14:37 Ýylan ýyly | |
ÝYLAN ÝYLY
Gündogarda ýylan akyllylygyñ nyşany hasaplanýar. Ýylan ýylynda dogulanlar ýiti akyllylygy we pähimligi bilen tapawutlanýar. Olar köp geplemeýär, tersine pähim-paýhas bilen iş görýärler. Eger-de şu ýylda doglan adamlar ýokary bilime eýe bolsalar, onda olaryñ paýhasy daş ýaryp, köp zady öñden görüp biler. Bularyñ gatnaşygynda duýgylar, täsir hem-de özara sylaşyk uly orun tutýar. Bu adamlaryñ hamana alty duygusy bar yaly. Her bir başlan işlerini hökmany ahyrna çenli ýetirýärler, şowsuzluga örän seýrek uçraýarlar. Häsiyeti boýunça sowukganly bolsalar-da, örän çalt karara gelmegi başarýarlar we işiñ gözüni bilýärler. Käbirleri gysganjyrak bolýar, karz pul bermegi halamaýar. Şol bir wagtyñ özünde-de, kyn ýagdaýa düşen adamlara nebsi agyryp, olara kömek berýär. Ýylan ýylynda dogulanlar sähel kömek berse, diline çolap eden işini çişirip görkezýärler, şonuñ üçin oñarsan olaryñ kömeginden gaça durmak gerek. Pula gezek gelende örän bagtly. Olar islendik wagty geregiçe pul tapyp bilýärler. Garran çagy köpüsi gysganja öwrülýär. Bular işe çyny bilen ýapyşýarlar we köp işlemekden gaçmaýarlar, şonuñ bilen birlikde az-kem ýaltaçylygy hem bar.Söýgüde özüne ýoldaşy erkin saýlap tutýarlar, gabanjañ we ynjyk. Maşgala durmuşyna ýeñilkellelik bilen garaýandyklary üçin, köp kynçylyklary başdan geçirýärler. Birbada birnäçe adamlar bilen söýgi gatnaşyklaryna girýärler. Bu olaryñ iñ bir gowşak tarapydyr. Diñe uly maşgalasynyñ bolmagy olara bu babatda päsgelçilik döredip biler. Ýylan yylynda dogulan aýallar örän owadan bolýar. Olaryñ özüne göwni ýetýär. Ömrüniñ birinji bölegi asuda geçýär. Orta ýaşlarynda duýgularyñ täsirine düşýär we durmuşy lezzetli geçirmäge çalşyp, köp azara galýar. Bularyñ sygyr ýa-da towuk ýylynda dogulanlar bilen guran nikasy bagtly bolar. Bijin ýylynda dogulanlar bilen durmuş gurmak amatsyz hasaplanýar. Bars we doñuz ýylynda dogulanlar bilen nikasy bagtsyzlyk getirmegi mümkin. Şu asyryñ Ýylan ýyly: 1905, 1917, 1929, 1941, 1953, 1965, 1977, 1989, 2001 (2013, 2025). Arazbaý ÖRÄÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||