11:56 Aýralyk | |
AÝRALYK
Goşgular
Ýüregimde okalmadyk adyň bar, Aýtjaklarmam kitap ýaly jemlenen Göreçlerimde ahy-perýadym bar, Okap bilmez, senden özge çem gelen. Gözleň maňa penjiredi - bu dünýä, Durmuşy, dünýäni gözellik saýdym Arşa perwaz etdimmikäm bidin ýa?! Müdümi uçjakdym, ýelek deý gaýdym. Ýyllar hoşlaşygy gezer ýatladyp, Synlanymda perwazyny durnalaň Şonda hiç kim bilmez meni şat edip, Peýdasyz - geçmişe gatnap durmalam. Gussa ekler her şygryma, her ýere Gözýaş damar yşgymyza bulutdan Göçmesek-de ikimizem del ýere, "Bizi" asla tapmarys biz - bu ýurtdan. Aýralyk... Ýolumyz gutarmaz emma, Ýollar bolar, çöller bolar, düz bolar Barybir "bagt" sözi ederis hemra Tapawut - sende "ly", mende "syz" bolar. Ylham GURBANALYÝEW. 2022.11 | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |