14:25 Ömür degişmesi | |
ÖMÜR DEGIŞMESI
Goşgular
Ýok, bu ömür meñki däl, Kim getirip dakdy ony boýnuma?! Oña asyl-asyl göwnüm ýetenok, Bolşundan göwnüm bitenok, Çolaşyp ýör synyna. Ýersiz ýere öñýeteniñ öñünde, Düýrügýän, Ýygrylýan, Gowrulýan. Çepiksije bu ömre, Synlaga-da haýpym gelýär keseden. Telpegi bar keçeden, Göwni synyp kejigen, Ömürjik gybyrdap barýar öñümde. Geçýän onuñ peýdasyndan, haýryndan. Halas ediñ meni Ondan aýryñ-da, Är işini gaýryñ-da, Öwezine zat soramok şeýlekin, Derkary ýok maña beýle ömüriñ, Alyñ ony size berýän başbitin. Hany, meniñ öz ömrim, Kim gidipdir ony menden oljalap, Durun saçym ýolmalap. Nähilelik bilen giderdim goldan, Aý parasy ýaly hoşsurat ömri?! Gark boldumy ýaşaýyşyn gomuna, Çildimi ogry? Pahaý, ömür dagy däldi ol ömür, Jibrinip salgyny bereýin onuñ. Döwrany sürerdi saýmazdan soñun, Zerbap dony bolmalydy egninde, Başynda jygasy bolmalydy oñ, Bardy-geldi ertir-agşam seýlinde, Duşaýsañyz oña, Derhal maña habar beriñ görenler?! Eşidenler maña garşy ýelk ýasañ. Ine, şeýle: Daglar sarsan arçynsa, Arslan kybap ömrüm bardy aslynda. Bu dünýäni elek ediñ, görüñ siz, Şony gaýdyp beriñ siz! Hudaýberdi SÖHBETOW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |