01:06 Bertels Biruny hakynda | |
BERTELS BIRUNY HAKYNDA
Edebi makalalar
Ý.E.Bertels Gündogaryň orta asyrlar döwrüniň görnükli taryhçylarynyň, edebiýatçylrynyň ençemesiniň ömrüni we döredililigini düýpli hem-de çuňňur öwrendi. Şolaryň biri-de adamzat taryhynda belli yz çoýup giden Birunydyr. Bertels Biruny we onuň döwri hakda okyjylara gymmatly maglumatlar goýupdyr. Öz döwrüniň uly alymy Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruny 983-nji ýylyň sentýabr aýynda Horezm şäheriniň etegindäki obalaryň birinde dünýä inipdir. Onuň lakamynyň Biruny bolmagy şonuň bilen baglanyşyklydyr. “Birun” sözi “şäheriň eteginde, şäherden daşda” ýaly manylary berýär. Biruni ýaş wagtlaryndan matematika, astronomiýa, medisina, taryh bilen gyzyklanypdyr. Öz döwürdeşi Awisenna bilen hat ýazyşypdyrlar. Birunynyň ilkinji ylmy işi “Gadymy asyrlardan saklanyp galan yzlar” (“al-Asar al-bakiýa ani-l-kurun al-haliýa”) diýlip atlandyrylypdyr. Bu iş gadymy halklaryň hronologik ýyl ýazgylaryna bagyşlanypdyr. Munda gadymy döwürlerde ýöredilen aý-gün kalendarlaryna, dürli gadymy baýramçylyklaryna, bular bilen baglanyşykly däp-dessurlaryna degişli gaty köp maglumatlar habar berlipdir. Şu maglumatlar esasynda alymlaryň köp nesli gadymy Eýran topragynda ýaşan halkyýetleriň çylşyrymly kalendarlaryndan baş çykarypdyrlar. XI asyryň 20-nji ýyllarynda Biruny Mahmyt Gaznalynyň çakylygy bilen Horezmden Gazna barmaly bolýar. Çünki Mahmyt Birunynyň öňünden bilmek başarnygyny eşidip, bu meselede onuň peýdasynyň boljakdygyna düşünipdir. Rowaýata görä, Biruny Mahmyt Gaznalynyň ýanyna barypdyr. Ol “Müň daragt” atly bagynyň içinde ýerleşýän jaýynda eken. Soltan dört gapyly jaýyndan çykanda onuň haýsy gapysyndan çykjagyny bilmegini talap edipdir. Biruny bir bölejik kagyza soltanyň haýsy gapydan çykjagyny ýazyp, ony düşekçäniň aşagyna gysdyrypdyr. Soltan öz gulamlaryny çagyryp, diwary oýmaklaryny buýrupdyr we ol şol ýerdenem çykyp gidipdir. Çykan badyna-da Birunynyň ýazyp goýan ýazgysyny görkezmegi talap edipdir, ýazgyda bolsa “Soltan gapylaryň hiç birinden çykmaz-da, gündogar tarapdaky diwary oýup, şondanam çykyp gider” diýen jümle ýazylan eken. Soltanyň gahary ýetjek derejesine ýetýär, çünki ol emelsizje bir alymyň üstünden gülmek isleýärdi. Emma ol alym onuň tamasyny tala daňyp goýupdyr. Şonuň üçinem soltan belent üçegiň üstünden Birunyny ýere oklamagy tabşyrýar. Ýere zyňylan alym howada düşdüşleriň baglan toruna gabat gelip, tor bilenem ýere aman-esen düşüpdir. Birunyny soltanyň huzuryna alyp barýarlar. Şonda soltan Birunä garap:”Sen bu gezegem şeýle boljagynyň öňünden gördüňmi?” diýip, kinaýa bilen sorapdyr. Biruny bolsa elindäki kagyzy soltana uzadýar. Kagyzda bolsa, ine, şeýle ýazgy barmyşyn: “Şu gün meni köşgüň belent üçeginden ýere zyňarlar. Men bolsa sag-aman ýere düşerin”. Muňa dälisi tutan soltan alymy gara zyndana oklamagy buýrupdyr we ony alty aýlap şo ýerde saklapdyrlar. Biruny wezir Ahmet ibn Hasan Meýmendiniň tagalla etmegi bilen zyndandan boşadylýar. Bezir amatyny tapyp, Biruny ýaly alymy bendilikden saklamaly däldigini soltana düşündirýär. Soltan bolsa “Ol öz öňden görüjiliginde ýalňyşan bolsa, özi üçin gowy bolardy. Aý, bolýa-da! Zyndandan boşadyň-da, oňa saýlama at, gyzyldan gamçy, ýüpekden halat, müň dinar, gyrnak bilen bir gul beriň” diýip aýdypmyşyn. Elbetde, bu rowaýat hyýaly bir anekdotdyr. Ýöne bu hyýaly rowaýatda Birunynyň öz zamanasynyň juda sowatly adam bolandygyndan habar berýär. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |