11:17 Aýdym aýdýan | |
DOST DIÝENI BOLSUN
Goşgular
Eziz Ykbalyñ ady okyjylara öñräkden bäri tanyş bolsa gerek. Onuñ metbugatda çap edilen goşgularydyr hekaýalary edebiýat bilen içgin gyzyklanýanlaryñ ünsüni özüne çeken bolmaly. 1991-nji ýylda şahyryñ "Dost diýeni bolsun" atly ilkinji özbaşdak kitaby çapdan çykypdy. Elbetde, şol döwürdr ýaşlary edebiýata getirmekde belli halypa ýazyjymyz Osman Ödäniñ abyrsyz uly hyzmatlary bitiripdi. Çünki onuñ ýolbaşçylyk eden "Ruh" döredijilik-önümçilik birleşigi nijeme ýaşlaryñ kitabyny neşir edip halka ýetiripdi. Awtoryñ "Altyn guşak" neşirýatynda çap edilen şol ilkinji kitabyny-da hut Osman Öde we Torum Ýaýlan Bataşy redaktirläpdi. Ýüzlenýän her bir temasyna özboluşly çemeleşmegi başarýan şahyryñ ilkinji ýygyndysyndan alynan goşgulary kitapçy saýtynyñ-da okyjylarynyñ göwnünden turar diýen tamamyz bar. ■ Aýdym aýdýan Men bir aýdym aýdýan, şoh bahar gelip, Ilki güller görkezende ýüzüni. Baglar ýaşyl begresine beslenip, Mymyk ýel sypanda türkmen düzüni. Men bir aýdym aýdýan, bu açyk sähra, Tomus gereninde gyzgyn gujagyn. Gül beden ýaýlany köýdürip barha, Sary jöwza ýakanynda ojagyn. Men bir aýdym aýdýan, tylla güýz gelip, Durnalar geçende gözlerin ýaşlap... Meýdanlar gözüme eziz görünip, Ýapraklar gaçanda baldagyn taşlap. Men bir aýdym aýdýan, gara gyş gelip, Ýürekden geçende gylyç deý şemal. Owadan asmany çal bulut örtüp, Ak gar ýaganynda zemine emaý. Säherler dünýäniñ ýazyny diläp, Aýdym aýdýan, döküp göwnümde baryn. Yhlas bilen giñ jahany hüwdüläp, Bu alys ýollardan gidip barýaryn... * * * ● Hudaýnazar Annagulyýew (Eziz Ykbal) 1956-njy ýylda Kerkiniñ Astanababa obasynda eneden dogulýar. Şol obadaky orta mekdebi, Çärjew şäherinddäki W.I.Lenin adyndaky pedagogik institutyny (häzirki Türkmenabadyñ Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk instituty) tamamlaýar. Insituty tamamlandan soñ Astababa obasyndaky 28-nji orta mekdepde matematikadan okadan şahyryñ goşgularydyr hekaýalary gazetdir žurnallarda häzirki wagta çenli yzygiderli çap edilip gelinýär. | |
|
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |