14:10 Bahar gülleri | |
BAHAR GÜLLERI
Goşgular
Ýaşyl maýsalara bagryñy oýkap Bahar güllerinden çemen bogsana. Gülälekleñ giñ sährada dogşy deý, Gün bolup kalbymda baky dogsana. Bahar şemalynyñ yzyna düşüp, Ketenimi geýip barsam ýanyña. Ikinji klasda, partada bile Oturanmyz, belki, düşer ýadyña. Gör, asmanda gara bulutlar gaýýar, Hä diýmän döküler ýere bereket. Bagtyñ gapdalyñdan geçenni duýman, Gijä galaýmagyn, edäý hereket. Ýok, derkar däl señ saýawan tutanyñ, Boljak bolsañ bol sen ömürlik pena. Bilýän bahar pasly uzaga çekmez, Biraz biynjalyk bolýaryn men-ä... Gunça ÝOLDAŞOWA. "Garagum" žurnaly, 7/2011 ý. | |
|
√ Jam içre meý ki daýyra salmyş hubap aňa... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |