11:06 Bahyr wezirimdir, köñülde şadym... | |
BAHYR WEZIRIMDIR, KÖŇÜLDE ŞADYM...
Taryhy makalalar
• Türkmenlerde wezirlik wezipesi we soltan Jelaleddiniň ömrüniň soňky ýyllarynyň taryhy barada Türkmenlerde Oguz han Türkmeniň jöwher paýhasyndan dörän, asyrlar boýy mynasyp nesiller tarapyndan ösdürilen we kämilleşdirilen, döwründe dünýä nusga bolan kämil döwlet dolandyryş ulgamy bolupdyr. Bu ulgam taryhymyzyň gadymy döwürlerinde ýüze çykyp, asyrlaryň synagyndan geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Halkymyzyň şol nusgalyk dolandyryş ulgamynda hökümdaryň wezirine we weziriň ýolbaşçylyk edýän döwlet diwanyna uly ähmiýet berilýärdi. Türkmen soltanlarynyň halkymyzy dünýä tanatmakda amal eden ägirt uly işleriniň bir gapdalynda döwletiň meşhur wezir-wekilleriniň hyzmaty hem az däldir. Döwletiň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşynda köp zatlar baş weziriň ukyp-başarnygyna, erjelligine we halalhonlygyna bagly bolupdyr.Çünki wezir döwletde patyşadan soň ikinji adam bolup, ol ýurtdaky iň uly wezipäniň eýesidi. Şol sebäpden hem döwletiň dolandyryş ulgamynda wezirlik wezipesine hemişe-de örän uly ähmiýet berilýärdi. Asyrlaryň dowamynda türkmen soltanlary döwlet işlerine, aýratyn hem wezirlik wezipesine, ata-baba ýol-ýörelgelerine wepaly, hökümdaryna sadyk, bilim-sowady ýetik, iş başarýan we arassa adamlary çekýärdiler. Wezirler diňe bir döwletiň içeri syýasatyndan däl, eýsem daşary syýasatdan, halkara gatnaşyklaryndan hem gowy baş çykarmalydy. Bilimi hem-de tejribesi ýetik wezirler, döwletiň howpsuzlygy, ýurduň ykdysady taýdan ösüşi, salgyt ulgamy, içki we daşarky bazaryň ýagdaýy, pul we haryt dolanyşygy, ylym-bilim, medeniýet – mahlasy döwlet dürmuşynyň gündelik hajatlary bilen baglanyşykly islendik meseläni çözmäge taýýar bolup durmalydy. Asyrlaryň dowamynda emeldary bezeýän şeýle sypatlar türkmen wezirleri üçin esasy hil görkezijisi bolup hyzmat edipdir. Türkmen soltanlarynyň köşkleri diňe bir döwlet edarasy bolman, olar ylym-bilimiň, ösen medeniýetiň we sungatyň hem hakyky merkezleri bolupdyr. Milletimiziň dünýä hem yklym hökümdarlyklaryny gurup, onlarça halklar bilen bir döwletde ýaşan asyrlarynda, zandynda milletparazlyk, dinparazlyk ýaly ýaramaz häsiýetleri bolmadyk türkmen soltanlary, türkmenler bir hatarda döwletiň düzüminde ýaşaýan dürli milletleriň wekillerine-de uly wezipeleri, şol sanda baş weziriň wezipesine hem unanypdyrlar. Olaryň aglaba köpüsi özlerini belent derejä ýetiren türkmen döwletlerine, olaryň hökümdarlaryna ak ýürek bilen hyzmat edipdirler. Hökümdar tarapyndan berilýän mal-mülke, halat-serpaýa, hormat-derejä kaýyl bolup, buýrulan her bir işe jany-teni bilen ýapyşypdyrlar, döwlete we hökümdara sadyklyk bilen gulluk edýärdiler. Seljuklar döwletiniň kämil wezirlik ulgamy bardy. Bu döwürlerde wezirleriň başarjaňlygyna, ukybyna görä döwlet derejeleri we hormatly atlar berilýardi. Wezirlik wezipesini kämillik derejede başarýan döwlet işgärlerine «nyzamylmülk» – «döwletiň düzgün-nyzamy» – diýlip atlandyrylýan iň belent at dakylýardy. Bu at seljuklar döwründe iň ýokary wezirlik derejesi bolupdyr. Seljuklaryň döwründe wezirlik ulgamynyň başga-da «täjalmülk» – «döwletiň täji», «şemsalmülk» – «döwletiň şuglasy», «müjiralmülk» – «döwletiň hemaýatçysy», «şerefalmülk» – «döwletiň abraýy», «fahralmülk» – «döwletiň öwgüsi» «amidalmülk» – «döwletiň ynanylan adamsy» ýaly hormatly atlary bardy. Bu atlary hem-de derejeleri hökümdarlar wezirleriň şahsy hem-de hünär kämilligini artdyrmak, olarda döwletiň we halkyň ykbalyna jogapkärçilik duýgy-düşünjelerini ýokarlandyrmak, hökümdaryna mynasyp döwlet işgärleri edip ýetişdirmek maksady bilen girizipdirler. Wezirlik wezipesiniň iň ýokary derejesine eýe bolan döwlet işgärleriniň biri, türkmen taryhynda Nyzamylmülk ady bilen tanalýan Abu Aly al-Hasan ibn Aly ibn Yshak at-Tusy türkmen soltanlary tarapyndan şeýle uly derejä göterilipdir. Nyzam al-Mülk seljuk döwletiniň ösüşinde uly yz galdyrypdyr, döwletiň tertibe gelmeginde, onuň kuwwatly imperiýa öwrülmeginde uly hyzmat görkezipdir. Emma ol harsydünýä adam bolupdyr, şonuň üçin hem häli-şindi Mälik şanyň gazabyna duçar bolýar eken. XII asyryň meşhur taryhçysy Rawendi özüniň «Rahat as-sudur wa aýýat as-surur» («Ýürekleriň ynjalygy we şatlygyň höziri») eserinde Nyzamylmülküň açgözlügi barada şeýle maglumatlary getiýär. «Sen menin bilen döwlet dolandyryşyna deň jogapkär adam. Emma açgözluk edip, hemme zatlary hat-da gerekmejek zatlaram eýelejek bolýarsyň. Utanman ogullaryňa iktalary (gulluk üçin berilýän uly ekerançylyk ýerleri) we welaýatlary paýlaýarsyn. Seret! Men buýraryn, seniň dastaryňy (uly wezipeli adamlaryň geýýän sellesi) başyňdan sypyrarlar» diýip, Mälik şa wezirine azmly darapdyr. Türkmen taryhynda nebsi öňüne düşüp, halkyň we hökümdarlaryň öňünde abraýdan düşen iki-ýeke wezirler başga-da bolupdyr. Ol Köneürgenç türkmenleriniň iň sönky soltany, meşhur serkerde Jelaleddin Türkmeniň baş weziri Şerefalmülkdir. Onuň hakyky ady Fahreddin Aly ibn Abulkasym al-Judy bolup, «şerefalmülk» – «döwletiň abraýy» - onuň wezirlik derejesidir. Soltan Jelaleddin we onuň ýaşan galagoply döwri hakynda XIII-XV asyrlaryň belli taryhçylary an-Nesewi, Jüweýni, Reşideddin, Ibn al-Asir, Jüzjany, Isfizary we Mirhond gymmatly maglumatlary galdyrypdyrlar. Bularyň an-Nesewiden başgasy (Nusaýly), kese ýerli adamlar bolandyklaryna garamazdan, ählisi hem Jelaleddini hakyky esger, pähimli hökümdar, «gäwürlere» (mongollara) garşy mertlerçe söweşen musulman gahrymany hökmünde häsiýetlendirýärler. Gyzykly ýeri, Jeleleddin Türkmen hakyndaky şeýle häsiýetnamalar, musulman Gündogarynda mongol agalygy döwründe has hem ýörgünli bolupdyr. Jüweýnidir Reşideddin ýaly mongollara ýaýaplap, olary öwüp arşa göteren taryhçylar hem merdana türkmen serkerdesiniň mongollara mynasyp garşydaş bolup bilendigini, basybalyjylary ençeme ýola çykgynsyz güne salandygyny boýun alypdyrlar. Jelalediniň iň soňky weziri bolan Şerefalmülk we onuň şahsyýeti barada öz döwrüniň taryhçylaryndan an-Nesewi bolaýmasa, başgalar kän bir suwutly maglumat galdyrmandyrlar. Yogsam, Serefalmülk Jelaleddin Türkmeniň mongol basybalyjylaryna garşy göreşinde ters hereketleri bilen hökümdaryny betbagtçylyklara sezewar edipdir, ahyrsoňunda Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň synmagyna, meşhur serkerdäniň bolsa heläkçilige uçramagyna sebäp bolupdyr. Şerefalmülk Köneürgenç türkmenleriniň döwletini Muhammet şanyň (1200-1220) dolandyran ýyllarynda onuň döwlet diwanynda emeldar bolup işleýär eken. Onuň asly keseýerli bolupdyr. Ol her hili pirimler bilen wezir Nejibeddiniň wezipeden giderilmegini we onuň ýerini eýelemegi başarypdyr. Weziriň wezipesini eýeländen soň, Şerefalmülk diwanyň emeldarlaryny kim özünden ökde bolsa ýa-da wezipede galmak üçin para-peşgeş bermese işden kowupdyr, olary patyşanyň ýanynda abraýdan düşürip, baýlyklaryna eýe bolýar eken. An-Nesewiniň ýazmagyna görä, «Şerefalmülk öz golastyndaky adamlary edil gynyndan çykarylan gylyç, ütülen jüýje we degirmeniň nowasy ýaly ýalaňaçlapdyr». Jelaleddin Şerefalmülki halamandyr, ýöne ähli başarjaň döwlet işgärleri wepat bolandan soň ýa-da Şerefalmülk tarapyndan ýok edilensoň, hökümdaryň wezirlik wezipesine goýmaga başga işgäri galmandyr. Jelaleddiniň Şerefalmülkden öňki weziri Şemsalmülk Şihabeddin Alpy al-Herewi güýçli döwlet işgäridi. Ỳöne, indi ol hem ýokdy. Soltan Jelaleddin tarapyndan mongollara garşy alnyp barylýan gaça uruşlaryň döwründe Şemsalmülk Şihabeddin Alpy al-Herewi Hindistanda wepat bolýar. Şerefalmülki halamaýandygy üçin Jelaleddin oňa abraýly wezirlik derejelerini we hormatly hukuklary bermändir. Ol özüniň baş wezirini «nyzamylmülk» adynyň ýerine, «şerefalmülk» derejesi bilen oňdurupdyr. Däp boýunça baş wezir soltanyň iň ygtybarly adamsy hem-de iň ýokary wezipeli döwlet işgäri hökmünde onuň sag tarapynda oturýardy. Şeýle hem baş wezir döwlet adamlaryny ýerinden turman, oturan ýerinden kabul edip bilýärdi. Emma Jelaleddin Şerefalmülke baş weziriň ulanup bilýän bu hukuklaryny hem bermändir. An-Nesewi Şerefalmülkiň terjimehaly we şahsyýeti barada gyzykly maglumatlary berýär. Onuň ýazmagyna görä, Şerefalmülkiň bilim derejesi nusgawy musulman raýat emeldarynyň häsiýetlerine laýyk gelmändir. Musulman Gündogarynda, şeýle hem türkmenlerde wezirlik ulgamy barada ýazan Nyzamy Aruzy (XII asyr) «Ģahar makale» («Dört söhbet») eserinde wezirler üçin zerur bolan hil görkezijileri barada gymmatly maglumatlary galdyrypdyr. Onuň ýazmagyna görä, wezirlere diňe bir pähim-paýhasly şahsyýet bolmaklyk ýeterlik bolmandyr. Hakyky wezirleriň ýokary derejedäki we çuňňur bilimli, hasap-hesipden baş çykarýan, döwlet permanlaryny hem-de diplomatik resminamalaryny düzüp bilýän, hat-ýazuwyň dürli usullarynyy bilýän güýçli hatdat bolmaklary hem zerur şertler hasap edilipdir. Emma bularyň tersine, Şerefalmülkiň bilim derejesi örän pes bolupdyr, ol düýbünden diýen ýaly edebi we döwlet diliniň ýazuw düzgünlerinden we hatdatlykdan baş çykaryp bilmändir. An-Nesewiniň ýazmagyna görä «ol özüniň köp ýalňyş goýberäýmeginden gorkup, pars dilinde ýekeje setir hat ýazmandyr». Dogry, ol akylly, başarjaň we dilewar adam bolupdyr. Onda özünden pes derejedäki adamlaryň berýän soraglaryna hemişe şerebeli we ýaňsyly jogaplar taýýar bolupdyr. Kese ýerlidigine garamazdan, Şerefalmülk, belli alym I.P. Petruşewskiniň ýazyşy ýaly, «türkmen dilinde erkin gürläp bilýär eken». Şol döwürler soltanyň keseýerli emeldarlary bilen türkmen serkerdeleriniň arasynda ýiti garşylyk dowam edipdir. Sebäbi döwür galagoply bolansoň, emeldarlaryň köpüsi mongollardan ýeňiläýen ýagdaýynda soltana dönüklik etmäge hyýallanýardylar. Şerefalmülk öz şahsy bähbitleri üçin türkmen serkerdeleri bilen gowy gatnaşyklary saklamaga çalşypdyr. Bu bolsa oňa soltan Jelaleddiniň goşunynyň ähli serkerdelik wezipelerini eýeleýän türkmenleriň goldawyna daýanmaga mümkinçilik beripdir. Jelaleddin Şerefalmülki halamasa-da, onuň zehinine we tejribesine sarpa goýýar eken. Köp wagtlap onsuz meseleleri çözmändir. Şu sebäpden hem an-Nesewiniň ýazyşy ýaly, soltan Jelaleddin köp ýalňyşlyklary goýberipdir we onuň asylly maksatlary hasyl bolman galypdyr. An-Nesewi soltan Jelaleddiniň başyna düşen soňraky betbagtçylyklary göz öňüne tutup «Şerefalmülkiň şeýle täsiri bolmadyk bolanlygynda wakalaryň ösüşi düýbinden başgaça bolardy» diýip ýiti ahmyr bilen ýazypdyr. Hakykatdan hem Jelaleddiniň özi ýaly başarjaň, hökümdaryna wepaly weziri bolanlygynda, dünýäniň köp halklary mongollaryň weýrançylykly çozuşlaryna sezewar bolmazdylar, basybalyjylara garşy türkmen topragynda batyrgaý, ýeňişli garşylyk görkezilerdi. Şerefalmülk tebigaty boýunça başarjaň adam bolupdyr, ýöne ähli edýän işlerini döwletiň we hökümdaryň bähbitleriniň hatyrasyna däl-de, özüniň şahsy maksatlary üçin edipdir. «Ol döwlet hazynasy bilen jübisiniň arasynda tapawut duýmaýardy» diýip an-Nesewi janygyp ýazypdyr. Orta asyr döwletlerinde hökümdarlar öz ýokary wezipeli döwlet adamlaryna uly mülkleri berýärdiler. Soltan Jelaleddin hem wezir hökmünde Şerefalmülke ummasyz köp girdejileri getirýän mülkleri beripdip. Baş wezir hökmünde Şerefalmülke Ardebil we Baýlakan welaýatlaryndan gelýän girdejiler degişli bolupdyr. Ỳöne, ol muňa-da kanagat etmän, Yrakdan gelýän umumy mukdary ýylda 70 müň dinara barabar bolan hüşür salgydyny hem öz jübsine urýar eken. Häzirbegjanda ýaşaýan bir türkmen taýpasy Şerefalmülke salgyt tölemekden boýun gaçyrypdyr. Emma Şerefalmülk goşunlary bilen gelip, taýpanyň ähli malyny – 30 müň goýnuny sürüp äkidipdir. Şerefalmülk soltany aldamak üçin mongollar bilen söweşip ýören Jelaleddine häli-şindi gymmat bahaly sowgatlary ugradýar eken. Şerefalmülk iň bir satlyk hem-de şöhratparaz emeldarlary goldapdyr. Onuň wezirlik edarasynda hazyna ogurlugy görlüp-eşdilmedik derejä ýetipdir. Basybalyjylar bilen alnyp barylýan yzygiderli uruşlar ummasyz köp harajatlary talap edýärdi. Muňa garamazdan, Jelaleddin hemişe salgytlaryň we borçlaryň mukdaryny azaltmaga çalyşypdyr. Ỳöne, döwür çylşyrymly bolansoň, üstesine-de, Şerefalmülkiň teklibi bilen soltan täze-täze salgytlary ýygnamaga mejbur bolupdyr. Ilatdan şeýdip ýygnalýan serişdeleriň köp bölegini bolsa Şerefalmülk öz meslekdeşleri bilen paýlaşýardy. Şerefalmülk mal-mülki ýeňillik bilen gazanyşy ýaly, edil şonuň ýaly edip sowurmagy hem başarypdyr. Ol öz tarapdarlarynyň sanyny artdyrmak üçin pullary çepe–saga pytradypdyr. Bir gezek weziriň ýanyna şyh Abu Hamit Zeýneddin Kazwini gelipdir we öz aýaly, belli ulama Rafaýiniň gyzynyň iki ogly we üç gyzy özüne sowgat berendigini aýdypdyr. Şyh «indi çagalar ulalyp, nika ýaşyna ýetdiler, meniň bolsa olara bermäge zadym ýok» diýip Şerefalmülküň ýanynda zeýrenen bolupdyr. Şerefalmülk şyhyň her gyzyna 200 dinar beripdir, her oglyna bolsa ýylda 100 dinar napaga (pensiýa) belläpdir. Şerefalmülküň edil özi ýaly açgöz şyh «Eý Sahylaryň sahysy! Bu bagtyýar çagalaryň ata-enesiniň näme günäsi bar?» diýip närazyylk bildiren bolupdyr. Şerefalmülk şyhyň özüne-de, aýalyna-da ýylda 100 dinar napaga belläpdir. Netijede «jomart» weziriň şama-şaýyrdymy şeýle bir güýçlenipdir, şonuň üçin hem 1229-njy ýylda Jelaleddin mongollara garşy nobatdaky söweşden Häzirbegjana dolanyp gelen badyna, Şerefalmülke hazynanyň serişdelerine eýelik etmekligi gadagan edipdir. Ỳasama hudaýhonlyk we sahylyk Şerefalmülk üçin öz abraýyny galdyrmak hem-de jübüsini galňatmak üçin synagdan geçen usul bolup hyzmat edipdir. Ol takwasyran bolupdyr we Gurhan okalanda ýarym-ýaş bolup aglan bolýar eken. Şol bir wagtyň özünde bolsa, an-Nesewiniň belleýşi ýaly, Şerefalmülküň agyp-dönüp duran, suw gysymlan ýaly häsiýeti bolupdyr: dostlary oňa bil baglap bilmändirler, duşmanlary bilen bolsa, haçan-da şahsy bähbitleri talap eden ýagdaýynda, derrew umumy dil tapypdyr. Şerefalmülk Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň geljegi barada-da her hili pyssy-pyjur maksatnamalary işläp düzüpdir. Soltan Jelaleddin mongollardan ýeňiläýen ýagdaýynda, Şerefalmülk düzümine Häzirbegjany, Arrany we Şirwany birleşdirýän özüniň özbaşdak döwletini döretmegi maksat edinipdir. Şonuň üçin hem şeýle meýilleri düzmek bilen baş wezir aşaklyk bilen soltanyň içeri we daşary syýasatyna päsgel berýär eken. Rumly seljuk türkmenleri, Eýýubiler we halyf bilen arany bozmagyň soltan Jelaleddin üçin nähili uly howpdygyny bilse-de, baş wezir her hili ýollar bilen soltana bu türkmen döwletleriniň hökümdarlary hem-de halyf bilen şertnama baglaşmaga we olaryň birleşmegine päsgel beripdir. Birleşmek üçin bolsa türkmen döwletlerine birnäçe gezek mümkinçilik döräpdir. 1230-njy ýylyň başlarynda Jelaleddin Ahlaty eýelände Rumly türkmen soltany Keýkubat we halyf öz ilçileriniň üsti bilen Jelaleddine kabul edip boljak derejede şertnama baglaşmagy teklip edýärler. Emma Şerefalmülk rumly türkmen ilçisini örän sowuk garşylapdyr we ony netijesiz yzyna dolanmaga mejbur edipdir. An-Nesewi Jelaleddiniň döwlet işgärleriniň biri hökmünde Şerefalmülkden näme üçin beýdendigini geň galyp sorapdyr. Şerefalmülk oňa: «Rumly ilçiniň maňa getiren sowgatlarynyň gymmaty 2000 dinara-da ýetenok» diýip haýasyzlyk bilen jogap beripdir. I.P. Petruşewskiý Jelaleddiniň Gürjüstana ýörişi hem Şerefalmülkiň ýüregedüşginç teklipleriniň täsiri bilen mümkin boldy diýip belleýär. Häzirbegjanda häkimiýeti gizlinlik bilen öz eline almaga taýynlanyp ýören Şerefalmülk, Jelaleddiniň bu ýerdäki ygtybarly adamlary bolan köne türkmen begzada nesillerini ýok etmäge we olaryň ýerine öz adamlaryny goýmaga çalşypdyr. Bu işleri ol esasan hem töhmet atmak ýoly bilen amala aşyrýardy. Şeýdip ol Töwriziň belli begleriniň biri Şemseddin Tugraýynyň maşgalasyny ýok etmek isläpdir. 1220-1221-nji ýyllarda Jebe bilen Subedeýiň baştutanlygyndaky mongol goşunlary Töwrizi gabanlarynda, Şemseddin Tugraýy şäheri gorap, uly edermenlik görkezipdi. Şerefalmülk Tugraýýny dönüklikde aýyplapdyr we ony zyndana taşlapdyr. Begzadanyň maly-mülki Şerefalmülk we onuň hemşerileri tarapyndan talanylypdyr. Ỳöne, 1228-nji ýylda Jelaleddin bu eden-etdiligiň anygyna ýetipdir, Tugraýý azat edilipdir, onuň galan mal-mülki bolsa gaýtarylyp berlipdir. Şerefalmülk Häzirbegjanyň hökümdarlary bolan Ildeňiz atabeglerini hem Jelaleddine garşy küşgürmäge çalşypdyr. Sebäbi eýýäm bellenip geçilşi ýaly, Şerefalmülk Häzirbegjanda özüniň döwletini döretmäge çalyşýardy. Munuň üçin bolsa Ildeňizleri häkimiýetden çetleşdirmelidi. Şol döwürlerde Ildeňizlerde uly hormatdan peýdalanýan bir aýal maşgala bardy. Ol Yrakdaky seljuk türkmenleriniň döwletiniň iň soňky soltany Togrul II (1177-1194) gyzy, Ildeňizler döwletiniň iň soňky atabegi Öz begiň ( 1210-1225 –özbek däl – «öz beg», «hakyky beg», «tüýs beg» diýen manyda) bolsa aýaly Melike hatyndy. Melike hatyn seljukly neslinden bolandygy üçin hem-de ýakynda aradan çykan merhum atabegiň aýaly hökmünde Häzirbegjanda, Rumdaky seljuk döwletinde, Müsürdäki we Siriýadaky Eýýubileriň döwletinde uly abraýdan peýdalanýardy. Türkmenleriň hökümdar neslinden bolandygy üçin Jelaleddin hem Melike hatyna uly hormat goýýardy. Melike hatynyň ummasyz uly baýlygy bardy. Bu baýlyga Şerefalmülkiň gözi gidýärdi. Şonuň üçin hem ol Melike hatyny Jelaleddine garşy dildüwşikde aýyplady. Hakykat ýüzünde Melike hatyn beýle işlere baş goşmandy. Tersine, ol soltan Jelaleddiniň mongol basybalyjylaryna garşy göreşini ikelläp goldaýardy. Ahyrsoňunda Melike hatyn Eýýubiler döwletiniň hökümdary Mälik Eşrebiňkä gitmäge mejbur bolupdyr. Şerefalmülk onuň Hoýdaky, Marandadaky we Salmasdaky mülklerini, Urmiýa kölüniň ýanyndaky Tila galasyndaky «şindi ynsan oglunuň gözi düşmedik göwher daşlary, gadymy we ajaýyp matalary bolan hazynasyny we Melike hatynyň görmegeý kenizlerine eýe bolupdyr «. Soltan Jelaleddiniň mongollar bilen yzy üzülmeýan uruşlary alyp barýanlygyndan we döwlet işlerine eli degmeýänliginden peýdalanyp, Şerefalmülk Häzirbegjandaky türkmen begzadalarynyň galalaryny, şäherlerini we mülklerini eýeläpdir. 1229-njy ýylyň oktýabr aýynda soltan Jelaleddin Ahlat şäherini eýeläpdir. Şundan soň onuň abraýy Orta Gündogarda öňkilere garanda has berkäpdir. Halyf al-Mustansir (1226-1242) öz ilçisiniň üsti bilen Jelaleddine ýaranlygy teklip edipdir we ilkinji gezek Jelaleddini soltan diýip ykrar edipdir. Rumly seljuk soltany Keýkubadyň ilçisi hem soltana şu teklip bilen ýüzlenipdir. Ỳöne, bu teklip hem, halyfyň teklibi bilen bir hatarda, Şerefalmülkiň dönükligi zerarly kabul edilmändir. 1230-njy ýylda Jelaleddin Ahlady Eýýubiler döwletiniň hökümdary Mälik Eşrebe gaýtaryp berýär. Şol ýylyň tomsunda Mälik Eşrep Jelaleddine iň soňky gezek ýaranlyk hakynda teklip bilen ýüzlenýär. Emma Şerefalmülkiň dönükligi zerarly ýaranlyk bu gezek hem başa barmaýar. Jelaleddiniň günbatarda alyp barýan söweşlerinden mongol serkerdesi Jarmugan noýon peýdalanypdyr we Demirgazyk-Günbatar Eýrana uly ýöriş geçirýär. Şerefalmülküň nädogry maglumatlary bilen aldawa düşen Jelaleddin hüjüme taýýarlanypdyr. Emma mongol goşunlary garaşylýanyndan has köp bolup çykypdyr. Türkmenleriň gadymy ýaýlasy Mugan çölünde soltan Jelaleddin Jarmugan noýonyň duýdansyz eden uly hüjümine sezewar bolupdyr. Bu wakadan soň Jelaleddin Mälik Eşrebiň inisi Ỳakup begi (ol Ahlat eýelenende Jelaleddine ýesir düşüpdi) mongollara garşy bileleşip göreşmek üçin Eýýuby soltanynyňka iberýär. Emma Şerefalmülk Ỳakup begiň ýanyna öz jansyzyny goşup, oňa birnäçe wezipeleri tabşyrypdyr. Jansyzyň baş wezipesi soltan Jelaleddiniň öňde goýýan maksatlaryny ýoga çykarmalydy. Bu döwürler Jelaleddin Mugan çölünde mongollar bilen boljak täze söweşe taýýarlanyp ýördi. Şerefalmülküň alyp barýan işleri hem öz hökümdaryny ýok etmäge gönükdirilipdi. Ol soltana garşy dildüwşik üçin we özüniň bet niýetlerini amala aşyrmak üçin amatly pursatyň gelendigine göz ýetirýär. Munuň üçin ol özüniň Arrandaky Heýzan galasyny berkidipdir, soltanyň hazynasyny hem bu ýere getiripdir. Şerefalmülk assyranlyk bilen ýerli begzadalary Jelaleddine garşy gozgalaňa küşgürmäge jan edýärdi. Dönük wezir Rumly soltana we Mälik Eşrebe hat ýazyp, özüni Häzirbegjanyň we Arranyň hökümdary diýip ykrar etmeklerini sorapdyr. Hökümdar bolan ýagdaýýnda olaryň ýapjasy bolmaga we olaryň adyna hutba okatmaga taýýardygyny aýdypdyr. Emma Şerefalmülkiň gizlin hatlarynyň bir bölegi Köneürgençli soltanyň eline düşüpdir. Tiz wagtdan Jelaleddin goşunlary bilen Heýzan galasynyň öňünde peýda bolupdyr we Şerefalmülkiň boýun synyp, aman sorap ýanyna gelmegini talap edipdir. Çykgynsyz güne düşen Şerefalmülk galadan çykyp, hökümdarynyň ýanyna gelipdir. Soltan Jelaleddin weziriniň dönükliginden habarsyz kişi bolan bolup, ony mylakatly garşylapdyr. Ertesi gün Jelaleddin Şerefalmülki ýanyna alyp, Mugandan çykyp Garabaga tarap gidipdir. Ỳöne soň Jelaleddin dönük wezirini Garabagdaky Semlan galasynyň häkimi Sylyk bege tabşyryp, ony tussaglykda saklamagy buýrupdyr. Şerefalmülküň tussaglygynyň şertleri ýeňil bolupdyr. Ony galanyň içindäki gowy abzallaşdyrylan uly otagda öý tussagy edip saklaýardylar. Emma dönüklige öwrenen Şerefalmülk tussagda oturan wagty hem soltana garşy bet işlerini bes etmändir. Bu işe galanyň häkimi Sylyk begi hem çekmäge synanşypdyr. Hökümdaryna wepaly Sylyk beg Jelaleddine Şerefalmülkden dynylmasa onuň düzelmejekdigini aýdypdyr. Ahyrsoňunda Jelaleddin özüniň wepasyz hem-de dönük wezirini jezalandyrmaga mejbur bolupdyr. Haýp ýeri, türkmenleriň başarjaň soltany wepasyz wezirinden giç dynypdyr. Şerefalmülkiň dönükçilikli hereketleri zerarly 1225-1230-njy ýyllarda alnyp barlan netijesiz uruşlar soltan Jelaleddiniň güýçlerini halys gowşapdyr. Şonuň üçin hem ol 1231-nji ýylda Jarmugan noýonyň täze ýörişleriniň öňünde durup bilenok. 1231-nji ýylyň awgust aýynda türkmeniň merdana hökümdary, edermen serkerdesi soltan Jelaleddin Türkmen Tigr derýasynyň ýokary akymlaryndaky Kürdüstanyň daglarynda heläk bolupdyr... Umuman aydanyňda, halkymyzyň Oguz han atamyz tarapyndan esasladyrylan, meşhur türkmen soltanlary tarapyndan kämilleşdirilen nusgalyk döwlet gurluşy bolupdyr. Bu işde türkmen wezir-wekilleriniň bitiren işleri hem az däldir. Ỳöne, döwlet işgärleriniň gündelik iş-aladalary hökümdaryň il-ýurt bähbitli işleriniň göniden-göni dowamy bolmaly. Şu hakykat ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda döwletiň syýasy durmuşynda, gürrüňsiz, Şerefalmülk ýaly döwletine hem-de hökümdaryna biwepalyk edýän dönük wezirler peýda bolýarlar. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |