22:30 Aýjan / hekaýa | |
AÝJAN
Hekaýalar
Biri: «Aýja... an!» diýen ýaly boldy. Ol birsellem diňşirgenip durup, munuň öz göwnüniň aldawydygyny duýdy. Oňa aşakda, poçta ýaşiginde hat bar ýalydy. Emma ýaşigi agşam görendigini, o ýerde hiç zadyň ýokdugyny ol gowy bilýärdi. Indi Aýjan bilen kim öjügip başlady? Öz göwnümi? Göwni ony aldajak ýa-da birzatlara güýmejek bolýarmy? Göwni oňa teselli bermek isleýärmi? Şeýle zat bolup bilermi – öz-özüňi aldamak? Adam halys ýalňyz galanda, bir göwre ikä bölünjek eken. Öz-özüňe teselli berjek bolmak – bu nähili sadalyk, gözgynylyk. Şäher doly adam, töwerek doly adam – sen bolsa ýeke, seniň ýanyňa gelýän ýok, saňa golaýlaşýan ýok. Hatda tötänlikde biri seni egni bilen kakyp geçäýmän, bihepbäniň biri seniň ýoluňy kesäýmän. Ýok, hiç kim saňa azar bermez. Adamlaryň betbagtdan gaçyşy gaty aýylganç. Şu ägirt ýekelikde göwni oňa ýoldaş boljak bolýar, ony nämedir bir zat bilen güýmejek bolýar. Ýöne özüňi özüň aldatmak nähili agyr iş eken. Adam doglandan, özgäniň aldawyna öwrenen. Öňýeten seni ýüzugra aldar-gider welin, öz-özüňi aldamak kyn, gaty kyn! Ol haýallyk bilen deprenip, el-ýüzüni ýuwup, dişini arassalap ertirlik çaýyny öňüne aldy. Käsede bugaryp duran çaý onuň özüni duýup içip gelýän zadydy, kesilgi duran çörek onuň diş çykaly iýýän çöregidi. Bu durmuş nähili uzak hem içgysgynç ekeni. Bütin ömrüne şol bir endigi gaýtalamak... Diňe şol bir zady!.. Ençeme ýyllap!.. Ol ýerinden galyp, daşara özüniň hemişe görýän hem synlaýan aýnasynyň alnyndaky baglara seretdi. Öten agşamky ýagan ýagyş ýalaňaç çybyklary, köçeleri birkemsiz ýuwupdy. Çaýdan ganan çaýhonyň pinekleýşi ýaly, ýer derçireýärdi. Suwy sykylan bulutlar ýüzüňi agardyp, aşaklygyna asyl-asyl bolup, gaýra çekilişýärdiler. Säheriň kireňsiz tämizligi örän göwnaçyjydy. Göýä şeýle ýagşa diňe ýer däl, adamlaram suwsan ýalydylar. Ýöne bu şähdaçyklyk Aýjana ýetmedi. Ol işe barýarka, il deňi, uly köçäni dolduryp barýan millete goşulyp ýöräp barşyna, şu çigrek hem ony ukusyndan saplamandyr-ow diýdirýärdi. Eger onuň gözündäki galyň äýnegi bolmadyk bolsa, gabaklarynyň pökgerip duranlygy bildirjekdi. Beýle çigrek hem tämizlik tasir ätmez pasyl bolup biljek eken. Şu ýylyň gyşy bilen on altynyň bahary onuň ömür ýadyňda galsa gerek. El-aýagyny ýa öýkenini haýsydyr bir gyşyň sowugyna aldyrýan adamlar, bolýar ahyryn. Onuňkam şeýle boldy. Şol üýtgeşik bahary garşylanda, ol on altynyň içindedi. Bahar ir geldi. Fewraly ortalaman, çybyklar pyntyk ýardylar. Gün gyz demi kimin, teni duýgur agaçlary oýarypdy. Mylaýym şemal erigiň ak gülüni toýpaý ýaly töwerege seçeleýärdi. Ir ertir penjiräni. açanynda, gül ysy kürsäp içerä urýardy. Gün birneme ýokary galyp, ýylap başlandan, niredendir peýda bolýan arylar giç öýläne çenli gül daşynda perwaz urýardylar. Wagtyndan ir gelen bahara ýaşlar hezil edinip begenişseler, köpi gören ýaşulular baş ýaýkap gynanýardylar. Mart ortalaberende, howanyň öwzaýy üýtgedi. Bir gije hem güpläp gar düşdi. Penjesi ak gardan dolan ak erik-gülleri sowukda gözgyny görünýärdiler. Ýyly günde gül daşynda perwaz uran arylar nirädir zym-zyýat bolupdylar. Gülleriň daşy çolady, olaryň daşynda siňek hem wyzlamaýardy. Baharyň sowugy bijaý tukatlandyryjy hem ömür sowulmaýjak ýalydy. Bimahal düşen gar ýerde uzak ýatmady. Howa maýlanda, tozga gar agaç şahalaryňdan gara gözýaş bolup syrygyp gaýtdy. Dünýä täzeden lälä durdy. Ýöne akrabyň ýylysyna meýmirän baglar welin gaýdyp güllemedi... Adam durmuşy hem tebigata meňzeş bolar ekeni. Munda garaşmadyk zadyňa duşýaň. Garaşýanyň bolsa gelenok. Ýeri, ol Yklym bilen nireden sataşyp ýör. Ol bir maşgalaly, ene-ataly, çaga-çugaly uly hojalygyň ýekesi. Tanşypsyň, taň edipsiň, oňuň bilen şeýle ysnyşaryn diýip Aýjanyň ýatsa-tursa oýuna düşermidi? Bular ýaly gürleşip görmedigimi onuň? Olar öňem ýolda-yzda duşuşardylar. Käwagt ýolugra bir agyz, ýarym agyz gürleşerdilerem. Ir baharda hazanyň sowugyna gülüni çürtdüren ömür kyrkyň onuna girensoň, özüne ýanýoldaş, hemra küýseýärdi. Belki, ot şol hemdemi ýaňaklaryny erkek gözüniň ýiti çogy çawlanyndan bäri küýseýändir, ýöne şol islegler edil häzirkisi ýaly zerurlyga öwrülmändi. Ol öň arzuw bolup duýulýardy. Indi Yklym bilen gürleşende, olar näme hakda gürleşselerem parhy ýok, gürrüňiň teýkary şol zerurlyga baryp direlýärdi. Bar gürrüň ony ynjydýardy hem şol bildirgisiz ynjy, öýke-kine onuň göwnüne ýaraýardy. Käbir adamlaryň onda asla göwün bara şübhelenýän bolmagam ahmal. Emma ol bir zatdan ynjaýan bolsa, bir zada begenýän bolsa, onuň göwnüniň barlygy. Göwni bar adam hem ynsandyr. Olar tanşyp-öwrenişip, eýýäm birek-birekden gatyrganmaga dagy baryp ýetensoňlar, bir ýola Yklym onuň iş ýerine göründi. Günortanlyk arakesmäniň yz ýany bolansoň, garny dok, eli boş zenanlar üýşüşip, Yklym bilen Aýjanyň daşyna geçdiler. Aýjan özüne aýdylýan sözlere çalarak bozarýardy-da, mylaýym ýylgyrmak bilen ýeňäýýärdi. Yklym gaýdansoňam, Yklymly gürrüň ýatmady. – Sende-de gudrat bar, gyz. Olar ýaly owadan gözlüler awuny üstüne getirýändir welin, seniňki tersine-le... – Aýjanyň gözi nä onuňkydan pesmi? Äýnegini aýyrdyp, bir synlap gör. – Onda-da Yklymyň gözi bilen. Hi... hi... hi... – Aý, diýseňem-ä, özüňem gözüňi aýryp bilmediň-le ondan. Özüm-ä, dogrusy, henizler synlajakdym, Aýjandan çekindim. Ýöne neressäň dili welin peltik-dä. Aýjany görensoň-a, bara-beter sakawlaýar. – Beý diýip, Aýjanyň göwnüni bölüp bilmeris. Onuň sözleri iki barmak öl etiň üstünden gaýdanok-da, damaryndan pörsüldäp çykýar. Damardanam näme, her gezek ýürek uranda çykmaly-da... Zenanlar gülşüp, göwün solpudan çykdylar. Geň galaýmaly, Aýjan degişmänem edil çyn ýaly kabul etdi. Sebäbi olaryň diýýänleri ugrunda ýogam däldi. Yklymyň gözleri owadandy, ullakandy, umman reňkli, mähirden püre-pür bolup durdy. Diliniň peltikligem hakdy. Asyl, o zatlara Aýjan üns bermese nätjek. ýöne jorasynyň «onuň sözleri damardan pörsüldäp çykýar» diýeni hasam göwnüne jüňk boldy. Yklym gürlände üns berseň, muny aýdyň duýjagam ekeniň. Garaz, gep arasynda aýdylyşy ýaly, joralary onuň ýüreginiň üstünden aýagaçyk ýöräpdirler. – A gyz, gün-günden ýigdelip barýas-la – diýip, ony öwýärdiler. – Hany bäriňe bak, ýüzüň dagy ýalbyrap dur. – Gül öwüsýäň, gyz, sen-ä... Ol bolsa ähli öwgä pitiwa etmän: – Ah-eý, ýarysy boýag-la – diýip, parhsyz jogap berýärdi. – Boýag bolaýşyny. Boýag çalyb-a beýdip lowurdasyň ýok. – «Är gowusy oýnaşdyr – ölende aglap bolmaz, don gowusy şahydyr – ýyrtylsa ýamap bolmaz» diýip eşitmänmidiňiz?.. Kalbynda nähilidir bir üýtgeşik joşgunyň, hyjuwyň dyňzaýanyny Aýjanyň özem duýýady. Iň bärkisi, gözündäki äýnek näme – gözüniň kem-kemden kütelişmegi ony hemişe howsala salsa, soňky wagtda göreji röwşenlenen ýalydy. Bir gezek işdeş joralarynyň biri degşipmi, çyny bilenmi: – Şu myrtaryňy aýyrsana – diýdi. – Ynanaý, sen şeýle bir ýigdelýäň welin, şu myrtar äýnek ähli görküňi basyp dur. Adam sada bolmasyn eken. Ol öýüne baransoň, gözündäki äýnegini aýyrdy. Onuň göz öňi ümezläp başlady. Onuň janserek bolup ýörşüne haýpy gelen Yklym: – Özüňe goldawy ýetýän zadyň agramy bolmaz, hiç wagt beýle artykmaçlykdan gaçmagyn, mähribanym – diýdi. Şondan soň äýnek ýene onuň nazaryny durlady. Ol käte Yklymy uçursyz küýseýärdi. Şonda iki aýasyny ýaňagyna goýup oturşyna, çuň oýa batýardy. Soňundanam çagany köşeşdirýän ýaly, öz-özi ýuwaşja samraýardy. – Zyýany ýok, mähribanym. Geleňde gel. Seniň müň aladaň bar, bir başyň. Ol kime ýetsin. Iň esasy zat – göwün birligi. Käte Yklymy haçan göreni Aýjanyň ýadyndanam çykar giderdi. Ol gaýdyp dolanar öýtdürmeýärdi. Aýjanyň göz öňüne bolsa şol aýdylýan şahy don – geýeňden tä könelýänçä egniňde lowurdap durýan, könelensoňam düýt-müýt bolup ýyrtylyp gidýän şahy dok gelerdi. Günlerde bir gün Yklym mawy gözlerini ýazykly süzüp, boýnuny burup gelende, ýene Aýjanyň oňa nebsi agyrardy, ony ýene öňküsi ýaly gowy görerdi. Ep-esli salym ýüzüni turşardyp, ondan gara bermediginiň aryny alardy-da, soňra özüniň az salymlygam bolsa, ol hakda sowuk göwünli bolanyna gynanardy. – Senden bir zady soraýynmy, Yklym? – Sora. – Saçyňdaky aklar bar-a, şolaryň näçesine men sebäpkärkäm? – Bip-bilmedim. – Men saňa azar bolýanmy? – Azapsyz şa...şatlyk barmy? – Belki, sen meni unudarsyň?! – Unudyp b...bolsa unutmaly. Ýöne n... näme üçindir, unudyp b... bilemok. S... sen maňa azar bolýanmy diýip soraýaň, m... menem saňa azar ahyryn. S... sen näme üçin meni unudaňok? – Aý, men hiç. Ýöne sen... Men seni artykmaç alada goýýan ýaly. Meniň üçiň nepiňden galma diýjek bolýan... Yklym ylalaşdymy, ylalaşmadymy garaz, sesini çykarmady (megerem, öýkelän bolsa gerek). Şondan köp wagt geçmänkä, ol komandirowka gitmeli boldy. Ýeke galanda, öz diksözlügi Aýjanyň ýüregini awudýardy. Belki, Yklym göwnüne alanam däldir, bolsa-da, Aýjan onuň öňünde peselene döndi. Çäksiz bagtyýar soltanlygyna öz eli bilen şikes ýetirdi. Özüni özi pese düşürdi. Indi belende şol düşen pesliginden başlap galmaly. Ondan ötünç soramaly. Emma Yklym gaýdyp gelmedi. Şol duşuşyk olaryň soňky duşuşygy ekeni. Ol komandirowkadan-bärik gaýdyşyn, awtomobil heläkçiligine duçar bolupdyr. Bu ajy habary eşideninde, Aýjan nähili duýgyny başdan geçirenini, aglanyny-eňränini bilmedi. Ol şeýle bir ýalňyz galdy welin, hatda hemişelik hemrasy, gijelerine göz dikip garaşýany – ukam oňuň golaýyna gelmedi. Ol sanly günde soldy. Ondan bäri pasyl çalyşdy, Aýjan bolsa entegem özüni tutup bilenok. Häzir ol öten agşamky ýagşa ýuwlan ýanýoldan assaja ýöräp barýar. Şeýtmek oňa ýaraýar. Onuň ýene bir halaýan zady – adamlary synlamak. Düýn bir oglanyň egninde edil Yklymyňky ýaly plaş bar eken. Boýam des-deňje-dä, ýöreýşem meňzeş. Kesesinden seredýäň weli, ýüregiň hüwläberýär. Şu dürli-dümen geýnüwli köplük mähriban dostuň şekilini üleşip alyp galan ýaly. Biriniň gözi oňa meňzeş, beýlekiniň saçy. Ölenler ähli zadyny ile goýup gidermiş – günäsinem, sogabynam, baýlygynam. Ol ene-atasyna agtyk gelnine ogul galdyrdy. Aýjana bolsa ýene şor maňlaý bilen ajy gözýaş ýetdi. «Är gowusy oýnaşdyr – ölende aglap bolmaz, don gowusy şahydyr – ýyrtylsa ýamap bolmaz...» ýok, ol mesligiň gürrüňi eken. Maňa kendirden bolsun welin, ýyrtylmajagy, ýyrtylaýsa-da ýamap bolýany gerekdi. – Aý, hawa-da, bagtly bolýan bolsaň, oňa şol ilki başda duşmazmydyň». Tebigat hem adama meňzeş. Şol gije başlan ýagyş daň atýança diňmedi. Нudaýberdi НАLLYÝEW. | |
|
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |