14:17 Luw ýyly | |
Luw ýyly
Luw ýylynda doglan adamlaryñ jany örän sagat bolýar, olar gujur-gaýratly, sapýürek, ikiýüzlilik etmeýär, geçirimli. Bu adamlar ynanjañ we dogruçyl, sähel zada biynjalyk bolup alada edýärler. Elmydama kämillige ymtylýar, şonuñ üçin özüne hem-de töweregindäkilere talap ediji. Köp zat isleýärler, şol dereje hem ilata paýlaýarlar. Akgöwünli, batyrgaý, oñat duýgudaş, olara ynanyp iş tutsañ ökünmersiñ. Göwnaçyk, adat bolşy ýaly olaryñ aýdýan pikiri esasly bolýar. Olary hemme hormatlaýar, başga adamlara täsiri güýçli. Bu ýylda doglan adamlar gaharjañ, diline näme gelse aýdyp goýberýärler. Soñundan aýtmaly gepi öñünden aýdýarlar. Ýöne her näme diýselerem berýän maslahatlaryna gulak asmak bähbitli.Sebäbi adamlara ýamanlyklary yok.Luw ýylynda dogulanlar ukyply, sypaýy, özüne erk etmegi başarýan adamlar. Olar bütün ömründe horluk ýüzüni görmän ýaşar, köp işleri bitirmäge ýetişerler. Haýsy hünäre baş goşsa başarmady diýdirjek gümany ýok. Bular ömrüni beýik işlere bagyş etseler, hökman uly üstünlüge eýe bolýarlar. Bardy-geldi olar ýaramaz ýola düşäýseler hem köp zady başararlar. Ýöne ykballarynyñ nähili boljagyny aýtmak kyn. Olary elmydama söýýärler, emma özi welin seýrek söýer. Bular hiç wagt söygi ezýetini çekmez, başgalaryñ welin, olaryñ yşkynda derdi-azara galmagy mümkin. Luw ýylynda dogulan aýallar, söýülýän hem arzyly bolar. Olara öylenmekçi bolup, köñül beren ýigit köp bolar.Bular ýaşka seýrek durmuşa çykýarlar, köplenç giç nikalaşýarlar, käbiri hatda öz durmuşa çykmaly möwrütini geçirip goýberýär, bütin ömründe durmuşa çykmaýanlary-da bolýar. Bu ýagdaý olar üçin kynçylyk döretmeýär, ýekelikde-de özüni oñat duýýarlar. Pul karz almagy, uzak-uzak söz sözlemegi halamaýarlar. Mylaýym hem hoşgylaw, özüni pida etmäge taýyn. Käbiriniñ häsiyeti örän agyr, köplenç olar töwerekde bolup geçýän zatlardan kanagatlanmaýarlar. Durmuşda köp kynçylyklara duş gelýär. Öz ýakynlaryndan köp zat isleýänligi üçin ömrüniñ birinji bölegi kyn geçýär. Orta ýaşda ýagşy-ýamany deñeçerräk bolýar. Garran çagy parahat ýaşaýar. Luw ýylynda dogulan erkekler bagtly adam hasaplanýar. Olaryn syçan, ýylan, bijin ya-da towuk ýyllarynda bilen guran durmuşy bagtly bolmagy wada berýär. Sygyr ýa-da Luw ýyly dogulanlar bilen durmuş gursa amatsyz bolar. It ýylynda dogulanlar bilen yaşamaly bolsa, bagtsyz bolar. Luw ýyllary: 1904, 1916, 1928, 1940, 1952, 1964, 1988, 2000 (2022). Arazbaý ÖRÄÝEW. Täleýnama. Elektron görnüşe geçiren: PEŞEÑ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |