21:25 Bertels Jamy bilen Nowaýynyň dostlugy hakynda | |
BERTELS JAMY BILEN NOWAÝYNYŇ DOSTLUGY HAKYNDA
Edebi makalalar
Bertelsiň başlap, ony soňuna çenli gutarmadyk “Mirat-u uşşak sopuçylyk termininiň sözlügi”, “Şyh Nejimeddin Kubra hakyndaky roman” atly işleri alymyň 1965-nji ýylda “Saýlanan eserleriniň” III tomlugynda ýerleşdirilipdir. “Abdyrahman Jamy hyratly şahyrlar bilen käbir gatnaşyk saklamandyr” – diýip, Bertels belleýär. Ýöne weli ol Alyşir Nowaýy bilen ataly-ogul gatnaşygyny edipdir diýsek hem öte geçdigimiz bolmaz. “Bu dostlugyň haçan başlanandygyny biz bilemzok.Ýöne bu 1469-njy ýylda Nowaýynyň Hyrada gelmegi bilen başlanandyr” diýip, Bertels ýazypdyr. Çünki Nowaýynyň öň Hyratda ýaşap, Jamy bilen tanyşlygy ýola goýmazlygyna ynanmak kyn. 1476-77-nji ýyllarda Nowaýy Jamyny özüne şyh saýlapdyr, onuň maslahaty bilen nagyşbendiçilik ýoluny kabul edipdir. Şol döwrüň talabyna görä, bu ýoly kabul eden adamyň erk-işlegi halypasynyň elinde bolmaly eken. Ýöne Jamy bilen Nowaýyly bu ýagdaý şeýle bolandyr öýdemzok. 1492-nji ýylyň noýabrynda 78 ýaşly Abdyrahman Jamynyň sowuklap ýogalmagy Alyşir Nowaýy üçin agyr urgy bolupdyr. Şo gije Nowaýy uklap bilmän, biynjalyk bolýar. Şonuň üçinem atyna atlanyp, Jamynyň ýanyna ugraýar. Bu olaryň iň soňky duşuşygy bolupdyr. 8-nji noýabryň ir ertiri Jamy özüni bilmän ýatýar, şo günüň agşamam dünýäsini täzeläpdir. Jamynyň ölümine bütin Hyrat gynanýar. Onuň belli günlerine Nowaýynyň özi ýolbaşçylyk edipdir. Gelip-gidýänleriň gynanjyny özi kabul edýär. Sebäbi Jamynyň ogly şo wagt bary-ýogy on bäş ýaşynda eken. Jamy ýere duwlananda soltanyň özi, onuň ähli emeldarlary bilen gatnaşypdyr. Bu ajy waka barada Nowaýy belli elegiýasyny ýazypdyr. Bu goşgulary uly metjidiň münberinden hyratly din hadymy Hüseýin Kaşifiniň özi okapdyr. Nowaýy we onuň egindeşleri bir ýyllap Jamynyň ölümine ýas baglapdyrlar. Onuň ýylaşyny bolsa bütin Hyradyň ilatynyň gatnaşmagynda Nowaýynyň özi geçiripdir. Nowaýy Abdyrahman Jamy bilen dostlugynyň hatyrasyna “Hamsat al-mutahaýýirin” atly eserini döredipdir. Möçber taýdan uly bolmadyk bu eser sözbaşydan, üç hekaýatdan hem jemlemeden ybarat. Sözbaşyda Jamynyň terjimehaly beýan edilipdir. Soň ussat bilen duşuşyklar, onuň bilen söhbetdeşlikler hakynda gürrüň berilýär. Köşkdäki hyşy-wyşylardan, gep-gybatlardan halys iren Nowaýy bir gün Jamynyň ýanynda zeýrenipdir: “Işden gitmesem boljak däl”. Jamy Nowaýynyň ýüzüne garap: “Hä-ä, şuň ýaly gürrüňler ozalam gulagyma degdi. Munuň sebäbi näme?” diýip sorapdyr. Bu hakda Nowaýynyň özi şeýle ýazýar: “Şo hili adamlaryň gürrüňi ýüregime düşdi. Hiç kim bilen gürleşesim gelenok. Sebäbi şol” diýdim weli. ussat “Sen bize adam hasaplap ýörenleriňi görkezsene!” diýdi. Bu gürrüňden soň men köşeşdim”. Nowaýy ökde hyratly hatdat möwlana Abdassamada Jamynyň diwanlarynyň birini göçürmegini haýyş edipdir. Diwan göçürilenden soň, ol muny Jamynyň özüne iberip, gözden geçirmegini haýyş edipdir. Jamy diwany başdan-aýak okap çykypdyr. Ýöne hatdatyň göçürende hatynyň owadanlygyna garamazdan, gaty köp ýalňyşlyklaryny tapypdyr. Jamy onuň goýberen ýalňyşlyklary hakynda goşgy ýazypdyr. Jamynyň öz eli bilen ýazan kalligrafiýasy bellidir. Onuň bir diwany Tähranda saklanylýar.Şol diwanyň on sekiz sahypasy Jamynyň öz eli bilen ýazylypdyr . Özbegistan Ylymlar akademiýasynyň golýazmalary öwrenýän institutynyň kitaphanasynda hem ussadyň öz eli bilen ýazylan hatlar saklanylýar. Jamynyň poçerki özboluşly, ýöne ol XV asyryň bolmaly kalligrafiýasynyň talaplaryna laýyk däl. Bu golýazmany Nowaýy türkmen soltany Ýakuba sowgat beren ekeni. Nowaýy Jamynyň ýagty ýadygärligine bagyşlan eserinde ýene bir wakany ýadyna salýar. Bir gezek Nowaýynyň bagynda dynç alyp otyrkalar, gülleriň arasynda tawus guşlar gezip ýören ekenler. Jamynyň nazary tawus guşlardan aýrylmandyr. Ol şonda bu guşlaryň köpelişiniň üýtgeşikdigini, ýagny aşyk tawusyň öz magşugyna seredip, gözünden ýaş akdyrýandygyny, şol ýaşlaryň hem magşuk tawusyň gözünden akyp, şeýdip olaryň köpelýändigini Nowaýa düşündiripdir. Nowaýy hem “Ussat, bu beýle däl bolaýmasyn” diýse, Jamynyň gahary gelip, “ Şeýle” diýipdir.Ol muny Emir Hosrowdan okandygyny, Hosrowyň bolsa tawuslaryň watany Hindistanda ýaşandygyny, bilmese, muny onuň ýazmajakdygyny janygyp düşündirip otyrka, tawuslaryň öz bitirmeli işlerini bitirip oturandyklaryna nazary eglenýär. Şondan soň tawus hakdaky rowaýatyň owadan hyýalydygyna düşünip, Jamy ýylgyryp oňaýypdyr. Kitapda Jamy bilen Nowaýynyň goşgy bilen hat ýazyşlarynyň köp sanly mysallary getirilipdir. Hatda Astrabada barýarka, ýolugra Jama iberen goşgusyndan mysal hem getirýär. Şeýle hem Nowaýy öz ussadynyň ýazan eserleriniň ählisiniň atlaryny kitabynda agzap geçipdir. Ol ýa-da beýleki bir eserini Jamynyň Nowaýynyň haýyşy boýunça ýazandygyny hem görkezipdir. Şeýle hem Jamynyň maslahat bermegi bilen özüniň okap, şolardan tälim alan kitaplarynyň on dördüsini agzap geçipdir. Nowaýy Jamynyň hatyrasyna ýazan kitaby bilenem oňman, taryhçy alym Abdylbasy Nyzama ussadyň doly terjimehalyny beýan edýän kitap ýazmagy haýyş edipdir. Şeýle hem, Jamy ýogalandan tiz wagtdan soň Nowaýy ussadynyň ýagty ýadygärligine tagzym edip, Jamynyň “Nafahat al-uns min hadarat al-kuds”(“Ýürekde ornan keramatly adamyň dostluk öwüsgini”) atly kitabyny terjime etmegiň ugruna çykypdyr. Kitapda sopuçylyk ýolunyň görnükli wekilleriniň 616-synyň, şol sanda aýal şahyrlaryň 34-siniň terjimehaly ýerleşdirilipdir. Nowaýy bu kitabyň terjimesini 1495-1496-njy ýyllarda tamamlapdyr we onuň adyny özüçe “Nasaim al-mahabba min şamain al-futubba” diýip atlandyrýar. Ol ussadyň tekstiniň käbir ýerini gysgaldýar. Bu ýerde ýöne bir özüni terjimeçi hökmünde çäklendirmändir. Ferideddin Attaryň “Keramatlylar hakyndaky ýazgylar” atly belli kitabyndan şyhlaryň birnäçesiniň terjimehallaryny alýar. Hindi sopylaryň birnäçesiniň, şol sanda orta aziýaly şyhlar Hoja Ahmet Ýasawydan başlap (1166-njy ýylda ýogalan), tä öz döwrüne çenli, ýagny Jamy we onuň şägirtleriniň terjimehaly bilen doldurypdyr. Şu ýerde Nowaýynyň ömrüniň soňky döwri hakda birki agyz. Ol özüniň şu soňky ýazan “Aşyk ýürek” atly kitabynyň başynda ýazan jümlelerine üns bermek gerek. Ol öz durmuşynyň gülala-güllük bolmandygyny, horlyk-zarlyklary köp başdan geçirmeli bolandygyny, käte-käte durmuşyň ony götergiläp arşa çykarandygyny, mahal-mahalam “adamsyz köçelerde bigäne adamlaryň öz kellesine daş zyňandyklaryny, öz şäherimde öz adamlarymyň meni gysyp-gowrandygyny, käte daglaryň özüne göwünlik berendigini, kämahalam watany taşlap gitmäge hyýaldanandygyny, kätelerem emeldarlaryň meniň sözümi goldap, maňa baha berendiklerini” ýazýar. Maşatda bolan döwründe, dogrudanam ol köşk tebibi Abdylhaýadan Soltan Hüseýne hat ýazyp iberip, özüni Mekkä haja goýbermegi haýyş eden eken. Hyratdan gidensoň, onuň yzyna dolanmajagyndan hiç kimiň habary ýokdy. Soltan o wagt Merwde öz iki ogly bilen söweş edýän döwri eken. Ol bu hata bada-bat jogap beripdir. Haja gitmegini oňlap, “ ýöne gitjek ugurlaryňda türkmenleriň eýelik edýän ýerlerinde tertip-düzgüniň ýokdugyny, howpludygyny” duýduryp, hajy soňa goýmagy maslahat beripdir. Nowaýy maşatly seýit adamlary bilen maslahat edende, olar hem soltanyň pikirine eýeripdirler we gowsy Nowaýynyň soltan bilen ogullarynyň dawalaryny çözüp, ýaraşdyrmaklaryny aýdypdyrlar. 1499-njy ýylyň ir baharynda Nowaýy Merwe tarap ýola düşüpdir. Ýöne orta ýolda ylalaşyk gazanylandygy hakdaky habary eşidipdir. Nowaýy bilen soltan Hüseýin Saragtyň eteginde duşuşýarlar, şonda soltan Nowaýa köp-köp hoş wadalar beripdir. Hyrada gaýdyp gelensoň, Nowaýy Gazurga diýen ýerde seýitdir kazylary, şyhlardyr alymlary ýygnap, uly meýlis gurapdyr. Şonda ol özüniň derwüşlik ýoluna düşüp, adamlardan üzňe ýaşamak meýliniň bardygyny duýdurypdyr. Soltanyň Nowaýy hakdaky ähli wadalaryna garamazdan, ol özüni howpsyz duýmandyr. Elmydam Horasana göçmegi pikir edip gezipdir. Onuň howsalasynyň ýöne ýerden däldigi, 1499-njy ýylda soltanyň buýrugy bilen Nowaýynyň doganoglany Haýdar öldürilipdir. Şahyryň saglygy barha ýaramazlaşýar. Ol köp wagtyny ýeke özi öýünde geçiripdir. Şo pursatlar onuň göz öňüne çagalyk ýyllary geçip gidipdir. Ferideddin Attaryň “Mantik at-taýr” (“Guşlaryň söhbeti”) poýemasy bilen gyzyklanyşyny süýjülik bilen ýatlapdyr. Ýarym asyr mundan owalky arzuwyny amala aşyrmagy ýüregine düwüpdir. Şeýle poema döräpdir. Nowaýy poemany “Lisan at-taýp” (“Guşlaryň dili” diýip atlandyrypdyr. Nowaýy türkiçe ýazan gazallarynda “Nowaýy”, parsça eserlerinde bolsa “Fany” lakamyny goýýan eken. Poema türkiçe bolansoň ol Nowaýy adyny goýaýmaly ýaly welin, öňden gelýän kadasyny bu gezek üýtgedipdir -- Fany lakamyny goýupdyr. Munuň sebäbini ol poemada görkezýär. Özüniň ömür ýolunyň paýawlap barýandygyny duýan şahyr “panydan gidýän” diýen manyda bu lakamy soňky gezek ulanmagy göwnejaý bilen bolmaly. Nowaýynyň ussada sarpasy örän uly bolupdyr. Muny Bertels öz işlerinde çintgäp-çintgäp geçipdir. Ýöne weli özi ýogalandan soň ussadynyň mazarynyň nähili günleri geçirjekdiginden Nowaýynyň habary ýokdy. 1510-njy ýylda sefewi Ismaýyl Hyrady basyp alýar. Fanatik şaýy toparlary diri wagty özlerine garşy giden Jamydan öç alyp bilmänsoňlar, onuň mazaryndan ar almak isleýärler. Olar Jamynyň mazaryny açyp, onuň jesedini zyňyp taşlamaly edipdirler. Ýöne ussadyň ogly Zyýaddin Ýusup kakasy hakda olaryň pikirlerini aňyp, jesedi başga bir bilniksiz ýere göçüren eken. Duşmanlar öz bet niýetlerini amala aşyrmak üçin gelenlerinde haňlap ýatan boş mazary görüpdirler . Elbetde, bu gadymdan gelýän gürrüňiň niçik hakykata gabat gelýändigini anyklamak kyn. Ýöne XX asyryň birinji onýyllygyna çenli, ýagny Habybylla hanyň häkimlik eden döwrüne çenli beýik şahyryň mazarynyň göz-gülbap bolup ýatandygyna şaýatlyk eden güwänamalar bar. Habybylla hanyň döwründe mazar tertibe salnypdyr. Biz şu setirleri ýazyp otyrkak, bir pikir bizi erkimize goýmady. Nowaýy ýaly, Jamy ýaly, başga-da onlarça beýikleri okap, olardan tälim alan Döwletmämmet Azady, onuň ogly Magtymguly Pyragy nämüçindir terjimehal babatda biagyrlyk etdilerkä? Jamy-da, Nowaýy-da öz terjimehallaryny özleri ýazyp gidipdirler. Nowaýynyň bu hakda nähili alada edendigini Bertelsiň gyzyldan gymmatly işinden bilmek bolýar. Belki-de, biziň ussatlarymyz hem ýazyp gidendirler. Ýöne olaryň yzlaryny ýöreden biagyr adamlaryň günäsi bilen ol gymmatly maglumatlar saklanan däldir. Bu elbetde, şeýle bolandyr. Özi diri wagty ýazylan terjimehaldan Jamynyň maşgala ýagdaýy bilen hem hiç bir kynçylyksyz tanyşýarsyň. Öz döwrüniň sowatly adamy bolan Sadaddin şyh bilen iş salşyp, ýakyn tanşan Jamy onuň gyzyna öýlenipdir. Şyhyň iki gyzy bar eken. Ýöne olaryň maşgala bagty bolmaýar. Olaryň dünýä inen ilkinji ogly bir gün ýaşap - ýaşaman ýogalypdyr. Atasy altmyş bir ýaşyndaka doglan, ikinji ogullary Safiaddin Muhammet 1475-76-njy ýylda doglup, bir ýyldan soň ýogalypdyr. Üçünji ogullary Zyýaddin Ýusup 1477-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda dogulýar. Dördünji ogullary Zahyraddin Isa 1486-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda doglypdyr. Dördünji ogul doglanda atasy 72 ýaşynda eken. Zahyraddiniň hem ömri gysga bolýar, ol bary-ýogy kyrk günlükkä ýogalypdyr . Soltan Hüseýin tagta çykandan soňra Abdyrahman Jamynyň öz döwründe tutýan orny has-da rowaçlanýar. “Hyratly bir awtoryň Jamyny köşk şahyry görkezjek bolşy, ynandyryjy däldir” diýip, Bertels belleýär. Jamynyň , elbetde, şo döwrüň Timur neslinden bolan hökümdarlar bilen gatnaşykda bolanlygy hakdyr. Ol bu babatda Timur neslinden bolan hökümdarlar bilen hemişe garpyşykda bolan Azerbaýjan ýurdunda häkimlik eden türkmen hökümdarlary bilenem gatnaşykda eken. Hakiki tahallusy bilen goşgy ýazan gara goýunly patyşa Muzaffaraddin Jahan şa Jama sowgat hökmünde diwan iberenligini taryh bilýär. Jamynyň hem bu sowgat üçin hoşallyk bildirip ýazan goşgusy saklanyp galypdyr. Şeýle hem Jamynyň Jahan şadan gelen bagana içmegi alanlygyna ýazan dil hatysy, şu mynasybetli oňa bagyşlan kasydasy hem şu günki güne çenli saklanyp galypdyr. Haçanda 1467-nji ýylda Jahan şa dünýäden ötenden soňam, Jamy ony agdaran ak goýunlylar bilenem arasyny üzmändir. Ol Töwriz şäherinde Uzyn Hasan bilenem duşuşypdyr. Uzyn Hasanyň ogly Ýakup beg (1491-nji ýylda ýogalypdyr) bilen has hem dostlukly gatnaşyk saklapdyr. Jamy “Salaman we Absal” poemasyny Ýakup bege bagyşlapdyr. Poemada onuň dogany Ýusup begiň hem ady tutulypdyr. Ýakup beg hakda ussat özüniň “Silsilat az-zahab” (“Altyn zyhjyr”) atly ikinji şygyrlar depderinde-de ýatlaýar. Jamy diňe bir soltanyň özi bilen däl, eýsem onuň köşk emeldarlary bilenem hat alşypdyr. Kazy Isa Sawajynyň hatyna jogap edip, Gurhanyň “al-yhlas” atly süresiniň düşündirişini ýazyp iberipdir. Şeýle hem Jamy Kaialladdin Hüseýin bilen Kaza özüniň oňat bezegen kulliýatyny – diwanyny sowgat iberipdir. Jamynyň Şirwan şasy Farruh Ýasar bilenem hat alşandygy hakda maglumat bar. Onuň diwanynda Osman soltany Mehet II Fatih basybalyja bagyşlan kytgasy hem bar (1451-1481). Şahyryň Baýazit II-ä (1481-1512) ýazan iki haty hem saklanyp galypdyr. Elbetde, Jamynyň öz döwründe täsirli adamlaryň biri bolandygyny Bertels Jama bagyşlan işinde giňişleýin we düşnükli dilde habar berýär. Onuň maslahatlarynyň köp halatlarda ýol alandygynyň köp mysallaryny işinde ulanypdyr. Bertels Jamynyň oglanlyk döwri hakda ygtybarly maglumatlardan peýdalanyşy nusga alarlykdyr. Şeýle öwrenilende, adamyň tutuş durmuşy, onuň ömri, gylyk -häsiýetleri... göz öňüňe gelýär. Bertels Jamynyň okuw bilen has irki wagtlardan gyzyklanandygyny aýdýar. Onuň ilki Huş bazarynda ýerleşýän Dilkaş medresesinde belli arapşynas möwlan Jüneýit Usulydan Sadaddin Maksut ibn Omar at-Taftazanynyň (1322-1389) “Muhtasar al-many” atly poetika boýunça düşündirişli kitabyny doly okap öwrenipdir. Eger-de ol çagalykda eýýäm şol kitaby okan bolsa, onuň eýýäm şo wagtlar arap dilini suwara bilendigini bilmek bolýar. Hyratda alan bilimleri bilen çäklenmedik Jamy Samarkanda ýönelýär. Ol bu ýerde Ulugbegiň golaý işgärleriniň biri Kazyzadeýi Rumynyň sapaklaryny diňleýär. Jamynyň şol döwürdäki ýoldaşlarynyň biriniň ýatlamasyna görä, ol Hoja Fazlallah Laýsynyň sapaklarynda onuň inçe we çuňňur pikirlerini ilkinji bolup düşünýän ekeni. Hyrada gelensoň, Aly Guşçy diýen möwlana Jamyny geometriýa we algebra boýunça synagdan geçiripdir. Möwlana soragyny doly aýtmaga ýetişmänke, Jamy onuň jogabyny nagt edýän ekeni. Bu zatlary onuň özüniň ýazmagy gyzyklydyr. “Biz ýetginjeklik döwrümiz özümizi kemsitmedik. Samarkandyň, Hyradyň alym adamlary ýaly Kazyzadeýi Rumyny, Hoja Alyny ýola ugradanlarynda olara goşulmadyk”diýýär. Orta Aziýada XIX asyra çenli şeýle bir däp bar ekeni, ýagny haçanda uly din hadymy medresä sapak bermäge ugranda, onuň sopulary her gezek uly mähelle bolup onuň münüp oturan atynyň ýa gatyrynyň daşyny gallap, ugradypdyrlar. Bu babatda Jamy “Men hiç haçanam beýlekiler ýaly, mollamyň öýünde hyzmatkär bolmadym, ýaranjaňlyk etmedim. Eger bu babatda ýakymsyz gürrüň çykaýanda-da muňa gulak gabartmadyk” diýýär. Jamynyň ylmyň ähli ugurlary boýunça taýýarlykly bolandygy düşnükli. Bu ugurlaryň käbirini sanap geçsegem artykmaçlyk etmese gerek: arap dili, onuň grammatikasy, sintaksisi, filosofiýa, kanunlary öwrediş, din esaslary, hadys, Gurhany okamak, oňa düşündiriş bermek.... Jamynyň özüniň ýazmagyna görä, jedelli meselelerde ol hatda öz mollalaryndan hem ökde çykýan ekeni. Şeýle sowatly adamyň öňünde giň ýollar açylaýjak ýaly. Ol hyratly emeldaryň diwanynda işlemäge höwes bildirse-de, soňabaka bu höwesden ol ýüz dönderýär. Sebäbi bir emeldaryň huzyryna barmak üçin ol gaty köp garaşmaly bolýar. Ol muny özüne kemsitme bilýär. Döwlet işinden el çekýär. Ine,şu ýerde-de Jamynyň durmuşynda täsin bir öwrülişik bolup geçýär. Ol sopuçylygyň nagyşbendiçilik akymyna goşulýar. Onuň piri Sadaddin Kaşgary. Sadaddin Kaşgary Jamynyň gaýyn atasydyr. Ol 1456-nji ýylyň 13-nji maýynda Hyratda ýogalypdyr. Şyh Muhýiddin ibn al-Arabynyň (1165-1240) filosofiki kitaplary Jamyda uly täsir galdyrypdyr, bu kitaplar onuň ömür hemralary bolupdyr. Jamynyň insi möwlana Şamseddin Muhammet öz döwrüniň sowatly adamydyr we meşhur lukmanydyr. Sazy gowy görüpdir. Öz döwrüniň iň ökde sazandarlary hem gelip, ondan maslahat soraýan ekenler. XV asyryň ikinji ýarymynda sünni, şaýy oňşuksyzlygy möwç alypdyr. Şeýle hem Jamynyň dürli hökümdarlar bilen hat alyşmaklary hem oňlanylýan zat däldi. Çünki şo döwrüň hökümdarlary öz howandarlyk edýän şahyrlarynyň bu hereketini gadagan edýärdiler. Aýratynam Jamynyň timuriler hökümdarlarynyň golastynda bolup, onuň türkmenler we osmanly emeldarlar bilen gatnaşyk saklamagy howply ýagdaýdy. Çünki timuriler ýaňkylar bilen ata-baba söweşip gelýärdiler. Eger-de Jamy bular bilen erkin gatnaşykda bolan bolsa, onda onuň iki tarap üçinem adatdan daşary gaty uly at-abraýyndan habar berýär. Soltan Hüseýin şahyryň maslahatyna eýerip, kän gezek özýniň ol ýa beýleki mesele bilen bagly gelen kararyndan el çekipdir. Haçanda soltan birinji gezek öz weziri Mejeddin Muhammede gazabyny öwrende, Jamy onuň gaharyny köşeşdiripdir. Ýa bolmasa, soltan Hüseýin juma namazynda on iki şaýy ymamlarynyň atlaryny hutba goşjak bolanda-da, bu howply ädimden ony Jamynyň akylly-başly maslahaty sowupdyr. Ýaňy Jamynyň sap sünni bolandygyny ýaňzydypdyk. Ol şaýylaryň Omar, Osmana dil ýetirjek boluşlaryna tüýs ýüreginden gynanypdyr. Bu hakda ol “Altyn zynjyr” kitabynyň birinji depderinde ýazypdyr. Bertels şaýylardan tapawutlylykda olara garanyňda sünnüleriň sabyr-kanagatly bolandyklaryny ýazýar . Muny ol Jamynyň mysalynda-da açyp görkezýär. Jamy şaýy ymamlary Aly, Hüseýin, Hasan hakda öz eserlerinde ýagşylykda ýatlaýar. Onuň Aly hakynda ýazan uly kasydasy we gazaly hem bar. Ibn al-Arabynyň taglymatyna uýan adam – Jamy üçin şeýle oňşuksyzlygyň döremegine, onda-da yslamda ýüze çykmagyna gaty gynandyryjy bolandygy belli hakykat: “Sünni –şaýy oňşuksyzlygy meni otdan alyp, oda salýar. “Sen haýsy mezhepden?” diýip soraýarlar. Hudaýa müň şükür, men ne sünni iti, ne-de şaýy eşegi. Eý, saky, ber maňa şeraply bulgur” diýýär. Jamynyň edebi mirasy ummasyzdyr. Bertels öz işinde onuň eserleriniň sanynyň dürli döwürlerde dürli awtorlar tarapyndan dürli hili görkezillendigini belleýär. Daşkent kitaphanasynda saklanylýan Jamynyň kulliýatynda onuň eserleriniň atlary bar. Bu kulliýat ussat ýogalanyndan birnäçe onýyllyklar geçenden soň göçürilipdir. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ilmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |