BERDI KERBABAÝEWIÑ TÄLEÝI
Biziň Baky Kerbabaýew bilen bu söhbetdeşligimiz mundan dört ýyl ozal bolmalydy. Men onuň bilen ilkinji gezek keselhanada tanyşypdym. Bizi hormatly Mämmetdurdy Annagurdow tanyşdyrdy. Bu mähriban goja bilen bir palatada bolupdyk. Şonda Baky aga maňa türkmeniň beýik ogly, öz kakasy Berdi aga hakynda, onuň 37-nji ýylda tutulyşy barada gürrüň beripdi. Eger garşy bolmasa, Baky aga bilen soň ýörite duwşuşyp onuň gürrüňi esasynda makala ýazjakdygymy aýdanymda ol razy bolupdy. Soňam dürli sebäplere görä, biz onuň bile duşuşyp bilmändik.
Golaýda men oňa jaň etdim. Özümi tanatdym. Ýadyndan çykarman ekeni. Ýene-de duşuşmagy wadalaşdyk. «Ertir sagat 2-de geläýiň« diýdi. Ine, gadyrly okyjy seniň okajak ýazgyň taryhy şeýle.
■ Pajygaly gije
1937-nji ýlyň iýun aýydy. Biz Garagum köçesinde ýaşaýardyk. Häzir Hywaly Babaýew köçesi. Gije sagat 12-de organdan gelen adamlar gapymyzy kakdylar. Olar bütin gije kakamyň kitaphanasyny dördüler. Kitaplary silkip, näme gözleýänlerini Hudaý bilsin, dörüm- dörüm edip, daň atyp barýarka, ahyry kakamy äkitdiler. Menem şol iki arada, ýaşulyň kiçi kalibri tüpeňi bardy, diwanda ýatyrkam ýanymda goýaýypdym, zatworyny çekdim weli, ýaňkylaryň birisi sapançasyny çykaryp, «Бросай оружие« diýip, ýürekleri ýaryldy. Kakam «Oglan ol». Onda ok ýokdygyny bilýänsiňiz-ä« diýdi.
Ýaşulyyn gijäň içinde alyp gitdiler. Özem bu waka menden uly Sapa diýen doganym ýogalandan 12 günden soň boldy. Ol 17 ýaşynda inçe keselden ýogaldy. Kakam gitmänkä «Aýgytly ädimiň« golýazmalaryny saklajak boluň« diýip aýdypdy. Bizem ertir ir bilen uly bir türkmen halymyz bardy, howluda çukur gazyp golýazmalary şol halyň içinde goýup, gömdük. Ýene-de atlary ýadyma düşenok, birkiüc sany kitaby şol hala dolap gömdük. Megerem şonuň biri Magtymgulynyň arap dilinde çykan kitabydy. Ertesi ýene-de barlaga geldiler. Näme gözleýänlerini aýdanoklar. Ýöne döküşdirýärler. Birki günden gelip, radiopriýomnigimiz bardy. «Si« diýip, muny alyp gitdiler. Ýene birki günden soň öý uprawleniýasynden gelip, biziň ähli goşumyzy daşaryk zyňypdyrlar, gelsek. «Halk duşmanynyň maşgalasyna şäherde ýaşamak bolmaýar». Göçüň diýýärler. Biz eneligimiz Merýem Ezizowna, men, iki aýal doganym – Gözel, Ejegyz, hemem Emin – bäş adam. Bizem okuwdan gelip, ähli goşlarymyzy ýene yzyna dykýas. Şeýle ýagdaý iküç gün dowam etdi. Olar zyňýar. Biz öýe daşaýas.
Ahyry öý uprawleniýasynden bir polkownik bilen geldiler. Biziň iki otagly jaýymyzyň birini polkownige berip, ulusynda siz ýaşaň diýip gitdiler. Bäş adam bolup bir otagda bir aý dagy ýaşadyk. Ahyry meniň gaharym gelip bir gije daşarda elime palta alyp polkownige garaşdym. Geldem weli «Men seni öldürjek« diýdim. Polkownik her niçigem bolsa, parasatly adam eken. «Sen dogry edýäň. Men ertir irden gidýän. Saňa açary bereýin, ýöne başga adam gelse, paltala. Seňki dogry« diýdi. Şondan soň gelen adam bolmady. Bize bir ýarym aý azar berenlerinden soň, köşeşdiler öýdýän. Kakam Arhangelsk oblastynyň Karganol şäherine düşüpdir. Alyp gidenlerinden iki-üç aýdan soň «Galamymy byçga çalyşdyp. Lesazagatowkada işleýäs« diýip ýazypdyr. Ýene bir aýrakdan soň «Men agyr syrkawladym. Balnisiýadan soň maňa ýeňil iş – partnoýlyk içini tabşyrdylar. Men häzir güpbi tikýän. Eger mümkin bolsa, maňa bir ojuk-bujuk iýer-içer ýaly ugradyp bilseňiz, ugradyň« diýip ýazypdyr. Şondan soň ýaşulyň uly kitaphanasyndan gaty köp kitaby özüm halta salyp, arkamda göterip ertdimde, bukinistik dukana tabşyrdym. Şeýdip pul gazandym. Tokga gandyň uluragyny alyp, pyçak bilen gowja deşip, içine puly togalap salyp, soň gyrasyny ýelmäp, çyranyň ýagtysynda seredip, görünmez ýaly edip kakama pul iberdik. Özi biler ýaly, hat ýazyp, «gandyň ulusy ýaman süýjidir« diýip ýazdyk. Ýaşuly bilipdir. «Aýdyşyňyz ýaly gandyň ululary süýji eken. Eger ugruny tapsaňyz şeýdip süýjiň uluragyny iberiň« diýip bize jogap berdi. Ýalňyşmasam, ol 40-njy ýylyň dekabry boşap geläýdi öýdýän. «30 aý oturdym« diýýärdi. Golýazmany hem gelenden soň açdyk. Haly çüýräpdir. Golýazma weli hiç zat bolmandyr.Kakam türmeden boşap gelen wagty men oba hojalyk institutynda okaýardym we şol ýerde-de bolýardym. Kakam gelenden soň öýde bolmagy isläp, getirdi.
■ Han hakynda
Ýaşulyň özi Eziz hanyň tutulyşy hakda şeýle gürrüň beripdi:
«Men Eziz hanyň kätibi, hem mürzesidim. Bir gezek eşalona münüp, Aşgabada gelmelidik. Tiplowozyň yzyndaky wogonyň birinjisinde Eziz han, ikinjisinde men, ýokarkysynda dilmajy, onsoň janpenasy. Beýle ýanlarynda-da birkiüc sany ahrannik. Yzda-da goşuny. Duşakdan geçendemi nämemi maşinist gelip: «Çekenok. Agyr bolýar. Yzyndan tolkaç tirkemäge rugsat ediň!« diýip sorady. Olam «Bolýa« diýdi. Gije gelýäs. Birden oýansam, otly köp wagt bäri durman gelýär. «Näme bolduka?« diýip turup hajathana barýan. Aýna açyk eken. Yzyma seretsem, yzda bizden başga bir wagonom ýok. Menem nätjegimi bilmän, ýene-de yzyma baryp, horjuny alyp geldim hajathana. Eziz hanyň ähli kagyzlaryny ýyrtyp-ýyrtyp oňa taşladym. Horjunyň ikinji gözünde pul bardy. Gyzyl pul. Ýüz müň manat. Pulam ýyrtjak boldum welin, «Puluň adama zyýan beren ýeri ýokdur« diýdim. Gelip, Eziz hany oýatman, ýerimdejik ýatdym. Daňdan Aşgabada gelenimizde, aýnalardan naýza bary bize gezelip dur. Gymyldara ýer goýmadylar. Eziz han turanda iki sany mawzer bardy, bada-bat atjak boldyda durdy. «Hä ýigitler, siz ýaş bolýasyňyz. Siziň ömrüňize men galmaýyn».
Ýogsam birkisin-ä alaryn« diýip aýtdy. Soň ol iki mawzerinem goýdy. Onsoň biziň herimize bir adamlyk kamera saldylar. Meni alanlarynda horjunymda ýüz müň manat pul bardy. «При нем имел сто тысяч» diýip ýazdylar. Meni halas eden şol pul boldy. On-on bäş günden soň meniň ýanyma türmäniň işgärleri gelip, «Siz günäm ýok« diýýärsiňiz. Günäň ýokdygy hakda hat getirip bilermisiňiz?« diýipdir. Ahyry bir aý bolansoň türmäniň başlygy geldi. «Siz şeý diýipsiňiz. Sizi boşadyp goýbersem şol haty getirersiňizmi?« diýdi. «Getirerin« diýip, boýun aldym «Onda puluňyzy goýýaňyz. Şutaýda dursun. Gidip hat getiriň. Onsoň puluňyzy bereris« diýip, meni çykardylar.Aşgabatdan Mara pyýada diýen ýaly bardym. Köp wagt eglenmän «Eziz han Aşgabatda atylypdyr« diýip, kakamyň aýdany ýadymda. Men şonda kakamdan: «Filimde Eziz han Krasnawodskide parohoda münjek bolýär« diýsem, «ýok ol režissýoruň tapýan zady» diýdi. Kakam Eziz han bilen tutulanda bir aý, 32-nji ýylda tutulanda 20 aý, 37-nji ýylda basylanda 30 aý oturdym« diýip aýdýardy.
Öz aýdyşyna görä, «Eziz han hakdaky ilki ýazanymy bir ýere toplasaň, özi bir tom bolmaly« diýýärdi.
■ Atam Kerbaba hakda
Atam gowy ýadyma düşýär. 37-nji ýylda basanlary gözümiň öňünde. 78 ýaşyndady. Şol döwürlerde atamyň iň kiçi ogly Han tutulypdy. Şol ýylyň mart aýy bolsa gerek. Han pedinstitutda hem okaýardy. Üç ýyl boldy ýogalanyna, Baýramalyda.
Kakamy bolsa iýunda basdylar. Hakyky tutha-tutlyk, ýalňyşmasam, şondan soň başlanypdy. Atamyň yzyndan iki sany milisioner ýük maşynynda geldi. «Ker aga seni raýkom çagyrýar« diýdiler. Atamam:
Meniň köpenim taýyn, meni öldüriňde, gidiberiň – diýdi. Duýdy. Milisionerleriň biri akylly adam ekeni:
Ker aga – diýdi – türmä salynýan adamlary atly, gamçylap alyp gidýärler. Sen görýäňa biziň tüpeňimiz ýok. Ýük maşynynda geldik. Seni raýkom çagyrýar. Şu maşyn bilen seni ýene ertir getirýäs – diýip ynandyrdy. Atamam:
Be, olaň dogurdanam tüpeňi ýok, zadam ýok – diýdi.
Şol gidişi boldy pahyryň. Atamyň alty ogly, bir gyzy bardy. Atamyrat, Durdymyrat, Berdimyrat, Çaryguly, Kerimguly, Han. Şol iki aralykda Mama diýibem bir gyzy bar. Atamyzy äkidenlerinden soň iki sany atly milisioner geldi. Durdymyrady, Çarygulyny, Kerimgulyny – üçüsini birden alyp gitdiler. Üçüsem kolhozçy. Birinji tokaýlyga baranlarynda milisionerleriň biri aýdýar:
Oturyň, bir çilim çekeliň. Bir gürrüň edeliň. Ker aga açlyk döwründe bize howandar boldy. Öldürmän açlykdan halas edipdi. Indi biz onuň ogullaryny tüpeňiň öňüne salyp, türmä äkitsek, günä gazanýas. Siz şu tokaýa sümüliň. Baýramaly diýer, Daşoguz diýer gidiň. Ýarymýyl, bir ýyl şol ýerde boluň. Görünmäň «tapmadyk, gaçypdyrlar« diýsek, ýaman etseler bizi urarlar, sögerler, başga zat etmezler. Ýöne giden gelenok« diýipdir. Ortanjysy Çaryguly: «onda men-ä sowlaýjak« diýýär. Kerimgulam «Ýör« diýse, Durdymyrat, biziň etmişimiz näme, gaçgakçylyk edip« diýýär. Ana şeýdip şol ikisi gidýär. Çaryguly 10 ýyl mundan öň ýogaldy. Ýarym ýyl gaçgakçylyk etdi. Baýramala göçdi. Sowhozda işledi. Soň zat diýmediler. Ol ikisiniň şol gidişleri boldy. Han aga Magadanda on ýyl oturyp geldi. Gelip pedinstituta girdi. Soň ýer titredi, aýagyny basdy. Okuwyny taşlady. Baýramalyda Balçylyk sowhozunda ýaşady. Bulaň içinde çeperrägi Han agady. Mäti Köse bilen deňiräk adamdy. Han aganyň ýanynda bir adam goşgy aýdyp gitse, ýene bir aýdan soň: «bä, goşgy aýdypdy weli, ýadyňa düşenokmy« diýseň, şony bolşy-bolşy ýaly gaýtalar. Magtymgulyny tutuşlugyna ýatdan bilýärdi.
Obada atamyzyň hatary bardy. Alty öý, ýedinjisem özüdi. «Obada ilkinji gezek tam salan Garaja Burun ikimizdik« diýip kakam gürrüň berýärdi. 20-nji ýyllaryň ahyry Leningratda okaýan döwri inçekesel bilen keselleýär-de, oba gaýdyp gelýär. «Köpräk gawun iýmeli« diýipdirler. Şonuň üçinem olar boýy iki metr, ini üç metr jaý salypdyrlar. Obada ol jaý «keriň jaýy« diýip at aldy.
Kerbaba ady nireden galýar? Atamyzyň kakasyna Öwezgylyç köse, onuň kakasyna Halmyrat diýilýän eken. Şol ker bolupdyr. Bulaň hemmesi lakamly. Atamyz Kerbaba, oň kakasy Öwezgylyç köse, oň kakasy Halmyrat ker, oň kakasy Hally gapan, oň kakasy Döwletmämmet düýegöz, oň kakasy Amandöş. Öwezgylyç öz oglunyň adyna Halmyrat diýip, kakasynyň adyny dakýar. «Ogluň adyna näme dakdyň« diýip soraýarmyşlar-da, «Kakamyň adyny dakdym. Halmyrat« diýse «hä-ä, Halmyrat kerow. Ker aga-da« diýip, çagalykdan lakamy ýöräpdir. Soň Ker aga, Kerbaba bolup galyberýär. Ol uly mirapdy. Bir gezek Tejen derýasy joşanda «Kerbabany getiriň, ýogsam dünýäni suw aljak« diýipdirler. O-da «men atyň üstüne münerin. Yzym bilen bellik edip gidibersinler« diýip, nireden böwet basmalydygyny aýdypdyr. Şeýle bolan gezekleri bir ýa iki däl eken. Şonuň üçin oňa «Ker aga başga adamyň güýjüni ulanman, özi näçe ekse haky bar. Suw bilen doly üpjün etmeli« diýip, hatam berlen ekeni. 37-nji ýylda şol hatlary özi bilen äkitdi. «Şol hatymy görkezerin« diýipdi pahyr.Başga-da bir haty bardy: Gürrüň berýärdi. Bir gezek Eziz han geldi diýýä, düşdi diýýa. Gowy iňlis atym bardy. Eziz han ony görüp, «Ker aga, şol atyňy aljak« diýdi. «Atymy nähili alarsyň? Bizem adam. Tüpeňleşseň, meňem alty oglum bar, özüm ýedinji« diýdim diýýär. «Onda indiki gezek gelemde alaryn« diýdi diýýä. Indiki gezek gelende aty bir ýanda gizledik. «Aty satdym«diýsem, onda «Ogluny aljak« diýip, şondan soň kakamyzy ýanyna alypdyr. Sowatly görüpdir. Eziz handan soň, oba polk barýar. Bir ors polkownik, atamyz pahyr «bolköýnek« diýýärdi. Ine şol «Ker aga şu atyňy maňa ber « diýipdir. Polkownige bialaç berýär şo aty.
Bir ýyl gurakçylyk bolupdyr. Şol bolköýnek ýadyma düşdi diýýär. Eşeklije gidipdir. Mara. Bir hepdeden soň atly, iki sany düýäni ýükli idip geläýdi diýýär. Han aga gürrüň beripdi muny. «Näme alamançylyga gitdiňmi?« diýip soradyk diýýä. «Ýok. Şol bolköýnegi tapdym Maryda« diýýär. Şo maňa aýtdy diýýär: «Sen maňa ynanyp atyňy berdiň. Saňa ýük diýip, çaý, mata, süýji, däne bilen iki düýe, bir at bilen ýükledip berip göýberipdir. Atamyz pahyr, özüniňem uzyn hasasy bardy: «Şu çişmedik ýeriňizi taňka ýaly ederin gaharym gelse« diýerdi.
Bir gün sagat onlarda «Ýygnanyň ogullar, ýygnanyň« diýdi. «Nämekän?« diýip, onsoň ýygnandylar. Menem atamyň öýünde bolamsoň bilýän-dä. «Kerimguly biziň dölümiz däl« diýdi. Bäşinji ogly. «Biriňem şuny myhmanam çagyraýmaň,öýüne-de baraýmaň. Özünem şu hatardan çykarjak boluň« diýdi. Han aga-da kiçisi: «Kaka, o-da biziň doganymyz-a. Näme boldy. Nämä gaharyň geldi?« diýip sorady. «Muň bolşuny gördüňizmi siz. Siz göreňzok. Men şu gün öýme-öý aýlandym. Bulaň gapysynyň kilimini açsam, heleýi bilen bir tabakda nahar iýip otyr. «Haý, bolşuň gursun, sypatyň gursun« diýip, sögdüm diýdi. Han aga «Kaka, nätsinler, bir ogullary bardy, ýogaldy. Ikisi iýip otursyn-da« diýdi. «Näme, ikisi iýmelimi. «Biriňem baraýmaň« diýýär. Atamyzy zordan köşeşdirdiler.
Pahyr daýaw adamdy. Sakgaly akdy. 78 ýaşynda ata özi münüp düşýärdi. Bir «balam üseňňiden asyl, o tarapyndan« diýýärdi. Basylyp gidýänçä bir baýtaly bardy, şony mündi. Ekiş bilen oturan ýerimiziň arasy ýedi-sekiz kilometr bardy. Ekin diýip gidýädi.
■ Merkezi Komitetdäki garpyşyk
Elli ikinji ýyldy öýdýän. Bir gezek kakamy Merkezi Komitetiniň sekretary çagyrdy. Bu hakda kakam şeýle gürrüň berdi:
Giren badyma:
– Näme üçin egilip salam berenok?- diýdi. Menem entek egilip salam beren ýerim ýok- diýdim.
– Şaja Batyra egilip salam berýädiň- diýdi. Menem:
– Saja Batyra men Komitetiň sekretary diýip salam beremokdym-da, ýoldaşym diýip salam berýärdim- diýdim.
– Заставлю-diýip, haýbatyna başlady.
– Indi giç bolaýmasa.
– Kitaplaryny magazinde satmagy gadagan etdirerin. Bir kitabyňam çykartman. Özüňem basaryn- diýip aýtdy.
– Şondan birki ýyl geçenden soň, meni Merkezi Komitete çagyryp başladylar- diýip, Baky aga aýtdy. Oba hojalyk bölüminden Kozlowskiý, partiýa bölüminden Akulinsew «Siz oba hojalyk institutyny gutaryp, näme üçin obada işlemediňiz« diýip aýdýarlar. «Häzir men ylmy işgär« diýdim. Anyk bir zat aýtmadylar. Şonda belli bir wagt geçensoň, maňa tanyşlarymyň biri «Häzir gel. Gyssagly. Oba işlemäge gidýänleriň spisogynda seniňem adyň bar« diýip, habar etdi. Bardym. Ilkibada birinji sekretaryň kömekçisi Mämmet Gurtgeldiýewiň ýanyna girdim. Ýatan ýeri ýagty bolsun, ol golaýda ýogaldy. Olam«Sen spisokda bar« diýdi. Onsoň Merkezi Komitetiniň sekretary Nurjemal Durdyýewanyň ýanyna bardym. «O zat bolmaz« diýip, meni ynandyrdy. Özem meň ýanymda Kozlowskä, soňam ylym jaýlary bölüminiň müdiri Saparowa jaň edip, «Siziň işgäriňizi alýarlar. Habaryňyz ýok« diýip gygyrdy. Özüme-de «Arkaýyn bol. Hiç ýaňa gitmersiň. Häzir şaýyňy tut. Üç-dört günlük Kiýewe gitmeli sen« diýdi. Şol wagtlaram Ukraina bilen Orsýet birikmeginiň 250 ýyllyk dabarasy bellenilýärdi. Ýygnaga gitdik. Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Tagan Berdiýew, akademik Kalugin, onsoňam men. Bibi Pälwanowa-da bir sebäplere görä gidip bilmedi. Kiýewde üç-dört gün bolup gelenimizden soň, ýene meni Merkezi Komitete çagyrdylar. Akulinsew men barada habar berip başlady. «Baky Kerbabaýew kolhoza agronom edip iberilýär. Ýöne iki sany hat bar. Biri Ylymlar akademiýasyndan,beýlekisi hem Türkmen-Zakawkazýe ekspedisiýanyň başlygy akademik Fýodorowdan. Ikisem ýaş spesialisti ylmy ederada goýmagyňyzy haýyş edýär».
Býurony alyp barýan birinji sekretar «Muň ýaly zat näme üçin býuro dokladywat edýäň« diýip, onuň üstüne gygyrdy. Maňa garabam: «Sen näme üçin häzire çenli önümçilikde işläňok?« diýdi. Menem «Frontdan gelenimden soň aspirantura, aspiranturadan soňam ylmy işgär bolup işleýän. Häzir Ministrler Sowetiniň tabşyrygy bilen iki sany temanyň üstünde işleýän. Özümem her ýarym ýyl ekspedisiýada aýagym ädikli gezýän« diýdim.
– Indi ýarym ýyl däl,bir ýyllap ädikli gezersiň- diýip, haýbat atdy.
Menem ýaş oglan, gaňryşyna gaýtdym.
– Gitmen – diýdim.
– Иди, посажу- diýdi.
Çykyp gaýtdym. Öýe gelemde, kakam sorady. Aýdyp başladym weli:
– Ýok, iň soňy näme diýdi?- diýdi.
– Iň soýy «Posažu« diýdi- diýdim.
– Arkaýyn ýüküňi taýynla-da gidiber. Bu wagt «posažu« diýse basarlar, «ataýyn« diýse-de atarlar. Maňa dişi ötmänden soň, saňa ýapyşypdyr. Jebriňi çekiber- diýdi.
Şondan soň Tagtada üç ýyl oba hojalygynda işläp gaýtdym.
Kakam öz gaýgy-gamyny beýlekilere bildirmezdi. Işläp ýeňerdi. Her bir romany ýazanda dynç bir alýarmyka diýip, pikir edýärdim.
Irden sagat 9-da turýardy. Sagat 10-na çenli naharyny iýýär. Howluda gezmelän bolýar. Sagat 10 bolýar weli, kabinetinde stolunyň başyna geçýär. 2 bilen 3 aralygynda bir çäýnek çaý içer. Ýene oturýar. Sagat 6-larda nahar iýýär. Nahardan soň ýarym sagat ukusy bar. «Hyrr« edýä weli, özi oýanýar. Sagat 7-de stolunyň başyna geçýär. Sagat 8 bolýar, 9 bolýar, 10,12 bolýar, 2 bolýar, 3 bolýar ýazyp oturandyr. Daňdan sagat 4-lerde ýa-da 5-lerde ýatýamyka diýýän. Özem her gün şeýle. Eger iş ýüze çykaýsa, mysal üçin, men gapydan girýän-de: «Kaka, pylany gelipdir« diýýän. Eger «Sen maňa päsgel berýäň« diýse, şo oturyşy ýaly oturar, geplemezem, ýüzüňe-de garamaz. Eger «Saňa gulak asýan« diýse, äýnegini maňlaýyna galdyrar. Aýdyber onsoň. Eger äýnegi şol öňki durşuna dursa, diý, diýme, senýok ýalysyň. Ýa-da agşam ýatjak bolanda «Kaka, bir käse çaý demläýin« diýseň, gulagam asmaz, äýnegi şo durşunadyr. Gidiber.
■ Bereketli desterhan
Kakam gaty myhmansöýer adamdy. Ýadymda, bir gezek ýigrimi‑otuz adam daşary ýurtdan geldi. Ýaňy myhmanlar çaý-çörek iýmäge başlandan, amerikaly är- aýal ýerlerinden turup: «Berdi Myradowiç, biz turmakçy« diýip aýtdylar. Kakamam dilmaja garap: «Bulara aýt. Türkmeniň öýüne soraşman gelip bolýar. Ýöne gitjek bolanda, hökman rugsat almaly. Onsoň gitmeli« diýdi. Şony aýdanda amerikaly: «Bu zatlary heniz men eşidemokdym, bilemokdym« diýip oturdy. Soň on-on bäş minutdan «Biz ertir irden uçmaly« diýip, rugsat alyp, onsoň gitdi. Kakamyň gowy baryş-geliş edýän ýerleriniň biri Alty Garlylardy. Elmydama ikisi duşuşanda göwni açylyp, gülşüp, bir-birine degşip, hezil edinýärdiler. Köp gelýänleriniň içinde Şaja Batyrow, Şamyrat Täşliýew, Kerim Maşrykow, Bibi Pälwanowa, Çary Hanam, Aman Gulmämmet, Abdy Annalyýew, Çary Atabaýew... şular ýaly adamlar bilen köp oturyşyp turşardy.
* * *
Hawa, türkmeniň beýik ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň hut şahsy durmuşy, ömri hem onuň döredijiligi ýaly gyzykly, köptaraply, çylşyrymly, baý. Şu okan ýazgylaryňyz Beýik ýazyjynyň ömür daragtynyň mejbury soldurylan bir ýapragyny ýadyňa salýar.
1998 ý. Sentýabr
Taryhy makalalar