubi'' toparlaryna bölünipdir. Soñraky gadymy türki jemgyýeti: tolos (sag topar) we tarduş (çep topar) diýen iki birleşmä bölünip başlapdyr. Her ''okuñ'' (taýpanyñ) sany on müñ esgerden ybarat bolupdyr, ýagny bir tümene barabar bolupdyr. Bu bolsa, döwletiñ harby-ýolbaşçylyk birligine laýyk gelipdir(1). Gadymy türkileriñ öz aslyny ogullarynyñ biri Asiniñ (Aşinanyñ) türkileriñ ilkinji hökümdary bolan hyýaly (mifiki) ene möjeginiñ 10 sany oglundan alyp gaýtmaklary gyzyklydyr. Ilkinji türki kaganlygy (551ㅡ630-njy ý.ý.) darganyndan soñra, edil şeýle esaslarda Günbatar türki ýa-da Türgeş kaganlygy döredilipdir. Olar özüni ''On ok'' (ýa-da ''on ok döwleti'') diýip atlandyrypdyrlar. Kagan 100 müñ adamly, ýagny her taýpadan ㅡ etrapdan 10 müñ adamdan ýygnalyp düzülen goşun çykaryp bilipdir. Arap taryhçysy Ibn Fakyh (X a.) ''on ok'' goşunynyñ Omeýýat halyfy Hişamyñ (724-743-nji ý. ý.) ilçihanasynyñ öñünde geçirilen dabaraly ýörişi hakynda şeýle ýazýar: ''Günleriñ bir güni kagan ata atlandy. Onuñ ýanyndaky 10 sany adamyñ hersiniñ elinde baýdak bardy. Ol maña özi bilen bile gitmegi tabşyrdy. (Tiz wagtdan) biz kiçiräk tokaý bilen gurşalan baýra baryp ýetdik. Gün çykan badyna, ol öz ýany bilen barýan 10 adamyñ birine elindäki baýdagyny ýaýmagy buýurdy, baýdak (günüñ şöhlelerine) ýalpyldap gitdi... Ýaraglanan on müñ atly esger peýda boldy we olar: ''çah! çah'' diýip gygyrdy. Olar baýryñ eteginde nyzama düzüldiler. Olaryñ ýolbaşçysy patyşanyñ öñünden atly geçdi. Baýdak göterijiler (baýryñ üstünde) yzly-yzyna baýdaklaryny ýaýýardylar we her gezek baýryñ eteginde on müñ atly nyzama düzülýärdi. Baýdaklaryñ onusam ýaýylan mahaly, baýryñ eteginde depesinden dabanyna çenli ýaraglanan 100 müñ sany atly esger nyzama düzüldi''(2). Bir (sag) ganaty başda duran ''oklaryñ (ýagny oguzlar) hersiniñ düzümine bäş taýpa girýän ganatlara bölünmegi üns bererlikdir. Bu taýpanyñ (uruglaryñ) başynda asyg (as, usun) taýpasynyñ durmagy ''türkileriñ nesilbaşysy Asiniñ ady agalyk eden asig taýpasynyñ eponimi bolaýmagy mümkin?'' diýen pikiri döredýär. Miladydan öñki III asyrda dahlaryñ (toharlaryñ) başda durmagynda, aslar Baktriýadaky grek nesilşalygyny we Parfiýadaky grek hökümdarlaryny agdarýarlar. Bäş taýpanyñ arasynda baglaşylan bileleşikler barada çeşmelerde seýrek ýatlanylýar. Bileleşikleriñ, esasan, häzirki türki dilli halklaryñ, şol sanda türkmenleriñem düzümine giren Orta Aziýaly gadymy halklara degişli bolandygy sebäpli, şeýle çalymdaşlyklary yzarlamaklygy biz zerur hasaplaýarys. Gerodotyñ (miladydan öñki V a.) belleýşine görä, skifler ahemeni patyşasy Dariý I-ä ''bäş ok'' bilen zarba urmak howpuny salypdyrlar. Şeýle akademik B. A. Rybakow ''bäş okuñ'' skif harby bileleşiginiñ bäş sany düzüm bölegini alamatlandyrandygy barada çak edipdir(3). Belki, skifleriñ ''bäş oky'' sag toparyñ bäş sany esasy taýpasyny (''şa skifleriñ'') añladýandyr. Sebäbi bu topar döwlete agalyk ediji orna dalaş edipdir. Çeşmelerde on taýpanyñ hemmesi seýrek ýatlanylýar, köplenç meşhur we esasy bäş taýpa barada gürrüñ edilýär. Bilşimiz ýaly, skif taýpasyndan (urugyndan) başga-da, gunnlaryñ (hunnu, sýunnu) bäş sany esasy urugy bolupdyr. Hytaý taryhçysy Fan ýe (420-479-njy ý. ý.) özüniñ ''Giçki Han nesilşalygynyñ taryhy'' diýen işinde şeýle belleýär: ''Şanýuý (gunlaryñ hökümdary - Ö. G.) Sýuýlýanti neslinden gelip çykypdyr, Huan, Sýuýbu, Sýulin we Lan nesilleri-de bolupdyr. Bu dört nesil sýunnu döwletinde has meşhur uruglar hasaplanypdyr''(4). Ýene-de bir mysala ýüzleneliñ. Arrian Ärsaklar nesilşalygynyñ nesilbaşysy barada şeýle diýýär: ''Ärsak... öz meýillerini bäş pikirdeşine aýdýar, doganlar halky makedonlardan el çekmäge yrýarlar we häkimýeti basyp alýarlar(5). Parfiýalylaryñ 5 sany meşhur nesli bolupdyr (olaryñ üçüsi - ''begistan'' adyny alan Süren, Küren we Aspahbeddir). Bulardan başga-da, 5 sany kangýuý (horezm) urugy, 5 sany massaget taýpasy bolupdyr we olaryñ içinde iñ esasysy kuşanlar bolupdyr(6). ''Tanşu'' çeşmesine laýyklykda, gadymy türkiler uly ýaý hem-de bäş sany uzyn ok saklapdyrlar we sadaka berilýän wagtlary asman ybadathanasynda olary görkezmek üçin goýupdyrlar. Hazar kaganlygynyñ 10 urugy (olaryñ bäşisi esasy), peçenegleriñ taýpañ düzümine girýän 5 urugy (hersi 5 urugdan ybarat 8 taýpasy), oguz türkmenleriniñ 5 patyşasy, türkmenleriñ salyr birleşmesiniñ 5 urug-taýpasy (salyr, ärsary, teke, ýomut, saryk) bolupdyr. Oguz türkmenleriniñ bäş taýpasy hakynda ''Oguznamada'' şeýle diýilýär. ''Oguz neslinden bolan patyşalar onuñ bäş çagasyndan önen zürýatlar: Gaýy, Ýazyr, Eýmir, Owşar we Begdilidir. Patyşlar diñe şu nesilleriñ wekilleri bolupdyr(7). ''Skif-massaget'' toparynyñ hem-de gadymy türki halklarynyñ jemgyýetleriniñ gurluş taýdan meñzeşligi täsindir we munuñ tötänleýin däl bolmagy mümkindir. Nyşany ㅡ belgini añladýan ''30'' sany-da gyzyklanma döredýär. Taýpa (ok) ㅡ 5 urugdan, topar ㅡ 5 taýpadan, urug ㅡ 30 maşgaladan düzülipdir. Dürli döwürlerde ''30'' san belgisi türkmenleriñ ata-babalarynda ''urug'', ''taýpa'', ''birleşme'', ''ýolbaşçylyk taýdan bölüniş'' ýaly düşünjeleri añladypdyr. Hazaryñ gündogar ýakasyndan gelip çykan hetlerde urugy 30 maşgala (şazenan Kanesiñ 30 ogly ㅡ ''iñ gowulary'' we ''iñ erbetleri'') düzüpdir. Alym G. I. Dowgýalonyñ belleýşi ýaly, ''türkilerde hem şuña meñzeşräk mysaly tapmak bolar. Kangan hanyñ gyzynyñ 691-nji ýyldaky ýazgysynda onuñ ''otuz taýpa hanlyk'' edendigi bellenýär(8)''. Arylaryñ düşünjelerine görä, 30 maşgala urugy düzüpdir. ''Awestada (Widewdat) urugdaky maşgalanyñ sanyna laýyklykda, esgerleriñ sagdagynda 30 sany okuñ we 30 sany sapan göjeginiñ bolmalydygy barada nygtalmagy ýöne ýerden däldir(9). Megerem, bu örän uzak wagtlap dowam eden urugyñ däp-dessur häsiýetleri bilen baglanyşyklydyr. Gunnlar sagdagynda 30 sany ok(10), sarmatlar 30-60 sany ok(11) we sasany kalibanarilerini (12) göteripdirler. Akademik W. Gordlewskiý ýörük türkmenleriniñ ojagynyñ (urugynyñ) otuz maşgaladan ybarat bolandygy, Rum seljuklarynyñ 30 sany okuñ daşyny bogup, özleriniñ bege boýun egýändigini alamatlandyrandygy, ýanyçar goşunynda ojagyñ esger maşgalasy hökmünde kabul edilendigi barada belleýär(13). Seljuk türkmenleriniñ goşunlarynda, däp boýunça, söweşde her esgeriñ 60 sany oky bolupdyr: 30 sany kiçi ok duşmany atmak üçin, ýasy uly demir peýkamly 30 sany uly ok ýaýlaryñ kirişlerini kesmek we duşman atlaryny urmak üçin niýetlenipdir(14). Teýmiriñ her esgeriniñ sagdagynda-da ''otuz sany agaç ok'' bolupdyr(15). Käbir maglumatlara görä, Buharada ''türkmen taýpalarynyñ 30 sany ady...'' belli bolupdyr(16). Bu bolsa gadymy döwürde we orta asyrlarda harby-jemgyýetçilik gurluşynyñ haýran galdyryjy meñzeşliklerine güwä geçýär. Eger türki dilli gadymy gadymy jemgyýetleriñ harby gatlagy 10 (5+5) taýpadan ybarat bolan bolsa, onda bütin halk, megerem, 24 sany ýolbaşçylyk birligine, birlikler bolsa iki topara bölünendir. Bütin halkyñ 24 birlige bölünmek usuly gunlarda-da ulanylypdyr. Her bir ýolbaşçynyñ hytaýça ''ç£an'' (ýolbaşçy) diýen umumy ady bolupdyr we şol bir wagtyñ özünde ''wansi'' (temnik ㅡ ýolbaşçynyñ harby kömekçisi) diýlip atlandyrylypdyr. Müñbaşylary (sýanç£an), ýüzbaşylary (baýç£an) we onbaşylary (şiç£an) ýolbaşçynyñ harby kömekçisiniñ özi belläpdir(17). 24 taýpa-okruga bölünmeginiñ şeýle usuly oguzlarda-da ulanylypdyr: her topara 12 taýpa giripdir ㅡ bozok (sag, baş) we üçok (çep, tabyn). Bu toparlar: içoguz (içki oguzlar), ýagny sag, şeýle hem daşoguz (daşky oguzlar), ýagny çep diýibem atlandyrylypdyr. ''Bu gurluşyñ käbir häsiýetleriniñ (gürrüñ gunnlar hakynda barýar ㅡ Ö. G.) Orta Aziýanyñ iñ täze taryhynda gaýtalanýandygy begendirýär. 24 san belgisine gunnlaryñ syýasy durmuşynda-da (24 wezipe), merwli türkmenleriñ jemagatynda-da... (baş teke taýpalarynyñ ikisinde-de: togtamyşlarda we utamyşlarda, hersinde 24 ýaşuly) ähmiýet berlipdir''(18). Nurata türkmenlerinde ýigrimi dört diýlip atlandyrylýan bölek bar. Şeýle urug mukry türkmenlerinde-de bar. VI ㅡ VIII asyrlardaky gadymy türki döwletlerinde jemgyýetiñ anyk işläp düzülen gurluşy bolupdyr. Şadöwletiñ ýokary hökümdary kagan bolupdyr. Onuñ yz ýanyndaky adam ýabgu (''wisepatyşa'') bolupdyr. Ony patyşalyk edýäniñ maşgala agzalaryndan belläpdirler. Emma ýabgu tagtyñ mirasdüşeri bolmandyr. Ýabgu eýelän wezipesine garamazdan, tegin diýlip atlandyrylypdyr. Şad ady (derejesi) ganybir şazadalara degişli bolupdyr. Olar mülkleri (udelleri) dolandyrypdyr(19). Ilatyñ galan böleginiñ ählisi taýpalara ㅡ orda bölünipdir. Orda halkdan (budun) ㅡ ilatyñ ýönekeý wekillerinden we beglerden ýolbaşçy düzümden ybarat bolupdyr. Bu harby-guramaçylyk düzgüni bütin döwlete degişli bolupdyr we iki topara bölünipdir. Bütin türki halky gün diýlip atlandyrylypdyr. Taýpa birligi (ýokarda bellenilişi ýaly) ok adalgasy bilen añladylypdyr. Türki halklar yslamy kabul etmänkä, döwletiñ ýokary hökümdaryny añladan ýokary at (dereje) kagan bolupdyr. Bu sözüñ asly kan (han) derejesinden gelip çykýar we gadymy türki dilinde ''gan'', ýagny kan-kagan ㅡ jemagatyñ özeni, onuñ gany diýen manyny añladýar. Türki kaganlary Tañrynyñ ㅡ gudraty güýçli Hudaýyñ, ýagny (Tañry) kosmos giñişliginde ýol geçýän we ''Baky türki iliniñ'' kanunlaryny hem-de düzgün-nyzamlaryny goraýan atly äpet adamyñ keşbinde suratlandyrylypdyr. Oguzlaryñ düşünjesine görä, dünýäde hemme bolup geçýän zatlar Tañry tarapyn bolupdyr. Ol kaganlara akyl-paýhas (bilge), batyrlyk (alp) we hökmürowanlyk beripdir; halka hökümdarlary peşgeş beripdir, onuñ garşysyna günä iş edenleri jezalandyrypdyr, döwlet işlerini çözüpdir. Onuñ aýaly ㅡ önümlilik hudaýy Umaý esgerlere howandarlyk edipdir. Tañrynyñ ýerdäki nusgasy kaganlar hasaplanypdyr. Olar özüniñ adyna ''Asmanda doglan'', ''Asmana çalymdaş'' häsiýetlendirmelerini goşupdyrlar. Hökümdarlyk edýän nesilşalyk döwleti özünde jemläpdir we döwletiñ bir bölegi bolupdyr. Beýik Seljuk türkmenleriniñ şadöwletinde soñabaka hökümdaryñ döwlet bilen, döwletiñ bolsa çadyr bilen baglanyşdyrylmagy ýöne ýerden däldir. Çadyryñ ortasyndaky direg bölegi ㅡ wezir, ýüpleri ㅡ begler, matasy ㅡ kazylar, weliler we ş.m. hasaplanypdyr. Türkiler düşünjesine görä, asman kaganlara özboluşly ''şa täjini'' ㅡ kut (gut) diýlip atlandyrylan üýtgeşik gujur-gaýrat beripdir. Bu söz: Idikut, Gutlug ýaly käbir hökümdarlaryñ atlarynyñ bir bölegi bolup durýar. Gündogarşynas A. Galiýewiñ belleýşi ýaly: ''Hökümdar ㅡ ähli eşretleriñ gözbaşydyr, onuñ öñünde goýlan wezipelerine: öz halkynyñ ruhanysy bolmak, ýagny ilaty garamagyñda saklamak, gözegçilik etmek, dolandyrmak, jezalandyrmak, goramak, alada bilen gurşamak, eklemek, ýer-jaý bilen üpjün etmek we ilatyñ sanyny köpeltmek ýaly hyzmatlar giripdir''(20). Türkmenler yslamy kabul edenlerinden soñra, olaryñ hökümdarlary öz türki dereje atlaryny soltan (hökümdar, jenap) diýen musulman atlaryna çalşyrypdyrlar we musulman Aziýasynyñ ähli halklaryny özleriniñ täsiriniñ astyna çekipdirler. Arap halyflaryndan bolmadyk ilkinji soltan ㅡ Mahmyt Gaznaly türkmendir. Ýöne halyflaryñ özleri-de soltan adyny götermegi dowam etdiripdirler. Beýik Seljuk döwletiniñ ilkinji hökümdary, kynyk tiresinden türkmen Muhammet Togrul beg tä 1055-nji ýylda halyf al-Kaimdan solanlyk derejesini alýança, olar ruhy we dünýewi häkimýeti bilelikde ýöredipdirler. Halyf dünýewi häkimiýeti türkmen serdaryna dabaraly ýagdaýda gowşurypdyr. Mundan beýläk halyfyñ elinde diñe ruhy häkimlik jemlenipdir. Onuñ döwlete ýolbaşçylyk etmäge hukugy bolmandyr. Seljuk soltany ýörite şahadatnama we ak pata alyp, musulmanlaryñ ymamynyñ (ýagny, halyfyñ) ynanylan adamsy bolupdyr we ''dünýäniñ hökümdary'' hasaplanypdyr(21). Megerem, bu aýdylanlaryñ hemmesi Allanyñ çözgüdine esaslanan hökmürowanlyk ýagdaýynda dowam eden türki däplerinden habar berýär. Seljuklaryñ beýik weziri Nyzamylmülk şeýle ýazypdyr: ''Allatagala her döwürde adamlaryñ içinden birini saýlaýar, ony şöhratlandyrýar we patyşanyñ artykmaç taraplary bilen bezeýär''(22). W. W. Bartoldyñ pikiriçe, seljuklar: ''...halyfyñ, şeýle hem özüniñ dini abraýy bilen soltanyñ hökümdarlygyny mukaddesleşdirýän dini dünýäsiniñ ýokary hökümdary ㅡ soltan''(23) hakynda taglymy döredipdirler. S. G. Agajanowyñ sözlerine görä, soltan diñe raýatlaryñ işlerine däl, eýsem, harby işlere-de ýolbaşçylyk edipdir. Ol serkerdebaşylary belläpdir we wezipesinden boşadypdyr, goşunyñ gurluşyny üýtgedip gurapdyr, dabaraly ýörişleri kabul edipdir. Soltan ýokary ýolbaşçy bolupdyr we uly uruşlar döwründe ýörişlere we harby hereketlere hut özi ýolbaşçylyk edipdir(24). Asyrlaryñ dowamynda dereje atlarynyñ ilkibaşdaky manylarynyñ üýtgäp durandygyny bellemek gerek. Meselem, gadymy türki döwletlerinde wise-patyşany añladan ýabgu ady Syrderýa oguzlarynyñ döwletinde ýokary hökümdarlyk derejesine öwrülýär. Öz üstlerine halyflaryñ wezipelerini alan Osman türkmenleriniñ soltanlarynyñ garşy bolmagyna garamazdan, gündogar hökümdarlarynyñ köpüsi soñabaka ''soltan'' adyny kabul edipdirler. Ýokarda ýatlanyp geçilenlerden başga-da, orta asyr türkmen döwletlerinde şu aşakdaky dereje atlary bolupdyr. Olar jemgyýetiñ harby-agalyk ediji ýokary gatlagyny añladypdyr: ilik (ilikhan, ilhan), elteber, tarhan, tudun, ilçibaşy, tamgaçhan, arslanhan, şerefeddin, bograhan, ýynal, atabeg, ynanç, sagun, baýgu (ýabgu)(25). Türkmenler yslamy kabul edenlerinden we ägirt uly şadöwletleri döredenlerinden soñra, köşkde iñ uly wezipäni wezirler (''premýer-ministrler'') we atahojalar eýeläpdirler. Diniñ abraýyny galdyrmak işinde aýratyn tapawutlanan türkmen hökümdarlaryna we harby ýolbaşçylaryna ''muaýid ad daula weddin'' (''döwletiñ we diniñ ýarany'') we ''ymameddin'' (''diniñ daýanjy'') dereje atlary berlipdir. Köşk durmuşynda hökümdarlaryñ aýallarynyñ tutan orny uly bolupdyr. Olara hatyn ady berlipdir(26). Jemagatyñ (obşşinanyñ) agzalary (ärler, äratlar): baýlara, orta gurply adamlara we ýoksullara (çigaý) bölenipdir. XI ㅡ XII asyr çeşmeleriniñ maglumatlarynda hanlara we beglere gulluk eden müşderiler (oguş), gullukçylar (ýigit), kiçi gullukçylar (oglan), şahsy raýatlar (has är), tabyn obşşinaçylar (kulsyk är we kulsyk kişi) dogrusynda gürrüñ edilýär(27). S. G. Klýaştornynyñ belleýşi ýaly: ''Gadymy türki jemagatynyñ ýokary gatlagyna begler, şeýle hem agalyk eden aýratyn hukukly maşgaladan, ýagny mukaddes hasaplanan taýpadan gelip çykan adamlar degişli bolupdyrlar''(28). Begler uly abraýdan peýdalanypdyrlar. Bu meşhur at nesilden-nesle geçipdir, häkimlik bolsa kanun (töre) tarapyndan makullanypdyr. Türkmenleriñ taýpa we urug serdarlary bolan begler harby bölümlere-de ýolbaşçylyk edipdirler. Bu bölümlerde olaryñ hususy toparlary-da (dru£inalar) bolupdyr. ''Beg'' sözeniñ manysy üç sany esasy düşünjäni añladýar: 1 - garamaýak halkdan tapawutlanýan her bir pähimli adam; kähalatlarda, şazadalary-da begler diýip atlandyrypdyrlar; 2 - kagandan ýa-da handan tapawtlylykda, ol taýpanyñ we urug toparynyñ serdary bolup durýar; 3 - ol, sözüñ giñ manysynda, islendik ýolbaşçydyr. VII-VIII asyr gadymy türki ýazgylarynda ''beg'' sözi bu üç manysynda-da duşýar. Türki dilli usun (as) halkynyñ hökümdarynyñ günbeg adyny göterendigi gyzyklydyr(29). Arap awtorlarynyñ birisi Idrisi (XII a.) türki begleri hakynda şeýle ýazypdyr: ''...Olar serdarlaryñ gözegçiligi we howandarlygy astynda ýaşaýarlar, ähli kynçylyklar babatynda serdarlara ýüz tutýarlar... Olaryñ goşun serkerdeleri söweşjeñ, seresaply, ýambermez, adalatly we edeplidir''(30). Beýik dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyñ (XI a.) ''Ýeriñ daýanjy ㅡ daglar, halkyñ daýanjy ㅡ begler'' diýip bellemegi ýöne ýerden däldir(31). Jemagat (obşşina) öz ähli agzalaryna är adyny bermek bilen sosial-hukuk bitewüligini gazanypdyr. Bu ada kesgitlenilen ýaşa ýeten we är adyny alan islendik ýetginjek oglan eýe bolup bilipdir. Bu ady almaklyk dereje beriş dessury bilen baglanykly bolupdyr. ''Yrg bitik'' (''Pal atyş kitaby'') X asyr runa ýazgysynda bu barada şeýle diýilýär: ''Gahryman esgeriñ ogly ýörişe gidenmiş. Söweş meýdanynda Erklik (ýerasty şalyk) ony özüniñ saýlanan wekili edipmiş. Ol kämillige ýeten äre mynasyp abraý alyp, meşhurlyk gazanyp, öýe şadyýan gaýdyp gelipmiş. Bilip goýuñ bu örän gowy!''(32). Ýetginjek oglan diñe söweşe gatnaşyp we edermenlik görkezip kämillige ýetipdir. ''Awesta'' laýyklykda, ýetginjek oglan 15 ýaşyna ýetip, oña keramatly kusti guşagy gowşurylanda, ol jemagata kabul edilipdir(33). Orta asyr oguz türkmenlerinde şeýle däp-dessuryñ bolandygy gyzyklydyr. ''Gorkut ata'' gahrymançylykly şadessanyndaky Baý Bugra beg ogly Basam barada gürrüñ edilýär: ''...On ýaşdan soñra on bäş ýaşy dolýar. Ol (Bamsy ㅡ Ö. G.) owadan, rehimli, edil çaý-çaññalygy urýan bürgüt kimin gaýduwsyz ýigit bolup ýetişýär...''(34). Emma akademik W. M. £irmunkiniñ sözlerine görä, Basamyñ jemagatyñ doly hukukly agzasy bolandygyna garamazdan, onuñ entek öz ''är ady'' ýokdy(35). Şadessanda gürrüñ berlişi ýaly, ''şol döwürde ýaş ýigide gan dökýänçä at berilmändir''(36). Ahyrsoñunda Basam täjirleriñ kerwenini talan talañçylary gyrýar. Baýböri han ähli oguzlary meýlise çahyrýar. Meýlisde dana, keramatly goja Gorkut ata: ''...onuñ Basam oglunyñ (indi) çal gulunyñ eýesi Bamsy-Beýrek diýen ady götermelidigi''(37) barada aýdyp, ýaş ýigide at dakýar. Söweşjeñ ''är adyna'' eýe bolup, onuñ söweş edermenliginiñ we şan-şöhratynyñ subutnamasy boljak täze atlary hem alyp bilipdir. Gadymy ýazgylar ýetginjek oglana ata-enesiniñ dakýan ''ýönekeý adyndan'' we ýaşulularyñ dakýan ''är adyndan'' başga-da, onuñ ärdemli är adyny hem-de ulug adyny alyp bilendigine şaýatlyk edýär(38). Türkmenlerde häzirki döwürde-de at dakmak däbiniñ täsirleriniñ saklanyp galandygy gyzyklydyr. Rowaýatlaryñ birinde şeýle gürrüñ berilýär: ''Bir zamanlar adama iki adyñ birinji adyñ dünýä inende, ikinji adyñ är çykañda berilýän döwri hem bolupdyr. Teke we saryk türkmenleriniñ urugbaşysy Äraly hanyñ üç ogly bolupdyr. Olara Utamyş, Togtamyş, Ýalkamyş diýip at dakypdyrlar. Bu atlary ýaşulylar dakypdyr, sebäbi şol döwürde ata-eneleriñ öz çagalaryna at goýmaga haklary ýok eken. Uly toý tutulyp, oña taryhy, däp-dessurlary oñat bilýän danalar çagyrylypdyr, olar çaga at dakypdyrlar''(39). Türkmenlerde başga däp-dessurlar hem bolupdyr. Oglanlar ýaş toparyna geçenlerinde, olarda hökman galpak syrylyp, galpak toý edilipdir. Bu däpler gadymy grekleriñ we hetleriñ at dakyşlaryna meñzeşdir(40). Türkmenlerde at bermek däbiniñ birnäçe basgançagy bolupdyr. Mysal üçin, ''ilkinji gezek ata mündüriliş däbi''. 8 ㅡ 10 ýaşa ýeten oglanlara baýramçylykda geýilýän gyrmyzy reñkli ýüpek don geýdirilip, guşagyna dessur pyçagy ㅡ gülbent pyçak gysdyrylypdyr. Bu pyçagyñ sapynda reñkli metaldan plastinasy (gülbendi) bolupdyr. Oglanyñ atasy ýa-da onuñ uly ýaşly garyndaşy ony ata mündürip, atyñ uýanyndan tutup, ony bu däbiñ geçiriliş dabarasyna gatnaşýanlaryñ daşyndan aýlapdyr. Oglana ak pata berlip, doga okalypdyr. Doga-dile edilende: 'Seniñ ogluñ ata çykdy, goý, onuñ aty hiç wagt büdremesin, goý, ol esger batyr bolsun! Goý, ol öz halkyna ýarasyn, oña arkadaýanç bolsun!'' diýlipdir(41). Dessur tamamlanandan soñra, ýetginjegiñ erkekler bilen meýlisde oturmaga, dakynmaga we ondan peýdalanmaga we ş.m. hukugy bolupdyr. Ýöne indiki basgançaga galmak üçin, ýetginjek ýene-de bir synagdan geçmeli bolupdyr: körükli ýerojak gazmak bolupdyr. Synagyñ bu görnüşi göräýmäge añsat ýaly bolup görünse-de, ondan geçmek hemmelere başardyp durmandyr. Bu synagdan geçen ýetginjek indiki ýaş derejesine geirilipdir. Ý. M. Botýakow ähli synaglar 18 ýaşa çenli tamamlanypdyr diýip hasaplapdyr(42). Biz bu maglumatlara ýöne ýerden üns bermedik. At dakylmagynyñ ähli basgançaklaryndan geçip, ''är adyna'' eýe bolan ýaşlar hakyky söweşijilere öwrülip, goşunyñ üstüni ýetiripdir. Şonuñ bilen birlikde, öýlenmedik ýaşlar (ärler) ýaşlaryñ aýratyn toparlaryny düzüpdirler. Şeýle däbiñ bir zamanlar günbatar Türkmenistanyñ çäklerinden Kiçi Aziýa göçüp giden hetlerde-de bardygy anyklanypdyr. Çeşmeleriñ berýän maglumatlaryna görä, marianni esgerleri (mar - adam, söweşiji diýmegi añladýar) het patyşalarynyñ aýratyn goşun toparlaryny düzüpdirler. Olar çagalykdan bile terbiýelenen, ylgamakda, ýaýdan ok atmakda ýaryşan, göreşde bäsleşen, gahryman ata-babalarynyñ görkezen gahrymançylyklary hakyndaky rowaýatlary öwrenen, at dakmak boýunça däpleri bilelikde geçen urşujylar bolupdyr. Giçki döwerlerde söweşijileriñ bu toparlary Orta Aziýanyñ etnografik maglumatlary boýunça giñden belli bolan ärleriñ birleşmesini döredipdirler. Sasany Eýranynda ''gurki'', ýagny ''möjekler'' diýlip atlandyrylan ýaş esgerleriñ toparlary bellidir(43). Söweşijileriñ şeýle birleşmeleri gadymy türkilerde-de meşhur bolupdyr. Türkileriñ ýokary hökümdarynyñ esgerlerine (gwardiýaçylaryna) börüler (hytaýça ㅡ fuli) diýlendigi barada hytaý çeşmelerinde bellenýär. Hanyñ karargähinde altyn möjegiñ kellesi şekillendirilen baýdagyñ dikilendigi, kä wagt, böri ㅡ han wezipesiniñ döredilendigi ýöne ýere däldir. ''Möjek urşujylar birleşiginiñ'' ''möjekleriñ özboluşly durmuş guramasy'' bolup durýan ärleriñ (möjekleriñ) birleşmeleriniñ kada-kanunlary bilen baglanyşyklydygyna şübhe ýokdur. Türki dilli halklarda ''gök böri'' (başga bir görnüşde owlak çapdy diýilýär) oýny giñden ýaýrandyr. Bu oýunda oýunçylardan birek-biregiñ elinden owlagy ýa-da goýny, şeýle hem ak süñki almak talap edilipdir. Olarda ýaryşa gatnaşýanlaryñ möjeklere ''öwrülmeklerini'' hem görmek bolýar(44). Çal möjek Oguz türkmenleriniñ taýpalarynyñ hyýaly howandary bolupdyr. Şeyle hem bu olaryñ söweşe çagyryşy bolup hyzmat edipdir. Fulheriý Şatrskiý Seljuk türkmenleriniñ möjegiñ uwlaýşyny ýatladýan söweşe çagyryşy bilen duşmanyñ üstüne çozandyklaryny habar berýär(45). Çeşmelerde gypjak hanlarynyñ biri Bonýagyñ söweşden öñ tokaý tarapa gidip, möjeklerden ýeñiş diländigi barada maglumat berilýär(46). Ärleriñ harby birleşmeleri baradaky düşünjeler türkmenlerde däp bolan agşamky oýunlar görnüşinde saklanyp galypdyr. Bu oýunlar on-ýigrimi ýyl mundan ozal hem oýnalýardy. Akademik A. Jykyýewiñ belleýşi ýaly, ''Keşdek'' (geşdek) belli bir ýaşdaky ýaş ýigitleriñ agşamky ýygnanyşmasydyr. Bu Sarahs medeni oturymynda we Amyderýanyñ orta akymynda has giñden ýaýrandyr. Ýaş ýörelgesi boýunça keşdek üç topara bölünipdir. Birinji topara, köplenç, öýlenmedik, 15 ㅡ 20 ýaş aralygyndaky ýigitler, ikinji topara 20 ㅡ 30 ýaşly erkek kişiler, üçünji topara bolsa ýaşy 30-dan ýokarylar giripdir. Ýaşy 30-dan ýokary erkek kişiler keşdege juda seýrek ýygnanyşypdyrlar. Topara 15ㅡ20 adam giripdir. Agşamy geçirmegiñ ýörelgesi ähli toparlarda birmeñzeş bolupdyr. Her bir toparyñ öz düzgünnamasy bolup, ony toparyñ ähli agzasy berjaý edipdir. Ol ýa-da beýleki toparyñ ähli agzalary biri-birini oñat bilipdir, köplenç, olar bir uruga degişli bolupdyr. Hepde-de 1-2 gezek ýygnanyşylypdyr. Ýaş, öýlenmedik ýigitleriñ içinde has uly abraýlysy gurapdyr. Oña ''han'', ''ýaşuly'', ''aksakal'' diýlipdir. Ol öz dostlary bilen bilelikde jemgyýete mynasyp ýaş ýigitleri saýlap alypdyr... Jemgyýetiñ agzasy bolmaga diñe ''hanyñ'' razylygy boýunça ygtyýar berlipdir(47). Keşdege meñzeş däp Türkmenistanyñ günortasynda-da bolupdyr. Oña deññene diýlipdir. Onuñ tapawudy ㅡ onda hemişelik agzalaryñ bolmagyndan we onuñ ýigitleriñ islegi boýunça guralandygyndan ybaratdyr. Dostlaryñ öz aralarynda gurnaýan ''han-han'' oýny hem bu oýna menzeşdir. Onuñ agzalarynyñ içinden (15ㅡ 20 adamdan) ''han'', ''nökerler'', ''wezirler'', ''aşpezler'', ''nahary saçaga äberijiler'' saýlanypdyr(48). Oýunlara gatnaşyjylaryn bilelikde meýlis gurnaýan şeýle oýunlaryny guramak üçin, iýmit toplanypdyr, aýdym diñlenipdir, şowhunly oýunlar oýnalypdyr, kimdir biriniñ durmuşynda mesele ýüze çykanda oña duýgudaşlyk bildirilipdir we ş.m. Bu oýunlar ýaş ýigitleri jebisleşdiripdir. Biraz wagt geçenden soñra, hut şeýle oýunçylar toparlaryndan ajaýyp söweşjeñ toparlar döräpdir. Olarda eýýäm öñbaşçylar kesgitlenipdir. Dostluk, käbir ýagdaýlarda, garyndaşlyk arkaly jebisleşen topar ýaragdaş doganlaryñ kuwwatly güýjüni añladypdyr. Ýaş söweşijileriñ bu toparlary ㅡ türkmen jemgyýetiniñ has söweşjeñ taýpalary eýelän çäkleriniñ serhetlerinde durup, duşmanyñ ilkinji zarbasyny döş gerip garşylapdyrlar. Hanyñ baştutanlygyndaky goşun bölümleri şeýle döräpdir. Han öz nökerlerini ähli zerur zatlar bilen üpjün etmäge borçly bolupdyr. Saýlama söweşjeñlerden düzülen goşun bölümi häkimiýet edarasy bolupdyr. Saýlama söweşjeñlerden düzülen goşun bölümi häkimiýet edarasy bolupdyr. Häkimiýet urug-taýpa düzümine garşy goýlupdyr. Şonuñ bilen birlikde, nökerler janpenalar bolupdyrlar we örän möhüm diplomatik tabşyryklar bitirmegi başarypdyrlar. Mysal üçin, kyrk nökere baştutanlyk eden Görogly (nökerleriñ arasynda onuñ ýarag göterijisi hem bolupdyr) birnäçe nökerini gepleşik geçirmek üçin gürji şasynyñ huzuryna ýollapdyr(49). Nökerlerden düzülen goşunyñ agzalaryna has anyk kesgitlemäni B. Ý. Wladimirow beripdir: ''Hemişelik harby arkalaşyk hökmünde, nökerler öz serdary bilen egin-egne berip ýaşap, emer-damary bilen hem goşun,hem saýlama esger bolupdyr; her nökerden geljekde serkerde, goşun serkerdesi çykypdyr''(50). Beýik şadöwletleriniñ döwründe beglerden ybarat bolan hemişelik goşun ýönekeý ärlerden düzülipdir. Şeýle-de bolsa, nökeriñ derejesi iri goşun birikmeleriniñ baştutanlarynyñ derejesinden has ýokary bolupdyr. Zerur bolanda, hut şeýle nökerlerden has uly harby wezipelere bellenipdir. Harbylaşdyrylan türkmen jemgyýeti gulluga gündogarly hökümdarlaryñ nökerlerine öwrülen ýaşlardan köp sanlysyny terbiýeläp beripdir. Tä XIX asyryñ ahyryna çenli türkmen jemgyýetiniñ harby-sosial gurluşynyñ esasy görnüşiniñ oba bolandygyny bellemek gerek. Oba birnäçe ganybir maşgaladan ybarat bolupdyr. Ol maşgalalar garyndaşlyk hem-de hojalyk gatnaşyklary arkaly birleşip, etnik-çäk birleşiklerini düzüpdirler. Bellikler: 1. Kyçanow Ý. I. Koçewyýe gosudarstwa ot gunnow do manç£urow. ㅡ M.,1997. S. 108; Istoriýa Kazahstana i Sentralnoý Azii: Uçebnoe posobie. ㅡ Almaty, 2001. S. 86-87. 2. Klýaştornyý S. G., Sultanow T. I. Kazahstan. Letopis treh tysýaçeletiý. ㅡ Alma-Ata, 1992. S. 102. 3. Rybakow B. A. Gerodotowa Skifiýa (istoriko-geografiçeskiý analiz). - M.,1979. S. 182. 4. Materialy po istorii sýunnu (po kitaýskim istoçnikam) / Per. i prim. W. S. Takina. Wyp. II. - M., 1973. S. 73. 5. Bokşanin A. G. Parfiýa i Rim. Wozniknoweniýe sistemy politiçeskogo dualizma w Peredneý Azii. ㅡ M., 1960. S.181. 6. Tolstow S. P. Po sledam drewnehorezmiýskoý siwilizasii. - M. - L., 1948. S. 144.149. 7. Raşid ad-Din Fazlallah. Oguz-name / Per. s pers. R. M. Şukýurowoý. -M.,1991.S.97. 8. Dowgýalo G. I. Stanowleniýe ideologii ranneklassowogo obşestwa: Na materiale hettskih klinopisnyh tekstow. -Minsk, 1980. S.16. 9. Akişew A. K. Iskusstwo i mifologiýa sakow. ㅡ Alma-Ata, 1984. S.121. 10. Gumilýew L. N. Hunnu. SPb. 1993. S. 39. 11. Medwedew A. P. Sarmaty i lesostep (po materialam Podonýa). ㅡ Worone£, 1990. S. 86. 12. Inostransew K. A. Sasanidskiýe etýudy. SPb, 1909. S.78. 13. Gordlewskiý Wl. Gosudarstwo Seld£ukidow w Maloý Azii. ㅡ M.-L.,1941. S. 51.63. 14. Medwedew A. F. Ruçnoýe metatelnoe oru£ie (luk i strely, samostrel) VIII-XIV ww.-M., 1966. S.21. 15. Grekow B. D. Ýakubiwskiý A. Ýu. Zolotaýa Orda i ee padeniýe. ㅡ M., 1998. S. 85. 16. Dowglýalo G. I. Ukaz. rab. S. 15. 17. Kyçanow Ýe. I. Ukaz. rab. S. 17. 18. Bartold W.W. Dwenadsat leksii po istorii tureskih narodow Sredneý Azii. Soç. T. V. ㅡ M., 1968. S. 136. 19. Gumilew L. N. Drewniýe Týurki. ㅡ M., 1993. S. 53. 20. Galiýew A. A. Tradisionnoe mirowozzreniýe kazahow. ㅡ Almaty, 1997. S. 97-98. 21. Gundogdyýew O. A. Sakralnaýa priroda wlasti turkmenskih prawiteleý // Wozro£denie. - Aşhabad, 1999. No:6. S.19. 22. Nizam al-Mulk. Siýasatname (Kniga ob uprawlenii gosudarstwom)/ Per. s pers. B. N. Zahodera. - Duşanbe, 1998. S. 24. 23. Bartold W. W. Soç. T. II. Ç.I. ㅡ M.,1963.s.248. 24. Agad£anow S. G. Obşestwennogo-politiçeskiý stroý Turkmenistana w XI-XII ww. Rukopis. ㅡ Aşhabad, 1970. S.41. 25. Gündogdyýew Ö. A. Oguz türkmenleriniñ harby jemgyýeti // ESGER. 13.11.1997. No: 46; Klýaştornyý S. G. Wersiýa drewnetýurkskoý genealogiçeskoý legendy u al-Biruni // Srednewekowyý Wostok.ㅡ M.,1980. S.159. 26. Gundogdyýew O. A. Sakralnaýa priroda wlasti... S.19-20. 27. On £e. Oguz türkmenleriniñ harby jemgyýeti... 28. Klýaştornyý S. G. Sultanow T. I. Ukaz. rab. S.142. 29. Gundogdyýew O. A. Sakralnaýa priroda wlasti... S.20. 30. Karaew O. Izwleçeniýa swedeniý iz geografii al-Idrisi ''Kitab nuzhat al-muştak fi htirak al-afak'' (Razwleçeniýe istomlennogo w stranstwii po oblostýam) o nekotoryh týurkskih plemenah // Arabo-persidskiýe istoçniki o týurkskih narodah. ㅡ Frunze, 1973. S. 49-59. 31. Klýaştornyý S. G. Sultanow T. I. Ukaz. rab. S. 141. 32. Tam £e. S. 143. 33. Awesta w russkih perewodah (1861-1996) / Sost. i prim. I. W. Raka. SPb, 1998. S. 91. 34. Kniga moego deda Korkuta. Oguzskiy geroiçeskiý epos / Per. W. W. Bartolda. ㅡ M.-L.. 1962. S. 33. 35. £irmunskiý W. M. Týurkskiý geroiçekiy epos. ㅡ Izbrannyýe trudy. ㅡ L., 1974. S. 155. 36. Kniga moego deda Korkuta... S.33. 37. Tam £e. S. 34. 38. Ýermolenko L. N. Predstawleniýa drewnih týurkow o woýne // ALTAICA. II. ㅡ M., 1998. S. 53-54. 39. Býaşimow M. Kogda ýunoşa stanowitsýa mu£çinoý // Turkmenskaýa iskra. 06.09.1993. No:208. 40. Tam £e. 41. Botýakow Ý. M. Alaman. Sosialno-ekonomiçeskiýe aspekty instituta nabega u turkmen (seredina XIX ㅡ perwaýa polowina XX weka). - SPb, 2002. S. 52. 42. Tam £e. S. 53-54. 43. Kuzmina E. E. Drewneýşie skotowody ot Urala do Týan-Şanýa.-Frunze, 1986. S. 9. 44. Ermolenko L. N. Ukaz. rab. S. 161. 45. Agad£anow S. G. Gosudarstwo Seld£ukidow i Srednýaýa Aziýa w XI-XII ww. -M., 1991. S. 161. 46. Pletnewa S. A. Polowodsy. ㅡ M.,1990. S. 102. 47. D£ikiýew A. Tradisionnyýe turkmenskiýe prazdniki, razwleçeniýa i igry (na materaile Ýu£nogo i wostoçnogo Turkmenistana). ㅡ Aşhabad, 1983. S.73-74. 48. Tam £e. S. 76-77. 49. Ger-ogly. Turkmenskiý geroiçeskiý epos / Per. B. A. Karryýewa. ㅡ M.,1983. S. 553-554. 50. Wladimirsow B. Ýa. Obşestwennyý stroý u mongolow (mongolskiý koçewoý feodalizm). ㅡ L.,1934.S.91. Öwez GÜNDOGDYÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |