21:35 Bijin (Maýmyn) ýyly | |
Bijin (Maýmyn) ýyly
Şu ýylda dogulan adamlar läliksiredilen, ynamdar däl hem-de yrga. Bular mekir, akylly, oýlaptapyjy, kyn meseleleri-de añsatjak çözmegi başarýarlar. Olarda özboluşlylyk bar, degişmeçi, şonuñ üçinem adamlar gowy görýär. Şol bir wagtyñ özünde-de bularda ikiýüzlilik hem-de aldawçylyk häsiýetleri agdyklyk edýär, olar bilen iş salyşanyñda ätiýaçlyrak bolsañ utulmarsyñ. Maýmyn ýylynda dogulanlaryñ märekesöýerliginiñ we göwnaçyklygynyñ añyrsynda mydama bähbitli maksatlaryñ bolmagy mümkin. Gülüm-ýalym edip olar ilden esasy niýetlerini gizleýärler. Özlerini beýlekilerden ýokary tutýarlar, artykmaç saýýarlar, ile göwni ýetmeýär, şöhratparaz. Bularyñ başyny sokmajak, hem başarmajak işi az. Özlerem köp okaýarlar, bilimini artdyrmaga çalyşýarlar, bitirmesi kyn işleri çaltlyk bilen çözmegi başarýarlar. Köp zady bilýärler, töwerekde bolup geçýän wakalaryñ köpüsinden habardar. Ýady örän güýçli, gören, eşden, okan zatlaryny derrew ýat tutup bilýär. Bularyñ şeýle iş başarjañlygy bilen bir hatarda, sähel kynçylyk hem başlan işini bitirmän taşlap gitmäge mejbur edip bilýär, ujypsyz kynçylyk hem ''keýpine sogan dograýar''. Köpüsi aýgytly hereket edip bilmeýär, gyssanan wagty nalajedeýinlik görkezýär. Ýöne olar örän sypjyk, kyn-kyn ýagdaýlardanam eýdip-beýdip baş alyp çykýarlar. Garaşsyzlygy gowy görýärler. Olaryñ boýnuna keseden bir zat dakmak kyn, aýdybam ynandyryp bilmersiñ, diñe öz pikirine görä hereket eder. Wezipeparaz, bu olaryñ ganyna siñen diýseñem boljak. Emgenmän, hatda ýaramaz ýollar bilen hem wezipe aljak bolmaga çalyşýanlary bar. Kähalat olar uly at-abraýa eýe bolmagy hem başarýarlar, şeýle bolanda, ilatyñ gözünden düşmezlik üçin olara azyrak geplemek gerek. Bütin durmuşynyñ dowamynda pula zar bolmaýarlar. Söýgüde öz bagtyny kynlyk bilen tapýar. Ömrüniñ birinji bölegi asuda, ikinji bölegi biynjalyk, üçünji bölegi parahat geçýär. Bijin ýylynda dogulanlar Luw hem-de syçan ýylynda dogulanlar bilen maşgala bolmak maslahat berilýär. Ýylan ýa-da Doñuz ýyly bilen ýaşamak amatsyz, Bars ýylynda dogulanlar bilen bagtly bolmaz. Şu asyrdaky Bijin ýyllary: 1908, 1920, 1932, 1944, 1956, 1968, 1980, 1992 (2004, 2016, 2028). Arazbaý ÖRÄÝEW Täleýnama. Elektron görnüşe geçiren: PEŞEÑ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |