19:30 Aýdylmadyk üç söz / hekaýa | |
AÝDYLMADYK ÜÇ SÖZ
Hekaýalar
Säheriñ howasy jana ýakymlydy, hoştapdy. Agşamky ýagan ýagyş gök otlara siñipdir-de, olaryñ görküni öñküsindenem gözelleşdiripdir. Çar tarapda ter gülleriñ ysy bark urýardy. Bu gözelligi gören Läläniñ göwni göterildi. "Birazajyk köpräk ýöräýenimde-de, işden gijä galaýasym ýok-la" diýip, uzagrak ýoldan aýlanyp geçmegi ýüregine dûwdi. Işe gelen badyna kärdeşleri Lälä obadan Tahyr atly synpdaşynyñ jañ edendigini aýtdylar. Läle syr bildirmejek boldy-da: "Hä, şeýlemi?" diýip oñaýdy. Ýöne içinden ökünmek ökündi: "Baharyñ tämiz howasyna berlip, gel-gel, şu gün ýolumyzy uzaldaýşymy diýsene! Men bu jaña dört ýyldan bäri garaşyp ýörün-ä! Durmuş meniñ bilen oýun edýär öýdýän" diýip pyşyrdady. Kärdeşlerinden: "Ol ýene jañ ederin diýmedimi?" diýip, sorasy geldi. Emma gyz utanjañlygy ondan üstün geldi. Shol gün ol işläp gönendirmedi. Elindäki işläp oturan makalasynyñ o-bu ýerini düzetjek bolup eline alýar welin, synpdaşy Tahyr göz öñünde janlanýar. Onuñ aljyrap oturyşyny gören jorasy: "A gyz, saña şu gün bir zad-a bolýar, jora diýjeksiñ, sebäbini aýdañogam-la, gyz?" diýip, çalajadan siltenjiredi. Läle az wagtlyk pikirlenip oturdy-da, haçan hem bolsa ýüregindäki derdini birine aýtmasa, ýüreginiñ gürsüldisiniñ kemelmejegini bildi. Ol jorasynyñ golaýjygyna baryp oturdy-da, ýuwaşjadan gürrüñe başlady: - Wah, jorajan, meni derde goýan şu günki işe jañ eden Tahyr atly synpdaşym. Hiç kime aýtmasañ, men saña şu wagta çenli ýüregimde göterip ýören syrymy açaýyn. Tahyr ikimiz bir synpda okadyk. Ikimizem göreldeli okuwçylaryñ hataryndadyk. Köplenç sapaklardaky mugallym bilen bolýan çekişmelerde hemmäniñ pikiri bir tarapa, Tahyr ikimiziñki bir tarapa bolardy. Bir gezek synp ýolbaşçymyz bize: "Tahyr, Läle! Ikiñiziñ pikir ýöredişiñizi gowy görýän. Nesip bolsa, siz uly adam bolup ýetişersiñiz" diýdi. Shonda Tahyr maña ýylgyryp, şeýle bir syrly seretdi welin, şol ýylgyryşam maña ony söýdüren ýylgyryş bolup galdy. Hawa, şondan soñ ýüregimde söýgi ody tutaşdy duruberdi. Men syr bildirmezlige çalyşýardym. Sebäbi söýgi dünýäsine berilsem, beýleki arzuwlarymdan galaýjak ýalydym. Uly arzuwymyñ naýbaşysy - paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniñ birinde okap, döredijilik bilen meşgullanmakdy. Çünki mekdepde okan döwürlerim ilkinji ýazanja goşgularymyñ ençesi ýaşlar, çagalar neşirlerinde çap edilipdi. Edebiýat mugallymymyz olary okap: "Edebi eserleri yzygiderli, köpräk okasañ, zähmetdenem gaçmasañ, soñam şu ugurdan ylym alsañ, tanalýan şahyr bolmak maksadyña ýetäýmegiñem mümkin. Ýöne o ýol azalypdyr" diýipdi. Gazetleri Tahyra görkezenimde, ol özümden beter begenýärdi. Onuñ gözleriniñ maña bolan mähirli alamatlaryny her gün duýýardym. Bir gezek ol maña: "Läle, nesip bolsa, okuwymyzy tamamlap, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniñ birine girmek üçin nesibämizi synap göreli, saglyk bolsa, bileje okarys. Okuwdan boş wagtlarymyzam şäheriñ ter güllüje seýilgählerini synlarys. Aşgabat häzir şeýle bir gözelleşipdir. Arada garyndaşlarymyzyñ toýuna gidip geldim welin, o ýerden gaýdasym gelmedi" diýdi. Onuñ aýdanlaryna begenjimden ýüregim agzymdan çykaýjak bolýardy. Garaz, ikimizem arzuwlar kölünde ýüzüp ýörşümize mekdebi nädip tamamlanymyzam bilmän galypdyrys. Ol ýyl Tahyr ikimiz paýtagta - ýokary okuw mekdepleriniñ birine girmäge synanyşmak üçin bileje gitdik. Ol mekdepde okan wagtlarym ähli sapaklardan diýseñ ökdedi. Ol Türkmen oba hojalyk uniwersitetine kabul edildi. Men welin, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ filalogiýa fakultetine girmek üçin geçirilen synaglaryñ iñ soñkusyndan geçip bilmedim. Bu meniñ üçin ikitaraplaýyn urgy boldy. Oba gelip, iki hepdeläp ýerimden galyp bilmän ýatdym. Bir gün synaglara taýýarlan mugallymymyz öýe geldi-de: "Durmuşda, ýaşaýyşda şowsuzlyk adamyñ başyny alyp durýan däldir. Arzuwyñ amala aşmagyny irginsiz zähmetiñ bilen gazanmaly. Saglyk bolsa, tutuş ýyllap irmän taýýarlansañ, indiki ýyl okuwa girmek maksadyña ýetersiñ. Menem senden kömegimi gaýgyrman" diýdi. Mugallymym sözüniñ soñunda: "Sabyr edip garaşsañ, bir ýyl adamyñ ömründe beýle uzak wagtam däldir" diýip, meni biraz köşeşdirdi. Göwnümi ganatlandyrdy. Edil şol günlerem okuwa girenden soñ az wagtlyk oba gelen Tahyryñ jigimden iberen haty meni aýagyma galdyrdy. Hatdaky: "Läle, synagdan geçip bilmedigiñe gynandym. Ýöne bu zatlar bähbidedir. Men paýtagtymyzyñ gözel seýilgähleriniñ nirededigini ilki öwreneýin, seni indiki barañda, aýlar ýaly. Synpdaşyñ Tahyr" diýen ýakymlyja jümleler bardy. Bu gysgaça hatda meniñ Tahyrdan garaşýan üç sözüm bolmasa-da, täzeden oýanan umyt-arzuwlarym ýerimden böküp galmagyma sebäp boldy. "Belki, şol seýilgähleriñ birinde ol maña ondan garaşýan söýgi sözlerimi aýdar" diýip, içimden pikir öwürdim. Obamyzyñ çagalar bagynda terbiýeçi bolup işe başladym. Golaýjygymyzda-da oba kitaphanasy bardy. Boş wagtlarymy çeper kitaplary okap geçirdim. Tomus dynç alyşda oba gelen Tahyr meni görüp: "Sen bir ýylda nähili özgeripsiñ, Läle! Boýuñ hem ösüp, tüýs Zybagözel bolupsyñ" diýip degişdi. Men muny gowulyga ýorupdym. Ýöne onuñ ýene-de meniñ garaşýan üç sözümi aýtmandygy meniñ dünýämi darykdyryp ugrady. Okuwymy bäşlik bahalar bilen okamak üçin, bir aýagym kitaphanalardady. Kitaphana şäheriñ ýaşyl baglara bürenip oturan iñ gözel ýerinde ýerleşýärdi. Ol baglardan ýöräp gelýärkäm, Tahyryñ: ;Aşgabada barsañ, seýilgählere özüm aýlaryn" diýen sözleri häli -şindi ýadyma düşerdi. Ýöne hany Tahyr?! Okuw başlanyna ep-esli wagt geçdi, gara berenok. Muña-da darygyp, gaharym gelerdi. Emma onuñ okuw bilen başagaýdygyny añymda aýlanymda, biraz köşeşerdim. Hawa, men oña günde garaşardym. Özem şol garaşýan üç sözümi bir gün hökman aýdar diýip garaşardym. Gyş günleriniñ birinde okuwdan soñ umumyýaşaýyş jaýyna gelenimde, goñşy otagda ýaşaýan gyzlaryñ biri esli wagt bäri bir oglanyñ meni sorap häli-şindi gelip duranyny aýdyp, syrly ýylgyrdy. Daşary ylgap çykamda, hol añyrrakda kimdir birine garaşyp duran ýigidiñ Tahyrdygyny görenimde, gözlerime ýaş aýlandy. Ejizlänimi bildirmejek bolup, onuñ bilen salamlaşanymda: "Ýeke özüm şäher ýerde ýadyrgaýan-da" diýen boldum. Olam ýylgyryp: "Wah, okuwym bilen başagaý bolup, seni seýilgählere aýlamanam ýatdan çykaraýypdyryn, derrew geýin, garly howada arçalaryñ neneñsi owadandygyny görkezeýin" diýdi. Hawa, şol gün menden bagtly adam ýokdy. Şäheriñ ak bagty buşlaýan ýaly, aklyga bürenip oturanynam ýagşylyga ýordum. Tahyr çagalygymyzdan başlap, mekdep döwrümizi, okuwymyzy ýatlap gürläp otyr. Emma şo-ol meniñ garaşýan üç sözümi aýdaýanok. Içiñi ýakaýyn diýen ýaly, gürrüñiniñ arasynda meniñ uzyn boýly, owadan gyzdygymy taryplaýar-da, sähetli günleriñ birinde bir bagtly ýigidiñ ýary boljakdygymam aýdyp göýberýär. Şol ýigidiñ özüniñ hem bolup biljekdigi hakynda söz açaýanok. Garaz, meniñ umumyýaşaýyş jaýyna wagtynda barmalydygymy ýatlatdy-da, ýene gelip durjakdygyny, entek paýtagtymyzyñ ajaýyp ýerleriniñ kändigini aýdyp, hoşlaşdy. Menem: "Aý bolýa-la, entek ömür, ýol uzak. Ýañy okuwa başladyk. Ilkinji duşuşygymyzda "Men seni söýýän" diýmekden çekinendir" diýip, öz-özümi köşeşdirdim. Emma özüme bildirilen bu duýgudaşlyk maña gaty gymmata düşdi. Şol wakadan soña üç gyş geçse-de, Tahyr gara bermedi. Aşgabadyñ gözel ýerlerine joralarym bilen seýil etmeli boldum. Tomus dynç alyş günlerinde-de okuwymyñ daşyndan ýaşlar gazetiniñ redaksiýasynda işleýändigim üçin, oba seýrek giderdim. Iküç gün bolubam, yzyma gaýdardym. Obamyzyñ o çetinde ýaşaýan Tahyry görmäge baraýmakdanam çekinerdim. Şonda-da oña bolan inçe duýgym, mukaddes söýgim "Sen garaş, garaş" diýip, gylagyma çawuş çakýan ýalydy... ine, jora jan, indem dört ýyldan bäri şonuñ şol üç sözi aýdaryna garaşyp oturandyryn" diýip, Läle sözüni tamam etdi. Köp wagt geçmänkä obadan jañ gelýänini aýtdylar. Jorasy Läläni gujaklap, gutlady. "Maña derdiñi egisseñ, ýeñläýensiñ" diýip degişdi. Jorasynyñ pikiriçe, Tahyr duşuşyk ýerini belläp, Lälä söz aýtmalydy. Jorasy, nesip bolsa, añyrsy biraýdan Läläniñ bagt toýunda şaýat bolup oturmalydygyny göz öñüne getirdi. Emma bu süýji pursatlar, gökden ýagman ýaýrap giden buluda meñzäp, syrylyp gitdi. Gözi ýaşly Läläniñ telefon turubkasyny patladyp goýanyny görüp, onuñ keýpi bozuldy. Jorasy özi aýtmasa, näme bolanyny soramazlygy ýüregine düwüp, işi bilen boluberdi. Läle jorasynyñ ýanyna gelip ahmyr bilen: "Tahyr synpdaşyny ýatdan çykarmandyr, öýleniş toýuna çagyrdy, bagtly bolsun-da, hernä" diýdi. Onuñ bolşuna jorasynyñ ýüregi jigledi. Durmuşyñ ynsana şeýle ýakymsyz pursatlary eçilip bilýändigine gyýyldy. Wagt salymyny bermän geçip durdy. Läle şäherde ýaşaýan garyndaşlarynyñ ogluna durmuşa çykyp, iki çaganyñ ejesi boldy. Ýanýoldaşy ony halap alansoñ, sylardy, hormatlardy. Ol bu zatlara guwanyp, asyda durmuşyñ howasyndan dem alýardy. Ýöne kämahal iñ arzyly synpdaşynyñ eden hereketlerine düşünip bilmän ýüregi dilinerdi. Kämahal: "Näme üçin, näme üçin?" diýenini bilmän galardy. Günlerde bir gün obadan Ýoldaş diýen synpdaşy jañ edip: "Mekdebi gutaranymyza ýigrimi ýyl boldy. Hemmämiz ýygnanyşýarys. Senem göresimiz gelýär. Saña-da garaşýarys" diýdi. Arzyly gün ýetip geldi. Synpdaşlar mähirli salamlaşyp, bir-biregiñ didaryndan doýup bilenokdylar. Mekdepde bolan gyzykly wakalary ýatlap gülüşýärdiler. Içinde mekdep döwri halaşyp, soñ durmuş guranlary hem bardy. Olaryñ hem üstünden düşüp degişýärdiler. Birdenem Läläniñ Ependi ady bilen tanalan degişgen synpdaşy bir-biregi halanlaryñ başga-da bardygyny, ýöne näme üçindir wagtynda ýigidiñ gyza ýüregini açyp bilmändigini ýañzydyp göýberdi. Syry paş bolandyr öýdüp Läläniñ ýüzi boz-ýaz boldy. Emma Ependi lakamlynyñ onuñ bilen işi ýokdy. Ol Tahyra: "Ýüregiñi açsana, dost jan, indi ikiñizem iki çaganyñ ene-atasy, maşgala bozmak aladañyz ýok. Bu syr ikiñiziñ ýüregiñizde berç baglamasyn!" diýdi. Tahyryñ agras keşbi has hem agraslandy. Ilki dostuna: "Meni nähili güne salaýdyñ" diýjek boldy. Ýöne dostunyñ: "Bu dert ýürekde berç baglamasyn" diýen sözlerini makul bilip: "Aý, oglanlar, gyzlar! Derdimizi täzeläp nätjekdiñiz. Aý, bolýa-da, aýtmaly bolsa aýdaýaýyn. Hawa, men Läläni çagalyk döwrümden gowy görýärdim. Onuñ akyllylygy, sypaýylygy, dogruçyllygy meniñ göwnümi götererdi. Emma gün-günden gözelleşip, derek boýly gyz bolup ýetişmegi meni oýlanmaga mejbur edýärdi. Ýogsam onuñ hem meni halaýandygyny bilýärdim. "Ony mundan artyk kösemäyin" diýip, paýtagtda okap ýörkäk ýanyna-da barypdym. Läläniñ şähere gelip, has hem gözelleşendigine gözüm ýetdi. Bir gezek seýilgähde aýlanyp ýörkäk bir gyzyñ ýanyndaky jorasyna: "A gyz, olaryñ bir-birine mynasyp däldigine seretsene, ol oglanyñ boýy biraz kelte ýalymy, ýüzem gyzyñkydan-a biraz gararak ýalymy?.." diýmegi, meniñ aýtjak bolup baran söýgi sözlerime böwet boldy. Şondan soñ "Gel, Läläni bütin ömrüne gyjalata goýmaýyn-la" diýip, onuñ ýanynda görünmezligi ýüregime düwdüm. Läläniñ gowy okaýşyna, şahyr bolup ýetişenine guwandym ýördüm. Hawa, Läle, meni bagyşlaweri?! Seniñ bagtly durmuşda ýaşaýandygyñdan habarlydyryn.." diýdi. Ara dymyşlyk aralaşdy. "Wah, iñ bolmanda, Lälä ýagdaýyñy düşündirmeli ekeniñ-dä","Çyn söýgi görk islemez","Beýdibem bir söýýäniñi aýap bormy?" diýen pyşyrdylaram ýañlandy. Şol wagtam Läläniñ el telefonyna ýanýoldaşy Jepbardan jañ geldi: Onuñ " Läle jan, çagalaram, senem göresim geldi, tiziräk yzyña dolanaweri!" diýmegi, Läläni agyr oýlardan çykardy. Ertiragşamara maşgalasyna wepaly, şar gara saçly, syratly, daýaw, il içinde abraýly Jepbaryñ ak dişlerini ýaldyradyp, durşy bilen ýylgyryş bolup garşylajakdygyny göz öñüne getirende, Tahyryñ ýañky aýdanlaryna ýüregi bilen ynandy. "Beh, jandan söýýänini aýaýan adamlaram bar ekeni-le. Muña köp adam ynanmaz, men weli saña ynanýan. Tahyr, durmuş-da bi" diýip, içinden pikir öwürdi-de, synpdaşlary bilen hoşlaşyp, ýola rowana boldy. Leýli GURBANOWA. | |
|
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |