10:56 Türkmenleriñ harby-deñiz güýçleri | |
TÜRKMENLERIÑ HARBY-DEÑIZ GÜÝÇLERI
Taryhy makalalar
Türkmenler we olaryñ ata-babalary ähli döwürlerde atly (seýrek ýagdaýda pyýada) esgerler hökmünde beýan edilendigine garamazdan, olaryñ käbir bölegi Hazar sebitlerinde we uly derýalaryñ kenarlarynda (Murgap, Amyderýa, Syrderýa we ş.m.) ýaşapdyrlar we gämileri ýasapdyrlar, balyk tutmak bilen meşgullanypdyrlar. Olaryñ ajaýyp deñizçi esgerleri bolandygyna hem hiç-hili şübhe bolup bilmez. Türkmenleriñ ata-babalarynyñ harby esger bolandyklary hakyndaky ilkinji maglumatlar biziñ eýýamymyzdan öñki V asyra degişlidir. Bu ýerde gürrüñ biziñ eýýamymyzdan öñki V asyryñ 80-nji ýyllarynyñ ahyryndaky wakalar hakynda barýar, şonda ahemenidleriñ şasy Kserk Gresiýa garşy ýörişe 1207 söweş gämisini we 3000-e golaý kömekçi gämileri ýaraglandyrýar. Gerodot özüniñ ''Taryh'' diýen işinde söweş gämilerinde saklaryñ, midýanlaryñ, parslaryñ hataryndan bolan 30 esgeriñ bolandygyny belleýär(1). A.I.Dowatur, D.P.Kallistow, I.A.Şişowa Gerodotyñ hut ''deñizçilerden, matroslardan we kürekleýjilerden tapawutlylykda harby gämidäki deñizçi esgerleri, ýaragly adamlar'' hakynda gürrüñ edýär diýip hasaplaýarlar(2). Şunuñ ýaly halatda saklar (türkmenleriñ ata-babalary) islendik wagtda garşydaşlarynyñ toplanan sebitlerine baryp düşmek üçin taýýar gadymy deñiz pyýada goşuny hökmünde çykyş edipdirler. Belkäm, bu esgerler duşman gämilerini ele salyp, deñiz söwelerine hem gatnaşandyrlar. Gadymy grek geografy Strabon biziñ eýýamymyzyñ sepgidinde Türkmenistanyñ Hazarýaka ýerlerini beýan edip, ol ýerde ''massaget batgalyklarynda'' ýaşaýanlar hakynda habar berýär, olar balyk tutmak bilen meşgullanýarlar(3), diýmek, türkmenleriñ ata-babalary massagetler ýeñil we tiz hereket edýän uly bolmadyk gämilerden peýdalanypdyrlar. Orta asyr awtorlarynyñ bize galdyran maglumatlary türkmen deñizçilik ulgamynyñ däpleriniñ bolandygy hakyndaky netijäni çykarmaga doly ýeterlikdir. Mysal üçin, awtory näbelli bolan X asyrdaky ''Hudud al-alem'' diýen eserde Hazar deñzindäki iki ada hakynda gürrüñ berilýär, ol ýerde oguzlar ýaşapdyrlar, olar deñizde we kenarýakasynda ýaşapdyrlar(4). Beýleki gündogar taryhçysy al-Istarhi (Hasyr) Günorta Hazarýakasyndaky Abeskun ilatly nokady görkezýär, ol barada belli rus alymy B. A. Litwinskiý şeýle ýazýar: ''Çelekenden (häzir Hazar ㅡ Ö. G.) uzak bolmadyk ýerde Gumuş depede Abekunyñ iri deñiz duralgasy bolupdyr, ol Gürgen üçin deñiz duralgasy bolup hyzmat edipdir, ol irki orta asyrlarda deñziñ bu böleginde deñizçilik ulgamynyñ ösendigine şaýatlyk edýär''(5). Abeskunyñ deñiz duralgasy hakynda türkmen soltany Mahmyt Gaznewiniñ nesli Unsur al-Maali Keýkowusyñ etiko-didaktiki ''Kowusnama'' eserinde hem ýatlanylýandygyny bellemek gerek (bu eser 1082-nji ýylda ýazylyp gutarypdyr). Keýkowus haçanda kakasynyñ ýüzmegi öwrenmäge mejbur eden wagtynda hut Abeskundan ''...tejribeli deñizçileri getirendigini we özüni olara tabşyrandygyny'' ýazýar(6). Biz şeýle hem, Beýik Türkmen-Seljuk imperiýasynyñ soltanlarynyñ özleriniñ ygtyýarynda harby-deñiz flotuna eýe bolandyklary barada hem bilýäris. Orta asyr awtory Ibn Al-Asiriñ subut etmegine görä, soltan Alp Arslan (1063-nji ýyl) özüniñ goşunlaryny Araksyñ üstünden geçirmek üçin harby gämileri peýdalanýar(7). XII-XIII asyrlarda Kiçi we Alynky Aziýadaky türkmen döwletleri (Aýdynogullary, Menteşogullary, Garamanogullary beglikleri) Ortaýer deñziniñ duralgalaryna eýe bolýarlar, olardan gazylar ㅡ deñizde ýüzüjiler harby ýörişlere ugraýarlar(8). Paýagty Kair bolan Mamlýuk soltanlygyny emele getiren türkmen esgerleri Afrikada harby we söwda gämileriniñ ägirt uly sanyna eýe bolýarlar. Iñlis taryhçysy Robert Irwiniñ ýazyşy ýaly, mamlýuk soltany Aşryf Barsbeýiñ (1422-1437-nji ýyllar) döwründe ''...fatimidleriñ döwründe Ortaýer deñzinde uly harby flot ㅡ iñ güýçli musulman floty döredilýär. Indi Siriýanyñ kenarýakalaryndaky deñiz duralgalaryna eýe bolan mamlýuklaryñ 1191-nji ýyldan bäri hristianlar ㅡ haç göterijiler we deñiz garakçylary üçin baza bolup hyzmat eden Kipre jogap urgusyny urmaga ýagdaýy bolupdyr. 1425-nji ýylda müsür floty Kipre hüjüm edýär, soñky ýyl bolsa mamlýuklaryñ goşuny adany talaýarlar we Ýanus şany ýesir alýarlar. Kipr solanlygyñ mülki bolýar, onuñ emeldarlary bolsa deñiz garakçylaryny öz ýerlerinde saklamajakdyklaryna kasam edýärler''(9). Türkmen-Osman döwleti güýçli harby flota eýe bolupdyr. Bu baradaky ilkinji subutnamalar eýýäm Osman Gazynyñ oglunyñ ㅡ Orhanyñ dolandyran döwrüne degişlidir. Mälim bolşuna görä, haçanda 1345-nji ýylda Orhan Wizantiýanyñ imperatory Ioanna Kantakuzinanyñ gyzyna ㅡ Feodora öýlenende, ol gelnini getirmek üçin 13 sany harby gämini ugradýar. Türkmen-Osman flotunyñ deñizdäki güýji ilkinji gezek 1399-njy ýylda synalyp görülýär. Şonda Baýezit soltanyñ floty harby deñiz sungatynyñ gadymy ýörelgelerine eýe bolan Wenesiýanyñ we Genuýanyñ birleşen güýçlerinden Dardaneler söweşi mahaly ýeñlişe sezewar bolýar(10). Emma Osman begleri ''Dünýä möçberindäki'' döwleti gurmak üçin diñe bir däbe öwrülen atly goşuna däl-de, eýsem pyýada goşuna hem, artilleriýa we birinji derejeli flota eýe bolmagyñ gerekdigine akyl ýetirip, bu wezipeleriñ ählisine üstünlik bilen hötde gelýärler. Bary-ýogy ýarym asyrdan soñ Türkmen-Osman goşunlarynyñ ygtyýarynda 125 söweş gämileri bolupdyr (kömekçi gämileri hasaplamazdan). Haçanda 1453-nji ýylyñ ýazynda Muhammet (Mehmet) II floty Mermer deñzine girende, wizantiýalylar geñ galdyrmak bilen türkmenleriñ flotunyñ özleriniñ flotundan 5 esse agdyklyk edýändigini gördüler. Mehmet II Konstantinopola hüjüm etmäge taýýarlanyp, gämileriniñ bir bölegini ýag çalynan pürsleriñ we demir tekerleriñ kömegi bilen, ýeriñ üsti bilen Bofsordan Altyn Şaha geçirdi. Garaşylmadyk ýagdaýda Altyn Şahada peýda bolan ýetmiş sany gämi Wenesiýanyñ paýtagtyny daşarky dünýäden doly bölüp aýyrdy(11). Wizantiýa imperiýasynyñ synmagy (1453-nji ýylda), bäş ýyldan Afinanyñ, ýene-de üç ýyldan soñ Trapezund imperiýasynyñ ýykylmagy Mehmet II päsgelçiliksiz ýagdaýda Gara we Egeý deñizleriniñ giñişliklerini ele almaga mümkinçilik berýär. Beýik Süleýman I tagta çykan pursadynda (1520-nji ýyl) Türkmen-Osman imperiýasy dünýä-deñiz döwletine öwrülýär. Osman flotuna admiral Haýreddin Barbarossa baştutanlyk edýär, ol 1534-nji ýylda Al£iri we Tunisi basyp alýar. 1538-nji ýylda Barbarossa papa soýuzynyñ, Gabsburg we Wenesiýa imperiýalarynyñ birnäçe esse agdyklyk edýän deñiz güýçleriniñ üstünden Prewezde aýgytlaýjy ýeñiş gazanýar. Şeýlelik bilen, tutuş Demirgazyk Afrika türkmen döwletine birleşdirilýär, türkmen döwleti şol döwürde Dunaýdaky Budapeştden Nil bogazlaryndaky Asuana çenli we Ýewfratdan Gibraltar aýlagyna çenli diýen ýaly ýaýylyp gidýär(12). Piri Reýis öz döwrüniñ görnükli admirallarynyñ biri bolup durýar, ol 1551-nji ýylda Müsürde Türkmen-Osman harby deñiz güýçlerine baştutanlyk edýär. Piri Reýis Egeý we Ortaýer deñizleriniñ akymy (ugry) boýunça ýörite işi ýazan, şeýle hem dünýäniñ ilkinji kartalarynyñ birini düzen birinji alymdyr, onuñ düzen kartasy Amerikanyñ bir bölegini hem öz içine alypdyr. Soñra üç amerikan alymy admiralyñ kartasyny peýdalanyp, özleriniñ globusyna Antraktidany goşýarlar. Piri Reýisiñ Antraktidany we Amerikany açmagy diýeñ täsin galdyryjydyr (ýogsam şol döwürde ispanlar hem, portugallar hem şoña meñzeş maglumatlara eýe däldiler) bu barada rus alymy L. Wasilewskiý we italýan barlagçysy P. Tompkis şeýle netije çykarýarlar: admiralyñ kartasy tutuşlygyna haýsydyr bir gadymy çeşmelere esaslanýar(13). 1551-nji ýylda beýleki bir osman admiraly Torgut (Dragut) Tripoli galasynda haç göterijileri derbi-dagyn edip, ýeñlişe sezewar edýär. Türkmen-Osman floty üçin Atlantika ýol açylýar. 1571-nji ýylda soltan Selim II (1556-1574-nji ýyllar) floty Ýewropa ýurtlarynyñ birleşen güýçlerinden Lepantoda bolan deñiz söweinde ýeñlişe sezewar bolýar, ol ýerde osman floty tutuşlygyna (230 gämi) gark edilýär ýa-da olja alynýar. Emma, haçanda Selim II täze floty gurmak üçin näçe puluñ gerek boljakdygy barada wezirden soranda, wezir oña şeýle diýip jogap berýär: ''Imperiýanyñ kuwwaty şeýledir, eger tutuş floty kümüş ýakorlar, ýüpek parçalar we atlas ýelkenler bilen üpjün etmeli bolsa, bu kyn bolmaz''(14). Ýewropa ýeñşini baýram edýärkä, Selim II ähli güýji gämileri gurmaga gönükdirýär. Iñlis taryhçysy Lord Kinross şeýle diýip ýazýar: ''Netijede 1572-nji ýylyñ ýazynda, Lepantoda bolan söweşden soñ alty aýdan gowrak wagtyñ içinde tutuş 250-ä golaý gämiden we özünde häzirki zaman galeaslaryny jemleýän täze flot deñizde türk ýaragynyñ güýjüni ýene-de görkezmäge ㅡ gämi gurluşy babatda gazananlaryny görkezmäge taýýardy, şol döwürde hiç bir hristian döwleti olar bilen deñleşip biljek däldi. 1572-nji ýylda Kipriñ golaýynda flotuñ peýda bolmagy soýuzdaş hristianlary añk-tañk edýär we adany gaýtaryp almak synanyşygyndan boýun gaçyrmaga mejbur edýär. Soñra flot täzeden dikelen deñiz döwletiniñ türk baýdagyny dabaralandyryp, grek suwlarynda ýoluny dowam etdirýär...''(15). Türkmen-Osman imperiýasynyñ taryhynda köpsanly ýokary göterişler we synmaklar bolup geçýär, emma Türkiýe, mälim bolşy ýaly, şu döwre çenli beýik deñiz döwleti bolmagynda galýar. Türkmenler öz Watanynda XVIII asyrda XX asyryñ başlarynda gaýyklary we barkaslary (kir£im) ýasapdyrlar. 1822-nji ýylda kapitan N. Murawýew kir£imleriñ (köp kürekli uly gaýyklaryñ) Gasangulyda (häzirki Esengulyda ㅡ Ö. G.) ýasalandygyny görkezýär, türkmenler olar üçin agaçlary Kümüşdepeden getiripdirler(16). Hazarýaka türkmenleriniñ köpsanly gämileriniñ bolandygyny etnograf M. N. Galkin hem görkezipdir: ''Kenarýaka söwdasy, nebit we duz daşamak üçin, balyk tutmak üçin, ahyrsoñky hem kenarýaka obalar bilen gatnaw üçin deñiz ýakasyndaky türkmenleriñ her biriniñ diýen ýaly gaýygy bolupdyr. Uly üçburçly gaýyklaryñ sany 5000-e çenli bolupdyr, olar çalt gidijiligi we deñizde howpsuz saklanyşy bilen tapawutlanypdyrlar. Üstesine hem, olar uly bolmadyk gaýyklaryñ, budarlarymyza çalymdaş kulaklaryñ hem ep-eslisine eýe bolupdyrlar...''(17). XIX asyryñ 70-nji ýyllarynyñ ahyrynda Hazar deñziniñ gündogar kenaryny barlan rus barlagçysy G. S. Karelin türkmen gämilerini üç görnüşe bölýär. 1) kir£im ㅡ uzynlygy 14 m golaý we ini 3-4 metre çenli bolan tekiz düýpli gämi, ýelkeni (biýzden) - bir sany, özi hem örän uly (ini 18 m golaý, beýikligi 12 m); ýük göterijiligi 13 tonna golaý; 2) nou ㅡ uzynlygy 6 m-den 12 metre çenli palubasy bolan gämi, kese gapdally, bir göni ýelkene we dub ruluna eýedir; 3) kulaz (taýmul, taýmun) ㅡ agajyñ tutuş böleginden uzynlygy 4 metrden 9 metre çenli we ini 1,5 metre çenli bolan, düýbi tekiz gaýyk, ol gaýygy alty bolup dolandyrýarlar we onda kenara golaý ýerde ýüzýärler, örän tiz ýöreýän gämi(18). Wenger syýahatçysy Arminiý Wamberi türkmenleriñ balyk tutmak işinde ulanylmaýan iri gämileriniñ bolandygy hakynda hem ýazýar: ''...bir maçtaly we iki ýelkenli ㅡ bir uly, bir kiçi ýelkenli gämi ýük daşamak üçin ulanylypdyr''. Şeýle gämi kizba diýlip atlandyrylypdyr(19). B. A. Latwinskiý şeýle diýip belleýär: ''Bu gämileriñ esasy gurulýan ýeri Eseguly bolupdyr. Gämi gurmak üçin agaç Kümüşdepeden getirilipdir. Esengulyda kir£imler we noular gurlupdyr. Kulazlar barada aýdanyñda bolsa, Kareliniñ we Galkiniñ pikirlerine görä, parslardan satyn alnypdyr, ýogsam-da asyryñ ahyrynda türkmen ussalary kulazlary ýasapdyrlar. D. Liwkiniñ aýtmagyna görä, XIX asyryñ 90-njy ýyllarynda Esengulyda 8 sany gämi ussasy we olaryñ kömekçileri bolupdyr, olar gaýyklar bilen tutuş Krasnowodsk sebitini üpjün edipdirlet (bu ýerde Türkmenistanyñ serhediniñ Hazarýaka sebitleri göz öñünde tutulýar ㅡ Ö. G.) Deñizçilik deñizýaka türkmenleriñ durmuşynyñ möhüm tarapy bolupdyr, olarda gaýygyñ gurulmagynyñ tamamlanmagy mynasybetli hatda baýramçylyk hem edipdirler''(20). Hazarýaka türkmenleri Pars döwleti we Russiýa bilen nebit duz söwdasyny alyp barypdyrlar. Diñe bir ýylyñ dowamynda türkmenler Pars döwletine 135 müñ puda çenli nebit äkidendikleri mälimdir. Güýz we ýaz aýlary, haçanda deñizde aýratyn birahatlyk bolan halatynda, türkmenler ýörişe tutuş flotiliýa (50 gämä çenli) bolup çykypdyrlar. Flot tejribeli deñizçileriñ komandasyndan, şeýle hem deñiz garakçylarynyñ çozuşyndan söwda gämilerini goramaga ýardam berýän esgerlerden ybarat bolupdyr. Türkmenistanyñ Russiýa imperiýasyna birikdirlenden soñ türkmen deñizçileriniñ tejribesini peýdalanmak baradaky meseläni giñden ara alnyp maslahatlaşylmagy tötänden däldir. Zakaspi oblastynyñ (1895-nji ýyl) harby-deñiz flotuna türkmenleri gulluga çekmegiñ maksadalaýykdygy barada aýdylýar: ''Hazar deñziniñ gündogar kenarynda ýaşaýan türkmenler flotda gulluk etmäge ukyply bolupdyr, sebäbi olar balyk tutmak bilen kiçiliginden meşgullanyp, deñiz bilen tiz öwrenişýärler, olar üçin deñziñ tebigy heläkçiligi gorkunç däldir, ýaşaýjylardan başarjañ we tejribeli deñizçiler çykýar''(21). Gynansak hem SSSR döwründe ýaşlaryñ ㅡ türkmenleriñ çäklendirilen sany harby-deñiz flotuna gulluga alynýardy. Häzirki döwürde, haçanda Türmenistan özüniñ Garaşsyzlygyny alan döwründe asyrboýy toplanylan tejribe peýdalanylýar. Harby deñizçiler Garaşsyz, Bitarap Türkmenisanyñ serhedini ynamly gorap, türkmen deñizçileriniñ şöhratly däplerini dowam etdirýärler. BELLIKLER: 1. Gerodot. Istoriýa. W dewýati knigah. Per. i prim. G. A. Stratanowskogo. ㅡ M., 1999. S. 432, 465. 2. Dowatur A. I. Kallistow D. P., Şişowa I. A. Narody naşeý strany w ''Istorii'' Gerodota. Teksty. Perewod. Kommentariý. ㅡ M., 1982. S. 395. 3. Strabon. Geografiýa w 17 knigah. Per. i kommen. G. A. Stratanowskogo. ㅡ M.,1964. S. 485. 4. Zahoder B. N. Kaspiýskiý swod swedeniý o Wostoçnoý Ýewrope (Gorgan i Powol£e w IX ㅡ X ww.). ㅡ M., 1962. S. 20. 5. Litwinskiý B. A. K istorii dobyçi poleznyh iskopaemyh na Çelekene (do russkogo zawoewaniya) // Materialy ÝUTAKE. ㅡ Aşhabad, 1949. Wyp. I. S.81. 6. Unsur al-Maali. Kabusname.ㅡ Duşanbe, 1986. S. 60. 7. Gundogdyýew O. A. Slawnye tradisii turkmenskogo morehodstwa/Neýtralnyý Turkmenistan. 21.11.2000 8. Kinross L. Rasswet i upadok Osmanskoy imperii. Per. s angl. M. Palnikowa. ㅡ M.,1999. S. 47.71,73. 9. Irwin R. Islam i krestowye pohody 1096-1699.//Istoriýa krestowyh pohodow. Per. s angl. E. Dorman. ㅡ M.,1998.s.288 10. Kinross L. Ukaz. rab. S.48.80. 11. Tam £e. S.112. 12. Gundogdyýew O. A. Ukaz. statýa. 13. Eremin G., Grigorew W. O çem rasskazala karta Piri Reisa//Taýny wekow. ㅡ M., 1983.kn.3.s.74. 14. Gundogdyýew O. A. Ukaz. statýa. 15. Kinross L. Ukaz. rab. S.293. 16. Puteşestwiýe w Turkmeniýu i Hiwu w 1819-1820 godah gwardeýskogo generalnogo ştaba kapitana Nikolaýa Murawýewa, poslannogo w sii strany dlya peregoworow. ㅡ M.,1822.s.36. 17. Galkin M. N. Geografiçeskiýe i istoriçeskiýe materialy po Sredneý Azii i Orenburgskomu kraýu. SPb., 1868. S. 48. 18. Karelin G. S. O torgowle i promyşlennosti wostoçnyh beregow Kaspiýkogo morýa // Zapiski Russkogo Geografiçeskogo Obşestwa po obşeý geografii. SPb., 1883. T. H. S. 459-460. 19. Puteşestwie po Sredney Azii. Opisaniye poezdki iz Tegerana çerez turkmenskuyu step po wostoçnomu betegu Kaspiýskogo morya w Hiwu, Buharu i Samarkand, sowerşnnym w 1863 godu Armeniem Wamberii. SPb., 1865. S. 21. 20. Litwinskiý B. A. Ukaz. rab. S.105. 21. Gundogdyew O. A. Ukaz. statya. Öwez GÜNDOGDYÝEW ''AZIÝANYÑ GERÇEKLERI''. Aşgabat-2012. | |
|