10:34 Bahar | |
BAHAR
Goşgular
Ýene men şadyýan, Durmuşdan hoşal. Bu durmuşym hut ilkinji düýş ýaly. Ynha, şeýle diýýär galyñ "Kapital". Şahyrlaryñ Öz kanuny bolmaly. Syrgyn, uwla indi, Uwla jyn bolup Gaý, kakyber, äpişgämi, işigmi, Indi men otyryn öýde aýñalyp, Keýpim kök, Edýärin taşlap işimi. Çüýrýk adamlara rehim etmäñ, Rehim gerek däl meñ özüme hem Nesihatym ugruna hiç seretmäñ, Syrgyna başyny egse kimde-kim. Salam, eý, geçiguş, Çekinme menden, Geliber ýanyma, Saña degmerin. Gel, geçiguş, Böküp otlañ üstünden, Goý, seniñki bolsun öz saýlan ýeriñ. Aýlanmak kanuny bar bu älemde, Ol kanun - Jandarlañ gatnaşygydyr. Ýaşaýarsyñ adamlaryñ içinde Ýat, otur sen göwnüñ islän ýerinde: Guşlar-da dünýäniñ ýaraşygydyr. Salam, meniñ garyp, ýalñyz deregim, Ýadyñdamy saña ezýet berenim? Seniñ geýmiñ ýyrtyk, Ýüzüñ-de salyk. Hellewlärsiñ täze eşiklu bolup. Aprel gelip, senden hiç zat soraman, Geýdirer başyña ter ýaşyl telpek, Gider bu ýerlerdeb aýaz, ak duman, Gujaklar bilinden näzijek peçek, Syrgynly ýelini iberende güýz, Sen syrgyndan üstün çykaryñ ýaly, Bedreläp suw berer saña körpe gyz, Teşneligñi gandyrar ol mazaly. Gijeler üstüñe Şöhle salar Aý. Aýy ogurlanok ykmanda itler. Ol diñe gizlendi, Tapyp gizlin jaý, Ganly uruş eden wagty ýigitler. Dawalar gutardy, Indi Aý peri, Gülgün şöhlesini äleme dökýär. Synlamaga Ýaşyl geýen ýerleri Gijesine göge seýrana çykýar. Eý, kalbym, ýazy iç Şerbet içen dek! Bu gün maña Täze goşgular gerek! Köp uklaýan, Meniñ kalbymda bahar, Gije horazlara edemok gahar Eý, toprak! Men saña diýmerin demir, Demir pyntyklamaz Hiç haçan - ömür! Eger "Kapitalyñ" Birje setiri Göwne makul bolsa - Aýdyñ bar ýeri. Sergeý ÝESENIN. Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |