01:44 Watan aýdymy | |
WATAN AÝDYMY
Goşgular
Amyderýañ kenaryndan geldim men, Kükreýan ilinden däli suwlaryñ. Ýa men seni gark ederin yşkyma, Ýa yşkyñ külüni göge sowraryn. Derýanyñ bulançam silidir yşkym, Seni goýna salar gider, söwdügim. Düşünersiñ bagtdan ýaña demigip, Niçik söýüşine derýa ýigdiniñ. Aýakýalañ ýöräp göwnüm üstünden, Suw perisi bolup owsun atsañ-da Men seni söýerin, Ýöne derýamy, Seniñ bilen wasp ededin des-deñje. Bagt tapjakmyşmy bizden gowyny, Daşymyzda bolar ýörer perwana. Ýöne biziñ söýgimizde yş galar, Baş egmeýän bolsañ Amyderýama. Men saña düşünýän ýazyksyz, söýgim, Aýlanaýyn seriñdäki ýelginden. Meniñ buýsanjyma düşünermikäñ? Amyderýañ kenaryndan geldim men. | |
|
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Güýz we men / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Yşk etegin tutmak gerek... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ «Akar gaýmaklapdyr aýyň nurundan...» / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |