21:34 Aýdym | |
AÝDYM
Goşgular
Gijäñ çygly ýañagyna baş goýdum, Hem ýatladym seniñ uzakdadygñy, Juda, juda, juda uzakdadygñy, El uzatsam, eliñ uzamajagny, Seslenenim bilen eşitmejegñi, Baş atanym bilen baş atmajagñy. Gulagymda bolsa ýañlanýar hälem Bilin ýazman geçen gündiziñ gowry. Sen bilýärmiñ, bu ýerlere dolandy, Zamçalaryñ dünýä ys berýän döwri. Men saña köp zady aýdasym gelýär, Diñleseñ, dymmasam dymar çakymda. Meniñ saña gürrüñ beresim gelýär Juda, juda, juda köp zat hakynda. Meñ saña köp zady aýdasym gelýär, Bilýän, şatlanarsyñ sözlerim diñläp. Gijäñ çygly ýañagyna baş goýdum, Göz ýumdum, düýşüme gireriñ diläp. Hudaýberdi SÖHBETOW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||