00:28 Bertels Awisenna hakynda | |
BERTELS AWISENNA HAKYNDA
Edebi makalalar
Bertelsiň işlerinde Gündogaryň beýik akyldary Awisenna hakynda-da gymmatly maglumatlar mynasyp orun ýeleýär. Awisennanyň doly ady Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Hasan ibn Aly ibn Sinadyr. Aýtmaklaryna görä, onuň kakasy Balh şäherinden bolup, ol diwanlaryň birinde işläpdir. Samani Nuh ibn Mansuryň döwründe Buhara göçüp gelip, döwlet işinde, ýagny Harmaýsan diýen ýerde maliýe ugrundan işläpdir. Ol şo ýerde-de Afşan gyşlagyndan bolan Sitara atly gyza öýlenipdir. 370 (480/81)-nji ýylda-da olaryň ogly doglupdyr. Awisenna hakynda indi köp asyrlardan bäri dürli rowaýatlar, dürli tymsallar türki halklarynyň içinde ýörgünli bolupdyr. Onuň ylmy traktatlary diňe bir gündogar ýurtlarynda däl-de, Ýewropada-da öwrenilipdir. Bertelsiň bu gündogar alymynyň ömür ýoluny öwrenmekdäki hyzmaty bellenip geçilmelidir. Ol ibn Sinanyň gadymy grek filosofiýasyny öwrenmäge köp wagt sarp edendigini belläp, oňa munuň ýeňil düşmändigini ýazypdyr. Dogrudanam Ibn Sina Aristoteliň “Metafizikasynyň” arap diline terjimesini kyrk gezek okap, hiç zat düşünip bilmändir. Bu pişesinden göwni geçip, golýazmany okamagy bes eden döwürleri, onuň eline Farabynyň bu kitaba ýazan düşündirişli golýazmasy eline düşýär. Muny oňa Buhara bazarynda köne golýazma kitaplaryň söwdasyny edýän bir adam salgy beripdir. Farabynyň kitaby onuň filosofiýa ylmyna erkin göz ýetirmegine ýol açypdyr. Onuň Buharadaky durmuşy alyma erkin işlemäge mümkinçilik bermändir. Sebäbi Nuh II-niň döwründen samanylaryň häkimlik edýän topragynda özara oňşzlyk başlanypdyr. Samany begleri birnäçe gezek Buharadan gaçyp gutulypdyrlar. 999-njy ýylda olaryň häkimligi gutarýar we ýurdyň paýtagtyny garahan Nasyr basyp alypdyr. Garahanlylaryň basyp almazlaryndan birnäçe wagt öň Ibn Sina özüni Buharadan Horezme atmagy ýetişipdir.. Horezm şasy Aly ibn Mamunyň huzurynda peýda bolupdyr. Şanyň baş weziri Abyl Huseýin Sahly alymy gowy garşylan, onuň döredijilikli işlemegine şert döredip beripdir. Ýöne gazaply Mahmyt Gaznawynyň nebsewür eli Horezme-de baryp ýetipdir. Rowaýatda aýdylyşyna görä, ol Mamunyň öz zehinli raýatlaryny soltanyň tabynlygyna ibermek hakyndaky permany gelip ýetipdir. Bularyň arasynda ibn Sinanyň hem bolmalydygy öz-özünden düşnükli. Eger-de ibn Sina Mahmydyň tabynlygyna barsa, onda onuň ýagdaýynyň has ýaramazlaşjakdygy aýdyň. Çünki Ibn Sinanyň kakasy ysmaýyllydy. Özem gadymy grek filosofiýasyndan oňat baş çykarýan alymdy. Munuň soňunyň Ibn Syna üçin heläkçilikli bolup gutarjakdygy köre hasady. “Şonuň üçin Horezm şa Mamun Ibn Sinany gizlin ýol bilen sypdyrypdyr diýen bir gürrüň bar. Ibn Syna öz alym ýoldaşy Abu Sahlem Masihi bilen gijäniň içi gizlinlik bilen ýola düşüpdirler. Abiwerdiň, Nusaýyň üsti bilen Nişapura ýönelipdirler. Ýolda agyr horluklara çydaman Masihi wepat bolupdyr. Ibn Sina l Gürgende az wagt bolup, Reýe barýar. Şo wagt entek ýaşlygyna garamazdan, Buig Mejit ad-Daula pähimdar ejesiniň goldawy bilen Reýi dolandyrýan eken. Bu ýerde-de Mahmydyň uzyn eli Reýe-de baryp ýetýär. Ibn Sina bu ýerdenem gaçmaly bolupdyr. Şonuň üçin Ibn Sina Mejit ad- Daulyň hökümdarlyk eden şäherinden onuň Hemedanda häkimlik edip ýören dogany Şams ad-daul aşgazandan ejir çekýän eken.Ibn sina onuň bu keseline em edýär., ony dertden halas edýär. Munuň üçin hökümdar Ibn Sinany özüne wezir belleýär. Ýöne Ibn Sinanyň garşydaşlary onuň wezirlikden gyrahladylmagyny talap edip, aýaga galypdyrlar. Ibn Sina ätiýaçlygy elden bermändir. Gizlenmäge mejbur bolupdyr. Wezirligini terk edipdir. Şams ad-Daulyň öňki derdi gozgapdyr. Ibn Sinany öňki wezirligini dowam etmegi soraýar. Ýöne 1021-nji ýylda emir ýogalýar-da, tagta ogly Sama ag-Daul geçýär. Bu ýerde gowulyk ýokdygyna göz ýetiren Ibn Sina Yspyhanyň häkimi Ala ad-Daul Husam ad-Din Abu Japar Muhammet ibn Duşmanziýar ibn Kakuýa bilen hat aragatnaşygyny ýola goýupdyr. Muny eşiden Sama ad-Daul ibn Sinany zyndana atmaga buýruk beripdir. Alym dört aýlap diýen ýaly alagaraňky zyndanda horluk baryny görüp, ony ahyry boşadypdyrlar. Şondan soň ol özüni bütinleý ylma bagyşlap, ýeke ýaşamaga başlaýar. Barybir ony yspyhanly gürrüň öz erkine goýmandan soň, günleriň birinde öz dogany we iki sany gulamy hem ýanlaryna alyp, gizlinlikde Yspyhan şäherine tarap ýola düşüpdirler. Ol ýerde alymy uly hormat bilen kabul edipdirler. Onuň ýaşaýşy birneme gowulaşýar, ýöne weli bir gezek hökümdaryň gazabyndan Reýiň bir ýerinde gizlenmäge mejbur bolupdyr. Bertelsiň ýazmagyna görä, 1036 (ý-da 1037)-njy ýylyň tomsunyň başlarynda Ala ad-Daul Hemedana ýola düşüpdir. Ibn Sinany hem gaty näsag bolsa-da öz ýany bilen äkidipdir. Ol eýdip-beýdip Hemedana ýetipdir, ýöne keseli beterleşýär we 427-nji ýylyň remezan aýynyň birinde, milady hasaby boýunça 1036-njy ýylyň 28-nji iýunynda ý-da başga bir maglumata görä 428-nji ýylda (1037-nji ýylyň 28-nji iýunynda) dünýäsini täzeläpdir. Ýogalan wagty heniz altmyş hem ýaşamadyk Ibn Sinanyň öz döwründe dünýäde deňi-taýy ýokdy. Bertelsiň öz işinde Ibn Sinanyň ömür ýoluna giňişleýin köpräk üns bermeginiň sebäbi bardy. Munuň bir sebäbi orta asyrlar döwründe alymlaryň nähili agyr şertlerde ylmy işlerini alyp barandyklaryny, şeýle hem şo döwürdäki hökümdarlaryň käbir ylmy derňewçileriň olary “gaty sowatly mesenatlar” hökmünde öňe çykarmakçy bolýan pikirleriniň yrgadygyny paş etmek üçin gerek bolupdy. Göýäki alymlaryň şahyrlaryň kämilleşmeginde olaryň uly hyzmatlaryny çişirip görkezmegiň derwaýys we ýerlikli zerurlygyň ýokdugyny aňlatmak üçin gerek bolupdy. Şeýle gazaply döwürlerde-de ussatlaryň işleriniň kämillik derejesinde bolandygyna Bertels haýran galmak bilen nygtaýar. Ibn Sinanyň esasy ylmy işleri arap dilinde ýazylan. Ýöne ol işlerden çen tutsaň, alymyň öz dilinde ýazmaga uly meýliniň bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Onuň Ala ad-Daula bagyşlan “Pähim-paýhas diwany” (“Danişnama-ýn Alaýi”) onuň öz ene dilinde, ýagny dari dilinde ýazylypdyr. Bu diwan pars- täjik edebiýatyny, dari dilini öwrenmekde örän uly ähmiýeti bolupdyr. Çünki ol ene dilinde ylmy terminleri döretmekde ilkinji synanyşykdy. Awisenna goşgular çemenini hem döredipdir. Onuň öz ýazanlygyna hiç hili gümürtik pikirleri döretmeýän eserleriniň birnäçesi saklanyp galypdyr. Muny şahyr arapça ýazypdyr. Aýratynam onuň uly meşhurlyk gazanan “Aýniýa” atly kasydasy bu žanrdan ýazylan goşgularyň saýlantgylarynyň biridir. Hatda bu kasydanyň setirleri şu günki gün onuň Hemedandaky mawzoleýini bezäp otyr. Mälim bolşy ýaly, Awisenna dari dilinde ýazylan giden bir dörtlemeleriň ily tapgyry degişli. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ilmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |