10:52 Nesibe / hekaýa | |
NESIBE
Hekaýalar
Zeminden wagtlaýyn örküni üzüp, asman üzre ýokary galýan uçarlarymyz ynsan ählini ak arzuwlara besleýär. Günüň tylla tyglaryny gulaçlap uçup barýan uçaryň ümzügi ileri. Jahan uçara münüp öz ornuna ýerleşen badyna, bary-ýogy sanlyja sagatlardan ýalňyz ogluny bagryna basyp biljegini ýatlap, tolgundy. Ýylgyryp, gözlerini alyslara dikip oturan ene hyýalynda eýýäm bäş sagatlyk ýoly geçipdi. Ogly üçin tamdyr çöregidir gowurdak, gawundyr kak, hozdur kişmiş, öz eli bilen taýýarlan peýniridir sarganyny alyp, mazaly ýüküni tutup, ýola düşen Jahan üçin häzirki pursadyň her minuty gyzyldan gymmatlydy. Ol oglunyň halaýan zatlaryny birin-birin ýatlady-da, oňa ýene nämeleri almagy unudandygyny göz öňüne getirjek boldy. Kemçiligiň ýokdugyna gözi ýeten ene ýüregi ynjaldy. Uçarbelet ugramaly wagtyň bolan-dygyny äşgär edip, uçaryň düzgünleriniň berjaý edilmegi hakynda bildiriş bereninden soň, sähel salymyň içinde uçar asman bulutlaryny iki ýana serpip, Zeminden arany açdy. Jahan uçaryň penjiresinden aşak seredip oturyşyna oglunyň soňky aýdan sözleri hakynda oýlandy-da, ýüregine ünji salan sözi hakydasynda aýlady. Öten agşam ogly bilen bolan telefon arkaly gürrüňdeşligi alada edinýändigini adamsyna-da aýdypdy. Adamsy bu ýerde pikirlenere zadyň ýokdugyny, Jahanyň gün-günden aladaçyl bolup barýandygyny ýatladyp, oňa giň bolmagy ündedi.Emma Jahanyň ene ýüregi barha howsala düşdi. Ol hyýalynda şol söhbetdeşligi ýekän-ýekän gaýtalap gördi, ony özüçe saldarlap, näme netije çykarjagyny bilmän, uçaryň ýyndamlygynyň hasam artmagyny isledi-de, ogly bilen bolan söhbetdeşligi täzeden ýatlap başlady. ...«Eje, sen azara galyp, gelmeseňem bolardy ahyryn. Meniň ýagdaýlarym gowy, okap, bilim alyp ýörün. Kem zadym ýok. Bilýäňmi näme, eje, men bu ýerde türkmendigime buýsanýaryn. Sebäbi bu ýeriň halky türkmen talyplaryna aýratyn hormat goýýar. Olar biz bilen söhbetdeş bolup, bedewlerimiz, nepis halylarymyz, türkmeniň tohum itleri hakynda gyzyklanýarlar. Bu ýerde okaýan ýaşlar ýurdumyzyň asudalygyna, halkymyzyň agzybirligine, Diýarymyzyň barha artýan at-abraýyna, gözelligine, bagy-bossanlygyna haýran galýarlar. Eje, bu ýerde biziň bal ýaly waharman gawunlarymyzy iýip görmegi arzuw edýänlerem sanardan kän. Men bile okaýan ýoldaşlaryma Watanyma dolananymda hökman gawun hem-de gawun kakyny getirjekdigime söz berdim» diýende, Jahan baran wagty gawundyr gawun kakyny özüniň alyp barjakdygyny aýdyp: «Oglum, sag-aman dolansaň, bagt toýuňy hem tutjak. Nurmuhammet daýyň gyzyny alyp berjek saňa» diýip, oglunyň begenjiniň üstüni ýetirmek isledi. Şol pursat ara dymyşlyk düşdi. Jahan: «Alo, alo...» diýip gaýta-gaýta seslense-de, aňyrdan ses eşidilmedi. Aragatnaşyk kesilendir öýdüp, telefonynyň ýüzüne seretdi, onýança-da: «Eje, şol mesele-de meniň saňa aýtmaly zatlarym bardy, ýeri, bolýa-da, ol hakynda soň...» diýdi-de, hoşlaşmak bilen boldy. Şol gürrüňdeşlikden soň näme edip, näme goýýanyny bilmedik Jahan doganoglany Nurmuhammet aganyň gyzyny gelin edinmek arzuwy bilen ýaşaýardy. Ýaşaýan ýerleri hem golaý bolansoň ýaşlar hiç haçan biri-birinden aýra düşmändiler. Emma Jahanyň ogly Geldi sport bäsleşiklerinde ilkinji orunlary alyp, ýurduň sport abraýyny gorap, aýratyn zehinli ýetginjekleriň içinde tapawutlanyp, iňlis we rus dillerini hem suwara bilýändigi üçin döwlet tarapyndan daşary ýurda okuwyny dowam etdirmäge ýollanjakdygyndan bihabardy. Geldiniň okuwa gitmegi Jahany begendirse-de, şol günden soň Gülşirin dünýe bilen däldi. Gyzyň öňki şadyýan gülküsi zym-zyýat bolupdy. Gyz Geldiden aýrylan üç ýylynyň içinde ulalan ýaly bolaýdy. Ol agraslandy, ýüzüni ýerden galdyranokdy. Ozallar degşip-gülşüp ýören gyz indi zerurlyk bolmasa geplemeýärdi. Şeýle pikirdir oýlary gulaçlap, bulutlary böwsüp barýan uçarda irkilip oturan Jahanyň ýüregi ýerinden gobsunyp giden ýaly boldy. Ol Gülşirini ýatlap gyýyldy. Jahan görmegeý, başarjaň, berdaşly oglunyň ýüreginiň diýseň dözümsizdigine beletdi. Emma onuň üç ýylyň içinde nädip pikiriniň üýtgändigine hiç akyl ýetirip bilmedi. Alasarmyk, biri-birine gapma-garşy pikirlerden ýadansoň irkildi. ...Ine-de, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän tokaýlyk. Ýokaryňa seretseň, äpet baglaryň gürlüginden, beýikliginden ýaňa hatda asmanam görnenok. Jahan şeýle bir suwsaýar welin, hiç ýerde içere suwam ýok. Ol sesiniň ýetdiginden: «Geldi, suw bersene, oglum!» diýip gygyrýar. Birdenem Geldiniň berdaşly gollary ejesiniň alnyna gelýär-de: «Al, eje, ine suw, iç, noş bolsun!» diýip, ýylgyryp dur. Ellerini suwa uzadan badyna: «Size suw guýalymy, çaý?! Isleseňiz kofe hem bar» diýen sese gözlerini açdy. Görse, ýolbeletler uçaryň üstündäki müşderilere hyzmat edip ýörler. Jahan diňe şonda düýş görendigine düşünip, uýaljyrap, bir bulgur suwy ýuwaşlyk bilen içip başlady. Uçaryň üstünde diňe sagada seredäýmeseň, daş-töwerege seredip, barjak ýeriňe näçeräk menziliň galandygyny biljek gumanyň ýokdy. Jahan sagada seretdi-de, uçaryň gonmagyna bary-ýogy bir sagat çemesi wagtyň galandygyna begendi. Alnyndaky oturgyjynyň gyrajygyndan özüne tarap owsunyp, nämedir bir zatlar diýjek bolup, ellerini oturgyjyň arasyndan yza uzadyp duran çagany dört sagat bäri görmändigine haýran galyp, öz-özünden utandy. Ol: «Wah, jana bala! Seni görmändirin ahyryn!» diýip, barmaklary bilen çagajygyň goşarjygyndan sypalady. Görsene, ynsan ogly öz aladasy bilen gümra bolup oturyşyna gabat garşysyndaky zady hem görmän geçiräýjek eken. Ýylgyryp, özi bilen kimdir biriniň oý-naryny isleýän körpejigiň naşyja ýaňajyklary nar dänesi ýaly gyzaryp durdy. Onuň akja ýüzüne dökülüp duran meleje saçlary bolsa çagajygy şeýle bir bezeýärdi welin, aýdyp-diýer ýaly däldi. Diljagazyny çeýnäp, «jugur-jugur» edip geplejek bolýan körpäni görüp Jahanyň ähli alada-ünjüleri sumat boldy. Ol mazaly rahatlandy-da: «Seniň ýaly enaýyja agtyk söýmek biziňem nesibämizde bar bolsun-da, hernä!» diýip, ýagşy dileg edip, çagajyga lak atyp, gepine gep goşdy. Uçar gonan badyna Geldi ejesini gujak açyp garşylady. Eneli-ogluň söhbedi barha süýjedi. Jahan getiren zatlaryny giň saçak açyp ýazdy-da, Geldiniň alnynda dünýäni unudyp oturdy. Oglunyň gürrüň berýän zatlarynyň ählisinde ata Watana bolan buýsanç, guwanç bardy. Şu pursatda Jahan oglunyň gözlerinde Watanyna bolan teşneligi görüp gyýyldy. Geldi käýarym Watanyny, deň-duşlaryny, maşgalasyny küý-sände daglaryň üstüne çykyp gygyryberesiniň gelýändigini ýylgyryp aýtsa-da, ene ýüregi sessiz aglady. Jahan azajyk gaýrat edip garaşsa, oglunyň sag-aman dolanyp geljegini ýatlap, öz-özüne teselli berdi. Jahan oglunyň gürrüňlerini diňläp oturyşyna onuň esasy meselä — ene ýüregini ünjä goýýan meselä gelerini isledi. Emma Geldi maşgala gurmak hakynda dil ýarmady. Jahan oýlanyp oturyşyna, ahyry özüniň söz gozgamaly boljagyny aňdy. Şeýdibem ýüregini bire baglap, ogluna sala saldy. — Oglum, sen okuwa gaýdanyňdan soň Gülşiriniň öňküligi ýok. Göwnüme bolmasa, ol bu dünýe bilen däl ýaly, sussupes, göwnüçökgün... Onuň ýagdaýyndan seniň habaryň bardyr-a?! — diýip, soragly nazaryny Geldiniň ýüzüne gönükdirdi. Geldi ýylgyrdy-da: — Habarym bar, eje! Ýöne hemme zadyň öz wagty, öz nesibeli güni bar. Men arzuwlarymy amala aşyrýançam, döwletimiziň, halkymyzyň bizden garaşýan umytlaryny ödäp biler ýaly derejä ýetýänçäm Gül-şirin garaşmaga razy, wadamyza wepaly bolsak hemme zat gül ýaly bolar. Ýöne entek-entekler meniň maşgala gurmak niýetim ýok — diýip, Geldi bu meseläni çöp döwen ýaly etdi-de, gürrüňi tamamlaýan äheňde sözi başga ýana sowdy. Jahan oglunyň Gülşirin hakyndaky pikiriniň üýtgemändigine diýseň begendi. Ynjalyk tapan ene ýüregi diňe şu zatlardan soň, mazaly sowan çaýy içmäge hyýallandy. Geldiniň ýaşaýan otagynyň içi tämizdi. Onuň sportda görkezen edermenliklerini subut edýän kuboklardyr medallar, Diplomlardyr Hormat hatlary bolsa tutuş bir diwary dolduryp durdy. Jahan bu zatlary synlap ogluna guwandy. «Ata kesbi — ogla halal» diýen ajaýyp jümläni ýatlady. Jahanyň adamsy Sapar pälwan ýaş wagtlary obanyň iň edermen adamydy. Onuň göreş tutanda bir gezek hem ýeňilen wagty ýokdy. Diňe göreş tutmakda däl, eýsem, toý-tomaşa üçin öküz ýykylsa-da, Sapar pälwansyz geçmezdi. Birnäçe adamyň üýşüp, ýykyp bilmeýän öküzinem Sapar pälwan agdarardy. Sapar aga ogly Geldi dünýä inende, oňa sallançak bagy etmek üçin, göreşende biline daňýan bilguşagyny sowgat beripdi. Geldiniň enesiniň ýörite işen alajasyny sallançak bagy eden Jahan adamsynyň gara bil guşagyny käte şol sallançak baga seplese, käte ony oglunyň arlyjagynyň daşyna dolanýan bag edip ulanardy. Ol diwardaky zatlary synlap, bir pursatlyk alyslarda galan ýaşlyk ýyllaryna dolandy. Geldi agşamara deň-duşlaryny alyp gelende eýýäm ejesi palaw buglapdy. Dostlary bilen gürleşip, şady-ýan gülüşýän ogluny guwanç bilen synlap oturan Jahan oglanlaryň waharman gawuny bilen palawy işdämenlik bilen iýişlerine begendi. Dillerine düşünmese-de, näme hakynda gürrüň edýändiklerini aňyp, başyny atyp oturan Jahana sagbolsun aýdyp giden oglanlary görüp, ene ýüregi ynjalyk tapdy. Ol duz-çörek, nesibe diýilýän zadyň nirä çekjeginiň, durmuşda kimler bilen duz-emek boljagyň belli däldigi hakynda, emma Watan mähriniň hemişe özüne çekip duran gudratdygy hakynda oýa batdy. Iki günüň nädip geçenini hem duýman galan Jahan ýene uçara mündi. Ene ýüregindäki şatlyk hem buýsanç ogluna bolan teşnelik duýgulary bilen garyşyp, gözlerinden hünji bolup akyp gaýdýardy. Emma bu wagt ýüzläp-ýüzläp ajaýyp arzuwlara beslenen ene ýüregi toýuň aladasy bilen dolupdy... Ýazgül ANNAÝEWA, žurnalist. | |
|
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |