20:56 Gumly gelniñ söýgüsi / hekaýa | |
GUMLY GELNIŇ SÖÝGÜSI
Hekaýalar
Talyplyk ýyllarymda köşüli joram Marallara baranymda, atasy Meret agadan täsin bir gürrüň eşidipdim. Gürrüň arasynda Meret aga meniň dil-edebiýat ugrundan okaýandygymy bilip: — Gyzym, saňa bir tabşyryk bar, ynha, tiz wagtdan Ýeňiş baýramy bellenilýär. Şol gün Aşgabat demir ýol menziline bar. Otly gelip durýan ýere baranyňda, maýyplaryň münýän arabajygynda oturan garryja kempire duş gelersiň, ady Abadandyr. Elinde-de esgeriň suraty bardyr. Oturgyjyny idip ýörenem onuň ýalňyz ogly Ýeňişdir. Abadan biçäre her ýyl Ýeňiş güni şäheriň demir ýol menziline uruşdan «dereksiz ýitdi» habary gelen adamsy Sazagy garşylamaga çykýar. Aýatda bar bolsa, ol şu ýyl Ýeňiş baýramynda-da demir ýol menziline hökman barar. Onuň bilen gürrüňdeş bolup, keç ykbaly barada bir zatlar ýaz — diýdi. ...Otly demir ýol menziline gelip saklandy. Gelen, garşylaýan adamlaryň çalasyn hereketleri garyşdy. Men çykalga golaý ýerde saklandym. Şol wagtam maýyplaryň arabajygyny tigirläp gelýän daýaw, äýnekli adama gözüm düşdi. Doňup galypdyryn. Arabajykda oturan ak saçly ene-de sag elini gözleriniň üstünde tutup, golaýdan geçip barýanlary içgin-içgin synlaýar, çep elindäki akja ýaglyk bilenem ýygyrt atan ýaňagyna syrygýan gözýaşlaryny ýetişibildiginden süpürýär, öz ýanyndan bir zatlary pyşyrdaýar. Onuň Abadan ejeden başga adam bolmagy mümkin däldi. Men bärden baryp, enä habar gatdym. — Salam, mama jan, siz Abadan eje gerek?! Arabany itekläp gelýän daýaw adam: — Hawa, ejemiň ady-ha Abadandyr. Siz kim? — diýip sorady. Men Ýeňiş aga jogap berip ýetişmedim. Abadan eje: «Ol indi gelmez, gelmez» diýip sojap ugrady. Ýeňiş aga beýle ýagdaý bilen öwrenişip giden borly, ejesini köşeşdirjegem bolmady. Men Meret agadan eşidenlerimi, onuň tabşyrygyny amal edip bilmänime ökünip ýörenimi, bu günem olara duşanyma çäksiz begenýänimi ýaşula gürrüň berdim. Ýeňiş aga: — Bu söhbetdeşligi ertire galdyrmalyň! Häzir göni öýe gideli, gelnejeňizem, çagalaram bu günki baýramçylyga taýýarlanyp oturandyrlar — diýdi. * * * ...Abadan eje, öýlerine baranymyzdan soňam, adamsynyň suratyny synlap oturyşyna: «Wah, indi sen gelmersiň» diýip pyşyrdady oturdy. Ýeňiş aga süýem barmagyny dodagyna degrip, «Ejem köşeşýänçä garaşyň» diýen manyda yşarat etdi. Abadan eje, hakykatdanam, biraz wagtdan köşeşdi. Şondan soň ol pessaýja sesi bilen söze başlady. — «Adam başy daşdan gaty» diýenleri çyn ekeni. Men Sazak bilen bary-ýogy üç aýjyk bile ýaşadym. Sazaklar bilen duldegşir goňşudyk. Sazak maşgalanyň ýeke çagasydy. Şonuň üçindir-dä, oglanka garagoldy. Ýediýyllygy Ýerbende düýe goşulan pyrgunly gatnap okadyk. Daň bilen gidişimize, öýlänler oba dolanyp gelerdik. Sazak oglanlaryň içinde iň daýawydy, ondan heder edýärdiler. Ýedinji synpda okap başlan günümiz synp ýolbaşçymyz gapydan girdi-de: — Gyzlar, oglanlar! Ýurdumyzda zenanlar bilen erkekler deň hukuklydyrlar, şonuň üçin synpda-da gyz bilen oglan bir partada oturmaly — diýdi-de, herimiziň oturmaly ýerimizi görkezip gitdi. Meni Çukur obaly bir oglan bilen oturtdylar. Oglan bilen beýle golaý oturan wagtym ýokdy. Utanjymdan ýere giräýjek bolýan. Sapaklarymyzy tamamlap, oba gaýtmakçy bolup durkak, Sazak partadaşymyň ýanyna bardy-da: — Eý, pelit, ertir Abadan bilen oturaýsaň, ýere gazyk ederin — diýdi. Gapdalda duranlar bu söze üşerilişdiler. Gizläp nädeýin, Sazagyň maňa hossar çykanyna begenmänem durmadym. Partadaşym çalaja ýylgyrdy-da: — Dost jan, düşün, oň ýanynda mugallym oturtdy ahyry — diýip janykdy. Sazak onuň alkymyna dykylyp bardy. — Aýdylany etmeseň, iniňi-boýuňy des-deň ederin. Ertesi bu waka tutuş mekdebe ýaýrady. Müdirimiz mugallymlary, okuwçylary mekdebiň öňüne ýygnady. Aýal-gyzlaryň deňhukuklylygy barada gürrüň edip durka: — Aramyzda, ýedinji synpyň okuwçysy Sazak Çolukow ýaly, heniz ýetginjekdigine garamazdan, yzda galaklaram bar, biz olary terbiýelemelidiris, terbiýelärisem, öňdäki hatarlara geçirerisem — diýdi. Onýança yzky hatarda duran Sazak: — Öňdäki hatarlara özüm geçeýin, ýöne şo gyz oglan bilen oturmasyn — diýdi. Müdir: — Hany, yzda hüňürdäp durma-da, öňe geç — diýip, ony ýanyna çagyrdy. Sazak ýanyna baranda, müdir: — O gyz näme, doganyňmy, ýakynyňmy?! Beýleki oglan-gyzlar otyrlar-a bileje. Heriňizi aýry oturdar ýaly, mekdepde üýşüp ýatan parta bardyr öýdýäňmi — diýip janykdy. Sazak müdire golaýlaşdy-da, gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Müdir: — Öňden aýdaýmaly ekeniň-ä — diýdi-de, ýygnagy ýapdy. Alawagyrdy bolşup synpa giren badymyza, müdir geldi-de, Sazaga ýüzlendi. — Çolukow, sen Abadanyň ýanyna geç. Ýer ýarylmady, men girmedim. Sazak ýanyma geçende, gyra süýşdüm-de, sapak gutarýança, ters bakyp oturdym. Okuwdan soň pyrguna-da iň soňky bolup münüp, ýüzümi ýerden galdyrman oturdym. Ýüregimde welin harasat gopýar. «Ol müdiriň gulagyna näme aýtdyka?» diýen sowal aňymdan hiç aýrylanok. Bu ýagdaý okuw hepdesi gutarýança dowam etdi. Şenbe güni oba gelip, pyrgundan düşüp, öýümize tarap sowlan badyma, Sazak gelip garşymda saklandy-da: — Abadan, näme ýüzüňi sowýaň, men seni goramak üçin şeýtdim-ä — diýdi. — Men goraga mätäç däl, müdiriň gulagyna näme aýtdyň? — diýip soradym. Sazak: — Aýtsam, gaty görmersiň gerek? — diýip, ýylgyran bolup dur. — Sen oňa näme diýdiň?! — «Bu gyz meniň adaglym» diýdim. — Utançsyz! Men öýe tarap ylgap gaýtdym. Şol wakadan soň Sazak, çemini tapsa, maňa tarap gözlerini häli-şindi aýlamagy çykardy. Men bolsa, bile otursagam, oňa tarap bir gezegem seredemok. Garaz, bu ýagdaý tas iki aý dagy dowam etdi. Güýz şemaly öwsüp başlady. Bir gün okuwdan gelip, donumy çykaranymda, jübüsinden hat çykdy. Howlukmaç açamda, «Meniňçe söýmez» sözbaşyly goşga gözüm düşüp, ysgynym gaçdy. Sazagyň hatydygyny ýazuwyndan bildim. Şu wakadan soň Sazak ýigit çykana döndi: synpdaş oglanlar bilen, hemişekileri ýaly, gülşüp-degşenok, ýanymda otursa-da, kitapdan kellesini galdyranok. Onuň beýle gowulyga üýtgemesi maňa ýaramady. «Synpymyzda menden başga-da ýedi gyz bar. Şolaryň birini söýäýse» diýibem gara janym galanok. Diňe onuň her gün maňa hat ýazyp, jigisi Sülgünden iberýäni göwnüme teselli berýär. Ýedinjini tamamlan günümiziň ertesi bizi oba şurasyna çagyrdylar. Başlyk iki ýyl işläp, soňra aňyrky obada okuwymyzy dowam etmelidigimizi aýtdy. Meni obanyň sygyr fermasynda sagymçy edip galdyrdylar. Gezek Sazaga ýetende, ol ýerinden turdy-da: «Men gumda iki ýyl çopançylyk etjek, soň okajak» diýdi. Sazak ara hepde salman oba gelip giderdi. Özem fermamyza golaýlanda, düýesine haýkyran bolup, gelenini maňa bildirerdi. Onuň gelenini eşidenimden, bir bahana bilen başaryk çykardym. Sazagam: — Abadan, şu haty Aşyr poçta gowşursana, içinde goşgym bar, şony Aşgabada — ýaşlar gazetine ýollasyn — diýip, her gezek elime hat tutdurardy. Garaz, Sazak bilen hiç kime syr bildirmän, hat ýazyşybam bir ýyl dagy halaşdyk. Bir günem Sazaklardan sawçy geldi. Toý tutanymyzdan kän wagt geçmänem Sazak bilen guma — çopan goşuna gitdik. Birdenem meniň ýetmiş ýyl gowrak dowam edip gelýän güzaply günlerim başlandy. Şol gün Aşyr poçta Sazagyň Aşgabada harby wekillige çagyrylýandygy baradaky çakylyk hatyny getirip gitdi. Görüp otursak, şeýle hat synpdaş oglanlarymyzyň ählisine gelen eken. Ertesi gün daň bilen «Niredesiň Aşgabat» diýip ýola düşdük. Köşüde düşlän badymyza, Sazak şähere gitdi. Giç agşam oba dolanan Sazak: «Meni Mary şäherinde harbylary taýýarlaýan üç aýlyk okuwa aldylar, ertir irden ugramaly» diýdi. «Seni daýym oba alyp gider. Okuwyň arasynda geler duraryn» diýdi. Ine, şeýle günlerde-de men özümiň «toýludygymy» bildim. ...Aradan näçe wagt geçenini bilemok, gijäniň bir wagty tutuş oba alagykylyk bolup ördi. Bar kişiniň ýüzi oba şurasyna tarap. Hemmeler şol ýere üýşüp, zähretelek bolşup durlar. Ýüz-gözi kokuşyp duran başlyk mähelläniň öňüne çykdy. — Adamlar, uruş turdy. Her kim öz ýerinde gaýrat bilen işlemeli. Maryda harby tälim geçip ýören oglanlarymyzam bahym Aşgabada geljekmiş. Soňam söweşe ugradyljakmyş. Belki, olara oba gelip, hoşlaşyp gitmäge rugsat bererler. Bermeselerem, özümiz gidip, hoşlaşyp gaýdarys — diýdi. Bir günem Aşyr poçta: «Marydaky harby okuwdakylar Köşä getirilipdir, ýöne olary hossarlaryna görkezenokmyşlar, gyssagly okuw geçýämişler, bahymam söweşe ugradyljakmyş» diýen habary getirdi. Şonuň yz ýanyndanam oba şuramyz: «Ertir daň bilen Aşgabada düýe goşulan pyrgun ugrajak. Hossarlaryndan her öýden bir erkek adam söweşe ugraýanlara egin-eşik, azyk-owkat äkitjek bolsa, taýýar bolsun» diýen habary aýdyp gitdi. Gaýynatam gijäniň ýarynda goşlaryny düwüp, oba şurasynyň jaýyna tarap gitdi. Hany, indi meniň gözüme uky geläýse. Göwnümi bire baglamasam, bütin ömrüme ahmyr edip geçmegimiň mümkindigine göz ýetirdim. «Şu wagt janyňy aýap, namartlyk etseň, sendenem bir wepaly ýar bolarmy?!» diýip, içimden pikir öwürdim-de, «Gitmeli» diýen karara geldim. Ýuwaşlyk bilen turup, Sazagyň eşiklerini geýmäge başladym. Kelläme gulakjyn, aýagyma-da Sazagyň ädigini geýdim. Gaýynatamyň donunam geýip, bilimi mäkäm guşadym. Ýuwaşlyk bilen daşaryk çykanymda, ýelmaýanyň hasyrdap ýerinden galanynam gowulyga ýordum. Düşdüm Ýerbendiň ýoluna. Ýelmaýa, howlugýanymy bilýän ýaly, «haý-küş» etmesemem, eňip gidip otyr. Gowy ýeri, bu galagoply gijede ýola çykan başga-da bar ekeni. Ýelmaýany saýgylap, olaryň duşundan geçip gidýän. Garaz, Gün dogup-dogmanka, Köşä gelip ýetdim-de, demir ýoly ýakalap, menzile tarap tutdurdym. Öň bu ýoly Sazak bilen geçenim kömek etdi. Obanyň ileri başyna geldim-de, ýelmaýany çökerip, bir tuda mäkäm daňdym. Bu ýerde başga-da daňylgy düýeler, atdyr eşekler bar ekeni. Horjunymy egnime atyp, ýoly kesip geçdim. Menziliň öňüne adam bary üýşüpdir. Edilýän gürrüňlerden olaryňam esgerlere garaşýandyklaryny bildim. Birdenem dag tarapdan atlaryň kişňeýän sesi eşidildi, az salymdanam hatar tutup gelýän harby eşikli ýigitler peýda boldy. Şol barmana-da, bir harby adam atyny debsiläp gelip, garaşyp duranlaryň öňünde saklandy-da: «Adamlar, size ugraýanlar bilen hoşlaşmaga ýarym sagat wagt berilýär. Hoşlaşanyňyzdan soň, otla tarap geçmek gadagan, tertip-düzgüni berk saklaň» diýip düşündirdi. Şondan soň esgerler garaşyp duranlara bakan eňdiler. «Hany, meniň Sazagym?! Bu täsin egin-eşikde men ony tanarmykam, birden ol ilki kakasynyň ýanyna baraýsa, näderkäm» diýip, howsala düşüp durun. Heý, Sazak özüni tanatmazmy, alakjap ýör depe ýaly bolup. Bardym-da, ony garsa gujaklap, aglap başladym. Ol allaniçigsi bolup: «Kim how sen?!» diýip, hemleli sorady. Ýüzüne dikanlap seredenimde: «Senmi?» diýdi-de, meni gujagyna mäkäm gysyp pyşyrdady: «Men seniň bir çykalga tapjagyňy güman edýärdim». Sazagyň gulagyna pyşyrdap, buşluk habarymy aýtdym. Ol ýüzüme dikanlap seredip durşuna: «Oglumyz bolsa, ady Ýeňiş, gyzymyz bolsa, Ýeňişsoltan bolsun» diýdi-de, goltugyndan bir depder çykaryp, içindäki suraty elime tutdurdy. Suratda harby eşikli Sazak çalarak ýylgyryp durdy. «Bu depderdäki özüň hakdaky goşgularymy ýat tut» diýdi. Golaýdan gaýynatamyň: «Adamlar, Çoluk ogly Sazagy görmediňizmi?!» diýen çasly sesi eşidilen badyna, gyra çekilmekçi boldum. Ýöne Sazak elimi sypdyrman, gaýynatamyň ýanyna bardy. Gaýynatam: «Amanmy, ýigit!» diýip, maňa çalaja baş atdy. Sazak gönüledi: — Kaka, bu duran gelniň — Abadan! Ol meniň bilen hoşlaşmaga, hoş habar aýtmaga gelipdir. Birdenem: «Esgerler, otla münmeli, çalt boluň!» diýen ses ýaňlandy. Sazak maňa seredip çalaja ýylgyrdy-da, aňyrlygyna gitdi. Onuň şondaky keşbi meniň kalbymda ömürlik galdy. Hawa, gyzym, şol hem meniň Sazagy iň soňky görşüm boldy... * * * ...Abadan eje bizi ugradanda, gözlerini ýaşlap galdy. Aradan birnäçe gün geçensoň, men Ýeňiş aga jaň edip, Abadan ejäniň ýanyna barmakçydygymy aýtdym. Ol birsalym dymyp durdy-da, Abadan ejäniň ýurduny täzeländigini aýtdy. Abadan eje soňky deminde ýalňyz ogluna: «Oglum, mazarymyň başynda goýuljak mermer daşa kakaň ikimiziň suratymyzy çekdir. Nesibesi çekip gelse, Sazak meni başga ýerlerden gözläp ýörmesin» diýipdir. Leýli GURBANOWA. | |
|
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||