Türkmen halylarynyň ýaşy müňlerçe ýyla barabar hasaplansa-da,iň gadymy halyny kim,nirede dokapdyr,onuň ýaşy näçe,şol halynyň reňki,nagyşlary nähili diýen sowal okyjylary az gyzyklandyrýan däldir.
Biziň bagtymyza,halylaryň skif döwrine degişli ýekeje nusgasyny tapmak arheologlara miýýesser boldy.Ol haly häzir bütin dünýäde tanalýan,meşhur Pazryk halysydyr.Pazryk halysy häzirki zaman türkmen halylarynyň ilkinji gadymy nusgalarynyň biridigi mälim boldy.Biz bu hala we onuň nagyşlaryna diňe bir gadymy skif sungatynyň gymmatbaha nusgasy hökümünde dälde eýsem,umumy adamzat medenýetiniň deňsiz-taýsyz gymmatlygy hasaplaýarys we ony şu nukdaý nazardan ymykly öwrenip,onuň bilen dünýä halklaryny tanyş etmegi zerur hasaplaýarys.
Pazryk halysyny Daglyk Altaýda,Pazryk diýen ýerde,1947-nji ýylda guralan ekspedisiýa V Pazryk depesini gazan wagty,baky doňaklykda içi buzdan dolup galan guburdan tapylýar.
Pazryk halysy gönüburçlyk görnüşinde bolup,onuň ini 1m.89 sm.boýy hem 2 metre barabar eken.Onuň her kwadrat disimetrinde 3600 çitim bolup,jemi 1mln 250.000 çitim çitilendigi hasaplanyp görlipdir.Halynyň 1-1,5 sm sütügi bar eken.Alymlar bu halynyň dokalan döwrini biziň eramyzdan öňki V başy lV aýaklarydyr diýip kesgitläpditler.
Wagtyň köp geçenligi zerarly haly zaýalanyp,tüýdilip başlapdyr we onuň ýokarky sag burçunyň bir bölegi çüýräp gopupdyr.Halyda surat we ornament-şekil gatyşdyrlyp nagyş edilipdir.
Pazryk halysynda üç görnişde anyk suratlar bolup,olaryň birinjisi adamyňky,ikinjisi toýnakly haýwanlar atyňky we sugunyňky,üçünjisi hem grifonyňkydyr.Haly nagşyndaky başga şekilleriň ählisi ornamentlerdir.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]