15:50 Baýram Jütdiýew | |
BAÝRAM JÜTDIÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Ýazyjynyň ady we familiýasy: Baýram JÜTDIÝEW Doglan ýeri: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Ýandakly agyz obasynda doglan Doglan senesi: 12.12. 1937 ý. Bilimi: 1957-nji ýylda mugallymçylyk mekdebini,1962-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini tamamlaýar. • Gysgaça maglumat: 1962-1964-nji ýyllarda «Ýaş kommunist» gazetinde edebi işgär, 1964-1969-njy ýyllarda «Sowet Türkmenistany» gazetiniň bölüm müdiri, 1969-1971-nji ýyllarda TKP-nyň medeniýet bölüminiň instruktory, 1971-1973-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde baş redaktor, 1973-1986-njy ýyllarda «Tokmak» žurnalynyň baş redaktory, 1986-1991-nji ýyllarda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory, 1991-nji ýylda ýarym ýyl «Türkmenistanyň Kommunisti» žurnalynyň edebi işgäri, 1992-2003-nji ýyllarda «Diýar» žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary wezipelerinde işleýär we pensiýa çykýar. Soň 2008-nji ýylda «Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibiniň orunbasary, bölüm müdiri bolup işleýär we häzirki wagtda hem ol şol gazetiň işgäri. • Mynasyp bolan Döwlet sylaglary: 1992-nji ýylda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, 1989-njy ýylda «Internasional esger», 1994-nji ýylda «Gaýrat», 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen, 1997-nji ýylda «Galkynyş», 2000-nji ýylda «Bitaraplyk», 2001-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordenleri bilen sylaglanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň dört gezek ýeňijisi, Türkmenistanyň Döwlet senasynyň awtorlarynyň biri. • Döredijiligi: «Akaba», «Yhlas», «Abraý», «Bagyşlanýar», «Ala meýdanlar», «Owazlar kökeni», «Göwün binasy», «Orak möwsümi», «Ýalkanmaly zamana», «Dogaýy diwan», «Mübärek agşam», «Ömrüm –eý!…»… Onuň iki kitaby dürli terjimeçiler tarapyndan terjime edilip, «Belyý dožd», «Duel» atlar bilen Moskwada çap edilýär. Uly halypalaryň biri Baýram Jütdiýew 20-ä golaý kitabyň awtory bolup, şol kitaplaryň 5-si onuň terjime eden kitaplarydyr. Ýagny olar, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rahym Esenowyň «Jahanda uruş barýarka», «Sary dominonyň kölegeleri», «Säherdäki salgymlar», «Dünýede sen bar», «Tepbedi okalanla» atly kitaplarydyr. Çeşme: Maglumatlar şahsyýetiň özünden alnyp taýýarlandy. Taýýarlan: Akgül SAPAROWA. Çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/bayram-jutdiyew/. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||