08:13 Gutlanmadyk toý / hekaýa | |
GUTLANMADYK TOÝ
Hekaýalar
Bu gün öñki günler ýaly birmeñzeş bolmady. Säher bilen guşlaryñ jürküldisi Gülnaryñ göwnüni heýjana getirdi. Gülnar ýokary okuw jaýynda bilimini artdyryp, täze durmuşa gadam basýardy. Has dogrusy bu gün talyplyk ýyllarynyñ soñky günüdi. Täze iş orunlaryny eýelemek Gülnary begendirsede,bir tarapdan ony näme-dir bir zat gynandyrýardy. Gyzlaryñ arasynda Gülnar duýguly dünýäsi bilen söhbetdeş boldy. "Ençe wagtlar talyp bolmagyñ arzuwyny edip, kitaplar bilen daña çykýardym. Gör nähili gözel eken,arzuwlaryñ yzyndan ylgamak. Wagt salym berenok. Asyl çaga wagtym ejemiñ köp gaýtalaýan "Okan bolsañam, ýene-de oka, öwren" sözlerine biparh garaýardym. Meniñ şu günlerime ýetmegimiñ sebäpkäri käýinç hasaplan terbiýe, ündewli sözleri boldy. Enemiñ atamyñ abraýyny has-da belende göterip, ýene jan edip öz işimiñ ussady bolaryn". Şol wagt Mekan peýda boldy. Gülnar bilen Mekan çagalykdan bile oýnap ulalandylar. Goñşy bolandyklary sebäpli mekdebe-de bile gatnardylar. Mekan ýokary okuwunam Gülnaryñ saýlan ugrundan saýlapdy. Elbetde bu hereketleriñ añyrsynda bir zatlar bardy. Mekan: - Gülnar salam. Uly adam bolaýýasmy?! - Salam. Hawa, ýöne meniñ talyplyk ýyllarymdam daşlaşasym gelenok. Doganym ýaly boldy ählisi. - Käbirler-ä dogandanam ýakynlaşyp gitdi. Ýok käbirleri däl biri- diýip, Gülnaryñ ýüzüne seretdi. Gülnar Mekanyñ näme diýmek isleýändigini duýdy. Şonuñ üçinem gürrüñi uzaltman, başga ýana sowdy. - Ýogsa-da oba gitmekçimi?! Tüweleme toýçulyk eken. - Hawa eşitdim. Hemmesi biziñ boşan wagtlarymyza bilip bellän ýaly sähetlerinem. Elbetde bile gideris- diýdi-de, Gülnaryñ ýüzüne soragly seretdi. Gürrüñleşip durmaga wagt bolmady. Dabara şowly geçdi, synaglary hem gowy bahalar bilen tamaladylar. Gülnar oba gaýtmak üçin goşlaryny jemledi. Mekan hasda begenýärdi. Sebäbi öýlerine baran dessine ejesine Gülnar barada aýdyp, myhmançylyga ugratjakdy. Ýoluñ uzaklygy hem bildirtmedi. Mekan her zatdan söz açyp Gülnaryñ içini gysdyrman ýol boly gürrüñdeş bolup geldiler. Obanyñ bir çetinden girip başlanlarynda Gülnar çagalyk günleriniñ ýatlamalaryna özüni atdy. Gülnar howla giren badyna ençe ýagtlap gözüni ýola dikip oturan saçlaryna gar sepilen, mähriban enesini görende gözleri duýdansyzja ýaşa doldy. Ädimlerini çaltlaşdyryp, garsa gujaklady. Ýyllaryñ goýan ýygyrtlary, damagyny doldyrdy. Soñra gyzy üçin tagam taýýarlap ýören Bibi gelneje gyzynyñ gelenini görüp ýüregi gowsundy. Otdan suwdan gorap kelama getiren ýekeje gyz perzendidi. Saçak başyna jem bolup agzybirlikde nahar edindiler. Gülnar soñra çaý demläp gürrüñ edip biri birleriniñ nazarlaryndan doýmady. Şol wagt saçyny edil Gülnaryñky ýaly edip ören Jeren Gülnaryñ gapdalyna gelip otyrdy. Jeren her bir hereketlerini doganyna meñzemek isleýärdi. Şol pursat çagalar bilen oýnap gelen Çaryjyk howla girdi. Onuñ elinde del oýnawaç bardy. Muny gören Gülnaryñ gelnejesi oglunyñ başga çagalaryñ oýnawajyny alyp gelendigini bilip, arkasyna şapbat çaldy. Bu ahwaly görüp Ogulbossan ene gelnine ýüzlendi. - Jan gelin, çaga düşündir. Ýaş beýni hemme zat añynda galýar. Ýagşy görelde görketjek bol. Ýeri, alsa alypdyr-da başga çaganyñ oýnawajyny, öýe alyp gaýtmaly däldigini, alsa-da yzyna bermelidigini sypaýçylyk bilen,edil çaga ýaly sada dilde düşündir. Şeýle etseñ gowy görelde bolar-diýip, agtyjagy Çarynyñ başyndan sypalady. Uz yaşmakly gelin "Bolýa" diýen äheñde başyny atdy. Gülnar ýüzi nurly enesiniñ, garran, ýumşak ýygyrtly ellerinden pugta gysdy-da, kellesini dyzynda goýup mährinden gandy. Mekan hem maşgalasy bilen görüşdi. Ýöne näme üçindir ejesiniñ yzyny üzmän aýdyp beren gürrüñlerinden soñ Gülnar hakda söz açasy gelmedi. Mekanyñ ejesi Şeker gelneje dünýä garaýşy uly, hem-de örän ynjyk aýaldy. Çagalaryny hem berk düzgün tertipli edip ýetişdiripdi. Saçak başynda döwletli gürrüñ edildi. - Oglum tüweleme sag amanja bilimiñi artdyryp, okuwuñam tamamladyñ. Indi Watan öñündäki borjuñy ýerine ýetirip geleniñden soñ işe ýerleşersiñ. Saña gelinligem özümjik saýlap goýdum. Eli işli, aý ýaly, asylly gyz, senem tanaýañ. Meniñem agtyk söýüp, siziñ bagtyñyza begenip oturasym gelýär- diýip, ogluna çaýly käsäni uzatdy. "Ejem-ä ýene-de öñki heñine başlady. Okuwdan gele-gelmän Gülnarlara bar diýsem nähili bolar. Entäk wagt bar-a, soñ bir gün aýdaryn" diýip, içini gepletdi. Mekanyñ çaý bilenem hoşy bolmady. Ejesiniñ haýsy gyz barada aýtýandygyny bilýärdi, öñlerem kän sapar gaýtalapdy. Ol Şeker gelnejäniñ jorasynyñ gyzy, Soltandy. Ýaldyrap dogan gün ýeriñ ýüzüne öz nurundan paýlady. Bu gün Gurbanyñ toýuna synpdaşlary sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Mekan Baýramy özüne has ýakyn saýýardy, näme derdi bolsa-da, Baýram bilen paýlaşýardy. Käbir häsiýetleri hem deñ gelýärdi. Iki dost toýa bile gitdiler. Baýram obada bolan täzelikler bilen Mekany tanyşdyrdy. Gülnar hem esli wagt görmedik synpdaşlaryny toýda görüp begendi. Toý etýän ýaşlaryñ daşyndan boýdaşlary şowhunly tans edip aýlandylar. Hemmelerden saýlanyp duran Gülnara nazaryny dikin Mekan "Bir günlerden, bir gün meniñem arzuwym hasyl bolar. Bize-de şeýle bagt berler, ömrümiñ ahyryna çenli seni hiç ynjytmaryn, ynjytdyrmaryn, dünýämiñ manysy bolduñ. Gözlerimi açdyñ, durmuşa bolan höwesimi artdyrdyñ. Meniñ bagtym..." diýip, ýene-de arzuw etdi. Toý sowuldy. Kän wagt geçmänkä Mekany gulluk borjuny ýerine ýetirmek üçin alyp gitdiler. Mekan Watanyny jan-teni bilen berk durup gorajakdygyna kasam etdi. Gülnar bolsa mekdepde mugallym bolup işe ýerleşdi. Çagalara okuwdan daşary bilim bermäge çalyşdy. Okuwçylaryñ hemmesi Gülnar mugallymy özlerine ýakyn gördiler. Gülnar çagalary gowy görýändigi sebäpli, sapaklary tamamlansada gaýdasy gelmedi. Her gün işe höwes bilen gidýärdi, çagalar üçin gyzykly maglumatlar taýýarlaýardy. Mekan hyýaly arzuwlarynyñ içinde ýeke özi ýüzýärdi. Gülnar bilen bagtly günlerini göz öñüne getirip uka gitýärdi. Maşgalasy bilen hem kä wagt saglyk-amanlyk soraşýardylar. Her saparkylary ýaly hem obada näme üýtgeşmeliñ, täzelikleriñ bardygyny soranda, ejesiniñ beren jogaby Mekanyñ üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Mekan gulaklarynyñ eşitýänini özi ynanmady, esli wagt jaña jogap bermän, gözüni bir nokada dikip doñup durdy. Mekan gulaklarynyñ eşidýänini özi ynanmady, esli wagt jaña jogap bermän doñup durdy. Ejesiniñ "Goñşymyz Gülnarjanam durmuşa çykýar"diýen, habary Mekanyñ añynda ýañlandy durdy. Bir başdan bile okan gülkili günlerini ýatlady, eden süýji arzuwlarynyñ şeýle tiz hyýal bolanyna, durmuşynda nämeden güýç alanyna düşündi. Mekany alasarmyk duýgular gurşap aldy, hat-da ol ejesine Gülnaryñ kime durmuşa çykýanyny hem soramady. Dogrusy indi ol gürrüñler gyzyklandyrmady. Mekanyñ kalby boşap galdy,durmuşy düýpgöter üýtgedi, özüni alyp baryşy hem öñkileri ýaly bolmady. Ýigitler bilenem gürrüñleşmäge höweslenmedi. Dostlary bu ahwaly añdylar, ýöne Mekandan halynyñ näme üçin harapdygyny soramadylar sebäbi jogabynyñ nämedigini añlanylypdy. Ýarasyna duz basmajak bolup ýagdaýyny soraman başardyklaryndan ünsini başga zada çekjek boldular. Gülnar üçin goñşy obalardan hem ýitgisini gözläp gelenler az däldi. Bir gün Gülnar işden gelende gelnejesi bilen görüşdi. - Gülnarjan, sag-amanja geldiñmi. Işleriñ gowy geçýärmi? - Hawa, gelneje. Sapaklarym örän hezil geçýär. - Saña bir habarym bar... - Gowuçylykmy? - Bu gün Maral gelnejeler seni sorap sawçylyga geldiler. Baýram synpdaşyñ... Gülnaryñ ýüzi gyzardy, başyny atyp öz otagyna geçdi. Çaý başynda Bibi gelneje hem toýly gürrüñi gozgady. - Gyzym, saña-da wagt boldy. Haçana çenli geleni gaýtarjak oturjak? Gülnaryñ jogaby bolmady. Bibi gelneje gelnine Gülnar bilen gowja gürleşmegini tabşyrdy. Täze guda tarap hoş sözi alyp, toý şaýyny tutmagyñ ugruna çykdylar. Günleriñ bir güni şeýle waka boldy. Gyş paslydy,gar tozgalary emaý bilen ýere düşüp,daş-töwerek akja gara büredi. Iş wagty tamamlananyndan soñ Gülnar tebigata syn etmek üçin, öýlerine ýòräp gitmek isledi. Darajyk ýoldan howlukman tebigatyñ gözelliginden doýup bilmän gelýän Gülnaryñ gözleri jykyr-jykyr gülüşip gar oýnaýan çagajyklara düşdi. Emma duýdansyz ýoluñ añyry gyrasyndan badyny saklap bilmän gelýän ulag ýedi ýaşlaryndaky oglanjyga has golaýlaşdy. Gülnar aljyrap ädimlerini has batlandyrdy, oglanjygy halas etmäge çalyşdy. Gülnar oglanjygyñ ýanyna golaýlaşdy ýöne ony halas etmek başartsa-da sag eli biçak agyrdy. Demini çalt-çaltdan hassyldap alýan çagajyga ýüzlendi: - Hiç ýeriñ agyrmady dämi, özüñi duýşuñ gowumy?! - Hawa mugallym ýöne men sebäpli siz eliñizi agyrtdyñyz. - Ýok, indikiñize sapak bolar. Oýna gyzyp, seresaplygy elden bermäñ-diýip, gorkusynyñ biraz ýeñlemegi üçin suw uzatdy. Ýodadan assa ýörap gelýän Gülnary gören Baýram,ulagyny gyzyñ gabadyna ýetende togtatdy. - Gülnar salam. Bu sowuk howada pyýada barýañmy?! Sowuklaýma, ýör öýüñize golaýladaýyn. Gülnar ulaga mündi-de, uludan demini aldy. - Salam Baýram. Sowuk howada pyýada gaýtmadyk bolsam, bir çagajygyñ janyny halas edip bilmezdim. - Saglykmy? Näme boldy- diýen, Baýram ýalt edip Gülnaryñ ýüzüne soragly seretdi. Gülnar bolan wakany aýdyp berdi. Baýram: - Eliñ agyrysy güýçlimi. Hassahana äkideýin?! - Ýok,elimiñ agyrysy aýrylyp gider. Çagajygyñ jany halas boldy iñ esasysy. - Sen ýene-de "Halasgär"- diýip, Baýram Gülnaryñ ýüzüne ýylgyryp seretdi. - Düşünmedim. "Halasgär" bolaryn ýaly munuñ ýaly pursatlar öñ bolmandy? - Meniñ durmuşymda bolduñ. Arzuwlarymyñ hyýal bolmagyndan halas etdiñ. Ömrümiñ her günini seni bagtly etmek üçin ýaşaryn. Gülnaryñ akýagyz ýüzi dessine gyzardy,üýtgeşik duýgy gurşap aldy, utanjañ gyzdan ses çykmady. Wagt diýseñ çalt geçýärdi. Baýram bilen Gülnaryñ toý sähedi bellendi. Baýram aýagy bişin towuk ýaly bir ýerde durmady. Elbetde göwün söýeniñ bilen toý tutup bagtly ömür sürmek nahili bagt. Baýramyñ ejesi Maral gelneje täze gelni Gülnar üçin her gün iñ naýbaşy öýmedir, matalardan alyp, begenip sypalap-sypalap akja bukjalarda ýerleşdirdi. Mekanyñ öýüne gaýtmaly wagtlary hem golaýlap gelýärdi. Ejesi bilen habarlaşanda Şeker gelneje oglunyñ öñküliginiñ, keýpiniñ ýokdygyny añýardy. Mekanyñ Gülnar bilen geçiren çagalyk,talyplyk günleri hiç göz öñünden gitmedi. Durmuşda ýaşamaga höwesi gaçdy. Ine-de gulluk ýyllarynyñ soñky güni gelip ýetdi. Bu gün başga ýigitleri begendirse-de Mekan üçin beýle bolmady. Hamala Gülnary görmese ýagdaýy ýagşy bolaýjak ýaly boldy. Gidesi gelmedi, bir wagtlar görmäge zar gözleriniñ indi beter ýaralajagyny bilýärdi. Ýolda öz özüne göwünlik berip hemme zady unutmaga çalyşdy, ýöne başartmady. Mekanyñ gelmegine hemmeler sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Dostlary wokzaldan Mekany öýlerine alyp geldi. Watan öñündäki borjuny birkemsiz ýetine ýetirip gelen ýigit hemmeler bilen gürüşdi. Märeke azalyberende Mekan dosty Baýram bilen jan saglyk soraşdylar. Baýram hemişekiler ýaly obadaky täzelikler bilen Mekany tanş etdi. Baýramyñ gülümsiräp soñky aýdan habaryny eşiden Mekan, üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. - Dost synpdaşymyz Gülnar bilen durmuş toýumyzy etýäris. Seni hem "Şaýat"hökmünde belledim. Dagy näme, iñ ýakyn dostumdan başga kim "Şaýat"bolsun?! Mekan gapdalynda oturan Baýramyñ egnine kakyp: - Gutlaýan! Gülnary bagtly et, haýyşym!- diýip, alyslardan görünýän, batyp gelýän Güne seretdi. Ýöne ol Günde bir wagtlar parlap dogan güneşiñ arzuwlaryny özi bilen alyp gidenini, bagtynyñ ýaşandygyny, gördi. "Bagtyñ üçin bagtymdan geçjek, seniñ durmuş ýoluñda ornum ýok eken, ýakyn dostum saña ömür ýar eken" diýip, içini gepletdi. Mekan öz obalaryndaky mekdepde mugallym bolup işe başlady. Gülnara her sagatlar diýen ýaly gabat gelýärdi. Mekanyñ añyndan Gülnarly duýgy hiç sowrulyp gidibermedi. Bellenen toý güni ýetip geldi. Ir bilen birnäçe ojaklarda ot ýakylyp, gazanlar ataryldy. Dumly-duşdan myhmanlar toý gutlamaga geldiler. Bagşynyñ joşgunly aýtýan aýdymyna goç ýigitler hem-de çynar boýly gyzlar tans oýnadylar. Baýram bilen Mekan ençe wagt toý üçin niýetlän egin-eşiklerini geýdiler. Mekan dostuna ýagdaýy bildirmezlige çalşyp, ýylgyryp oñýardy ýöne onuñ içinde turýan harasatdan öýlenýän ýigit habarsyzdy. Toýy alyp baryjynyñ gelinalyjynyñ ugraýandygyny belent sesi bilen aýdanda Mekanyñ endamy jümşüldäp gitdi. Gyz tarapa gitjekler ulaglaryna mündiler. Birkemsiz bezelen ak ulaga Mekan hem uludan demini alyp aýagyny atdy. Seteran bolup gelýän toý ulaglary, şu ýoldan Gülnarlara ugramagyny arzuwlan Mekan öz dosty üçin boljagy pikirinem etmändi. Durmuşyñ ýoly duýdansyz öwrüldi. Yzyny üzmän biwildaşýan toý ulaglary Gülnarlaryñ gapylaryna gelip ýetdi. Sazandalaryñ çalýan sazlary uzaklardan eşidildi. Gülnar uzyn sülük barmaklaryny Aý ýaly ýüzüne tutup sojap-sojap aglady. Käbesi ýeke gyzyna ak pata berip bagt ýoluna atardy. Gyzyl kürtä bürenen gyz Baýramyñ golundan tutup ilkinji ädimlerini ätdi. Gyzynyñ gapydan çykyp barýanyny gören Bibi gelnejäniñ ýüregi üzüldi. Gyz tarapdan gaýdan toý ulaglary Gülnaryñ indi mydamalyk örküni baglajak ojakda ýüzärligiñ tüssesi bilen garşylandy. Baýramyñ gapdalyndan bile ýöräp gelýän Mekanyñ gözleri duýdansyzja çyglandy. Mekan öz bolşundan özi utandy. Ejizlemäge ýol bermezlige çalyşdy, emma başarmady. Kisesinden eplengi elýaglygyny alyp hiç kime görünmejek ýagdaýda derini süpüren boldy, eli mañlaýyndan soñ gözlerinden syrygyp gaýtýan ýaşlary süpürdi. Özüni ele alan ýaly duýup tans meýdançasynyñ ortarasyna geçip şadyýan tans oýnap bökdi. Toý ahyrlaberende alyp baryjy sözi Mekana geçirdi, hem-de toý gutlamagyny aýdypdy. Mekanyñ gulagyna başga söz eşidilmedi. Bedeni otly köýnek geýen ýaly gyzdy elbetde bu ýagdaýa Gülnary çyn ýürekden söýen ýüregi sebäpkärdi. Ýigdiñ damagy doldy. Mekan toýdan çykyp gaýtdy. Ýoldan ýöräp gelýärkä egninde nämedir bir zat uly agram berýärdi. Ol ýuwaşjadan: "Bagtly bol, arzuwlarymyñ az wagtlyk eýesi" diýip, ýoluny dowam etdirdi. Ogulhally MUHAMMEDOWA. | |
|
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |