15:04 "Azerbaýjanyñ Neýzen Tewfigi" Şahyr Tewfik Hasanly: "Boýuñy ýere sokaýyn!" | |
"AZERBAÝJANYÑ NEÝZEN TEWFIGI" ŞAHYR TEWFIK HASANLY: "BOÝUÑY ÝERE SOKAÝYN!"
Edebi makalalar
Maýis Alizadäniñ häzirbegjanly şahyr Tewfik Hasanly bilen gürrüñdeşligi Milletleşme prosesinden geçen jemgyýetleri täzeden feodalistik düzgüne salma synanyşyklaryna garşy göreşmegiñ gündelik mediýadan-da has täsirli guraly satiradyr. Diktatura režimleriniñ basyşlary artdygysaýy ykdysady sistemanyñ bozulýan ýurtlarunda garyp-gasarlaryñ Alladan soñ umyt bildirýän we teselli gözleýän adamlary satiriki ýazyjy-şahyrlardyr. Biziñ günlerimiziñ Azerbaýjany munuñ bärkije mysallaryndan bolandygy üçin wagt öz satiriki şahyrlaryny-da ýetişdirmegi başarypdyr. Aýratynam ýaşlaryñ we garyp gatlaklaryñ arasynda giñden tanalýan azerbaýjanly şahyr Tewfik Hasanly şu aýratynlyklary satira gyzykýan gatlaklaryñ ünsüni çekipdir. Okyjylara gyzykly bolar diýen pikir bilen Azerbaýjanyñ eýran serhedine golaý Lenkeran şäherinde ýaşaýan Tewfik Hasanly bilen söhbetdeş bolduk. • "Mirza Ali Ekper Sabir biz azerbaýjanlylaryñ milli aýratynlygynyñ kemala gelmeginde deñine ýetip bolmajak rola eýe şahsyýetdir" Köplenç özboluşly stiliniñ bardygyna ynanýan we azerbaýjanlylaryñ hüý-häsiýetlerini öz stili bilen beýan edýän şahyr Tewfik Hasanly eserlerinde diñe azerbaýjan halkynyñ däl, beýleki etniki azlyklaryñam hüý-häsiýetlerini suratlandyrmaga synanyşýandygyny aýdýar. "Stilimiñ beýleki galamdaşlaryma meñzemeýändigini pikir edýärin" diýýän Tewfik Hasanly "azerbaýjan raýatlarynyñ häIrki hüý-häsoýetlerini janlandyryp bilýändigime ynanýaryn. Satira žanryna täze mazmun we beýan ediş formasyny girizdim. Muny "syýasy satira" diýip atlandyryp bilerin" diýdi. Tewfik Hasanlynyñ pikiriçe, bütindünýä satira edebiýatynyñ görnükli wekillerinden Mirza Ali Ekper Sabiriñ şygyrlary syýasy satiranyñ nusgalary däl. Hasanly bu pikirini şeýle düşündirýär: "Azerbaýjanda edebiýata syýasy satiranyñ başyny iñ giñ görnüşde men başladym. Mirza Ali Ekper Sabir biz azerbaýjanlylaryñ milli aýratynlygynyñ kemala gelmegine deñine ýetip bolmajak rola eýe şahsyýetdir. Sabir azerbaýjan şygryýetinde satira žanrynyñ çürbaşydyr. Şahyryñ eserlerini hiç wagtam anyk pikir hökmünde kabul edip bolmaýar. Şahyr illýuzionist däl, ol ruhy ynsan. "Owal näme bolsak, biz häzirem şobir zatdyrys" diýen Sabiriñ biziñ beýnimize özgermegiñ gerekdigini guýmaga synanyşandygyna garamazdan, biz hiç üýtgämzok, öñki durkumyza galýarys. Sabir halkyñ özgermegini we ösmegini, döwrebap pikir-düşünjelere eýe bolmagyny isleýärdi" • "Yza tesişligiñ bardygyny inkär edip bilmerin, ýöne göreşimizi dowam etdirýäris" Azerbaýjan mundan öñ feodalizm döwrüni başdan geçirendigi üçin täzeden ol stadiýa gaýdyp gelmegiñ gynançly ýagdaýlary döredýändigini aýdýan Tewfik Hasanly "Azerbaýjanyñ daşyny birnäçe uly ýurt gurşap alypdyr. Şolaryñam ýiti täsiri bar. Azerbaýjan öñe däl-de, belli bir derejede yza gidýär. XXI asyrda pikir-düşünjelerde rewolýusiýalar bolup geçýär. Biz bu öwrülişiklerd dürli görnüşde baha berýäris. Şonuñ üçinem gymmatlyklary seljerip bilşimiz döwrebaplykdan kän-kän yza galýar. Pikir-düşünjelerimiz aşa sozuldy. Jemgyýeti şekillendirmäge edilýän synanyşyklaryñ netije bermegi gynançly ýagdaýlary orta çykarýar. Añsat dolandyryp bolýan jemgyýet emele getirilýär. Şonuñ üçin teleýaýlymlar şobir zady gaýtalap, şobir zady agitirläp bizi feodalizme dolap getirýär. Emma sagdyn düşünjeli, giñ gözýetimli ýaş nesilleriñ orta çykmagynda meniñem rolumyñ bardygy üçin özümi bagtly duýýaryn. Yza tesişligiñ bardygyny inkär edip bilmerin, emma sagdyn şertleriñ goralyp saklanmagy üçin armazak galamdaşlarym bilen birlikde göreşmegimizi dowam etdirýär. Ýazýan zatlarymyzyñ bizden soñ bu sferany hasam giñeltjekdigine ynanýaryn. Eserlerim menden soñ hasam güýçlener, enşalla!" diýdi. • "Töhmet atyp meni iki gezek tussag etdiler, halkara guramalar meni syýasy tussag hökmünde ykrar etdi" Syýasy režimiñ we döwlet işgärleriniñ özüne gowy göz bilen seretmeýändigini aýdýan Tewfik Hasanly "Töhmet atyp meni iki gezek tussag etdiler, halkara guramalar meni syýasy tussag hökmünde ykrar etdi. Ýöne garyp-gasarlar meni gowy görýär, şygyrlarymy okaýar. Daşardaky azerbaýjanlylaram meniñ şygyrlaryny halap okaýan, diñleýäm eken. Şygyrlarymy özüm sesli okaýandygym üçin diñleýjilerim bilen hasam täsirli gatnaşygy saklap bilýärin" diýdi. "Şygyrlaryny menden başga beýle şowhunly okap biljek adamyñ ýokdugy aýdylýar. Munuñ düýp sebäbi meniñ bu şygyrlar bilen ýaşaýanlygymda" diýýän Tewfik Hasanly sözlerini şeýle dowam etdirdi: "Şygyrlarymyñ köpüsi gaýgy-gussadan, Azerbaýjanyñ problemalaryndan doly. Her şygyrymda müñ bir kynçylygyñ yzy bar. Hamana biz özgerişligi berk ýigrenýän jemgyýet ýaly. Şonuñ üçinem geçmişden gözbaş alyp gaýdýan nogsanlyklary aradan aýyrjak bolup jan edemzok. Pikir-düşünjelerimizi mundan bir ýarym asyr öñ gazanan milliligimiziñ binýadynda özgertmegimiz gerek. Halkymyzyñ muny başarjakdygyna ynanýaryn. Bu bulaşyk döwürleriñ we kynçylyklaryñ hötdesinden hökman geliner. Şeýle göreşiñ içinde elim galamly meniñem barlygym meni buýsandyrýar. Halkymyzyñ bagtyýar durmuşda ýaşamagy meniñ baş idealym bolandygy üçin men dünýäden gidenden soñam şygyrlarymyñ ýaşajakdygyna ynanýaryn. Hatda eserlerim menden soñ hasam täsirli bolar". Tewfik Hasanly şygyra başlamagyny şeýle beýan etdi: "Edebiýat dünýäsine meni galamym getirdi. Men Hudaýa ynanýan adam. Hemmämiz eden ýagşy-ýaman işlerimizden ïtri soraga çekileris. Men ýöntemje şygyrlary ýazyp ýörkäm, bir gije söýgüli pygamberimizi (s.a.w) düýşümde gördüm. Ol maña Kurany-Kerimi sowgat berdi. Şol düýşden soñ meniñ şygyrlarym başgaça görnüşe gordi we iñ gowy şygyrlarymy 25 ýaşymdan soñ ýazmaga başladym". "Ýazyjylar soýuzyna agza bolmak kelläme geljek zat däldi" diýýän Tewfik Hasanly: "Iki kitabym çap edildi. Göreş barada aýdanda; hawa, men içimdäki ody kagyza dökýärin. Halkymyzyñ bagtyýar durmuşda ýaşamagy we ýurdumyzyñ mundanam ajaýyp bolmagy üçin galamym bilen göreşýärin. Emma hemme zatdan öñ içimdäki dert-aladany sözler arkaly gowzadýaryn. Ýürek menden nämäni talap etse, şonam ýazýaryn" diýdi. Tewfik Hasanly sözüniñ soñuny şeýle jemledi: "Garabagymyzyñ ermeni okkupasiýasyndan halas edilmeginden soñ söýgi hakda şygyrlar ýazaryn öýdüpdim. Emma ýurdumyzdaky kynçylyklar artdygysaýy söýgi şygyrlaryny ýazyp bilemok. Azerbaýjan edebiýatynda ýaşajagyma bolan ynanjymy berk saklaýaryn. Şygyra, çeper söze gyzyklanmanyñ şeýle az döwründe halkymyzyñ meniñ klassyky edebiýatymyzyñ stilinde ýazýan eserlerimiñ şular ýaly söýlüp okalmagyndan uly bagt barmy näme". Geliñ, indi bolsa, Tewfik Hasanlynyñ meşhur şygyrlarydan birini bilelikde okalyñ: Bolar-bolmaz mukamlary, Çal, boýuñy ýere sokaýyn. Mundanam has erbet güne, Gal, boýuñy ýere sokaýyn. Sen, eý, sabry daş bolanym, Maña watandaş bolanyñ, Goýun seriñe aýlanaýyn, Mal, boýuñy ýere sokaýyn. Hudaýa bende bol, geple, Söhbeti sal, fende* geple, Aram-aram sen-de geple, Lal, boýuñy ýere sokaýyn. Entegem çig, bişmänsiñ-ä, Ýol-düzgüne düşmänsiñ-ä. Henizem ýetişmänsiñ-ä, Gal, boýuñy ýere sokaýyn. Gorky münmüş küregiñe, Girmiş gaty çöregiñe, Kimler salmyş ýüregiñe, Hal, boyuñy ýere sokaýyn. Saýlañda bir gün deputat, Biz bozbaşa reýiñi sat, Reýe uzatsa on manat, Al, boýuñy ýere sokaýyn. Hamyrsyzdyr tabagyñ-da, Tagam duýmaz damagyñ-da, Dalyñ-da, dal gabagyñ-da, Dal, boýuñy ýere sokaýyn. Gorkaklygñy boýnuña, Al, boýuñy ýere sokaýyn! Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 15.09.2024 ý. _____________________ *fende - ylymda, fen - ylym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |