18:17 Aýdym - köñül owazym | |
AÝDYM - KÖÑÜL OWAZYM
Aýdym-saz sungaty
Aýdym-sazyň imrindiriji güýji, hoş owazy ynsan kal byna mähir paýlaýar. Sungata bolan ylahy zehin ynsana tebigy berilýär. Şol zehini yhlasyň bilen kämilleşdirip, halka ýetirmek bolsa öz ukybyňa bagly. Aýdymçynyň şirin owazy diňleýjiniň köňül köşgüne ajaýyp duýgulary bagyş edip, gözellige sary atarýar. Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Gurbanowanyň aýdýan aýdymlaryny diňläniňde onuň belent sesine, şirin owazyna maýyl bolýarsyň. Sebäbi ol aýdym aýdanda, durkuň bilen şoňa berilýärsiň. Mahmal owazy bolsa kalplara mähribanlyk paýlaýar. Amangül bilen boljak söhbetdeşligiň hemmäňiziň göwün güzeriňizde düşläp, kalbyňyza mylaýymlyk, söýgi paýlajakdygyna bolan ynam, kalplarymyza mähir nuruny paýlaýar. Sebäbi aýdymçy zenan bilen bolan söhbetdeşlikde onuň kalbyndan çykýan joşgunly sözleri hem ýerine ýetirýän aýdymlary ýaly köňlüňe mylaýymlyk bagyş edýär. Amangül özüniň halk aýdym-sazlary, belentden-belent owazy bilen köňüllerde ýer alan, diňe bir Balkan welaýatynda däl, eýsem, Diýarymyzda meşhurlyk gazanan Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aşyr Gurbanowyň döwletli maşgalasynda, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda on üç doganyň biri bolup dünýä inýär. Mekdepde okaýan döwürleri teleýaýlymlarda, radioýaýlymlarda ýaňlanýan halk aýdymlaryny, sazlaryny ürç edip diňläp oturyşyna, bagşylaryň aýdymlarynam ýat bekleýär. Ejesi Akynyň aýdyp berýän hüwdüleri, özünden uly doganlarynyň kakasynyň ýanynda oturyp, ellerine dutar alyp, kirişlerine çalaja kakyp, ýuwaşjadan aýdyma hiňlenmeleri ýaş gyzyň kalbyny ummanlara owsundyrýar, doganlaryna meňzäsi gelýär. Ýaňy aýak bitenje gyz dutary elläp görýär. Şabram şelpeler onuň çaga kalbyna siňýär. Kakasynyň ýanynda oturyp, dutardan çykýan owaza maýyl bolup, dutara goşup, aýdym aýdýar. Sungata bolan söýgüsiniň üsti bilen kalbynyň iň inçe tarlarynyň syrlaryny aýdyma geçirmegi başaran aýdymçy zenan aýdym-saz sungatyna gelşi barada şeýle gürrüň berdi: - Ol wagtlar kakamyň ýanyna atly bagşylar Aşyrmämmet Dawudow, Mäne Garaýew, gyjakçy Berdi Berdiýew dagy gelerdiler. Şu ýerde kakamyň Türkmenistanyň halk bagşysy Nurberdi Gulowyň ilkinji şägirdi bolandygyny ýatlamak maňa has hem ýakymly. Uzak gije oturyp, aýdym aýdyşardylar, degşipgülşerdiler. Şol mähirli duşuşyklar, aýdym-saz baradaky gyzykly söhbetler meniň aýdym-saza bolan höwesimi has'da artdyrdy. Meniň sungat älemine girişmegime berlen ak pata boldy. Amangül ilkinji aýdymlaryny kakasy bilen taraşlaýar, soňra bolsa mekdepde okuwçylaryň öňüne çykyp, dutaryň şirin perdelerine goşulyp gidýän mylaýym sesi bilen deň-duşlaryna hezil berýär. Ol diňe dutara goşup aýdym aýtmak bilen çäklenmeýär. Ol mekdebiň aýdymsaz mugallymynyň maslahaty bilen estrada žanrynda-da özüni synap görýär. Bu hem ýerine düşýär. Onuň ussatlyk bilen ýerine ýetiren «Gel, süreli döwrany», «Intizar etdiň, peri» ýaly aýdymlary tomaşaçylar tarapyndan hasda söýlüp diňlenilýär. Gursagy aýdymdan doly zehinli gyz Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolýar. Bu bolsa onuň aýdym-saz sungaty bilen hasda içgin meşgullanmagyna, kämilleşmegine, täzetäze aýdymlaryň üstünde işlemegine getirýär. Ol Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine «Ýol nämedir», «Söýmek üçin», şahyr Nurgözel Gozlyýewanyň sözlerine «Arkadag bilen», «Janym», kompozitorlar Omar Igamowyň, Muslim Gulamowyň döreden ençeme aýdymlaryny uly ruhubelentlik bilen aýtmagy başarýar. Kompozitor Nurmyrat Garajaýew bilen hem ençeme aýdymlary döredýär. Bu bolsa aýdymçynyň hem-ä, halk aýdymlaryna ussatlygyny hem-de güngünden kämilleşýän estrada žanryna berlişini subut edýär. Aýdymçy zenan Amangül Gurbanowa «Şasenem joralaryny çagyrýar» ady bilen geçirilen bäsleşikde hem «Şasenem-Garyp» dessanyndan halkymyzyň söýüp diňleýän aýdymlaryny ýerine ýetirmekde bäsdeşlerinden tapawutlanmagy başardy hemde baýrakly orna mynasyp boldy. Aýdymçylaryň her ýylda ýurdumyz boýunça geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýerine ýetiren «Ykbala ýüzlenme» ("Yratmawer") diýen aýdymy Amangüle uly üstünlik getirýär. Ol bu bäsleşigiň ýeňijisi bolýar. — Halypalara ýüzlenmek, olardan nusga almak aýdymçy üçin zerur häsiýetleriň biri. Men bäsleşige gelmezimden ozal, Türkmenistanyň halk bagşysy Mäne Garaýewlerde bolup, halypanyň maslahaty bilen ol aýdymyň has kämil bolmagy üçin sapak geçdim. Bu bolsa maňa üstünlik getirdi. Şu günlerem ol aýdymyň diňleýjisi köp — diýip, Amangül Gurbanowa gürrüň berýär. Amangül aýdym-saz äleminde halypalardan görelde aldy, olaryň hersiniň aýdym aýdyş ýoluny öwrendi. Emma bu ýolda öz ýodaňy döretmelidigi ne, ol ýodanyň bolsa ýatdan çykmajak ýollara öwrülmelidigine düşünýärdi. Bu ýollar ussatlyk ýoluna eltmeli ýollardy. Höwes bar ýerinde bolsa, bu zatlaryň boljakdygy ikuçsuzdy. Bu duýgulary aýdymçy gyzyň kalbyna kakasy, halypasy Aşyr Gurbanow irginsiz siňdiripdi. Amangül bu ýoldan ýeke ýöremedi, oňa doganlary Şatmyrat gyjak, Amangeldi bolsa, dutar çalyp, ýoldaş boldular. Obadaşlary: «Aşyr dädäniň çagalary uly toýy sowup bilýär, toýtomgy bolsa başga ýerden bagşy gözlemeli däl» diýşip, guwanç bilen gürrüň edýärler. Obadaşlaryň seniň ilkinji tomaşaçylaryň, olaryň saňa berjek bahasy bolsa, el ýetmez baýlyk, at-abraý. — Doganlarym gazal aýtmakda hem adamlara hezil berýärler. Ynha, Bossantäç gazal aýtmakda diňe bir etrabymyzda däl, eýsem, welaýatymyzda hem tanalýar. Her bir toýa, baýramçylyga özi goşgy düzýär, soňra gazal edip aýdyp otyr, sesem gelşip dur — diýip, Amangül aýdýar. Hawa, Aşyr däde bilen Aky ejekäniň terbiýeläp, kemala getiren çagalary bu günki gün ata kesbini dowam etdirip, halkyna ruhy lezzet berýärler. Olaryň sadalygy, işjanlylygy, iline-gününe, Watanyna wepalylygy köplere nusga alarlykdyr. Sebäbi halk arasynda: «Bularyň eneatasy şeýle adamlardy. Aky ejekäniň-ä aýdyp berýän gülküli gürrüňleri, degiş meleri hiç kimiň ýadyndan çykanok. Özüniň belent owazy bilen gulaklaryň posuny açan, ýüreklere nur paýlan Aşyr dädäniň aýdymlaryny diýsene?! Diňledigiňçe, diňläsiň gelerdi. Tüweleme, Amangül tüýs kakasyna meňzäpdir» diýlen gürrüňler, aýdymçy zenana goýulýan sarpadan nyşan. Aýdymyň-sazyň sesi gelip duran maşgala bagtly hasaplanýar. «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň eýesi Amangül Gurbanowanyň döwletli ojagynda aýdym-saza uly hormat goýulýar. Ogly Stambul Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlady. Maşgalanyň göz-guwanjy bolan agtyjagy Nurana ýat tutan goşgusyny uly höwes bilen enesine aýdyp berýär. Gelni Aýbölek bolsa, bagtyýar döwrümiziň bagtly talyby. Aýdym Amangülüň köňül owazy. Mahmal owaz näçe köp ýürege siňip bilse, ol şonça-da hoşwagt. Sebäbi aýdymçy tomaşaçy, halk bilen ýaşaýar. — Gahryman Arkadagymyz sungata, medeni ýete uly üns berýär. Türkmeniň milli aýdym-sazyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler, şertler döredilen. Indi türkmeni hoş owazy, milli lybasy bilen dünýäniň ähli ýerinde tanaýarlar. Sungat adamsyna berilýän baha has hem joşdurýar, täze aýdymlary döredip, halkyň göwnünden turmaklyga höweslendirýär. Ussatlyga tarap ýol açyp berýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn! — diýip, aýdymçy gelin ýürek buýsanjyny beýan edýär. Biz hem «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda aýdymçy zenanyň göwün güzerinden joşup çykýan ajaýyp aýdymlarynyň owazynyň belentden belent ýaňlanyp, aýdym-saz äleminde ylhamynyň joşup durmagyny arzuw edýäris! Ýazgül ANNAÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |