15:00 Ba Szin – ýönekeý halkyň ogly | |
BA SZIN - ÝÖNEKEÝ HALKYŇ OGLY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Ba Szin – Hytaýda meşhur, elýetmez hem-de iň sarpaly atlaryň biri. Ýöne şol birwagtda-da ol ýönekeý halkyň ogly, şu günki günde eýýäm özüne doly erk edip bilmeýän, iňňän garry adam – ýüz ýaşdan aganyňdan soň etjek alajyň ýok. Ba Szin – adaty durmuşda Adaty durmuşda Ba Szin ilatyň ortagürp gatlagynyň agzalarynyň biri. Ýöne, bu beýik hytaý ýazyjysynyň şahsyýetine has giňişleýin düşünmek üçin, onuň durmuşyndan käbir wakalaryň üstünde durup geçmek ýerlikli bolar: Birinji waka: Ma Şaomi, ýönekeý gullukçylaň biri, Ba Sziniň ogullygydyr. Ma Şaomi doglanyndan 20 gün geçende onuň ejesi dogrum gyzdyrmasy zerarly aradan çykypdyr. Oň 11 ýaşy dolanda bolsa onuň kakasy Ma Szunžun hor-homsulykda, hassalykdan ýogalypdyr. Ma Szunžun dirikä Ba Sziniň dosty we Fudan uniwersitetiniň fransuz edebiýaty boýunça professory ekeni. Dostunyň matam dessurlaryny berjaý eden Ba Szin Ma Şaomini öýüne getirip, ogullyga alypdyr. Şol ýyl Ma Şaomi başlangyç mekdebi tamamlapdyr. Ma Şaomi mekdebi tamamlanda ondan ýörite resminamany doldurmagy talap edenlerinde, şol resminamada oň kakasynyň ady, familiýasy we iş ýeri hakda maglumat soralýan ekeni. Ol şol öýjügi nädip doldurjagyny bilmän, Ba Szine maslahat salanda, ol şol ýere: “Li Ýaotan, kakasynyň dosty, Şanhaý şäherindäki “Medeni durmuş” neşirýatynyň gullukçysy” diýip ýazypdyr. Ogullygyna bolsa mundan beýläk hemme şonuň ýaly resminamalary şol görnüşde doldurmagy tabşyrypdyr. Ma Şaomi soňky 50 ýylda öz terjimehalyny talap edýän hemme resminamalary hut Ba Sziniň görkezişi ýaly dolduryp gelipdir. Ýöne, onuň özi aýtmandygy zerarly Ma Şaominiň özüniň okan, işlän ýerlerinde hiç kim onuň şeýle ýokary wezipeli adamyň (Ba Szin Hytaýyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy) ogullydygyny bilmändir. Diňe Ba Szin hakynda uly göwrümli gepleşik taýynlananda oň maşgala agzalary bilenem söhbetdeşlikler geçirilende, adamlar Ma Şaominiň şonça ýyllap Ba Sziniň ogullydygyny bilip galypdyrlar. Ikinji waka: “Çifan” diýen hytaý dilindäki düşünjäň iki sany aňlatmasy bar: 1. Nahar iýmek; 2. Güzeran aýlamak üçin gazanç etmek. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Ba Szin Parižde iş saparynda bolanda, şol döwürler şol ýerde adybelli hytaý myhmanhanasy “Goszi”-de, asly hytaýly bolan amerikan ýazyjy zenany He Hualin bilen duşuşypdyr. Şonda Ne Hualin Ba Szine: “Şu gün siziň eliňizi gysmaga mümkinçilik döränine begenjimiň çägi ýok. Siziň eliňiz hakyky gudrat. Ol bütin dünýä şany ýaýran ençeme eserleri ýazdy” diýipdir. Bu sözlere birneme müýnürgän Ba Szin, sypaýylyk bilen elini ýazyjy zenanyň elinden sypdyrypdyr-da, ýylgyrypdyr. Soňam: “Bu el çifan üçin niýetlenen” diýip degşipdir. Duşuşyga gatnaşýan köp sanly habarçylar, ýazyjylar, Ba Szin henek edýändir, ýagny “bu el diňe nahar iýmek üçin niýetlenen” diýýändir öýdüp, gülümsireşipdirler. Emma birsalymdan soň olar eýýäm şol wagtlar gojalan ýazyjyň göz öňünde tutýan hakyky manysyna, ýagny: “bu el güzeran aýlamaga gazanç etmek üçin niýetlenen” diýýändigine düşünipdirler. Şu ýerde-de Ba Szin özüniň ýazmak pişesi barada köplenç aýdýan sözlerini güberçekledipdir. Onuň aýtmagyna görä: “Okyjylar – bu ýazyjylaryň ekleýjisidir, birinjiler soňkulary ekleýärler. Ýazyjylaň durmuşy eserlerine bagly, eger-de okyjylar olary okamasa, satyn almasa, onda ýazyjylaň durmuşy nämä daýanmaly?”. “Meniň eserlerimdäki onlarça million ieroglifler (hytaý harp-sözleri) Lao Çžoyň ikije sözüne deň gelmez”. Ba Szin – Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde ýaşan uly, mülkdar maşgalaň perzendi. Bu maşgalaň maddy ýagdaýy gülläp ösen döwürlerinde onda kyrkdan gowrak hyzmatkär bolupdyr. Ba Szini şol döwürler hyzmatçylar “dördünji hojaýynjyk” diýip atlandyrar ekenler. Şol birwagtda-da hyzmatkärleň hemmesi Ba Szini ýumşak, alçak häsiýeti üçin eý görüpdir, oň bilen gepleşmegi halar ekenler. Kejebe (tagtyrowan) göteriji Lao Çžou bolsa hyzmatkärleriň arasynda Ba Szin tarapyndan iň ýatda saklanýany we hormatlanýanydyr. Lao Çžou arryk, saglygy ejiz adam ekeni. Onuň ýalňyz ogly söweş meýdanynda wepat bolupdyr, aýaly ony taşlap gidipdir. Onuň ýeke özi Ba Szinleň maşgalasynyň atýatagynda ýaşapdyr. Ba Szin oglanjykka onuň ýanyna kän barar ekeni. Onuň gapdaljygynda ýatyp, Lao Çžouň hekaýatlaryny diňlemekden lezzet alypdyr. Lao Çžou bolsa adatça her hekaýatyndan soň kiçijik Ba Szine öwüt-nesihat berip, ony özüçe “terbiýelär” eken. “Özge biri saňa nähili garasa-da, sen hemişe hakyky, dogruçyl adam bol, özüň ýoluňda azaşma, ýalňyşma, özgäni aldama, özgä adalatsyz bolma, özgäň betbagtlyk alawynda eliňi ýylytma” diýip kejebeçi oňa sargyt edipdir. Atýatagyň aňyrsynda kejebeçiler üçin aşhana bar ekeni. Günortanlyk nahar taýýarlananda Ba Szin köplenç aşpezlere ot ýakyşmaga kömek eder ekeni. Biz gezek Ba Szin ojagyň öňünde oturyp, oda üznüksiz odun oklapdyr. Netijede ot sönüpdir. Şonda Lao Çžou ony bir gyra süýşüripdir-de, ataşgir bilen ojagy dörjeläpdir. Alaw ýene-de tutaşypdyr. Şonda Lao Çžou ataşgiri goýup Ba Szine şeýle diýipdir: “Adam öz ýüregini açmaly, ot bolsa ojagyň açyk bolmagyny talap edýär”. Şondan soň Ba Szin köp ýyllaň dowamynda Lao Çžouň şeýle agyr ykbaly başyndan geçirenden soňam, ýene-de adamlara mähirli, ynamly, ýagşy garamaga özünde güýç tapyşy hakynda kän oýlanypdyr. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bir habarçy Ba Szin bilen ýüzbe-ýüz gepleşende, goja ýazyjyň düýbünden keýpi ýok ekeni. Ol öz-özünden göwnigeçgin halda, bütin ömrüne hiç kime haýyr etmändigini, indem halys lagar düşüp, hemmelere ýük bolup galandygyny aýdyp, zeýrenmäge başlapdyr. Şonda habarçy, garry ýazyjyny köşeşdirip, onuň eserleriniň hytaý halkynyň ençeme nesline gaty uly täsir edýändigini, olaryň her biriniň Hytaýyň gymmatly baýlyklarynyň biridigini aýdyp, ýüregi ýukalan goja göwünlik bermäge başlapdyr. Habarçyň bu sözlerine Ba Szin gussa bilen şeýle jogap beripdir: “Meniň eserlerimdäki onlarça million ieroglifler (hytaý harp-sözleri) Lao Çžoyň ikije sözüne deň gelmez. Ol aýtdy: “Adam öz ýüregini açmaly, ot bolsa ojagyň açyk bolmagyny talap edýär”.”. “Adam aýaklarynyň ýyly yzyny özünde saklaýan gyrmança öwrülesiň gelýär”. Gündogar Hytaýda aýratyn uly suw daşgynlary bolup geçende, Ba Szin heläkçilige sezewar bolan adamlara hemmetaraplaýyn kömek bermek üçin, elinden gelenini aýamandyr. Mysal üçin, ol suw basan etraplardaky adamlara hemaýat hökmünde, ilk-ä kitaplardan alan galamhaklary – 20 müň ýuany (hytaý puly), soňam 90 müň ýuany haýyr-sahawat gaznasyna gönükdiripdir. Şonuň yz ýany, heläkçilik çekenlere "ýardamlyk" diýip pul ýygnalanda ol, özünde pul bolmansoň, garyndaşlaryndan karz alyp, ýene-de 10 müň ýuan puly bagyş edipdir. Ba Sziniň öz eserleriniň birinde ýazan: “Adam aýaklarynyň ýyly yzyny özünde saklaýan gyrmança öwrülesiň gelýär” diýen sözleri, hut şol döwürlerde ýazylandyr. Okyjylar bilen hoşlaşyk 1996-njy ýylyň iýunynda, 93 ýaşly garryja Ba Szin, “Ba Sziniň eserleriniň doly ýygyndysy” atly köpjiltlik ýygyndyň iň soňky makalasyny “Sözsoňy deregine” ýazýar. Bu makalaň birinji ady: “Okyjylar bilen hoşlaşýan”. Onda-da şeýle sözler bar: “Soňky döwür men ýygy-ýygydan ýarygije oýanýan. Men barada ýadawsyz alada edýän okyjylar ýadyma düşýär-de, onsoň men hiç uklap bilemok. Men okyjylara juda köp bergili! Öz eserlerim bilen men öz bergilerimi üzüp bilmerin, kesel meniň galamymy aldy, ýöne oňa derek heniz meniň ýüregim bar, olam hemişe körär durar. Men şonam okyjylaryma bagyş edýän!”. Şeýdibem, ine şu sözleri bilenem öz halkynyň ýazyjysy – Ba Szin öz iliniň hakydasynda galdy: ADAM AÝAKLARYNYŇ ÝYLY YZYNY ÖZÜNDE SAKLAÝAN GYRMANÇA ÖWRÜLESIŇ GELÝÄR... ©«Ženmin žibao» onlaýn gazeti. (Makala gysgaldylyp terjime edildi). Çeşmesi: http://russian.people.com.cn/31516/3313817.html. 16.09.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |