11:49 Ba Szin | |
BA SZIN
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Ba Szin (doglandaky ady: Li Ýaotan, kämillik ýaşyndaky ady: Li Feýgan), 1904-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde doglup, 2005-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Şanhaýda aradan çykan hytaý ýazyjysy we terjimeçisidir. Ol 1985-2005-nji ýyllar aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygydyr. Özüniň 101 ýaş ömründe ol umumy 26 jiltlik, jemi 10 million ieroglifden-de köp möçberde kitaplary ýazypdyr. Özge dillerden 10 jiltlik eseri terjime edipdir. Onuň kakasy Syçuan welaýatynyň kazysy eken. Olaryň uly öýünde 80-100 adam ýaşapdyr. Atasy, agtyklary, olaryň aýallary hem-de maşgalanyň beýleki agzalary. Onuň ejesi bilimli bolup, oglan-gyzlary şygryýet sungatyndan okadypdyr. Ondan başga-da olaryň maşgalasynda çagalary okatmak üçin dürli ugurlardan mugallymlar çagyrylypdyr. 1920-nji ýylyň awgustynda Ba Szin Çendudaky Daşary ýurt dilleri mekdebine okuwa kabul edilipdir. 1921-nji ýylda bolsa edebi lakamyň astynda özüniň ilkinji – “Nädip deň mümkinçilikli hakyky erkin jemgyýeti gurmaly” atly makalasyny çap etdiripdir. Ol 15 ýaşyndan başlap anarhiýa hereketine goşulypdyr. Şol döwürde ýaşlaryň arasynda meşhur bolan nazaryýetçi-anarhistler Petr Kropotkin, Emma Goldman dagylaryň täsirinde ekeni. Ol hatda özüniň “Ba Szin” diýen tahallasynam, meşhur anarhistler Mihail Bakuniniň familiýasyndan “Ba” boguny, Petr Kropotkiniň familiýasyndanam “kin - Szin” bognuny alyp, emele getiripdir. 1923-nji ýylda Ba Szin Nankin milli institutyna giripdir. 1927-1928-nji ýyllarda Fransiýada okapdyr. 1928-nji ýylda Hytaýa dolanypdyr. 1934-nji ýylda Ýaponiýa okuwa gidipdir. 1935-nji ýylyň awgustynda dolanypdyr. 1944-nji ýylda rus ýazyjylary Turgenewiň, Puşkiniň eserlerini hytaý diline terjime edýän Şýao Şana öýlenipdir. 1957-nji ýylyň iýulyndan başlap “Şouho” (Hasyl) atly edebiýat žurnalynyň baş redaktory wezipesinde işläp başlapdyr. 1960-njy ýylda Ählihytaý edebiýat we sungat federasiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanypdyr. Mao Sze Dun tarapyndan küşgürilen “hunweýbinleň” (Maoň gyzyl öküzleriniň) tutaşdyran “Medeni ynkylaby” döwründe bolsa, “ynkylabyň duşmany” hökmünde “tagmalanyp”, ýazyjylyk işinden çetleşdirilipdir-de, nowhanalary gyrçamak bilen meşgullanýan zähmet toparynda “gaýtadan terbiýelenipdir”. 1977-nji ýylda doly aklanypdyr. 1979-njy ýylda Hytaý ýazyjylarynyň birleşmesiniň wise-başlygy wezipesine saýlanypdyr. Ol ömrüniň soňky ýyllarynda Parkinsonyň keseli bilen ýarawsyz ekeni. Ýazyjyň meşhurlygy Hytaýda dil we medeniýet çygrynda özgertmeler başlanandan soň has artypdyr. Şol döwürler onuň özüniň gözli şaýat bolan adalatsyzlygy hakyndaky romanlary, hekaýalary, esseleri ýaşlaryň uly söýgüsine mynasyp bolupdyr. Ýazyjyň aýdyň hem ýeňil stilde ýazmagy bolsa, onuň eserleriniň diňe bir ylymly okyjylar däl, eýsem islendik okyjy üçinem düşnükli bolmagyny üpjün edipdir. Ýazyjyň ilkinji iri eseri “Deňiz ýüzüşiniň dowamyndaky ýazgylar” bolupdyr. Ol ilkinji gezek “Ba Szin” diýen tahallusy bilen “Heläkçilik” atly 1929-njy ýylda neşir edilen romanynda çykyş edipdir. Onuň döredijiliginiň içinden hytaý durmuşynyň XX asyryň birinji ýarymyndaky wakalary, durmuşy çylşyrymlyklar eriş-argaç bolup geçýär. Ýöne ondan başga-da onuň Hytaýyň çäklerinden daşda bolup geçýän wakalar hakda-da eserleri bar. Mysal üçin, 18-nji asyr fransuz ynkylaby hakynda “Maratyň ölümi”, “Dantonyň hasraty”, “Robespýeriň syry” ýaly nowellalary. Ba Sziniň Günbatarda köp okalýan eserleriniň biri “Maşgala” atly, 1931-nji ýylda neşir edilen romanydyr. Bu roman “Okgunly akym” atly trilogiýaň düzümine girýän eserdir. Ondan başga-da bu üçlüge “Bahar” (1938) hem-de “Güýz” (1940) atly romanlar girýär. Bu trilogiýa terjimehal häsiýetli eserler bolup, awtoryň öz maşgalasyny, onuň syrlary hem etmişleri bilen suratlandyrýar. Ilkinji romanyň merkezini dessurlaýyn gurluşyň täze jemgyýetçilik gurluşy bilen gapma-garşylygy eýeleýär. Bu gapma-garşylyk özdiýenli maşgalabaşy-kakanyň öz maşgala agzalary bilen oňuşmazlygynda ýüze çykýar. “Bahar” atly romanda şol çapraz gelme ýaşa zenanlaryň daşynda hasam çuňlaşýar. “Güýz” romanynda bolsa Gao kowumynyň dargaýşy suratlandyrylýar. Ba Sziniň ýene-de bir meşhur trilogiýasy “Söýgi trilogiýasy” bolup durýar. Bu üçlüge “Duman”, “Ýagyş” we “Ýyldyrym” (1931-1933) atly powestler girýär. Ba Szin 1978-1984-nji ýyllarda “Oýlanmalar” atly umumy at bilen atlandyrylan publisistika we esseçilige degişli bäş sany ýygyndyny taýýarlaýar. Bu ýygyndylar köpi gören gojaň çuňňur, köp halatda bolsa öz-özüne iňňän tankydy göz bilen garamakdan ugur alýan ýatlamalyryndan hem oýlanmalaryndan ybaratdyr. Ba Szin 101 ýaşynda Şanhaýyň hassahanasynda aradan çykypdyr. Çeşmesi: https://ru.wikipedia.org/wiki/Ба_Цзинь. 13.09.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |