19:04 Babyryň edebi mirasy | |
BABYRYŇ EDEBI MIRASY
Edebi makalalar
Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra, ene dilimizi, medeniýetimizi we taryhymyzy has içgin öwrenmäge giň ýol açyldy. Edebi mirasymyzy öwrenmek babatda aýdylanda gazanylan üstünlikleriň hem az däldigini bellemelidiris. Mundan birnäçe asyr öň ýaşan türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň döreden dürli mowzukdaky çeper-edebi we ylmy-taryhy eserlerini çap edip ýaýratmak işleri ymykly ýola goýuldy. Edebi mirasymyzyň köpsanly görnüşleri we halk döredijiliginiň nusgalary aýratyn kitaplar görnüşinde okyjylar köpçüligine ýetirildi. Uzak geçmişde, dürli taryhy şertlerde döredilen edebi eserleri öwrenmek, çap etmek üstünlikli dowam edýär. Milli mirasymyz — medeniýetimiz, sungatymyz, edebiýatymyz türkmeniň diňe bir ruhuny däl, eýsem mertebesini, dilini, buýsanjyny, hakydasyny hem gorap geldi. Çaganyň «eje» diýen sözi eje üçin mähirli we ýakymly ýaňlanyşy ýaly, «miras» sözi hem türkmen halky üçin diýseň mähirli we ýakymly ýaňlandy. Gadymy miras milli buýsanjy emele getirýär. Milli buý-sanç bolsa milleti jebislendirýän, Watanyň hatyrasyna işlemäge ruhlandyrýan, ata-babalardan galan däp-dessurlara eýerdýän, ar-namysyň goragyna çykarýan ylahy güýçdir. Ähli milli medeniýetler ýeke-täk dünýä medeniýetini emele getirýär. Dünýä medeniýetinde milletleriň, halklaryň we halkyýetleriň goşandy uludyr. Adamzadyň umumy ruhy gymmatlyklarynyň altyn hazynasynda türkmeniň milli döredijilik mirasynyň tutýan orny bimöçberdir. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamasynda: «Hindistan – türkmen halkynyň taryhynyň bir ülşi. Hindi topragynda türkmeniň men-men diýen ärleri ýatyr. Hindi topragynda türkmen halkynyň gahrymançylyk, mertlik yzlary ýatyr» diýip belleýär. Indi biz taryhda türkmenler bilen hindileriň syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň bolandygyna has aýdyň göz ýetirýäris. Geçmişde türkmen-hindi medeni gatnaşyklarynyň taryhynda mynasyp yz goýan şahslaryň biri hem Zahyreddin Muhammet Babyrdyr. Zahyreddin Muhammet Babyr akyl-parasatly döwlet ýolbaşçysy we şahyr hökmünde tanalýar. Onuň gu¬ran döwleti, edebi mirasy — türkmeniň medeniýeti we edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hakykatdan-da, Beýik Ser-darymyzyň nygtaýşy ýaly, «hindi topragynda türkmeniň men-men diýen ärleri ýatyr». Hawa, hindi topragynda türk-me¬niň medeniýeti, dili, taryhy, edebi mirasy, gahrymanlary we mertleri ýatyr. Indi Zahyreddin Muhammet Babyr hakynda söhbetimizi dowam edeli. Ol 1483-nji ýylyň fewral aýynyň 14-ine Ferganada eneden bolýar. Oňa türki kowumlaryň urp-adatlaryna görä, şir-peleň manysyna gabat gelýän «Babyr» lakamy berilýär. Babyrda döwlet ýolbaşçysyna mahsus häsiýetleri ýaşlykdan terbiýelemek maksady bilen ony irgözinden Andyjana häkim belleýärler. Kakasy Omar Şyh Mürze wepat bolandan soň, Ba¬by¬ry 1494-nji ýylyň Gorkut aýynyň 10-yna on iki ýaşyndaka tagta çykarýarlar. Babyr adyl hökümdar bolup, döwletiň başyna geçen wagty Samarkantda Ahmet Mürze Soltan, Hysarda we Badahşanda Mahmyt Mürze Soltan, Kabulda Ulug beg Mürze II, Hyrat sebitlerinde Hüseýin Baýgara hökümdardy. Şol döwürlerde Şeýbany han özbekleriň baştutanydy, mongollaryň serdary bolsa Ýunus handy. Başga bir tarapdan, günbe-günden türkmen¬le¬riň köp bölegini öz garamagyna geçirip barýan Şa Ysmaýyl, Babyry howsala düşürip başlaýar. Umuman, şol döwürde Orta Aziýada we Hindistanda, ähli welaýatdyr şäherleriň başynda «mürze», «han», «beg» ýa-da «raja» bardy. Babyr hökümdar bolanyndan köp wagt geçmänkä, agasy Ahmet Mürze Soltandan we daýysy Mahmyt Mürze Soltandan tagtyny goramaga mejbur bolupdyr. Ol özüniň ýiti zehinliligi, akyl-paýhasy we garamagyndaky begleriň kömegi arkaly agasy Ahmet Mürze Soltan bilen ylalaşyk baglaşmagy başarýar. Gysga wagtyň içinde ägirt uly güýje eýe bolan Babyr heniz on bäş ýaşynda wagty, 1497-1498-nji ýyllarda Samarkandy eýeleýär. Şondan soňra, ol uzak wagtlyk agyr derde uçrap, Samarkantda galmaly bolýar. Babyryň ýanyndaky begler, serkerdeler bolsa yzlaryna dolanýarlar. Şol döwürde Fergana tabyn Ahsy galasynyň serkerdebaşysy Uzynhasan (bu Akgoýunly hökümdaryndan başga şahsdyr) Andyjany basyp alýar. Babyr ýanynda galan 250 adamy bilen Andyjana dolanýar. Ol şäheriň hal-ýagdaýyny öwrenip, bialaç Hojantdaky daýysyndan kömek soraýar. Daýysynyň kömegi arkaly Ahsy, Andyjany we Samarkant sebitlerini tabyn etmäge synanyşýar. Emma Babyryň bu ýörişi netijesiz bolýar. Ýöne on bäş aýdan soňra, Andyjany tabyn etmegi başarýar. Babyr tagta çykandan soňra, Hüseýin Baýgaranyň garamagyndaky beglikler bilen häli-şindi çaknyşyp durmaly bolýar. Ol 1501-nji ýylyň tomsunda, Seripul atly ýerde Şeýbany handan ýeňlişe sezewar bolýar. Babyr agyr ýagdaýda Samarkanda gelýär. Şeýbany han bolsa uzak wagtlyk gabawdan soň, Samarkandy tabyn edýär. Babyr Samarkantdan hem göçüp gitmeli bolýar. Ýersiz-ýurtsyz galan adam hökmünde obalarda we daglarda göçüp-gonup ýören toparlaryň arasynda aç-hor ýagdaýda gün-güzeran görmeli bolýar. Şol ýagdaýda, gyşyň bir güni aýak ýalaňaç, başaçyk ýagdaýda Daşkende, daýysynyň ýanyna gelýär. Babyryň daýysy Soltan Ahmet han Fergana sebitini tabyn etmek üçin Mahmyt bilen dil düwüşýär. Bu dildüwşüge görä, Babyra-da bir ýer ynanylýar. Babyr ilatyň ýardamy bilen Fergananyň esasy bölegini basyp alýar, soň Andyjana çenli öňe süýşýär. Ýanyndaky begleri şäheriň esasy adamlary bilen duşuşyga iberýär. Özi-de agyr söweşden soň, ýadawlygy aýyrmak üçin goşuny bilen dem-dynç almaga oturýar. Şonda duýdansyz duşmana üstlerini basdyrýarlar. Esgerler gaçmaga-da wagt tap¬maýarlar. Babyr Andyjanyň begi Ahmet Tenbeliň gylyjyndan ýaralanýar. Ol bu ýerden zordan gaçyp gutulýar we sekiz sany egindeşi bilen ýene-de harabaçylyklarda ýaşap, aç-suwsuz diýen ýaly gün görmeli bolýar. Esgerlerinden jyda düşen Babyr ýene öwrülip daýylaryna sygynýar. Şeýbany han Babyra we onuň daýylaryna garşy söweş yglan edýär we Babyr dagy ýene-de ýeňlişe sezewar bolýar. Ba-byr ýene Fergananyň günorta tarapyndaky daglara gaçmaga mejbur bolýar. Ol dagda kepbelerde gün-güzeran görýär, uzak wagtlap agyr şertlerde ýaşaýar. Babyr 1504-nji ýylyň Gorkut aýynda Horasana, Soltan Hüseýin Baýgaranyň huzuryna ýetmek üçin, garyndaşlaryny hem iki ýüz elli adamy alyp ýola düşýär. Gunduzyň hökümdary Hysrow şanyň serhedinden geçip barýarka, Babyra goşulan adam köpelýär. Ilki Hysrowyň dogany Baky Çaganýany ýaly birnäçe serkerdeler goşunlary bilen oňa goşulýarlar. Babyr bu agyr goşun bilen Hindiguş dagyndan geçip, Kabula ýetýär. Ol hiç hili garşylyk görmezden, 1504-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda Mukym Argundan şäheri alýar. Bu şäheri doly boýun egdirip, häkimýetiň başyna geçýär. Soň 1506-njy ýylda özüni Kabulyň patyşasy diýip yglan edýär. Babyr arap harplaryndan başga okamagy ýeňil bolan ýazuw görnüşini oýlap tapypdyr. Ol 1504-nji ýylda ýurdyndan aýrylyp Kabula giden wagty "Hatty Babyr” ady bilen täze elipbiý döredipdi. Şeýbany han 1510-njy ýylda şa Ysmaýyl tarapyndan öldürilýär. Babyr Mawerannahry basyp almagyň küýüne düşýär. Şol maksat bilen ol şa Ysmaýyl bilen ylalaşyp, onuň adyna hutba okadýar hem-de zikge kakdyrýar. Onuň bu hereketi halk tarapyndan känbir oňlanylmaýar. Onsoň, şa Ysmaýyl osmanlylar bilen söweşe girmeli bolansoň, Babyra beren esgerlerini yzyna alýar. Babyryň Mawerennahry eýelemek babatdaky ähli umydy üzülýär. Ol dört ýyldan soň 1514-nji ýylda Kabula dolanýar. Babyr 1519-1526-njy ýyllarda Hindistana bäş gezek uly ýöriş edýär. Penjaby (1519-1520), Gandagary (1522), Lahory (1523), Delini we Agrany (1526) basyp alýar. Netijede, Owganystan, Bulujystan bilen bir hatarda demirgazyk Hindistanyň çäklerine aralaşýar. Hindistanda mogollar nesilşalygynyň düýbüni tutýar. Bu nesilşalyk dil, din we millet boýunça dürli-dürli bolmagyna garamazdan, ol ýerde syýasy, harby we ykdysady taýdan uly öňe gidişlikler bolupdyr. Şeýle-de edebiýat, sungat, binägärlik babatda ýokary derejelere ýetipdirler. Babyr Hindistanda iki garşydaşynyň biri Ybraýym Ludyny ýeňip, 1526-njy ýylyň maý aýynyň 5-ine Delini basyp alýar. Esasy duşmany rajputlaryň ýolbaşçysy Rana Sangaýynynyň goşunyny 1527-nji ýylyň Nowruz aýynyň 16-syna Kanwanda derbi-dagyn edýär. Bu söweşden soň ol «Gazy» adyny alýar. Ol 1527-1529-njy ýyllarda öz garamagyndaky ýerlerde gozgalaňlary basyp ýatyrýar. Özbaşdak beglikleriň köpüsini ýok edýär. Soňky ýörişi Ganja bolup, Bengal hökümdaryny ýeňýär. 1529-njy ýylyň iýun aýynyň 24-ine Agra dolanyp gelýär. Ýaşlygyndan agyr keselleri başyndan geçiren Babyr birnäçe gezek ölümiň bäri ýanyndan gaýdýar. Oňa birnäçe gezek awy berilýär. Ybraýym Ludynyň ejesi tarapyndan aşpez Ahmediň üsti bilen berlen awynyň täsiri netijesinde, Babyryň ýagdaýy gün-günden agyrlaşýar. Ol perzentlerini (Humaýun, Kamran, Askerin, Hindal, Gülreň, Gülçehre we Gülbeden), beglerini we serkerdelerini ýanyna çagyrýar. Babyr uly ogly Humaýuny patyşa belleýär. Şol gün 48 ýaşynyň içinde, 1530-njy ýylyň dekabr aýynyň 26-syna sişenbe güni aradan çykýar. Babyry wesýetine görä Kabulda jaýlaýarlar. 1646-njy ýylda agtygy Jahan şa tarapyndan guburynyň üstüne kümmet gurulýar. Beýik Serdarymyz Ruhnama kitabynda: «Türkmenleriň Haýdarabat, Döwletabat, Swargadwara, Adylabat, Jahanpena ýaly ençeme şäherleriň döredendigi-de guwandyrýar. Ýöne meniň häzirki gürrüňim bu zatlar hakynda däl-de, türkmenleriň Dähli (Deli) atlandyran şäherindäki ýekeje waka hakynda. Gürrüň çyn sungatyň — Täçmahalyň döreýşi hakda. Jahan şa Şiraz şäherinde bir ussat mygmaryň — binaçynyň bardygyny eşidip, ony ýanyna çagyrýar...» diýip belleýär. Parasatly Serdarymyzyň Ruhnama kitabynda Jahan şa bilen baglanyşykly gürrüň berilýär. Munuň özi türkmenleriň hindi topragynda öçmejek yz galdyrandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu döwletiň gurulmagynda öz saldamly goşandyny goşan Baýram han Türkmen, ilki şa Ysmaýyl Hataýynyň, soňra Muhammet Babyryň goşunynda gulluk edýär. 1530-njy ýylda Babyr ýogalyp, ornuna Humaýun şa bolandan soňra Baýram hanyň täsiri, abraýy tiz artýar. Baýram han Babyryň agtygy Selime Soltan begime öýlenipdir. Onuň Abdyrahym atly ogly bolýar. Ol döwlet işlerinde we edebiýat äleminde öçmejek yz galdyran görnükli türkmen akyldarydyr. Zahyreddin Muhammet Babyr serkerde, döwlet işgäri, hökümdar bolmakdan başga-da, ol ylymly-bilimli, diýseň akyldar adam bolupdyr. Özünden birnäçe kitaplary miras galdyrypdyr. Onuň «Babyrnama» atly kitaby dünýä edebiýatynyň taryhynda görnükli orun eýeleýän eserleriniň biridir. «Babyrnamada» Merkezi Aziýa, Owganystan, Hindistan barada XV-XVI asyrlara degişli gymmatly maglumatlar berilýär. «Babyrnama» Ekber şanyň saraýynda üç gezek pars diline terjime edilýär. Şol terjimeleriň içinde has oňat terjime Baýram hanyň ogly Abdyrahym hanyň 1598-nji ýyldaky terjimesidir. Bu türkmen serkerdesiniň döwlet işleri bilen bir hatarda terjimeçilik işleri bilen meşgullanandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Babyryň «Aruz rysalasy» atly eseri edebiýat nazaryýetine degişlidir. Bu kitap aruz ölçegi hakynda ýazylan türkmen we pars dillerindäki kitaplardan belli bir derejede tapawutlydyr. Babyr «tuýug», «goşuk» («goşgy»), «tarhany», «öleň» ýaly milli görnüşlerde-de ajaýyp şahyrana eserler döredipdir. Mun-dan başga-da ol söz oýnatma şeklinde-de dürli «maşky» görnüşli şygyrlary hem düzüpdir. Babyryň «Mubeýýen» atly kitaby bolsa yslam hukugy bilen baglanyşykly ylmy-pelsepewi häsiýetde ýazylan eserdir. Ol terjimeçilik işi bilen meşgul bolupdyr. Hoja Ubeýdyllanyň tasawwuf (sufizm) ahlagy bilen baglanyşykly pars dilinde ýazylan «Walidiýe» risalasyny terjime edip, ony «Risalaýy Walidiýe» ady bilen öz diwanynda ýerleşdiripdir. Babyryň iň gymmatly eserleriniň biri onuň şygyrlar «Diwanydyr». «Diwanda» jemgyýet, ahlak, söýgi, tebigat bilen baglanyşykly şygyrlar esasy orny eýeleýär. Bu diwana «Mizan öwzany» hem diýýärler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «San bolsam» diýen şygyrynda şeýle belleýär: Damganyda ýörgen ussat Nowaýy, «Çar diwany», «Perhat-Şirin» zybaýy, Zahyreddin Babyr «Mizan-öwzany» Gaşlaryna baryp, men Mejnun bolsam. Dana şahyrymyz Magtymguly bu şygyrynda Zahyreddin Babyryň durmuşa bolan garaýşyny, söz sungatyna bolan ussatlygyny aýdyň ýüze çykarýar. Babyryň bu diwanynyň birnäçe golýazma nusgalary mälimdir. Olar Stambul uniwersitetiniň kitaphanasynda 3743 belgili bukjada, Topgapy köşgüniň Rewan kitaphanasynda 2314 belgili bukjada, Pariž kitaphanasynda, Hindistanyň Rampur şäheriniň Nowwap kitaphanasynda we Eýranyň Tähran şäheriniň Soltanat kitaphanasynda saklanylýar. Diwanda şygyryň birnäçe görnüşleri bar. Olar mesnewi, rubagy, matlag, muamma, tuýug, kytga, gazal we ş.m. Bu şygyrlaryň käbirleri halk köpçüligi tarapyndan belli hem bolsa, onuň käbirleri nätanyşdyr. Muamma – orta asyr Gündogar halklarynyň edebiýatynda rowaç bolan şygryň bir görnüşi bolup, onuň esasy aýratynlygy belli bir adamyň adyny, taryhy senäni ýa-da bir taryhy wakany duýup bolmaz ýaly edip özünde berkidýänligindedir. Şygyrda berkidilen ady, senäni, wakany şygryň içindäki degişli harplary tapyp, olary dogry birleşdirmek bilen bilmek bolýar. Dogry tapylyp, dogry ýerleşdirilen harplar adamyň, senäniň ýa-da wakanyň adyny emele getirýärler. Bu söz oýnatmaklygyň bir görnüşidir. Halyt: Köňlüme ot salar, ol gülüň iki ýüzüniň aýy, Içimi köýdürer, ol gara zülpi alnynda haly. Babyr: Işigiň astanyna goýuban iki ýüzümi, Öpeý gähi towazyg birle, sürteý gäh gözümi. Matlag – şygyrlaryň başyndaky giriş beýitleridir. Matlag gazalda özara kapyýalaşýan iki setirden we muhammesde bolsa özara kapyýalaşýan bäş setirden guralýar. Babyr: Bolmady hergiz neteý ol biwepa, ýarym meniň, Ger, maňa ýar bolsa ol, bolgaý Huda ýarym meniň. diýmek bilen başdan geçiren kynçylyklaryny we hiç kim-den ruhy goldaw tapmandygyny ýatlaýar. Herbir işde Hudaýyň ýar boljagyny dile getirýär. Babyryň ömri we döredijiligi bilen gyzyklanýan alymlar onuň adyna Baber, Babur, Babyr, Babür ýaly birnäçe görnüşde çemeleşipdirler. Babyryň döwlet işleri bilen bir hatarda edebiýat älemine goşan goşandy ulydyr. Ol "Diwanynda” özüniň durmyşa bolan garaýşyny anyk beýan etmegi başarypdyr. Onuň şygyrlarynda adamlara goýulýan sarpanyň, hormatyň ýokarydygyny aýdyň görmek bolýar. Şygyrlarynda doganlyk, dosytlyk garaýyşlary eriş-argaç bolup geçýär. Zynhar ki dostlugy unutmagaý sen, Doganlykdan köňülni sowatmagaý sen, Ýatlar bile duşman tarapyn ger tutsaň, Doganlyg-u dostlyk tama tutmagaý sen. Babyryň "Diwany” maddy we ruhy dünýämiz bilen aýryl-maz baglanşyklydyr. Onuň şygyrlary umumadamzat gymmatlygynyň bir bölegidir. Mundan başga-da dünýewi we ylahy söýgi, ahlak we adamyň jemgyýetdäki orny bilen baglanyşykly şygyrlar diwanyň esasy mowzugy bolup durýar. Babyr ylahy söýgi bilen baglanşykly şygyrlarynda: Ýüz şükür kylaý ki ýene aşyk boldum, Älemge bolup efsana aşyk boldum, Ýagşy sözüň-u waspy jemalyň eşidip, Görmeý seni gaýybana aşyk boldum. Ýa-da: Yşgyň neteý ygtyýarsyz kyldy meni, Sabrymy alyp, kararsyz kyldy meni, Älem ähli içre arsyz kyldy meni, Zuht ähline ygtybarsyz kyldy meni. Babyryň diwanynda adamkärçiligiň ýokary nusgasyny görmek bolýar. Ol rubagylaryň, gazallaryň üsti bilen adamlara pendi-nesihat edýär. Şu aşakdaky rubaga seredip geçeliň: Her kim ki wepa kylsa, wepa tapgusydyr, Her kim ki jepa kylsa, jepa tapgusydyr. Ýagşy kişi görmegeý ýamanlyk hergiz, Her kim ki ýaman bolsa, jeza tapgusydyr. Bu ýerde aýdyljak bolunýan pikir sada we çuň manyly beýan edelipdir. Esasy ünsümizi çekýän zat şahyryň "wepa, jepa, ýaman” sözlerni ýerli-ýerinde ullanmagydyr. Eger kim-de-kim jepa etse ýamanlyk, erbetlik görer, ýagny jeza çeker. Şu ýerde „ýaman” sözi „jeza” öwrülýär. Eger kimde-kim wepaly bolsa, ýagşylyk görer. Onuň öňe sürmek isleýän ündewi bolsa, wepaly we ýagşy bolmakdan ybaratdyr. Ol: Görmegeý erdim jümleýi älemara käşge, Bolmagaý erdim beri älemge ryswa käşge. Matlagy bilen başlaýan gazalyny Alyşir Nowýynyň "käşge” atly meşhur gazalyna meňzedip ýazypdyr. Alyşyr Nowaýynyň gazalynda baş gahryman magşuk bolsa, Babyryň şygrynda aşyk bolýar. Şol nukdaýnazardan seredenimizde yşk derdine duçar bolan baş gahrymandyr. Babyr tebygy we ynsan gözelliginden lezzet alýar. Ol ömrüniň her bir pursadyny gymmatly hasaplaýardy. Adamlara peýdaly bolmak üçin elinde baryny edýärdi: Bary ile ýagşylyk kylgyl ki, mundan ýagşy ýok, Kim diýgeýler dähr era galdy pylandan ýagşylyk. diýmek bilen onuň hemişe il-günüň hyzmatynda bolandygyny görmek bolýar. Onuň bu ajaýyp häsiýetini ýatlaman geçmek mümkin däl. Dogry, onuň iki aladasy bar. Biri halkyň hal ýagdaýy, beýlekisi hökümdarlyga mahsus işler. Onuň adamkärçiligini, başdan geçiren ahwalatlaryny göz öňünde tutyp, kalbynyň töründen çykýan sesi, joşyp dile getirmegi maksada laýykdyr. Şu aşakdaky setirler oňa doly şaýatlyk edýär: Çarhyň men görmegen jebr-u jepasy galdymy, Hassa köňlüm çekmegen derd-u belasy galdymy. "Adam başy-daşdan gaty” diýleni. Onuň durmuşyň ýowuz kynçylyklaryna döz gelip, ony ruhybelentlik bilen ýeňip geçmegi başarmagy kesgir zehininiň alamatyndan nyşandyr. Täsin ykbally bu şahsyýetiň edebi mirasy we türkmen-hindi medeni, ylmy we pelsepewi gatnaşyklary giňden öwrenilmegine mynasypdyr. Rahymmämmet KÜRENOW. Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkeziniň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |