09:53 Doñuz ýyly (gara keýik) | |
Doñuz ýyly
(gara keýik) Rowaýat etmekerine görä, Doñuz ýylynda dogulanlaryñ ömürboýy päklikde ýaşamaklary gerek, hapalyk bular üçin hatarlydyr. Maksada okgunlylygyñ çägi ýok, bu babatda hiç kim bulara bäs gelip bilmeýär. Bularyñ dosty az, emma dostlaryny örän gadyrly tutýar. Olar üçin özüni oda-suwa urmaga taýýar. Häsiýetinde edermenlik ýaly oñat aýratynlyk bar. Olara syryñy arkaýyn ynanmak bolar. Hiç haçan adam satmaz ýa-da aldajak bolmaz. Her bir işe ak ýürek, jany-teni bilen ýapyşýar. Diñe hakykat ýolundan gidýär. Mert hem-de päk adamlar. Şol bir wagtyñ özünde-de, örän ynanjañ, sada hem-de biçäredirler. Olaryñ añsat göwnüne degýärler. Esasan parahat häsiýetli, arasynda ''gepçileri-de'' bolaýýar. Köp geplemeýärler, ýöne çakdanaşa bilesigeliji, köp okaýarlar, bar zatdan habarly. Emma bilimini düýpli barlap görseñ, onuñ juda doly däldigine göz ýetirýärsiñ. Pul babatynda aýdylanda, olar hiç wagt pulsuz galanoklar. Olarda elmydama gowy işem, pulam bolýar. Munuñ üçin agyr zähmetem sarp etmeýärler. Ynanjañ bolandyklary üçin köplenç aldawa düşmekleri mümkin we işleriniñ bulaşybermegi ahmal. Şonuñ üçin habardarrak bolmaklary gerek. Eger-de olara ýokary derejelere ýetmek üçin kömek edýän bolsalar, ony inkär etmesinler, peýdalansynlar, sebäbi bu olara bähbit getirer. Oýun oýnamaga ökde, ýöne oýnuñ keýpini bilmeýärler. Ýalan sözlemeýärler, sözläýenlerinde hem kyn ýagdaýda, özüni goramak üçin şeýdýärler. Daşyndan seretseñ ýönekeý görnüşi bardyr. Olarda erkiñ we gujuryñ zordugyny birbada duýmarsyñ. Her zat barada karara geljek bolsalar ''boljak'', ''bolmajagy'' gowy ölçerip görýärler, olaryñ uzak wagtlap oýlanyşýandygyny görenler, näme etmelidigini bilmeýändir öýdýärler. Emma bu beýle däl. Etmeli işini juda gowy bilýärler, ýöne ýalñyşmazlyga çalyşýarlar, şeýdibem käwagt pursady elden berýärler. Doñuz ýyly dogulan aýallar sylagy we kiçijik şagalañlary gowy görýärler. Olar juda hojalykçy we mährem enelerdir. Doñuz ýyly dogulanlaryñ durmuşynyñ birinji we ikinji böleginde her hili kynçylyklar bolýar. Ýöne başyna nähili kyn gün düşse-de çekinjeñlik zerarly hiç kimden kömek soramaýar. Ömrüniñ üçünji böleginde asuda ýaşaýar. Doñuz ýylynda dogulanlar Towşan we Goýun ýylynda dogulanlar bilen durmuş gursa gowy. Bijin ýylynda dogulanlar bilen durmuşy amatsyz bolar. Ýylan ýyly dogulanlar bilen guran durmuşy oña bagtsyzlyk getirer. Şu asyrda doñuz ýyllary: 1911, 1923, 1935, 1947, 1959, 1971, 1983, 1995 (2007, 2019, 2031). Arazbaý ÖRÄÝEW ''Täleýnama'' Elektron görnüşde taýýarlan: PEŞEÑ ogly Afrasyýap. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |