10:07 Ornuñyz nirede, ýaşlar?! | |
ORNUŇYZ NIREDE, ÝAŞLAR?!
Pedagogika we edep-terbiýe
Döredijilikde öz-özüňi tapmak diýlen ýörelge bar. Bu şygyr düzmekde ýa kyssa ýazmakda özboluşly, özgeleriňkä meňzemeýän ýoluňy saýlamak diýmekdir. Nurmyrat Saryhanowyň, Ata Gowşudowyň kyssa eserlerini, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň goşgularyny okanyňda, ýazaryň atlaryny okamanam eserlerini tanaýaň. Şeýle özboluşlylygy gazanmak olara aňsat düşendir-ä öýdemok. Dogry, zehin, ukyp Hakdan berlen bolmaly. Ýöne berlen zehini, ukyby dogry, wagtynda, jaý ýerinde ulanmak eýýäm seniň özüňe bagly. Galama ýapyşanyma ep-esli ýyl boldy. Özüme-hä «özüm ho-ol uzakdan salgym bolup» görünýär. Eýsem-de bolsa, durmuşda özüňi tapmak diýlenem bir pikir bar-a. Bu, megerem, döredijilikdäkidenem kyn bolaýmasa-da biridir! Döredijilikde «orta gürpde» ýazybam oňňut edip bolmagy mümkin, gowsuny başarmasaň. Durmuşda edermen, sowatly, ukyply deň-duşlaryň kesbinden kemal tapyp, söýýän kärleriniň eýeleri bolup, hemme amatlyklary bolan jaýlarda ýaşap ýörseler, sen olara gözüň gidip ýörjekmi?! Ýok, ol-a bolmaz. Bolmasa, näme etmeli?! Ine, gepem şonda-da! Oňat durmuşda ýaşamaga taýýarlyk görmeli. Bu näme diýildigi?! Hormatly Prezidentimiziň nygtap belleýşi ýaly, «Biz ösüşlerimiz bilen gidip otursak, ýakyn ýyllarda dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hataryna goşularys». Muňa özümizem ynanýarys, daşary ýurtly işewürlerem. Syn edýän bolsaňyz, daşary ýurtly işewürler biziň ýurdumyza gelip, uly ylalaşyklar baglaşyp gidýändirler. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan we guruljak binalaryň, nebitgaz, dokma toplumlarynda ediljek işleriň hetdi-hasaby ýok. Eýsem-de bolsa, ýurdumyzyň şeýle gülläp ösüşinde ýaşamaga, şeýle gowy ösen tehnologiýaly ýurtda özümize orun tapyp, netijeli işlemäge biziň, aýratynam, ýaşlarymyzyň şu günlerden taýýarlyklary barmyka?! Gepem şunda-da. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda dil öwrenmekligi nygtap-nygtap aýdýar. Jaý ýerinde aýdylýan tabşyryk. Ýaşlarymyzyň muny aňryýany bilen ýerine ýetirýänleri-de köp. Ýurdumyzda ýokary derejede halkara ýaryşlary geçirilýär. Ýaşlaryň dilmaçlyk edişini göreniňde buýsanýarsyň. Mundan başga-da Hazaryň kenaryna ýüzlerçe we müňlerçe adamlar dynç almaga gelýärler. Bu dynç alyş toplumynda öz saglyklaryny dikeldýän myhmanlarymyz bilen olaryň öz dillerinde gepleşmeli, hyzmat etmeli bolýar. Olara halkara derejesinde hyzmat etmeklige bolsa, aýratynam, ýaşlar taýýarlykly gelmeli. Nesip bolsa, olar munuň hötdesinden aňryýany bilen gelerlerem. Siz gündelik gazetlerimizde çap edilýän mahabatlara (reklamalara) üns berip görüň: «Iňlis, rus, türkmen dillerini kämil bilýän ýaş hünärmenler işe çagyrylýar» diýlip ýazylandyr. Golaýda telekeçi tanyşlarymyň birine gabat geldim. Ol daşary ýurt firmasyna işe geçipdir. «Ynha, indi elli ýaşa ýetemsoň iňlis dilini öwrenmeli boldum. Aňsad-a düşenok. Wah, siziň ýaşyňyzda bolsam, üç aýda bu dili suw ýaly öwrenerdim. Agyr iş gününden soň, okamak aňsad-a däl. Zeleli ýok, henizem giç däl» diýip, ol okuwyna howlukdy. Şu ýerde uniwersitetde okadan mugallymym, professor Nazar Gullaýew göz öňümde janlandy. Bir gün ol maňa: «Sen hemme sapakdan bäşlige ýetişjek bolup artykmaç yhlas sarp edýäň, bu gowy zat, ýöne, şonuň ýerine ýekeje daşary ýurt dilini öwrenäýseň geljekde bähbitli bolar» diýipdi. Daşary ýurt edebiýatlaryny okamaly bolanymyzda onuň rus ýa-da türkmen diline geçirilen terjimesini tapmaly bolýarys. Onsoň mugallymymyň aýdan dopba-dogry sözleri gulagymda ýaňlanyberýär. Ýaşlara-da durmuşda öz ornumyzy tapmak üçin, iki-üç dili suwara bilmegi öwrenmäge girişeliň diýesim gelýär. Biziň käbirimizde ýaýdanjaňlygyň, ýaltalygyň bardygynam açyk aýtmagymyz gerek. Hünäre bolan islegimiz zähmetimiz bilen utgaşanda, onuň höziri hem başga bolýan ekeni. Atageldi atly obadaşym bar. Ol orta mekdebi gutaryp, okuwa girmedi. Sebäbi bar arzuwy daýhan bolmakdy. Aramyzda onuň bu pikirini goldamaýanlar hem bardy. «Aý guma bulaşar ýörer-dä» diýerdiler. Emma mende onuň maksadyna ýetip biljegine, hiç kimden kem ýaşamajagyna bolan ynam bardy. Sebäbi Atageldi gaty işeňňir oglandy. Ýedi-sekiz ýyllykda oba baranymda, Atageldini soradym. «Wasdan mellek ýerem, kärendesine ýerem alypdyr. Şaly ekýärmiş» diýdiler. Men oňa soň-soňlaram duşmadym. Ýöne onuň Wasda-da, obada-da jaý saldyranyny eşitdim. 3-4 ýyllykda ýene-de Atageldini yzarladym. Obada bäş otagly täze jaý, kaşaň howly saldyrypdyr. Ýaş baglar, üzüm dalbary, güller giň howla bezeg berip dur. Atageldiniň ejesi meni owadan halyly otaga çagyrdy. Ogluny soranymda, guwançly «zeýrendi». «Wah, jan gyzym, Atageldiniň bir başy bir dabanydyr, Wasda ýüzden gowrak goýny, ýigrimi-otuz gara maly, bäş gektar şalysy, bir howuz balygy bar. Iki hepdeden ýada aýda bir gezek oba gelip gidýär. Gelin alansoňa onam, çagalarynam alyp gitdi. Çagajyklaram Atageldi jan ýaly örän zähmetsöýer, «Ene biz kakam ýaly bek işleýäs» diýip jedirdeşip durlar gyz olar. Olar iş diýip ýörensoň giň howluda gyzlarym bilen galyberdim». Men Atageldiniň ejesini köşeşdirdim. «Ene, indi ol ýerlerem uly oba. Atageldi dogry edýär. Eliňden gelýän iş bilen çynyň bilen meşgul bolmaly. Işlese hözirinem görer diýdim. Golaýda oba baranymda Atageldini goňşularymyň biriniň toýunda gördüm. Ol aňrybaş toý lybaslaryny geýip, gelni bilen toýa gelipdir. Güne kemsiz gaýzygan ýüzi diýäýmeseň, daşary ýurt telekeçilerine meňzäp dur. Zordan tanadym. Ol ýaşlary gutlanda-da: «Size «Asal aýyňyzy Wasda geçirmegi maslahat berýän. Görseňiz çöl däldir, jennetiň hut özüdir. Giden baglyk, sazaklyk. Aýratyn jaý, ýeňil maşyn, balyk tagamlary bilen doly üpjün etmegi wada berýän» diýdi. Onuň bu sözlerine oba bolup guwandyk. Men oňa: «Atageldi, howuzdaky balyklardan ýeke özüň iýäýýäňmi?» diýip degişdim. Ol şäherde toý mekanlarynyň birini balyk bilen üpjün edýändigini, zähmetinden gaçmasaň, balygyň hem bir maşgalany ekleýändigini buýsançly gürrüň berdi. Soň görüp otursam, goňşymyzyň toýuna-da ep-esli balyk getiren ekeni. Ine, ýaşlar halal zähmetiň netijesiniň ýene-de bir subutnamasy. Diýmek, kimde-kimiň Atageldi ýaly il aýtmyşlaýyn, «Halal türkmen telekeçisi» bolasy gelse, biliňi berk guşaýmaly. Bu ýerde gürrüň saýlan hünäriňi ýüregiňe berk düwmek, çaltrak netijeli hereket etmek, ýaýdanjaňlyk etmezlik hakynda barýar. «Zähmet soňy rehnet» diýen nakyly özüne mäkäm şygar edinen döwürdeşlerimiziň köpüsi bu gün öz söýýän kärleriniň eýesi bolup zähmet çekişip, döwletli döwran sürüp ýörler. Bu durmuşda haýsy käri söýýän bolsaň, edýän işiň özüňe, il-günüňe peýda getirse, ondan aňyrda bagt barmy?! Görşümiz ýaly, durmuşda öz ornuňy tapmak üçin turuwbaşdan halallyga gol berip, haçan, nirede, nähili pişelere baş goşmalydygyň hakda pugta oýlanmaly ekeni. Eziz ýaşlar! Tutan işiňiziň şowlamagy üçin size ymykly bilim almak, dil öwrenmek gerek bolar. Biziň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bolsa, öz ukybyňy görkezmäge, alan hünäriň höziri bilen ýaşamaga iňňän uly mümkinçilikler bar. Ýaşlar! Il-günüňe, maşgalaňa ene topragyňa, dost-ýarlaryňa guwanyp, arkaýyn döwran sürmek üçin dünýä gelinýär. Biz şu ajaýyp barlyklaryň hözirini görüp ýaşamaga taýýarlyk görýärmikäk?! Bular hakda çaltrak hem-de pugta oýlanmagymyz gerek. Çünki durmuşyň höziri kän, wagt bolsa garaşanok. Hemmesine ýetişjek bolmaly. Iň bolmanda şoňa ugrybir ymtylmagymyz gerek. Ahyrky maksada ýetmek üçin yhlas, hereket etmek gerek. Nesip bolsa, bu maksadymyza ýetip, oz ornumyzda sak durup işläris. Ýaşlar, meniň bilen ylalaşýansyňyz-a?! Leýli GURBANOWA, # “Nesil” gazeti, 24.01.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |