13:44 Bagt getiren mukam / hekaýa | |
BAGT GETIREN MUKAM
Hekaýalar
Agşamky çagyrylan toýundan mazalyja ýadan giñ eginli, saryýagyz, garamtyl mele saçlary gapdala daralan bagşy ýigit ejesiniñ demläp beren gyzgynjak çaýyny howlukman başyna çekdi. Çaý şirin owazly ýigdiñ bokurdagyny ýylmap geçdi. - Eje işleriñi etmäne-de wagt tapylar, bile çaýlaly. Ýogsa-da kakam atlary aýlawa goşmaga giden bolmaly, ýene-de gijä galdym - diýip, Mukam ejesiniñ käsesine çaý guýup uzatdy. - Hawa, kakañam indä geler wagtam boldy. Tapdan düşüpdir, hereketlerem biraz haýallady. Her gün toý hakda özi gürrüñ açýar, özi-de goýýar. Şol pursat saçlaryna ak giren, gözleri edil hüwüniñki ýaly tes-tegelek gözli, bürgüt burunly Orazmyrat aga gapydan girdi, Mukamy görüp ýüzi ýagtylyp gitdi. - Oglum bilenem oturyp ertirlik edinmek bar ekeni-diýip,saçak başyndaky ýörite özi üçin niýetlenen düşekçede oturdy.Ýadan beden üçin oturmak hem kyn düşdi. Orazmyrat aga gapdalyndaky ýassyga tirseklendi. - Ir bilen turýan oglumyz bolansoñ,atlary özüm aýlawa goşup geläýýän,her gün şeýle hereketler, öwrenşibem gidipdirin -diýip, degişme äheñde Mukama ýüzlendi. Mukam kakasynyñ bolşuna nebsi agyrdy,öz bolşundan özi utandy. - Kaka nesip bolsa saña ýetirmerin. Atlary özüm aýlawada çykararyn, iýmlärinem. - Köp wagtdan bäri barmañsoñ atlaryñ seni tanarmyka?! Meleguşyñ indi özi maña çapuwa çykaly diýip yşarat etýär.Kä wagtlara ýaşlygymy ýatlap münesimem gelýär emma garran aýaklar diýen edenok. Ataly ogluñ gürrüñlerini gapy kakan myhman bozdy. Mukam gapa ýöneldi. Gapyda geýnüwli görmegöý ýaş ýigit durdy. - Salawmaleýkim bagşy aga!- diýip, myhman iki elini Mukama tarap uzatdy. - Waleýkimessalam, geliñ öýe geçiñ-diýip, ýigdiñ ellerini berk gysdy-da hödür etdi. - Ýok sagboluñ, öýe geçip durmaýyn, men bir haýyşlyja geldim... - Diñleýän elimden gelenini gaýgyrmaryn. - Men goñşy obadan. Indiki hepdede uludan toý tutýas,siziñ hem owazlaryñyzyñ biziñ toýumyzda ýañlanmagyny isleýäris. Daş ýoly ýakyn edip geldim,çakylygymyzy kabul edersiñizmi...?! - Hawa, elbetde, nesip bolsa bararyn. Toýlaryñyzam gutly bolsun. - Sagboluñ, siz-ä begendirdiñiz - diýip, myhman ýylgyrdy-da ýene bir sapar bagşynyñ elini gysdy. Mukam myhmany ugradanyndan soñ,daşarda goýlan oturgyçda oturyp gözel tebigat synlady. Gök dury asman,baglardaky ýaşajyk ýaşyl ýapraklar, mylaýymjak şemala başyny yraýan al-ýaşyl bolup oturan güller, ýigdiñ kalbynda täze bir ajaýyp sazyñ döremegine sebäp boldy. Mukam öz otagyna geçip täze sazyñ üstünde işlemäne durdy. Günler maý bermän tiz geçýärdi. Bir gün öýde bolsa iki gün toýdady.Ine-de goñşy obadan gelen ýigdiñ çagyran toý güni ýetip geldi.Mukam dosty Myratdurdy bilen ýola düşdüler.Myratdurdy hem belli sazandalaryñ biridi. Toýa gelen bagşydyr sazandalary gadyr bilen garşy alyp,törden orun berdiler. Toý naharyndan uzatdylar. Soñra Mukam dutaryny alyp kirişlerine ýuwaşlyk bilen kakyp başlady. Hemmeleriñ gulagyna ilen şirin owaz toýuñ ses üýn alyşdyrmaýan goh-galmagalyny aradan aýyrdy. Bagşynyñ daşynda adamlar tegelenşip oturdular. Ýer tapmadyklar bolsa dik durup diñlemänede kaýyldylar. Mukamyñ çalýan sazy edil jadyly ýaly hemme adamlary meýmiretdi. Has aýratyn hem arkasyny tama ýaplap oturan akýagyz,şar gara saçlaryny boýnuna oran gyza täsirini ýetirdi. Zöhräniñ endamy tikenekledi, tutuş durky bilen gulaga öwrülip sazy diñläp doýmady "Men henize çenli munuñ ýaly şirin owaz eşitmändim. Megerem Mukam bagşy diýänleri bolsa gerek,yakyndan diñlesem diýip arzuw ederdim,arzuwumada ýetdim ýöne görmek ýok ekeni" diýip, başyny aşak sallap içini gepletdi.Dutaryny gyrada goýanyndan soñ bolsa,hemmeler bagşynyñ öwgüsini ýetirdiler. Birnäçe aýdymlaryndan soñ bagşa dynç bermek isläp, märekäniñ arasyndan biri"- Hany indi Zöhre bagşymyza gezek bereliñ,çal-çal ýenede çal,diñläp diñläp doýamok"-diýen batly ses eşidildi.Hemmeler hem goldady. Zöhre utanyp garşylyk bildirse-de, adamlaryñ sözleri Aý ýaly bolup oturan gyzy yrdy. Zöhre elleri bilen gapdalyndaky dutary sermedi. Gözleri görmeýän gyzyñ dadyna Jahan ýetişdi. Dutaryny eline gysdyrdy. Zöhre uludan demini aldy-da sülük deýin barmaklary bilen dutaryñ taryna emaý bilen kakmana başlady. Mähriban enesi üçin döreden sazyny çaldy, mylaýym sesi bilen aýdym aýtdy. Ynjan gyz bilen dutary hem bile aglady. Esli wagt dymyşlyk gurşap aldy. Ýaşaran gözlerini süpürenler hem boldy. Märekäniñ içinde daýawlugy bilen saýlanyp duran etli-ganly, dolmuş ýüzli,donuny egnine atynyp oturan ýaşuly gurçaw ak sakalyny sypalap "Tüweleme, tüweleme, Durdynyñ guwanyp görmeli günleridä. Heý dünýe, dünýe-diýip, gara telpekli kellesini iki ýana ýaýkady. Zöhre gyzyñ owazyna maýyl bolup,täsirinden esli wagt çykyp bilmedik Mukam dostunyñ böwrüne dürtdi: - Biz bagşy diýip geldik, asyl bagşy bärde ekenä. Şagalañda tans sazlary ýañlandy, hemmeler tansa çykdy. Juwan oglanlar, gyzlar tans oýnadylar, ýaşym gidişdi diýip hem gartaşanlar seredip durmadylar, toýuñ şowhunyny hasda artdyrdylar. Şol pursat Zöhräniñ başyndan geçiren duýgusy diýip aýdar ýaly bolmady öz özüne käýedi "Şu bolşum bilen toýa gaýtmam nämä gerek?! Oturuber-dä öñküleriñ ýaly gamly ýüregiñi diñläp"näme etjegini bilmedi.Gözleriniñ görmeýänliginden kemsindi. Ýene-de jorasy Jahan: - Öýe gaýdaýaly meniñ hem keýpim ýok-diýip, hemmeler şatlykly oturka, gamgyn gyzyñ gollaryndan tutup toýdan çykyp gaýtdylar. Mukam gyzlaryñ yzyndan esli wagt seredip durdy. Gözýetimden ýitenlerinden soñ özüne geldi. Toýa gelen myhmanlaryñ hemmesi şadyýan tans oýnadylar emma Mukamy üýtgeşik nätanyş bir duýgy gurşap aldy. Gulagyna gyzyñ ussatlyk bilen çalan sazy ýañlandy durdy. Bu aýdym bilen eýesi hem Mukamyñ ýüregine giripdi. Toý sowuldy,myhmanlar öýli-öýlerine dagap başlanlarynda toý eýeleri bagşylara ýenede hödür kerem etdiler. Bagşy ýigitler ýüz öwürip bilmediler,çaý başynda gürrüñleri hem gyzyşdy. Ýigrimi ýaşlaryndaky oglanyñ beren soragy Mukamyñ gulagyna hem ilmändi, ol bu wagt gözlerini bir nokada dikip ýene-de bagşy gyzyñ duýgularynda azaşdy. "Şu ýaşyma çenli, ençeme zenanlaryñ çalan sazlaryny diñlesem hem, munuñ ýaly mylaýymlyga gabat gelmändim. Gyzyñ durmuşy agyr bolana çemeli, sazy hakyky ýanan ýürekden çykana meñzeýär". Birden hem haçan jogap bererkä diýp garaşyp oturan Myratdurdy Mukamyñ böwrüne dürtdi. Mukam tisginip,öz bolşundan utandy, ardynjyrady. Ýigidiñ dadyna dosty ýetişdi: - Hany indi rugsat berseñiz bizem turalyñ, geçmeli ýollarymyz hem eslije bar. Mukam bu ýagdaýdan alyp çykanyna begendi, ýöne Zöhre barada nähili gelşiksiz bolsada birzatlar sorasy geldi. Gitmeli wagtlary bolandygy sebäpli diñe dymyp oñaýmak galdy. Bagşylara sylag serpaý ýapyp gadyr bilen ygratdylar. Ýola düşen batlaryna Zöhre hakynda soramandygyna içiýanan Mukam "Olardan-a gep alyp bilmedim, gel şu Myratdurdydan bir soraýyn. Bilmeýän zady ýok boýuna görä akylam berlipdir." - Myratdurdy Uzyn, ýadadyñmy sesiñ çykanokla - diýip, ýañsylaýjy äheñde sorady. Myratdurdynyñ boýy uzyn bolandygy sebäpli obadaşlary oña "Uzyn" adyny beripdiler. -Seniñ agzyñdan hem "Uzyn" adymy eşitmek bar ekeni. Asyl sesi çykmaýana sen bolmaly doñan daş ýaly. Mukam dostunyñ egnine kakdy-da: - Agşamky toýdaky saýran bilbil barada heý-de bir zat bilýäñmi?! - diýip, ýüzüne çiññerilip seretdi. - Zöhre barada soraýañmy. Sen näme onuñ kimiñdigiñi bileñokmy?- Myratdurdy geñ galyjylyk bilen sorady. - Bilsem senden soramazdym, giñişliräk aýtsana-diýip, dostunyñ indiki diýjeklere garaşdy. -Durdy mugallym diýip bar-da, sazçylyk mekdepde işläpdi.Bir iki ýyllykda bile söhbetdeşem bolupdyk. Pahyr bolanam gulagyma ildi, ömri gysga ekeni gowy adamdy. - Onsoñ...?! - Näme onsoñ? Boldy, bar bilýänlerim şu. Sen näme beýle içgin soraýañ?! - Ýöne-diýip, Mukam syr bermezlige çalyşdy. - Seniñ şol "Ýöne" diýen sözüñ añyrsynda ullakan bir zat ýatyrda, men seni bu gün tanamog-a. Myratdurdy gülümsiräp Mukamyñ ýüzüne köpmanyly seretdi. - Haý Uzyn diýsänim añdyñ-ow. Mukam ýylgyrdy. - Ýöne meni has-da gyzyklandyrýan ýeri,bagşy gyzyñ gözleriniñ görmeýänligi. - Zöhräniñ ejesi bilen kakasy ýarym ýyl mundan ozal ulag heläkçiligin sezewar boldular. Gyzyñ aglap-aglap gözleri gurap gapylan. Dertlerini dökmäne adamsam ýok, bir erkek dogany bar. Näme erkek dogan edil aýal doganyñ ýaly bolanokda, özi giñlik bersin-dä hernä. Mukam bu sözleriñ täsirinden çykyp bilmän, esli wagt doñup durdy, añynda bolsa ýene-de Zöhreli pikirler at salýardy. Bu wagt Zöhre öñküleri ýaly böwrüni diñläp oturdy. Gyzy halys ýadadan garañky duýgular, umytsyz, arzuwsyz geljegi depesinden basdy. Bu göwünçökgünliligiñ aşagyndan çykmak üçin aşhanada nahar şor bilen başagaý bolup ýören gelnejesiniñ ýanyna ýöneldi. - Zöhrejan serasap bol, gerekli zadyñ barmy - diýip, Oguldursun gelnejesi stoluñ gyrasyndaky oturguçy çaltlyk bilen süýşürdi-de Zöhräniñ gollaryndan tutup oturdy. - Arma-da gelneje, gerek zadym-a ýok, kömegim degsin diýip geldim. Boş oturmakdanam irdim. Edil ýañy çaýlap giden dogany Gurbangeldiñ çäýnek käsesini alyp ýuwmaga hyýallandy.Gapdalynda duran stoluñ üstüni sermedi. Ahyrsoñy eline käse ildi. Ýuwaşlyk bilen alyp ýuwmak üçin ýöneldi. Birdenkä gum-guhluk öýüñ içi ala-şakyrdy boldy, gyzyñ elindäki käseleriñ bary ýere gaçyp çym pytrak boldy. Zöhre ilki nämäniñ näme bolanyna düşünip bilmedi. Gapdalyndaky gelnejesiniñ döwülen käseleri görüp gözi çykaýjak boldy. - Aýtdym-a otur diýip, oturaýmal-a, bilýän-ä zat oñarmajagyñy. Ah.. nebir gymmat käselerim-gaharyna agzyndan çykmadyk söz galmady. Ýene-de hüñürdäp döwülen käsäniñ gyçaklary aýyrmana durdy. - Aýagyñy kesdirmejek bolsañ öz otagyña geçäý-diýip, göwnüne degmezlik üçin mylaýym äheñde aýtdy,ýöne kürşeren ýüzde mähir mylaýymlygyñ hiç bir nyşany ýokdy. Şol pursat gapydan goñşulary Altyn gelneje girdi.Bolan wakadan habarsyz Altyn gelen badyna hemişekileri ýaly gaty sesi bilen saglyk amanlyk soraşdy. Öñki çöken göwnüniñ üstüne ýene-de gussa goşuldy. Gyz Altyn gelnejä çala başyny atyp öz otagyna geçdi.Bu ahwaly geñlän Altyn Zöhre indä gidäýendir-dä diýip,elini agzynyñ ýanyna ýetirip Oguldursuna ýüzlendi: -A gyz, baldyzyña näme boldy,eýgilikmi?! -Waý Altynjan senbir sorama maña kömek etjekmişin gaýta işimiñ üstüne iş. -Birazyrak çyda, kişi maşgala bolmal-a. -Näbileýin-dä, kim gelin edinsin gözi gapylany. Öñler birini ugratsak beýleki sawçy gelýärdi,indä seýrekledi...hawa dogramda. Gelinler öz aralarynda obanyñ bir çetinden başlap o çetindäki adamlaryñ gürrüñlerini etdiler.Bular üçin uzak gürrüñ her günki bolýan adaty zatdy. Zöhre jigsiniñ gelendigini añdy. -Ahmetjan, Ahmetjan gel hany bärik. Gara gözleri balkyldapjyk duran, tegelejik akja ýüzli Ahmetjik Zöhräniñ sesini eşiden badyna ylgap geldi. Zöhre jigsiniñ kellesinden sypalap: -Jigimjan meni şol kanalyñ gyrasyna äkidäý-dä. Zöhre edil çaga ýaly ynjady. Ahmetdik "Bolýar" diýip doganynyñ elinden tutup ýuwaşlyk bilen ýöräp başlady. Kanal Zöhreleriñ öýünden gatybir uzakda däldi,sähel ýöreseñ şol. Suwuñ beýikden pese akýan ýerinde enaýy şyldyraýan sesi elmydama gamly gyzyñ gussalaryny ýeñletmäne biraz kömek berýärdi. Köplenç Zöhre jorasy Jahan bilen bile oturardylar. Kanalyñ gyrasyna gelenlerinde gyz ellerini suwa batyryp ýuwaşlyk bilen eýläk-beýläk gaýmalatdy. Çagalyk döwrüni ýatlady: Durdy aga ýygan gamyşlaryndan uly ýapragyny alyp Zöhre üçin gämijik ýasap bererdi. Şatlanyp bökjekleýän gyz bolsa kakasynyñ ýasap beren gämijiklerini suwuñ ýüzüne göýberip,ýüzüp baryşlaryna dykkat bilen serederdi.Her dürli reñkdäki gülden-güle gonup ýören kebelekleriñ yzyndan jykyr-jykyr edip begenip ylgardy. Gapdalyndan guwanyp duran mähriban ejesiniñ nurana keşbi göz öñünde janlandy. Gulagyna "Zöhrejan"diýip ýüzlenýän sözi ýañlady. Indi ol günleriñ hiç haçan gaýdyp gelmejegini bildi.Içi ýangyjyna akyp duran suwa elini urup, batly uzaga itekläp zyñdy.Gyz hamsykdy. Günler yzly yzyna aýlandy. Säher bilen atlary aýlawa goşan ýigit,bedeni günüñ çoguna ýaldyrap duran,ýalny mylaýym şemala galgap öwşün atýan,gulaklary keýerip duran Meleguşy bilen aýlanmagy makul bildi.Berdaş bedenli,gapak deýin döşli,giñ eginli ýigit atyny eýerledi.Soñra uzyn aýaklaryny üzeññä basyp atyna atlandy.Ençe wagtdan bäri çapmandygy sebäpli Meleguş begenip kellesini ýokaryp tutup kişñedi,inçe aýaklaryny gezekli gezegine ýerini çalşyp owadan edip ýöredi. Mukam edil daga münen ýaly boldy,ýaldyrap duran atyñ boýnuny sypalady. -Meleguşym, meniñ Meleguşym ýör uçaly...diýip, atyñ jylawuny göýberdi. At Mukamyñ diýeni ýaly hem etdi,göýä ýyldyrym deýin sähel wagtda gözden gaýyp boldular. Mukam üçin Meleguş çapyp dälde edil guş ýaly uçup barýardy. Esli wagt çapanyndan soñ atyna dynç bermek üçin jylawundan tutup gapdaly bilen ýöremäni dowam etdi. Jahan jorasy Zöhräniñ ýanyna habarlyja gelipdi. - Zöhre daşarynyñ howasy şeýle gowy,isleseñ kanala gideli..?! - Jahan maña senden ýakyn adam ýok,edil uýam yaly görýän. Sergin howany, suwuñ şildiräp akyşyny küýseýänimi nädip bildiñ! Jahan ýylgyrdy.Gyzlar gol tutuşup kanala geldiler. - Zöhre saña bir täzeligim bar. - Aýt Jahan, nähili täzelik eşideli. - Obamyzdaky Nepes bar-a... - Nepes... Hawa. - Ana şol sana ullakan salam ýollady. Okuwyny tamamlap gelipdir.Indem şäherimizde lukman bolup işe durmanyñ ugrunda. Sen barada kän zat sorady... - Salam iberen getiren sag bolsun.Tüweleme.Jahan geçen geçdi...-diýip, Zöhre uludan demini aldy. - Saña-da bir zat aýtsañ dünýäñ soñy gelene döndürýäñ. Içiñde umudam saklarlar! Terk et köne akmak pikirleriñi!Şat bagtly günlerem bar ýadyñdan çykarma! - Düşünýän Jahan. Ýöne... - Näme ýöne? Näme ýöne..? Ýenede şol diýjek sözleriñdir bilýän. Gözleriñi açmana wagt boldy. Gözleriñi açjak adamam geldi. Şol pursat Nepes gyzlaryñ ýanynda peýda boldy. Nepes salyhatly, şadyýan, işjeñ ýigitdi, elmydama Nepesiñ bolan ýerinde ýüzüñ gülmän durmazdy.Diýjek sözleri agzyna gelip duran ýigitlerdendi. - Gyzlar salam. Sag-gurgunmysyñyz keýijekler?!- diýip,öñki heñi bilen degişip ýüzlendi. -Gurgun,gurgun. Bir mydar yrgyldap ýörs,ýaşymyzam gartaşypdyr,öñki juwanlygymyzam ýok- diýip, Jahan Nepesiñ özünden hem beter boldy. Nepes ýylgyrdy-da: - Haý, Jahan mama şol öñki bolşuñ ekeni. Zöhre gyz senden ses çykmadyly, hany öñki saýramañ, Ýa Nepes gitdi diýip saýramañam bes edäýdiñmi..?! - Nepes bizem gurgun! Gyz ýüzüni ýere sallady. Oglan hemme zatdan habarlydy. Gyzyñ derdini gozgamazlyga çalyşdy. - Hany onda gowy bolsañyz gowy bir zadyñ maslahatyny edeliñ! Gyzlar geñ galdy.Nepesiñ indiki aýtjak sözlerine garaşdy. - Zöhre men seniñ bilen gürrüñdeş bolmakçy,ýöne meniñ teklibime hökman razy bolaýmaly sen! Jahan turmakçy boldy. - Men gaýdaýyn... - Oturmaly ýeriñde turjak bolmasana gyz! - Ýok gitme, senem bilmeli!- Nepesiñ jogaby pert boldy. Şondan soñ gyzlar ýigidiñ diýjeklerine üns bilen gulak asdylar. - Men sag-aman sizi bir pursat hem ýadymdan çykarman okuwumy tamamladym. Nesibämde şäherde işlemek bar ekeni,işime-de başladym.Öñki maksatlaryma yhlasymy gaýgyrman ýetdim.Indiki maksadym...Indiki maksadym saýraýan Zöhre gyzyñ gözüni bejermek. Zöhre bu sözleri eşidende endamy tikenekläp gitdi.Bir ýandan begendi. Ýöne umydy azdy.Sebäbi geçen saparky görkezen lukmanyndan gowy söz aýtmandy. - Tama-da şeýledir Nepes senden! A sen öñler lukman boljak diýipdiñ,ýöne başga ugrundan diýmänmidiñ?!-diýip, Jahan ýigidiñ ýüzüne soragly seretdi. -Hawa Jahan ugrum başgady,emma ýagşylar üçin üýtgetmek isledim. Nepes Zöhräniñ nar ýaly gyzaran ýüzüne ýylgyryp seretdi. -Tüweleme Nepes diplomyñ gutly bolsun,işleriñ şowly,geljegiñ ýagty bolsun. -Sagbol Zöhre,geljegimizi ýagtyltjaklar üçin janymyzy gaýgyrmarys! Gyzlar Nepesiñ hyýalynyñ nämedigini,kimdedigini öñem-ä bilýärdiler indi has gowy göz ýetirdiler. -Zöhre men gyzyklanyp ençeme kitaplaryñ gatyny şakyrdatdym.Seniñ gözüñi bejermek üçin ilki hassahanada barlajak,soñra şoña görä-de aporasiýa... Gyz ýaýdanjyrady.Nepesiñ aýtýan sözlerine şu wagt gözleri açylana döndi,dogrusy begenmänem durmady.Elbetde ýagty jahany görmek islemersiñmi?! -Agam... -Agañ bilen özüm gürleşerin,sen arkaýyn bol.Hem-de öñküleriñ ýaly şadyýan.Hemme zat gowy bolar. -Haçan?-diýip, Jahan oturan ýerinden zöwwe galdy. -Men hemme wagt taýýar.Ilki Gurbangeldi aga aýdaýyn,soñra görebereris. -Sagbol,menem begendim Nepes.Netijäniñ gowy bolmagyna garaşýaryn-diýdi-de,gapdalynda oturan jorasy Zöhräniñ ellerini berk gysdy. Mukam bagşy gyzyñ obasyna ýakynlaşandygyny bildi.Bagy bossanlyga bürenip oturan,ir-iýmişlere,bakja ekinlere baý,mele toprakly,ýagşy,myhamsöýer ilatly obada bir kanalyñ geçýändigi ýadyna düşüp atyny suwa ýakmak üçin kanally demirgazyk tarapa öwrüldi.Az salymdan bagşy ýigidiñ gözüne dury suwly,şaldyrap akýan kanal ildi.Ýigidìñ gözüne diñe bir kanal dälde,gyrasynda suwa seredip gürleşip oturanlary gördi.Olar üç sanydy.Mukam gyzlary tanady.Zöhräni görenine begendi emma gapdalyndaky oglan ýigidi gyzyklandyrdy.Ol ellerini galgadyp gyzlara nämedir bir zat düşündirýärdi,gülküli söz aýtýan bolmaga çemeli,nurana ýüzli gyzlar ýylgyrýardylar.Kanalyñ gyrasynda oturanlar turmak bilen boldular,wagt hem birçene baryp,Gün sallanyp ugrapdy. Mukam her gün aty bilen gezelenje çykdy,şol kanaldan suwa ýakdy.Zöhre özüni binjalyk etýän pikirlerden daşlaşmak üçin kanalyñ bolýunda esli wagt böwrüni diñläp oturardy.Işlerinde sypynan wagty Jahan Zöhräni ýeke goýmazdy.Mukam her gün gyzyñ ýanyna baryp gürrüñdeş bolmak isledi,ýöne nämedir bir zat onuñ aýaklaryny baglady."-Ine bardymamda,näme diýeýin?!Agzyma suw alan ýaly,gaýtam gülki bolup durarynla.Aý gowsy diýjek zatlarymy ýat tutup ertir aýdaýaýynla.Her gün diýen ýaly gelýär-ä"-diýip,Mukam ertiriñ gelerine garaşdy.Gyzgyn nurly şöhlesi bilen ertirem geldi,ýigit gyzyñ ýanyna barmaga hyýallandy,ýene-de çekindi.Soña goýdy. Nepes Zöhräniñ dogany Gurbangeldi bilen gürleşdi.Daýawlygyndan ýaña göwresi gaýşyp,iki elini guşuñ döwlen ganaty ýaly arkasyna tutup duran,yzyn boýludan,saryýagyz,agras Gurbangeldi Nepesiñ sözlerini makullady.Başyny atyp ýigidiñ arkasyna ullakan penjesi bilen kakdy.Onuñ sesi "gürp,gürp"bolup eşidildi.Her sapar kakanda çepiksije Nepesiñ göwresi öñe,yza gidip geldi. Mukam ahyrsoñy ýüregini bire baglap gyzyñ oturan tarapyna ýöneldi.Haçanda golaýlanda otlaryñ şykyrdysyny eşiden Zöhre tisgindi,bir adamyñ bardygyny bildi."Kim"-diýip,soranynda gorkan gyzyñ sesi sandyraly çykdy.Mukam: -Men,men. Gyz tanyş sesdigini añdy,şondada atiýaçlygy elden bärmän... -Kim bolarsyñyz siz?! -Salam men Mukam.Has dogrusy Mukam bagşy.Geçip barýardymda biraz aýak çekmek isledim. Gyz ynjaldy,gorkan süññi gowşady. -Mukam bagşy diýseñizläñ.Adyna eýe bolan tüweleme. -Ýokla beter öwmek gerekdäl,siziñ sesiñiz hem meniñkiden beýik bolmasa pesä däl eken. Mukam gyz bilen gürrüñdeş bolup başlanyna begendi.Saglyk amanlyk soraşdylar.Gyz adamlaryñ görmeginden heder edip tiz turmak bilen boldy. Derek ýaly boýly,dyzlarynyñ ýanyna ýetip duran şar gara,berk edip örülen alajaly saçlary şemalyñ ugruna galgady.Gyz saçlaryny emaý bilen boýnuna orady.Ýigit bu gözel pursada göwni joşup täze saz döredesi geldi. -Ýene görşeris diýip,Mukam hoşlaşdy.Öýüne tarap atyny çapyp barýarka,ýüzünde mylaýym ýylgyryş birden peýda boldy we ep-esli wagt aýrylmady.Elbetde bu aşyk bolan ýigidiñ ýylgyrmasydy. Mukam günde diýen ýaly Zöhre bilen kanalda gürrüñdeş boldy.Gyz hem indi öwrenişipdi,toýa giden günlerini içgysgynç geçirerdi. Atyny ýerine salyp,ýadawlugy gaýdyp,ýalpyldap duran bedeninden gyzgyny çykanyndan soñ iýmledi.Gapylarynda gireninde bolsa bir az ýokaryp aýaklaryny galdyryp böküp girdi.Öz bolşuna özi utanyp,"Hiç kim gören däldir-dä hernä"-diýip,daş töweregine göz aýlady. Gara başyna gaý bolup ýören Dürli gelneje geñirgenip: -Oglum,gele gelmäne güpürdiñ näme?! -Armada ejemjan.Aý menden güpürdemäni geñleme gowusy.Özüñe kömekçi gözlemäniñ ugruna çykaý indi. Mukam pikirlenmän,gönüläp aýdan sözlerine ökündi.Gözlerini pugta ýumup,sag eli bilen ýüzüne şarpyldatdy. Oglunyñ bu sözlerine gulagy galan Dürli gelneje bar işlerini bir gyra süýşürdi-de: -Haý,haý bir zatlar diýjek bolýañmy sen,aýt hany-diýip,Mukamyñ ýüzüne çiññerilip,soragly seretdi.Mukam özüni dürsedi. -Eje intäk irräk,goýaly-la şu gürrüñi. -Goýar ýaly men başladymmy?Özüñ aýtdyñ menem soradym.Ýa-da gyzgynyñ zadyña ýokdurda.Dürli gelneje gaharjañ bolsada,ile ýamanlygy ýokdy.Topulan zadyny,üzüp alýan diýenlerindendi.Oglunyñ şu pursat zat aýtmajagyny bildi-de çintgäp durmady,"Özi seslener"diýip,goýdy. Nepes Zöhräni hassahana alyp gitmek üçin ir bilen,ter açylyp oturan,giñ,arassa howluda peýda boldy.Gyza garaşyp duranynda kellesini ýokaryk edip howlyny gözden geçirdi."Durdy aga bilen Mayagözel gelneje ömürleri gysga eken,zähmet çekip hözürlerini görmän gitdiler.Galanlaryna saglyk bolsunda hernä"diýip,içini gepledip uludan demini aldy.Ine-de gapydan Zöhre çykdy.Nepes gyza seredip gözlerini aýyryp bilmedi.Tarypyna sözler ejizlik etýän gyz ulagyñ deñine ýatende .Oguldursun gelneje ardynjyrady.Oglan özüne geldi-de: -Hä geläýdiñizmi,diýip ýagdaýyny bildirmezlige çalyşdy.Ulaga mündiler.Nepes yzky aýnasyndan gyza tarap ýöne seredesi geldi durdy.Emma nazarlary Oguldursun gelnejäniñki bilen çaknyşanyndan soñ ýoly bilen boldy. Nepes gyzyñ gözüni eslije wagt howlukman barlagdan geçireninden soñ, netijesiniñ gysga wagtda taýyn boljagyny aýtdy. Bu gün Mukam dutaryny alyp atyna atlandy. Kenara barsa Zöhre otur eken. Saglyk amanlyk soraşanlaryndan soñ täze döreden sazyny çalyp berjekdigini aýtdy. Gyz: - Adamlar eşiderler. "Mukam Zöhrä saz çalyp berýär" diýmezlermi?! - Diýse diýibersinler-diýip, sazyny çalmaga başlady. Bu saz gyzyñ kalbyny gozgalaña saldy,dünýäni unudyp,ajaýyp saza meýmiredi. Dutaryñ perdelerinden çykýan owazyñ nämaniñ beýanyny etýändigi göz öñünde jaýlandy.Ýigidin sazynyñ üsti bilen diýjeklerini añdy. Haçanda saz tamamlananda Mukam: -Ýaradymy?-diýip, Zöhrä ýüzlendi. -Elbetde, bir gözel gyzyñ waspyny ussatlyk bilen beýan edipsiñ. Megerem ol gyz örän bagtlydyr. -Bagtlymy däldigini ol gyzyñ öz agzyndan eşdeli.Bu sazy ýörite seniñ hem-depäk kalbyñ üçin döredim! Gyz näme diýjegini bilmedi. - Geñleme Zöhre! Men indi aýtmasam bolmaz,özüme karar tapamok. Ýigit kalbyndaky duýgularyny,söýgisini gyza beýan etdi. Utanjyndan ýaña gyzaran,tolgunup oturan gyzyñ berjek jogabyna garaşdy. Birdenkä Mukamyñ gözleri haýdaşlap gelýän bir gyza düşdi. Men gideýin,ýene gelerin,-diýip,oglan şol bada ökjäni götermek bilen boldy. Ep-eslije ara açanyndan soñ bolsa "Gaçyp gaýtmam näme diýsene,oturyberdä.Iñ soñunda tanap gatnaşmaly adamlaryma.Aý bolýada nähili jogap berjegini bilmän,öz özüme göwünligem beren bolýan. Ýagşy umutda bolaýyn" - diýip, atyna atlanyp ýola düşdi. Zöhräniñ ýanyna gelende Jahan: - A gyz,ýañky ylgap giden kim?! Doly görüp ýetişmesemem gaty tanyş ýüzdi. Zöhre jorasyna hiç zady gizlemän, hemme zady bolşy ýaly aýdyp berdi. - Bagt guşy egniñe gonupdyr.Ürküzäýme! -Jahan, men bir ýagty dünýäni görmekden galan gyz,ol bolsa ady ile dolan bagşy ýigit. Bagtyny başga gyzdan gözlesin gowusy-diýip, ýüzüni ýere sallady. Çaý başymda Dürli gelneje ogluna ýüzlendi. -Oglum indi seniñ hem aýagyñy duşaýsak...?! Mukam elini kellesiniñ ýeñsesine ýetirip biraz salymlyk sypalap durdy-da "Aýdaýyn-la,"Tamdyra gyzanda ýap" diýipdirlerä"-diýip, içini gepletdi. -Bolýar eje,toýlamakçy bolsañyz barmaly gapyñyzy aýdaýyn... Dürli gelneje oglunuñ agzyna öweldi. - Aýtsam Durdy mugallymlar... - Durdy, Durdy...?! Maşgalasam Maýagözel gaýmaçymy?! -Hawa. -Pahyrlary gara ýer özüne rowa gördi,neresseler gowy adamdy. Dur-la... Onuñ gyzy Zöhre görmekden galmadymy näme.?! -Hawa galdy.Bolanda näme?-diýip,Mukam hiç zat bolmadyk ýaly çaýly käsesinden owurtlady. Ör gökden gelen gelneje ýakasyny tutup: -Toba, toba. Boý ýigit ýekeje daýanç ogluma gel gel indi Zöhräni alyp bermelimi. Näme şondan başga gyz gyryldymy?! -Hawa eje,meniñ üçin gyryldy. -Haý peläket, beýle bolar diýip, ýatsam-tursam añymada gelmändir.Kakaña bir aýdaýyn! - Aýt eje, kakamam bilip begener. - Begenermi..? Başga zat edermi..? Görüberers ony! Mukam ýerinden turup gidende,ejesi oglunyñ yzyndan garap galdy. Kellesinde bolsa täze gelinligi baradaky pikirlar at salýardy. Mukamyn aýdanlaryny gijä goýman Orazdurdy aga ýetirdi. Orazdurdy aga ýerlikli ýerledendigini gowy bilýärdi. Garşy çykmady gaytam begendi.Dürli gelnejä toýuñ ugruna çykmalydygyny aýtdy. Öñkülerinden has ir oýanan Zöhre wagtyndan öñ hassahana gitmäne howlukdy. Bu gün Nepes gyzyñ gözüni aporasiýa etmelidi.Nepes köp garaşdyrman ulagyny Zöhreleriñ howlusuna sowdy. Haýal etmän, hassahana gitmek bilen boldular. Operasiýa girmezinden öñ Nepes Zöhrä: -Bilbiljik özüñi duýuşuñ gowumy?! -Hawa bir azyrak gorkym bar diýmesem... -Men bar ýerimde hiç zatdan gorkma diýip, Nepes Zöhräni operasiýa edilýän otaga alyp girdi. Lukmanlar yhlas hemde umytly hereket etdiler. Bir näçe sagatlardan soñ tamamladylar. Gözleri ak mata bilen saralan gyzyñ ýüzünde begenç ýylgyryşlary bardy.Nepes gyzy daşaryk alyp gitmek isledi. Gözlerini açanda günüñ çoguny,adamlary, gözel tebigaty görkezmekçi boldy. Şeýle hem etdi. Saýa salyp oturan bagyñ kölegesine alyp çykdy.Öñünden bogup taýýarlap goýan ter gyrmyzy çemenini hem gyzyñ gujagynda goýdy. -Zöhre taýynmy?! Gyz başyny atyp sabyrsyzlyk bilen garaşdy.Nepes tolgunjyrap oturan gyzyñ gözlerindäki dañyny emaý bilen aýyrdy. Zöhre gözlerini açdy.Günüñ ýiti şöhlesi,ajaýyp dünýä,gözel tebigat,mähriban salyhatly adamlar,şadyýanja oýnaýan çagalar,owadan çüwdürimler gyzyñ göwnüni heýjana getirdi.Ganaty ýokdy,bolmas-a şatlygyndan ýaña guş deýin uşjakdy.Gujagyndaky gülleri eline alyp hoşamaý ysyny içine sordy,bagryna basdy. Nepese ýüzlendi. - Men sana minnetdarlygymy söz bilenem aýdyp bilemok..gyz sözlerini soñlamanka. - Minnetdarlyk hökman däl,janyñ sag bolsa maña ýeterlik-diýip, Nesep Zöhräniñ begenjine özi iki esse begendi. Bu habary eşidenler örän şatlandylar.Açyk göwünli gyzy obada hemmeler gowy görýärdiler.Zöhre begenjini Mukam bilen paýlaşamaga kanala tarap ýöredi.Bu wagt gyz ýöräp dälde edil uçup barýardy.Nurana asmandan,bägülleriñ atyr ysyndan, guşlaryñ saýraýşyndan beýhuş bolup barýan gyzyñ eller ýoluñ iki gyrasyndaky gülleriñ başyny sypap geçdi.Zöhre uludan demini alyp kükregini ýagty geljeginiñ howasyndan doldurdy. Bu wagtky gyzyñ başyndan geçirýän duýgularyny söz bilen aýdar ýaly däldi. Baranda Mukam gyzyñ gelerini dutary bilen garaşyp oturan eken.Sallanyp gelýän nur ýüzli gyzy görende gözlerine ynanmady. "Görýär" diýip pyşyrdady. Zöhre bolan zatlaryñ bir pursadyny hem sypdyrman baryny gürrüñ berdi. Mukam ýene ýürek joşgunyny,söýgüsini ajap owaz bilen beýan etdi. Ýigidi ýene-de bir zat begendirdi. Ol hem gyzdan hoş söz almagydy. Ýigit bir uçup bilmän, ejesini sawçylyga ýollady. Razylyk berildi. Uly şowhun bilen toý şaýyny tutmana başladylar. Bu zatlardan habarsyz Nepes Jahan bilen gabatlaşdy. Gyz Nepese ýakynda Zöhräniñ toýy bolýandygyny aýtdy. Ýigit muña ynanasy gelmän Zöhreleriñ öýlerine tarap ýöneldi. Barsa gara başyna gaý bolup howluda işläp ýör. Nepes gele-gelmäne: - Sen bagtlymy?-diýip, sorady. Saglyk amanlyk soraşmak barada pikir hem etmändi. Gyz dilleri bilen"Hawwa"diýmesem hem gözleri aydyp durdy.Nepes: - Toýyñ gutly bolsun, bagtly bol- diýip, yzyna hem bakman çykyp gaýtdy. Soñ soñlaram gyzyn öýüniñ töwereginde hem görünmedi. Toý güni ýetip geldi. Mukam "Bagt getiren owazym"- diýip, gelnaljy ulaga aýagyny atdy. Birkemsiz edip bezelen Meleguş bolsa gelinalyjy ulaglaryñ başyny çekip Zöhreleriñ howlusuna girdi. Ogulhally MUHAMMEDOWA. | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |