22:01 Aýtymda / poema | |
AÝTYMDA
Poemalar
Men bir zaman Aşgabady görüpdim... Tozap ýatan bir aýtym bar ýadymda. Şol aýtymda garanjaklap durupdym, Howatyr basýardy her bir ädimde. Aýtym ilersinde bardy uly tam, Şol tam oblast naçalnigiñ öýüdi. Tüpeñli, gylyçly gezim edýänler Naçalnik aganyñ garawulydy. Hor-homsudym, görer göze ilmezdim, Çorlap giden aýagymda gön çepek. Sussum pesdi. Süññüm tutup bilmezdim, Egnimde köne don, başymda telpek. Gazap bilen garaýardy goşa top, Dumly-duşda somalýardy naýzalar... Oblast naçalniginiñ otagna bakan, Meýl edýärdi hamçam daýy-daýzalar. Belent mundir alkymyny galdyryp, Epeý generalyñ turşudy ýüzi. Çal murtuny sypalanda, birdenkä Toplara kaklyşdy serhoşlaç gözi. Yranjyrap, jyññyrdadyp aýagyn, Gursagyn gabardyp ulumsy tutdy. Köti dodaklaryn müñküldetdi-de, Maña bakan barmagyny çommaltdy. ''Edebiýatsyz, medeniýetsiz, taryhsyz, Bir milletiñ ýaşamaga haky ýok. Adam etin iýýän ýyrtyjy gurduñ Adam sanna goşulmaga haky ýok. Ýer şarynda gara tegmil türkmenler, Adamzadyñ adyna bir uýatdyr. Şol tegmili ýer ýüzünden süpermek, Ynsanyýet üçin uly bagtdyr...'' Güñleç sesi gulagymda ýañlanyp, Aýak üste durup bilmän titredim... Naçalnige gorky bilen garamda, Otagyna sümüp barýanyn gördüm. Beýnim oñly işlemedi şol zaman, Naýzalar somalşyp, maña süründi... Tozanlyk aýtymda salgym göterlip, Gözüme aýylganç zatlar göründi... Aç, ýalañaç enteşýäniñ sany ýok. Elin serip gedaý gezýänler sansyz. Ne mekdep bar, ne hat bilýän sowatly... Gamçysyn çommaldyp gezýän kän müýnsüz. Naçalnigiñ otagynda şol zaman Içgi, meýlis, saz-söhbetdi dabara... Şol aýtymyñ taryhyny ýatlasam, Ýene täzelenýär könelşen ýara. Bu gün, anha, şol aýtymda gezmeläp, Garanjaklap bakýan degre-daşyma. Otlukly gözlerim ýanyp hem oýnap, Birwagtky görenim gelýär huşuma... Hany tozýan aýtym? Hany şol toplar? Hiç birinden galmandyr oñ nam-nyşan. Hany bir milleti ýuwutjak ol haýyn? Ters kanuny bilen boldy perişan! Şol aýtymda göze mährem agaçlar, Ýaşyl öwüsýär dumly-duşa uzalyp. Gyzyl elwan gülden gözüñ gamaşýar, Her biri ünsüñi çekýär bezenip. Seçelenip, nagyş bolup dökülýär, Günüñ kümüş nury baglar üstünden. Hatar-hatar oturgyçly köçe-ýol, Dumly-duşa gidýär baglar astyndan. Seýl bagyna öwrülipdir ol aýtym, Guwançly halk gülüp, oýunlar edýär. Dürli reñkli, nagyşly don geýinip, Ortasyndan göterilýär ýadygär. Berdi KERBABAÝEW | |
|
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |