22:20 Batdal Gazy | |
Battal gazy
Käbir taryhçy we syýahatçylaryñ aýtmaklaryna görä Arap, köpleriñ aýtmaklaryna görä Türki asylly bolan gerçek. Ömrüni Wizantiýalylar bilen garpyşyp geçiren Battal gazy ýeñilmekligiñ nämediginem bilenok eken. Ol jomartlygy we haýyr-yhsanlygy bilen şahsyýeti nesilden-nesile geçip, aty we gylyjy bilen añymyzda orun alan gahrymandyr. Özi Malatýada dogulypdyr we Apbaslylar eýýamynda ýaşapdyr. Nirede ölendigi belli däldir. Anadolyda Seýit Gazydan başlap Gündogar Türküstana çenli onuñ üçin salynan birnäçe türbe we ymaratlar bardyr. Anadoly türkileriniñ ýany bilen bütin Türk dünýäsine Seýit Batdal Gazy dessanynyñ döremegine täsirini ýetiripdir. Şahs hökmünde dessanynyñ içinde Türk halk şahyryna goşgulary hem ýerleşdirilipdir. Öwliýa Çelebi, Stambuldaky Gyzlar öýiniñ karol Kanturyñ gyzyny Batdaldan goramak üçin onuñ Şamda peýda bolan döwründe gurdurandygyny ýazypdyr. Anadolynyñ daşynda her ýerinde yz goýan Seýit Batdal Gazy häzirki günlerde halk arasynda aýdylşy ýaly kinofilmler we teatrda sahnalaşdyrylan oýunlar goýlupdyr. Batdalnama, Yslam ruhy bilen doldurylan Anadoly Türkileriniñ eseri bolmak bilen birlikde taryhy wakalar esasynda ýazylypdyr. Yslam dininiñ we Yslam medeniýetiniñ sarsmaz ruhy dünýäsi eserde göze ilip dur. Tolga Uslubaş. Geçmişden Günlerimize Osmanly Alfabetik OSMANLY TARYHY. 2016. Venedik neşirýaty s:102-103 (türkçe) Terjime eden: PEŞEÑ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||