TÜRKMENLERIÑ SÖWEŞJEÑ GALKANLARY
■ Galkanlar
Gadymy Türkmenistanyñ esgerleriniñ goşmaça serişdesi galkan bolupdyr. Antik awtory Dion Kassiý: ''Parfiýalylar galkan ulanmaýar, emma olaryñ goşunlary atyñ üstünde ýaý atyjylardan hem-de naýza atyjylardan ybaratdyr we olaryñ köpüsiniñ harby esbaplary doly üpjündir''(1) ㅡ diýip belleýär. Gadymy taryhçy öz maglumatynda galkan zerurlygynyñ ýoklugy sebäpli, agyr ýaraglanan parfiýaly esgerleriñ ony goşmaça gorag hökmünde ulanmandygyny aýratyn nygtaýar. Emma arheologiýa we şekil çekmek sungatynyñ maglumatlary parfiýalylaryñ galkan ulanandygyny subut edýär. Megerem, olarda galkan ýeñil ýaraglanan we ortaça ýaraglanan esgerleriñ harby esbaplarynyñ düzümine girendir. Ärsaglar eýýamynyñ parfiýaly egerleriniñ galkanlary öz şekillerine görä alty görnüşe bölünýär.
1. Uzyn çöplerden gurnalyp, yşlaryna gaýyş goýuşdyryp birleşdirilen, gönüburçluk şekilli galkanlar;
2. Süýünmek şekilli (üç nusgasy - metal sudurly; üç bölekden gurnalan; köp sanly ýuka tagtajyklardan gurnalan);
3. Kiçeñräk, tegelek;
4. Legen şekilli (örülen);
5. Alty burçly;
6. Pişme şekilli.
Galkanyñ käbir görnüşleri (birinji, altynjy, belki, üçünji we dördünji) Göndogar (şol sanda çarwa) toplumyna, beýlekileri (ikinji we bäşinji) - antik döwür toplumyna degişlidir(2).
M. Ý. Massonyñ belleýşi ýaly, Köne Nusaýda ýüze çykarylan uly we kiçi süýnmek galkanlaryñ demir halkalardan edilen sudurlary bar. Şol halklaryñ daşyna nagyşly bezeg şaýlary dakylan irimçik gaýyş çekilipdir. Halkalaryñ biriniñ (ulusynyñ) ortasynda üç dişli uzyn demir ýerleşdirilipdir, gyralarynda bolsa çalarak ýaýylan ganatly on sany agajyñ şekilleri gezekleşdirilip çekilipdir(3).
III-IV asyrkarda Merkezi Aziýada gönüburçlyk şekilli galkanlar has giñden ýaýrapdyr. Olaryñ boýy 60 sm-den 150 sm-e ýetipdir. Çarçuwanyñ, tagtanyñ, taýagyñ ýüzüne çekdirilip berkidilen galyñ we gaty gaýyş galkanlary çeýe edipdir we olaryñ gorag häsiýetlerini ýokarlandyrypdyr(4).
Takmynan, VI asyrda tegelek galkanlar gönüburç galkanlary gysyp çykarýar. Olaryñ kiçeñräk (ortaçyzygy 40-50 sm), şeýle hem uly (ortaçyzygy 80 sm-e ýetýän) görnüşleri-de bolupdyr. Gaýşy tagtanyñ ýüzüne çekipdirler, daşyna demir aýlapdyrlar ýa-da ortasyna tegelek demir kakyp berkidilipdirler(5). Megerem, kiçeñräk tegelek galkanlar atly esgerleriñ öñüni tutup, gorag serişdesi bolandyr. Sebäbi olar pyýada goşun esgeriniñ bütin göwresini gorap bilmändir. Atly söweşijiniñ göwresiniñ diñe ýokarky bölegi goralsa, ýeterlik bolupdyr, sebäbi eýeriñ gaşy belli bir derejede gorag hyzmatyny ýerine ýetiripdir(6).
■ Galkan ㅡ esger üçin ygtybarly gorag serişdesidir. ''Gorkut ata'' şadessanynda jigitleriñ ''galkan bilen goranyp'', galanyñ derwezesini döwendigi hakynda gürrüñ edilýär(7).
Biziñ pikirimizçe, L.A.Bobrowyñ we Ý. S. Hudýakowyñ: ''Galkanyñ Orta Aziýada XVI ㅡ XVII asyrlarda giñden ýaýran esasy görnüşleri sebite Çingiz han tarapyndan getirilipdir...'' ýa-da: ''Çybykdan örülen galkanlar sebite mongollar tarapyndan getirilipdir we örän tiz wagtda Kiçi Aziýadan we Gündogar Ýewropadan tä Koreýa we Hytaýa çenli bolan çäkleriñ esgerleriniñ arasynda meşhurlyk gazanypdyr(8)'' - diýen pikirleri örän jedelli bolup görünýär. Sebäbi tegelek we çybykdan örülen galkanlar Orta Aziýada eýýäm parfiýalylar döwründe ulanylypdyr. Parfiýalylaryñ garyndaş sarmat taýpalarynda-da çybykdan örülen galkanlaryñ bolandygy barada Strabon belleýär: ''Olarda (sarmatlarda ㅡ Ö. G.) öküziñ ýaga ýatyrylan hamyndan edilen tuwulgalar we sowutlar ulanylýar. Olar örme galkanlary gorag serişdesi hökmünde göterýärler(9)''.
Giçki orta asyrlar döwründen başlap, tä olaryñ ulanyşdan galan wagtlaryna çenli, orta aziýaly atly esgerleriñ harby esbaplarynyñ düzüminde galkanyñ şu aşakdaky görnüşleri bolupdyr: çybykdan örülen ㅡ konus şekilli suduryñ daşyndan çybyk örülipdir we soñra sapak bilen torlaşdyrylyp, reñkli geometrik nagyş emele getirilipdir; galkanlaryñ konusynyñ ujunda bir (ýa-da birnäçe) tegelek demir bolupdyr; gaýyşdan edilen ㅡ galyñ gaýyşdan edilen, konus şekilli, ortasy tegelek demirli, demir örtükler bilen berkidilen; agaç galkanlar ㅡ tegelek, tekiz, daşyna gaýyş çekilen we tegelek demir hem-de örtükler bilen berkidilen; bütewiligine süýlen ýa-da ýasy demir bölekleri bilen doly örtülen galkanlar. Bu galkanlar dürli bezegler we dürli reñkli boýaglar bilen owadan bezelipdir(10).
Şeýlelikde, galkan ygtybarly we berk, öñüni tutup duran goraýjy serişde bolupdyr. Ýöne ony ökde ulanmak üçin, uzak wagtlap we erjel türgenleşmeli bolupdyr.
■ ÇEŞMELER:
1. Hazanow A. M. Katafraktarii i ih rol w istorii woýennogo isskustwa - file://C:/WINDOWS/ Raboçiý/ 20 stol/ arh/ x/ 20 Legio/ 201-5/20/20 Woýenno-istoriçeskiý. S. 13.
2. Nikonorow W. P. Agzalan eser. S. 13.
3. Masson M. E. Narody i oblasti ýu£noý çasti Turkmenistana w sostawe Parfýanskogo gosudarstwa//Trudy ÝUTAKE. - Aşhabad, 1955. T.V. S.46.
4. Gorelik M. B. Agzalan eser, S. 166-167.
5. Şol ýerde. S. 175.
6. Lipes R. S. Obrazy batyra i ýego konýa w týurko-mongolskom epose. ㅡ M., 1984. S. 68.
7. Kniga moego deda Korkuta. Oguzskiý geroiçeskiý epos/ Per. W. W. Bortolda. ㅡ M.-L.. 1962. S. 97.
8. Bobrow. L. A., Hudýakow Ýu. S. Agzalan eser. S. 135.
9. Strabon. Geografiýa w knigah / Per. i kom. G. A. Stratanowskogo - M., 1964. S. 281.
10. Bobrow L. A. Hudýakow Ý. S. Agzalan eser. S. 135 ㅡ 136.
''AZIÝANYÑ GERÇEKLERI'', Aşgabat-2012.
Öwez GÜNDOGDYÝEW.
Taryhy makalalar