14:59 Näressäniñ täleýnamasy | |
Näressäniñ täleýnamasy
Aýalyñ göwresinde çaga galmagyna Aý günleriñ täsiri Aýallaryñ göwresinde çaga galmagyna Aýyñ täsiri örän ulumyş. Müneçjimleriñ tassyklamagyna görä, Aý günleriniñ haýsy birinde çaga galan bolsa ol günlere mahsus aýratynlyklar bolup, şol hem çaganyñ häsiýetine täsir edýärmişin. Bizde wagt hasabynyñ Günüñ doguşyna görä ýöredilýändigi mälimdir. Ir bilen Gün dogan wagty adamlar üçin gündüziñ hasaby başlanýar. Astronomiki hasap boýunça her bir gün hasaby asmandaky Günüñ dogan wagtyndan başlanman, eýsem gije sagat 12-den başlanýany mälimdir. Aý boýunça gün hasaby ýöredilende welin başgaça. Haçan asmanda Aý dogsa, şol wagtdan Aý hasaby boýunça täze gün hasaplanýar. Aýyñ dogan wagty kalendarlarda anyk görkezilýär, şol hasaba görä Aý günleriniñ haýsydygyny anyklamak örän añsat. Hasap Aý güni boýunça gidýäni üçin Aýyñ dogan we dolan wagtyny bilmek ýeterlik. Ýylyñ haýsy aýy bolanynyñ häzirki hasabymyza dahyly ýokdur. Aýalyñ göwresinde haýsy Aý gününde çaganyñ galandygyny bilseñiz, onuñ göwrede galan çaga täsirini aşakdaky tertipde anyklap bilersiñiz! 1. Aýyñ biri güni. Eger-de aýalyñ göwresinde bu gün çaga galan bolsa onda ony gelejekde Asman gorar. Onuñ ruhy güýçli bolar, durmuşy gyzyklydyr. Molla bolmagy mümkin. Çaganyñ bu günde göwrede galmagyny isleseñiz munuñ üçin örän oñat taýýarlyk görmeli. Ruhy we fiziki taýdan taýýarlanmaly. Ýaramaz iýmiti we paýyş sözleri agzyña almaly däl. 2. Aýyñ ikisi güni. Bu gün gyz çaganyñ göwrede galmagy üçin amatly hasaplanýar. Ol çaga üçin bolelin durmuş garaşýar. Maksady hasyl bolar. Üstünlik we goldaw hemradyr. 3. Aýyñ üçi güni. Diñe esgeriñ, göreşijiniñ, rewolýusioneriñ we bezzadyñ göwrede galmagy üçin amatly. Bu günde düwen adam örän hyjuwly we işeññir bolar. 4. Aýyñ dördi güni. Nesiliñ dowam edýän güni. Siziñ maşgalañyza ata-babalaryñyzyñ biriniñ ady geler. Öýüñ we maşgalanyñ gowy görýän çagasy bolar. Ýalta bolmagy-da mümkin. Bu gün ''Söýgi günüdir''. Biri-biriñize mähir-muhabbet bildiriñ! 5. Aýyñ bäşi güni. Yrga gün. Bu gün güwlen çagany bütin ömrüne güýçli we howply duşmanlar yzarlar. Ol her bir ýaramaz hereketi we pikiri üçin temmi alar. Onuñ herne ýamanlygy özüne bolar. Ar alarlar. Bu gün galan çaganyñ üýtgeşik bir şahs bolup döremegi-de mümkin. Şeýle bolanda ol her niçik elhençlikleri-de çekip çydar. Aýyñ bäşi güni göwrede galan çagalaryñ ykbaly gowy ýa-da ýaramaz tarapa iki-üç gezek üýtgemegi mümkin! Bu söýgi gününde kesellemezlige çalyşyñ! Arak içmäñ! Doýa garna iýmäñ! 6. Aýyñ altysy güni. Bu gün düwen çaga arzuwçyl we syýahatçy bolar. Ol maksat gözleginde gezer. Azatlygy gowy görer. Tebigaty söýer. Eger-de çaga göwräñde galan pursaty meýdanda bolsañyz has bähbitli bolar. 7. Aýyñ ýedisi güni. Altysy gününe meñzeş, ýöne ondan ýeserräk. Siziñ çagañyz ýalan sözlemedik ýagdaýnda hakykatyñ goragçysy, dilewar, wraç, alym, işeññir we sagdyn adam bolup ýetişer. Ömri örän şowhunly, syýahatda köp bolar, emma ýolda howp hem bolar. Bu günki söýgüñizi dymmak bilen geçirseñiz gowy. 8. Aýyñ sekizi güni. Bu gün düwen çaga örän ýagty, ýöne çylşyrymly durmuşda ýaşar. Ýurdundan gidip ýene dolanyp geler. Özüni örän bagtly we bagtsyz saýýan pursatlary bolar. Ruhubelent. Özüni ýitirse-de ýene erkini ele almagy başarar. 9. Aýyñ dokuzy güni. Bu gün biri-biriñize ýakynlaşmagam göwräñde çaga galmagam gowy däl. Örän ýaramaz we şeýtanly gün. Bu gün göwrede galan çaga örän ýaramaz häsiýetli adam bolar. Başgaça bolaýanda hem durmuşy güzaply bolar we ol keramatly saýylar. Her halda töwekgelçilik etmäñ! 10. Aýyñ ony güni. Bu gün düwen çaga-da siziñ tohum-tijiñiz bilen bagly bolar. Watanparaz. Geçen ata-babalaryñyzyñ ruhy ony goldar. Köp syýahat eder. Geçenleriñizden goldaw diläñ! 11. Aýyñ on biri güni. Gyza görä oglan üçin amatly gün. Çaga adatdan daşary tebigy güýç berler. Işjeñ, göreşiji bolar. Jadynyñ täsiri ýeter. Sergezdançylyk eder. Bu söýgi gününde gykylyk-gopgun etmäñ! 12. Aýyñ on ikisi güni. Bu gün düwen çaga ''azap käsesini ahyryna çenli sunar''. Örän bagtsyz bolar ýa-da köp azap-güzapdan soñ günäsinden saplanar. Örän duýgur bolar. Oña tebipçilik berilmegi mümkin. Bu çaga terkidünýälik garaşýar. Bu gün göz ýaş dökmäñ! 13. Aýyñ on üçi güni. Bagtly we bagtsyz hadysalar bu çaganyñ ykbalynda uly ähmiýete eýe bolar. Kä wagt oña bagt gülüp baksa, başga bir wagt täleýi ters bakar. Bir görseñ-ä ykbal ony özakymyna alyp gider, bir görseñem ýagdaý onuñ bähbidine üýtgär. Ömri uzak bolar. 14. Bu gün düwen çaga Asman bilen bagly bolar. Ata-babasy goldar. Elmydama ynsaba görä bolar. Nähilidir bir ünji hem-de gorky ony elmydama basmarlar. Ýöne iñ bir heläkçilikli ýagdaýda hem halas bolup galar. Bu gün pal atdyryjy bolmañ! 15. Aýyñ on bäşi güni. Göwrede çaga galmagy üçin amatsyz gün. Bu çagany söýgi we ýigrenç gaplap alar. Duýgular we ejirler ony horlaýar. Ýamanlyklara garşy göreşmeli bolar. Ýerden we asmandan goldaw alar. Ol çepiksizje bolsa-da, örän edermen çykar. Kepderiniñ bürgüde öwrülen mysaly bolar. Bu çaga ýa-ha barypýatan nejis ýa-da beýik alym bolar. Bu gün söýgüñiz arassa bolsun! 16. Aýyñ on altysy güni. Gylygy gowy, häsiýeti ýuwaş, haýwanlary we ösümlikleri halaýan adam bolar. Maksada okgunly we ruhy päklige ymtylar. Köp adam siziñ çagañyza özüne howandar tutunar. Durmuşynda syýahatlar we öwrümler bolar. Durnukly, tebipçilikden başy çykýan bolup ýetişer. Bu gün biri-biriñize göwne degiji söz diýmäñ! 17. Aýyñ on ýedisi güni. Çaga bu gün şatlyk, şady-horramlyk ýagdaýynda göwrede galýandyr. Hut şeýle şady-horram durmuş hem oña mynasyp bolar. Örän ýeñil we bagtly ömür garaşýar. Üstünlik adamlary saýlap gelýändir welin, bu çagany üstünlik elmydama beýlekileriñ içinden özi saýlap tutar. Elmydama saz-söhbet, şatlyk-şagalañ ýar bolar. Ýöne ägä boluñ! Onuñ arakhor we ýalançy bolup çykmagy ahmal. Şonuñ üçin şol gün arak içmäñ! 18. Aýyñ on sekizi güni. Bu gün düwen çaganyñ saglygy gowşak bolmagy mümkin. Emma ol baý we halanýan adam bolar. Akylly hem ugurtapyjy, zähmetsöýer bolup ýetişer. Iñ esasysy oña tekepbirlik etmäge ýol goýmaly däl, ýogsam oña şowsuzlyk hem-de ýekirilmek garaşýar. 19. Aýyñ on dokuzy güni. Bu gün düwen çaga aýratyn özüne çekijiligi bilen tapawutlanar. Durmuş joşguny, ýadawsyzlyk, töwekgelçilik, zähmetsöýerlik, adalatlylyk etjek häsiýetler. Habardar boluñ! Birden örän tekepbiriñ we naýynsabyñ toruna düşäýmegiñiz hem mümkin. Şu gün biri-biriñize ünsli boluñ! Siz töwekgelçilik edýänsiñiz! 20. Aýyñ ýigrimisi güni. Amatsyz gün. Bu gün düwen çaga bitmejek işi bitirmäge synanyşar hem-de ähli zady bilesi geler. Bu oña başardarmy ýa-da ýok, ol siziñ we çaganyñ goruna bagly bolar. Oña bir tarapdan gahar, şowsuzlyk, degnasyna degilmek we üflislik garaşýar, beýleki bir tarapdan ýokary ruhybelentlige ýetmegi mümkin. Eger-de şu gün göwrede çaga galaryny isleseñiz ýalan sözlemäñ! 21. Aýyñ ýigrimi biri güni. Size göreşiji we yñdarma ynanjañ adam geler. Howp bar, ýöne zähmetsöýerlik hem-de sabyrlylyk ony ýaran tutunar. Abraý, gahrymançylyk we ejize hossarlyk ýaly häsiýetler oña mynasyp bolar. Bu çagadan şahyr ýetişmegi mümkin. 22. Aýyñ ýigrimi ikisi güni. Pähimli we alym, adalatyñ tarapdary, hakykatyñ goragçysy. Ine bu gün düwen çaga şeýle häsiýetlere mahsus bolar. Adaty bolmadyk ýagdaýlarda doglan bagtly çaga garaşyberiñ. Özem tohumyna çeker. Köne däp-dessurlaryñ tarapdary. Durmuşda bakylygy agtarar, wagtlaýyn zatlar ony az gyzyklandyrar. 23. Aýyñ ýigrimi üçi güni. Bu gün düwen çaganyñ ykbaly iki hili bolmagy mümkin. Munda açgözçük, gysgançlyk, gedemlik bilen bir hatarda rehimdarlyk we beýiklik ýatyr. Bu gün düwen çaga ýa-ha kesimli maýyp ýa-da üýtgeşik gowy bolmagy mümkin. Munuñ özi gözellik bilen ýigrenjilik ikisiniñ gatyşmagymy, aýtmak kyn. Ýöne oña uly şöhrat garaşýar. Eger-de biri-biriñiz üçin ähli zatdan geçmäge taýyn bolsañyz goşulşyñ! 24. Aýyñ ýigrimi dördi güni. Bu gün enesiniñ göwresinde galan çaga ynsaply bolar. Özi örän güýçli, oñaýsyz, akylly, päk ýürek hem-de gödekden gelen rehimli bolup ýetişer. Işdäsi açyk bolar, töweregindäkileriñ hormatyna mynasyp bolar, emma kesele duçar bolsa uzaga çeker. Bu mähnediñizi ýaltalykdan gorañ! 25. Bu gün düwen çaganyñ dogulyşy syrly bolar, durmuşynda hem düşnüksiz ýagdaýlar köp dörär, onuñ goragy hem howandarlary bolar. Duýgur, öñdengörüji, şol bir wagtyñ özünde-de işe çöññe we içinden tapan bolup ýetişer. Agyr keseli başdan geçirer. Akyly welin köp bolar. Esasy zat durmuşda ''Maksat jandan ileri'' diýen ýörelgä doly uýmasa gowy. 26. Bu gün düwen çaga baý bolar. Onuñ şöhrata we hormat sylaga mynasyp bolmagy mümkin. Ýöne habardar bolmasa ony men-menlik heläk etmegi mümkin. Heläk etmeginiñ mümkin diýilmeginiñ sebäbi ol ''näme etse görer, näme ekse orar''. Ýöne günäleri üçin ejir çeker, bitiren haýyr işleri üçin ýalkanar. 27. Aýyñ ýigrimi ýedisi güni. Eger-de siz häsiýeti ýumşak adamlar bolsañyz, bu günde enesiniñ göwresinde galan çaga size meñzär. Ýöne ol ýaramaz we ýokanç keseller bilen kesellemegi mümkin, her halda ol rehimli, adamlar ony halar we goragly bolar. Bu adamyñ ömri ㅡ ýakyna goldaw we ýurt gezmek bilen geçer. Emma onuñ sabyr-takatyny gaçyrmañ. Ýogsam ol mylaýym, adalatly adamdan gaharjañ, gazaply edenini-goýanyny bilmez adama öwrüler. 28. Aýyñ ýigrimi sekizi güni. Bu gün düwen çaga ㅡ islendik işe başlasa ol oña üstünlik getirer. Ol parahat ýaşar, durmuşy arkaýyn geçer. Syrlara akyl ýetirmek şatlygy onuñ hemrasy bolar. Asmanyñ, Ýeriñ syrlary onuñ köñlünde bolar. Ýöne ýaltalyk hem biagyrylyk howpy päsgel bermegi mümkin. Beýle göwni bolan adama terbiýe bermäge siz taýýarmy? 29. Aýyñ ýigrimi dokuzy güni. Bu gün biri-biriñize golaýlaşmañ. Günüñizi çaga gowy durmuş berilewersin diýen dilegde geçiriñ! Bardy geldi bu gün aýalyñ göwresinde çaga galsa ol hakyt şeýtan bilen ýüzbe-ýüz bolar. Onuñ adam öldürmegi, zalymlyk etmegi mümkin, oñuna bolsa ýamanlygyñ garşysyna göreşiji bolar. 30. Aýyñ otuzy güni. Siziñ şu günde düwen çagañyza eşretli durmuş garaşýar. Ol birhili gepsiz-gürrüñsiz, dymmarak bolar. Sebäbi hemmäniñ görüp bilip-ýören zadyny aýtmak nämä gerek diýen pikirden ugur alar. Öz göwün halanyna öýlener, maşgalasy parahat bolar. Maksadyna ýeter. Iñ esasysy hemmelere şepagatly bolar, söýgi-yhlas bildirer. Arazbaý ÖRÄÝEW. Elektron görnüşde taýýarlan PEŞEÑ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||